16:50 It aýdymlary | |
IT AÝDYMLARY
Goşgular
I. Eýäm sähel melul bolsa Ýallaklaýan ýanna gelip. Bolmajyny bolup berýän, Uklan bolup, çyñsan bolup. Sebäbi men itdigimi, Bir mahaldan bäri bilýän. Kösenýän kän, wah entegem, Itdigimi anyk bilmän. "Getir" diýse getirýärin, "Ýit" diýse-de, ýitiberýän. Alyp gelýän atan awun, Buzly köli sowuk görmän. Sebäbi men itdigimi, Bir eýýämden bäri bilýän. Wah, henizem kösenýän bar Itdigini anyk bilmän. Näme bursa şony edýän, Hantama däl aýlyk, günlük. Sebäbi it pakyrlara, Ýeterlik bir hoşamaýlyk. Çünki men öz itdigimi, Bir mahaldan bäri bilýän. Kösenýän bar, wah henizem, Itdigini anyk bilmän. II. Ýeñil kär meniñ kärim, Bir howlyny goramaly. Myhman gelse ilki bolup, Oñ habaryny soramaly. Añmaly men goýbermeli, Hemem goýbermeli däli. Bolmaly men hak eýämiñ, Hemişe öz pikiri ýaly. Daýy bolsa, daýza bolsa, Gelibersin, gapy açyk. Çagajyklar, jüýjejikler, Gelen döwlet, sizem geçiñ! Hawa, senem ötüber dost, Ýüz gramdyr diläýjegiñ. (Wezipäñden düşürleñsoñ, Şudur asyl bolaýjagyñ). Dostlar gelse, Daýy, daýza, Süýji nahar bolýar taýyn. Etin-ýagyn iýer olar, Süñki-sañky meniñ paýym. Gelse dagy uly başlyk, Gadyrlynyñ gadry başga. Ilki öýde oturylýar, Soñra çişlik bişýär daşda. Içilensoñ gyzyl-akdan, Onsoñ menem düşýän ýada. (Biz itler deý sabyrly gul, Barmyka, heý, bu dünýäde?) Ýaranjañlar hezil edýär, Oturanda serden aşyp. Öwýär olar menem şonda, "Itiñ gowy eken" diýşip. Bilýän, olar hojaýynmyñ, Baknalary, nätsin eýsem? Hoş bolýanyn bilýär olar, Hojaýynyñ itin öwseñ. ...Oýlanara wagtym ýetik Bolsadynam näçe eksem. Bir howlynyñ sakçysy men, Abraý bolsa kekirdekden. Agageldi ALLANAZAROW. "Tokmak" žurnaly, 1990. | |
|
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |