08:25 It satan Anna Paýtyk | |
2. IT SATAN ANNA PAÝTYK
Ýatlamalar
Biz Anna Paýtygyň it satanyny görmedik, siz hem oňa ynanjak bolup oturmaň. Bu Nury Baýramyň toslan hekaýatlarynyň diňe biri! Ýeser ýeri, olary diňlände Anna Paýtygyň özi-de hezil edip gülerdi, “şu ýerini gowy işläpsiňiz” diýerdi. Her näme-de bolsa, islendik toslamanyň aňyrsynda hakykatyň bir alamaty bolmalydy. Şony çişirip, şondan gülküli waka ýasamak Nury Baýrama başardýardy. Bu onuň Anna Paýtykdan zor ýeridi. Her gezek gaýtalap aýdanda täze detallar goşýardy. Onuň çeşmesini diňe Anna Paýtygyň etmişlerinden, häsiýetinden gözlemek bärden gaýtma bolar, olarda Nury Baýramyň öz edim-gylymlary-da bardy. Muny aňmak üçin bu iki adama belet bolmalydy. Olar menden bäş-on ýaş uludylar. Altmyşynjy ýyllaryň başynda Anna radionyň, Nury gazetiň tabyny alyp, Aşgabatda ymykly kök urmagyň aladasy bilen howly edinmegiň, kapital jaý gurunmagyň hysyrdysyna maýyldylar. “Tankist” köçesinde ýanaşyk gurlan iki kerpiç tamyň öňündäki iki howlynyň arasyny haýat bilen bölmediler, elbetde, bu agzybir goňşuçylygyň alamatydy. Biz obada önüp-ösen oglanlardyk, oba mahsus gatnaşyklardan el çekmäge zerurlyk duýmaýardyk. Ýör, pylanylarda oturyp gaýdaly diýip gidibererdik. Ol adam öýündemi, işlimi-işsizmi, bu ýagdaý bizi azara goýmazdy. Bu iki howla her hepde çakylyksyz gelýän adamlaryň ýaş tapawudyny asla duýmarsyň, deň-duş ýalydylar, kähalat basdaşdylar. Olar aglaba uniwersiteti gutaranlardy, raýonlardan okuwa gelip, indi hem Aşgabatda işe galdyrylan bagty çüwenlerdi. Şol mahal biziň bagt diýen düşünjä garaýyşymyz hem täsin ekeni. Aýlyk hakymyz günde etlije nahar iýmäge ýetmezdi, şonda-da göwünhoşduk, bagtlydyk. Köpümiz hususy howlularyň bir çetindäki hütdük, zeýli, “wremýanka” atlandyrylýan jaýlarda kireýine ýaşardyk, bu ýagdaýy bagtyň ölçegine dahylly etmezdik. Özümden mysal tutaýyn. Uniwersiteti gutaryp, öýlenen dessime Kerki köçesinde, bir ermeniniň howlusynyň düýbünde, towuk keteginiň gapdalyndaky üç tarapy ýapyk, eýwanyndan sähelçe ýagty düşýän, eliňi galdyrsaň potologa ýetip duran on metrlik jaýda, aýlygymyň dörtden birini berip ýaşap başlapdym. Arzan jaý tapanyma begenýärdim. Teke bazaryndaky mebel magazininden on manada kitap goýulýan etažerka alyp, gelnim Bike bilen ony uzak aralyga göterip gelýärkäk biziň begenjimizi duýsadyňyz! Biz bagtlydyk. Bir gije düşnüksiz şygyrda oýandyk, çyrany ýakman diňşirgenip oturdyk. Şygyrdy barha güýjedi, töwerek-daşymyza ýaýrady. Elimizden– ýüzümizden möjekler çapdyrylyp geçdiler. Howsala bilen çyrany ýakdyk. Eý-ho! Barmak ýaly gara tarakanlaryň köplüginden ýaňa kagyz ýelmenen diwarlaryň ýüzünde barmak basara boş ýer ýok! Häzir olaryň bize hüjüm edäýmekleri-de ähtimal. Gaçyp gutulaýmasaň, başga näme alaç etjek! Hernä, çyranyň ýagtysy ürküzdimi, sähel salymdan ýitirim boldular. Çyrany söndürsek ýene çogup çykarlar, bize rahatlyk bermezler. Ýene kwartir gözlegine çykmaly boljak-da! Gynanyp otyrys. Köşkde ýaşap, indi onuň hözirinden binesip boljak adamyň gynanyjy hem bolaýsa biziňki ýalydyr. Tarakanlar gündiz görünmedi, çozuşa gije garaşdyk, gije-de asuda geçdi. Siz göçüp-gonup ýören tarakan sürüsine duşupsyňyz diýdiler, dogrudan hem olaryň şol gidişleri boldy. Biz çaga ýaly begendik, ýene bagtymyz çüwdi diýdik. Biziň köpümiz Anna Paýtygyň, Nury Baýramyň göreldesine eýermändik, dogrusy, başarjak hem däldik. Biz sabyrlylyk bilen edaralara berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň nobatyna durduk. Ýazyjylaryň hemmesi ilki horluk görüp, soň anjaýyn ýaşaýyşa ýetipdirler diýen ynanç bize bimöçber kanagat berýärdi. Biz zeýrenmezdik. Redaksiýalara işe alynmagymyz eýýäm biziň artykmaçlygymyzdy. Biz aýlygymyzyň artdyrylmagyna-da bisabyrlyk görkezmeýärdik. Biziň umydymyz galam hakyny köpräk gazanmakdy, onuň git-gide artjakdygy, kitaba ýetende müňden aşjakdygy, näbelli ýerde gömlen hazynany, gözleýän, ony tapjagyna şübhe etmeýän adamyň ynamyna meňzeýärdi. Degişmeden, gülküden lezzet alardyk. Gülküni birek-biregiň häsiýetinden tapýardyk, gaty görmek diýen zat bolmazdy, gaty görmegiň özi gülküdi. Anna Paýtygyň öýünde bişen towuk çorbasyny dört buhanka nan bilen ýalmap, howla kart oýnamaga çykanymyzda Nury Baýram bilen uniwersitetiň mugallymy, tankytçy Hanguly Taňryberdiýew bize el çarpyp güldüler. – Anna Paýtyk size uborna gaçan towugyň etini iýdirdi! – diýdiler. Olaryň aýtmagyna görä, towuk howlynyň burçundaky hajathana gaçypdyr. Janawar boýnuny çykaryp, gygyldap, halys gulagy kamata getirýär. Anna ony çykarmakçy bolýar. Her tüýsli emel edýär, bolanok. Boýnuna el ýetirip bolsa, sogrup alaýmaly, ýöne elýeterden aşakda. Pil sokup galdyrjak bolýar, bolanok. Ahyry sim tapyp, onuň gaňyrçakly tarapyny towuk janawaryň syrtyndan ildirýär, galdyryp ugraýar, ýuwaşja galdyryp deşikden çykarýar. Çykaran dessine ony gapdala zyňyp gaçmaga derek, towugy synlajak bolýar. Şol pursat towuk ganatlaryny kakýar. Poh syçyrap, Annanyň üsti-başyny weýran edýär. Poha gaçan towukmy, ýa-da Anna Paýtykmy, biler ýaly bolanok! Ýarym gün özüni, ýarym günem towugy ýuwdy, soňam ony soýdy. Gözi bilen gören adamyň ol eti iýjek gümany ýok, çagalaryna bermedi, size iýdirdi diýdiler. Olar biziň ýüregimiz bulanar, gusarys öýdendirler. Eger-eger! Gaýta, Anna Paýtygyň towugy pohdan çykaryşyny göz öňüne getirip, olardan hem beter güldük. Anna Paýtygyň özem gülýärdi. Hakykatda, towuk hajathana gaçmandyr, sordurmaga getirlen maşynyň ýogyn şlangasyny çykaranlarynda towugyň üstüne poh daman ekeni. Anna Paýtyk bilen Nury Baýramyň tutumyny biz başarmadyk. Olar edaralaryň üstünden alynýan jaýlaryň nobatyna garaşyp oturman, hususy jaý gurunmagy başardylar. Bu ýörelge işjeňligi, tutanýerliligi, ugurtapyjylygy talap edýärdi, zehiniňi-de şol ugura gönükdirmelidi. Olarda zehinem, başarnygam bardy, emma turuwbaşdan men ýazyjy boljak diýip, diňe poeziýa ýa-da proza baglanyp oturyp biljek däldiler. Bu ugurdan at alyp, anjaýyn galam hakynyň gelerine garaşsaň, ýyllar geçjekdi. Olara pul häzir gerekdi, gazanç birinji orna geçmelidi. Aşgabatda aýagyň mazaly ýer tutýança lükgeligiň bilen gazanjyň hysyrdysyna özüňi ur. Edil şu pursaty amatlydyr öýtseň, makala ýaz, oçerk ýaz, radiooýun ýaz... Allanäme tam tutundyň, maşgalaň iýjegi, geýjegi bar, emma gazanja gyzygan adam üçin kanagat, pelle bolmaýar. Indi maşyn edinmeli, haýdaber, hekaýa-powesti biraz soň ýazaňda-da bolýar. Olar ilki “Moswiç”, soňra “Wolga” maşynyň ruluna geçdiler. Indi lomaý söwda baş urulsa-da bolman durmaz, at, şan-şöhratam gerek. Nobat kitaba ýetdi. Bu ugurda Nury goňşusyndan ozduran-da bolsa, Annanyň görkezen erjelligine-de haýran galaýmalydy. Yzly-yzyna powest ýazdy, çap edildi, başga dillere terjime edilenleri-de bar. Galam hakynyň gelşi ýaman däl. Gazanç gözlemegiň başky endigi welin, galanokdy. Ol bir ugry ymykly saýlap, basa oturyp işlemäge päsgel berýärdi. Kinossenara has gowy tölenýär diýlende, Anna Paýtyk ýaşynyň altmyşyň onuna girendigine garamazdan Moskwa, kinodramaturglaryň iki ýyllyk ýokary kursuna gitdi, gutardy, üç çeper filmiň awtory boldy. Şu aýdylanlardan soň, heý, Anna Paýtygyň başarnygyna şübhe edip bolarmy! Şu başarnyk, zehin başdan bir ugura gönükdirilen bolsady, onda Anna Paýtyk diýlende ýarym kyssaçy, ýarym dramaturg, ýarym terjimeçi, ýarym žurnalist diýen pikir kellä gelmezdi. Gazanç etmek, nebis babatda Nury Baýramyň başarnygy Anna Paýtygyňkydan artyk bolmasa pes däldi, ýöne dile düşýän ýene Anna Paýtykdy. Anna Paýtykdan gülküli hekaýatlar toslap, Nury Baýram özüni akja guş görkezýärdi diýseň-de ýalňyş bolmaz. Gülküli hekaýalar ýazýan Berdimuhammet Gulow öz obadaşy Nury Baýramy häsiýetlendirende: “Nury maşyn sürüp barýarka-da birden üç işi bitirip bilýär. Bir eli rulda bolsa, beýleki eli bilen öýünde iýip ýetişmedik nanyny kolbasa bilen agzyna dykyp oturandyr. Bir aýagy pedaly bassa, ikinji aýagyny köwşünden çykaryp, barmaklary bilen aşakda goýlan maşynkanyň harplaryny urup, gutarylmadyk goşgyny kagyza geçirýändir” diýerdi. Bu gepi eşidende Nury Baýram gözüni ýaşardyp gülüpdi. Anna Paýtyk hakyndaky çyna berimsiz toslamalary kagyza geçirmek juda kyn, olary Nury Baýramyň dilinden eşidenler meniň aýdanyma düşünerler. Nury Baýramyň dilinden birinji hekaýat: – Žurnalist Ýazly Ata ýanyma gelip, Anna Paýtykdan zeýrendi: “Oçerk eltdim welin, walla, men-ä nätjegimi bilemok, saklap otyr. Gazetden öňürti radioda okalsa gowy bolýa-da, radioň puly köp, ýaşlar gazetinde oňly gonorar barmy” diýdi. Anna Paýtygyň ugruny tapmaýan bolsaň, sendenem bir Ýazly Ata bolarmy diýdim. Şu aýdanyň dogry diýdi. Anna, seni Tejene äkitjek, oçerk ýazan obamy görkezjek, häzir gawunam bişdi, agam gök brigadir, Anna Paýtygy getirjek diýdim, begendi, garaşyp otyrlar diýipdir. Ir bilen Anna Paýtygyň “Wolgasynda” ýola düşýäler, gawun bişen bolsa, öz maşynymda gitjek diýipdir, ýöne benzini Ýazly Ata töledipdir. Agasy bulary iýdirýä, içirýä, soňam gawun ekilen kartanyň gyrasyna eltýär-de, waharmandan ýüküňizi tutuň diýýär. Anna Paýtyk aljyraberdi diýýä, tutuş kartanyň gawunyny äkidip bilmejegine gynanýan ýaly bolaýdy. “Wolgaň” bagažnigini, yzky sideniýäň üstüni-astyny doldurýalar. Öňde, Ýazly Ataň oturjak ýerem gawundan doly. Aýagyňy gawunlaň üstünde goý-da oturyber diýipdir. Nätsin görgüli, etmese, oçerki radioda okaljak däl. Aýaklam kellämiň deňinde, iki bükülip otyryn diýýä. Aşgabada çenli 200 kilometr ýol geçmeli, men neneňsi çydap oturarkam diýsem, şunam saklap otyr diýdi-de, bir goltuk sary zamçany iki budumyň üstünde goýdy diýýä. Ýumşak ekeni, ejem hezil edip iýer, dişsiz adam diýipdir. Garaz, Aşgabada ýetýänçäler Ýazly Ataň göwresi içine saman dykylan gäp ýaly saňgaty bolupdyr. Öýüniň ýanynda maşyndan düşende ýarym sagat oňly ýöräbem bilmändir, okalman geçen şol oçerk maňa juda gymmada düşdi diýýä. Anna Paýtyk waharmanlary tamyň ýerzeminine daşanda, menem howluda otyrdym. Men görgüli Tejenden getirlen waharmandan hantama. Bal ýaly süýji waharmanlar-da! Sapagyny batlyrak tändirseň, terliginden darka ýarylýan waharmanlar. Gylawy dodagyňy dilip barýandyr! Goňşuçylykda dadyrmasa bolmaz-a diýip, gultunyp otyryn. Daşany elli-altmyş gawundan az däldir. Anna Paýtyk ilki meni görmedik boldy. “Anna, salam!” diýip gygyrdym, hüm-süm edip, bir zat diýýän ýaly, ýöne hiç maňa garanok. “Ýazly Ata bilen gitdiňmi?” diýip gygyrdym, ýene bir zatlar hüňürdedi, aňşyryp bilmedim. Ýerzeminiň agzyna gulp urup, jaýa girip gitdi, tamam tala daňyldy, dadyrmady. Wah, dadyrmany jähennem-le, ýöne özlerem ter waharman iýen däldirler. Ýerzeminde waharman durýarmy, çüýräp barýa! Barja waharmany çüýredip iýdiler. Ýalan bolsa, aýdaý diýdim. Anna Paýtyk ýok diýip bilenok, gülüp oturşyna: “Kellä gelmedik zat, ýarsyny kak üçin dilen bolsak, çüýretjegem däl ekenik” diýýä, ýöne saňa dadyrmadym diýip ökünjek bolanok. Nury Baýramyň dilinden ikinji hekaýat: – Anna Paýtyk radioda işleýärdi, edebi-drama redaksiýasynda. Bir gün barsam, ýanynda medeni aň-bilim tehnikumynyň direktory otyr, çykyş etmeli ekeni, Anna onuň getiren tekstine seredýär. Bujagaz-a ýene bir žertwa tapypdyr, soýman sypdyrmaz diýip otyryn. “Tekstiňe başdan-aýak mazaly seretmeli boljak” diýdi. “Serediber, Anna jan, bozmaly ýerini boz, goşmaly ýerine goş, göwnüňe jaýla, maňa galam haky gerek däl, özüň düzet, özüň al” diýip, direktor göwünjeňlik edýär, oňa radioda çykyş etse bolany, näme diýseň razy. Anna Paýtyk ýüzüni kese-kese sowan boldy. “Onsuzam men redaktor hökmünde tekstiň çeperçiligine seretmeli” diýen bolýar, içinden welin, heşelle kakýanyny bilýän-dä! Direktor ony-muny gürrüň etdi, birdenem: “Maňa gowy it gerek, heý, goňşy-golamyňyzda ýokmy, mugt aljak däl, puluny berjek, edara üçin aljak, töläre edarada pul bar” diýdi. Anna Paýtyk: “It mende bar” diýdi. Bäh, arada obadan getirden köpegini sataýjakmyka diýdim. Oýun edýäne meňzänok, gara çyny. “Wagt tapyp, ertir günortan arakesmede öýe bar, halasaň al-da gaýdyber.” Direktor gidip barýarka, mugt almajakdygyny ýene bir öwre duýdurdy. Eý, Anna, Alabaýy satjakmy? Maňa ber, men alaýyn diýdim. “Alabaýdan başga-da it bar-a” diýdi. Men başga nähili itiň bardygyny bilemok. Işden gelsem, Anna Paýtyk dyzy ýyrtyk balagyny çermäp, gulagy salpy, tüýlek gara iti sabynlap ýuwup dur. Ýanyna baryp seretsem, golaýymyzdaky köne “jygyldygyň” boş howlusynda entäp ýören it, tanaýdym. E-eý, direktora berjek diýen itiň şümi? diýdim. “Işiň bolmasyn!” diýdi. Käşgä, üýrýän it bolsa! “Ertir üýrüşine seret” diýýä. Işigaýdan direktor ertesi ýük maşynly it almaga geldi, menem salamlaşjak bahanasy bilen ýanlaryna bardym. Anna Paýtygyň gabanýanyny bilsemem gaýdamok-da. Meň görüp ýören samsyk, kirli itim daýanaýypdyr, arassaja, boýnunda-da halkaly ýüp. Direktor golaýyna baranda iki öwre üýrüp goýberdi. Anna Paýtyk: “Aždar, ýuwaş!” diýip, hemle atdy. Bäh, eýýäm at dakmaga-da ýetişipdir. Bir emel etmese, bi üýrmeli it-ä däl diýýän. Tirýek berendir, neşäň keýpine üýren bolýar, janawar! Anna iti maşynyň ýanyna eltdi, menem yzlaryndan galamok, sen bir gitsene! diýen manyda iki-üç öwre ýüzüme garady. Gitjek gümanym barmy! Näçä satarka diýip durun. Şofer bilen Anna iti maşynyň çelegine atdylar. It janawar äkidiljegini aňdy öýdýän, birki gezek çyňsady. Anna: “Öwrenşen ýerinden gitmegi ýokuş görýär” diýdi. Direktor Anna pul uzatdy, gyzyl onlugyň çetini görmäge ýetişdim. Anna ýüzüni kese sowup: “Ýok-ýok!” diýdi, yza tesdi. Direktor süründi: “Men tölegli diýdim-ä, al, edara töleýär, al, al!” diýip gyssaýar. Anna– da: “Ýok-laý, pul gerek däl” diýen bolýar. Direktor puly Annaň gysymyna gysdyrdy. Maşyn gitdi. “Näçe berdi?” diýdim. “Söwda edendir öýtme” diýýä. “Samsyk iti näçä alanyny biljek”. Anna gysymyny açanok. “Ýaryny bermeseň, direktora til edip, nähili it alanyny aýtjak” diýdim. “Oňatja bolsan-aý” diýdi. “Boljak däl” diýdim. Ahyry gysymyndaky puldan bir onlugy sogrup aldy-da: “Me how!” diýdi. “Saňa näçe pul galdy?” Anna gysymyny açyp, gahar bilen: “Seret, sana!” diýdi. Aýasynda iki onluk bardy. “Sen maňa ýene bäş manat bermeli” diýip güldüm. Anna: “Aýdaýmagyn, oň gowy it bolmagam mümkin” diýdi. Iki günden soň köne “jygyldygyň” howlusynyň deňinden geçip gelýärkäm, Anna Paýtygyň otuz manada satan iti ýene entäp ýör, boýnunda halkaly ýüp ýok ekeni. Nury Baýramyň dilinden üçünji hekaýat: – Bu masgaralyk Baku şäherinde boldy. Ol ýerde çagalar kitabynyň bütinsoýuz hepdeligi geçdi. Türkmenistandan gatnaşmaly alty ýazyjy, Anna Paýtyk ikimizem bar. Şol wagt Anna Paýtygyň “Eşekli oglan” powesti Kişinýowda moldowan dilinde kitap bolup çykypdy. Bakuwa irden bardyk, ertesi hepdeligiň dabaraly açylyşy bolmaly. Myhmanhanada ýerleşip, iýip-içip, indem şähere aýlanmaga çykarys diýip garaşýan welin, Anna Paýtyk ýok. Iki sagatdan soň iki sany halyny süýräp, Anna taksiden düşdi. Aşgabatda, köçämizde ýaşaýan azerbaýjandan haly satylýan magaziniň salgyny alyp gaýdan ekeni. Maňa-da gitjegini aýdanok, bile gitse, haly ýetmez öýdendir-dä. “Bulary daňyşdyryp goýaýyn, sen garaş, panbarhat satylýan magazin bolmaly, bile gidäýeli” diýdi. Indi yzyny diňläň. Kişinýowdan gelen görgülileriň düşen güni has gülkünç. Neşirýatyň direktory bilen Annaň kitabynyň redaktory onuň haýsy otagdadygyny bilýäler. Üst-başlaryna timar berip, elleri gül çemenli, şampan şeraply, Annaň kitabynyň daşyna gyzyl lentajyk daňyp gelýäler. Ol işigaýdanlar Anna Paýtyk diýlse aýaldyr öýdüpdirler. Hantama görgüliler tolgunýalar: gapyny açjak zenan owadanmyka, ýaşmyka? Albomlardan owadan türkmen gyz-gelinleriniň suratyny görüp ýörenler, peri-peýker görjekler. Gapyny kakýarlar, Anna Paýtyk gapyny açyp: size kim gerek diýýär. Anna satyn alan halylaryny daňyşdyryp, başagaý bolup ýören ekeni. Kellesi mäşirik ýaly, saçy şor ýere biten çaýyr ýaly oýmur-oýmur, burunlak, maýkasynyň bir gapdaly ýalaňaç egninden sypyp, goltugynyň aşagyna düşen adam dur. Köne sportiw finkasynyň gowşak çermegi gasygyny ýapman, garnyndan aşak gaçyp ýatyr. Garny uly, syrty çüri. Gelen gögüliler haýygyp, yza serpilýärler: “Oý, bagşylaň, ýalňyşypdyrys!” diýip, yzlaryna gaýdýarlar, gelip nobatçy aýala igenýärler: “Biz Anna Paýtygyň nomerini soradyg-a sizden!” diýýärler, “Anna” sözüni heçjikläp, näz bilen aýdýarlar. Nobatçy ikirjiňlenmän jogap berýär: “Ynha, mende ýazylgy dur: Anna Paýtykow, Aşgabatdan gelen ýazyjy”. Olar nobatçydan ötünç soraýarlar: “Bagyşlaň, biz anyklamaly boljak” diýýärler. Olar menden soradylar: “Sizde Anna diýen at erkeklere-de dakylýarmy?” diýdiler, dakylýar diýdim, mysal hökmünde Anna Paýtygyň adyny tutdum. Şondan soň olar gülüp, bolan ahwalaty gürrüň berdiler. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |