23:00 Işeññir adamlar / satiriki hekaýa | |
IŞEÑÑIR ADAMLAR
Satiriki hekaýalar
Arada men bir kärhanany gözläp ýörüşime başga bir edaranyň üstünden bardym. Onuň howlusynda bir ýaşuly şol ýerde daňylýan itine ýal gaýnadyp ýören ekeni. ― Hawa, ýagşy ýigit, işler-ä şeýle, menem şu ýerde kadrlar bölüminde işlän bolýan, gijelerine-de şu kärhananyň garawuly bolup, özümiň, aýalymyň hememdäninim durmuşa çykyp Tejene giden uluja gyzymyň adyna durýan. Tam süpürijem, ot ýakyjam özümiz. Aý, näme, ýatyb-a bu ýerde öýden ýabany ýatamok, şu it mydama daňylgy durýa-da. Bu alabaý üçinem kärhanamyz ýal puluny töleýär ― diýip, ýaşuly meni kabinetleriň birine alyp bardy. Gündiz sagat on birdi. Kabinetde hiç kim ýokdy, emma şeýle-de bolsa bu ýerde zähmete sarpa goýulýandygy açyk görünýärdi. Stollaryň, tumbalaryň üstünde, diwaryň ýüzünde döredijilikli zähmete çagyrýan ýazgylar göwnüňi göterýärdi. Meselem, stollaryň biriniň üstünde «Işiňe göründiňmi, indi işlejeklere päsgel berme!» diýen jümle bardy. Örän gowy söz. Beýle dana söz diňe bu edara üçin däl, eýsem ol biziň edaralarymyza-da gerek. Işe gelip, balagynyň epinini bozman, aýal üstünde anekdot aýdyp, beýleki işlejek bendelere päsgel berýän işgär, näme, siziň edarada ýokmy, bizde-hä ikisem, üçüsem bar. Men ýaňky ýazga geň galyp durkam başga bir jümlä gözüm düşdi. «Warsakylaryňy pensiýadaky garry eneňe aýdyp ber!» diýlen jümle gödegrägem bolsa ýüregime jüňk boldy. dogry-da, näme, iş wagty iýen-içeniňi, gören-eşideniňi aýdyp oturmaly däl ahyry. Üçünji bir ýazgy has täsindi: «Kabinetde çilim çekeniňden-ä dulugyma çek, iň gowusy gümüňi çek!» Mortarak diýmeseň, erbet däl. Dogry-da, ili ajy tüssäňe bogup oturmak medeniýetsizligiň baryň ýatany ahyry. Umuman, bi ýerde öndürijilikli zähmete çagyrýan şygarlar kändi, hersini okanyňda bir gez ösen ýaly bolýardyň. «Bu ýeri edara, a sport komitetiniň jaýy däl!» Bu şygar ähtimal iş wagty futboluň, hokkeýiň gürrüňini edýänleriň garşysyna bolsun gerek. «Iş wagty küşt dikseň, öz küştüň berler!» diýen ýazgy-da göwne makuldy. «Telefonyň trubkasyna ýapyşanyňdan-a piliň sapyna ýapyş!» diýlen şygar telefonda köp gepläp, az işleýänler hakynda gowy aýdylan sözdi. Ylaýta-da meniň gowy gören ýazgym «Iş wagtyny futboldaky ýaly däl-de, hokkeýdäki wagt kesgitleniş usulynda hasaplalyň!» diýen sözdi. Çünki futbolda togsan minut geçdigi oýun tamam. Emma hokkeý diňe oýlanýan wagty, ýagny şakgada-şukga bolunýan pursatlary, boks bolsa hytdada-mytda bolunýan wagty hasaba alýar. Biz hem iş wagtymyzy, ýagny her günki 8 sagat 12 minutymyzy hokkeýiň, boksuň düzgüni boýunça geçirmek, peýdaly boljak ahyry. Başga bir ýazgy mende uly täsir galdyrdy. «Arak Iblisiň progul döretmek we brak önüm öndürmek boýunça orunbasarydyr!» diýen ýazgyny men öwran-öwran okadym. Elbetde, aragyň jemgyýete berýän zyýany kän. Ýöne progul bilen brak onuň esasy önümidir. Men gyzyla gaplap, boýnuňdan asyp gezäýmeli bu sözleriň eýelerini görmek isledim. Şonuň üçinem ýaşula ýüzlendim. ― Ýaşuly, bu stollaryň zähmetsöýer, gaýduwsyz, işeňňir eýeleri nirede? ― diýip soradym. ― Keminäniň aýdyşy ýaly, belli birini tutup sora ― diýip, ýaşuly pert jogap berdi. ― Meselem, «Işiňe göründiňmi, indi...» ― Boldy-boldy, duruber, han, duruber, ol-a şäherde ygyp ýörendir. Aýlygyna zordan gelýändir ― diýip, ýaşuly elini salgady. ― Bu «Warsakylar...» nirede? ― Ýaňyrak bir ýerden maňa telefon edip, täze bir anekdot-a aýtdy. Belki telefon-awtomatdan jaň edendir, kim bilýä. ― Bu çilimi ýigrenýän işgär nirede? ― Ol-a meň çekip, «Žigulisini» bir gujak galaýa dönderdi, özem keselhanada ýatyr. ― Iş wagty sportuň gürrüňini... ― Aý, han, kagyza näme ýazsaň ýazybermeli-dä. Bu sport gürrüňini etmejekden bolýanlar-a häzir «Dinamo» sport zalyndadyr, ýa «Kolhozçyň» stadionynda çüýşe zyňşyp oturandyr. ― «Arak Iblisiň...» diýýän nirede? ― Ol-a Gandym diýýän görgüsi ýaman betbagt oglandyr. Hol gün ony Baýramala iki ýyllyk puryja bilen ugratdyk, şol ýerde alkaşlary bejerýän profilaktoriýa bar öýdýän. Men ýaşuly bilen howla çykdym. Hoşlaşjak bolanymda ol: ― Hanym, işlije gelipmidiňiz? ― diýdi. ― Ýok-la, ýaşuly, meniň işim sizlik däl ― diýdim. ― Men şäherde başga bir edarany gözleýän. Täze jaýa göçüpdir-de şony tapamok. Ýogalan garry atam şol edarada şindem «işläp» dördi-dä. Indiki annada şonuň ýyl aşyny berjek. Jygyldykdan janly alaly. Iki aý bäri şonuň aýlygyny alyp bilemok. Şeýle diýenimde ýaşuly: ―Han ogul, ýogalan garry ataň bolsa biziň edara işe getiräý, asyl perewod bilen geçireris. Şeýtsek zähmet rugsadyna çykmagyna gowy bolar ― şu stollaryň eýeleriniň hem diriligine men-ä güwä geçip biljek däl ― diýip, çyny bilen kömek etjekdigini aýtdy. ― Sag boluň, ýaşuly, atam pahyry öwrenişen ýerinden indi gonnamaýyn-la. Olar halys gojalyp, deregi dargandyr-la, ýöne men size başga birimizi... ― diýip, sözüme dyngy berdim. Ýaşuly derrewem düşündi. ― Weý, han ogul, derrewjik getir. ― Ýaşuly, getirerden oba göçedir. ― Düşünýän, düşünýän, dokumentjik getiräý. Men, baryp, çekirtgeli ýylda ýogalan garry enemi şu kärhana işe «getirermen» bolup gaýtdym. Ertesi gelsem bu edarada halk kontrollygy komitetindenmi, kontrol-derňew uprawleniýesindenmi, ýa, garaz, derňewçi bary üýşüpdir. Gapynyň agzynda düýnki ýaşula gabat geldim. Itini idip barýan ekeni. Eli doly pasport. ― Aý, han, gaýdyber, biziň edaramyzy top degen ýaly etdiler, ilik-düwme barlaýarlar, prokuroram bar ― diýdi. Menem: ― Aý, ýaşuly, meňk-ä ýöne-le! ― diýdim-de, yzyma öwrülip gaýdyberdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |