22:11 Italiýa ýeten küşt mallary | |
3. Italiýa ýeten küşt mallary
Edebi makalalar
Gadymy geçmişi bolan her bir halkyň asyrlar boýy adyny arşa göterip gelýän üýtgeşik zatlary, beýik-beýik ogullary bolýar. Şol halk barada gürrüň edilse, ilki bilen şol üýtgeşik zatlar, beýik ogullar dile alynýar. Aýdaly, türkmen halky diýilse, başdan gözüňiň ýagyny iýip barýan gözel halylar, ýelden ýyndam gamyş gulak bedewler ýatlanýar. Gör, indi nijeme asyrlar bäri olar halkymyzyň buýsanjy hem şöhraty hasap edilýär. Mysal üçin, baryp XIII asyrda meşhur syýahatçy Marko Polo türkmenler hakynda gürrüň edip, «Bilýäňizmi, ol ýerde dünýäde iň birnepis hem owadan halylar dokalýar» diýip, ýewropalylara ýüzlenipdir. Bu halymyz hakynda. Puşkin tarapyndan «şahyrlaryň buýsanjy» diýlen baha mynasyp bolan iňlis şahyry Jorj Baýron bolsa özüniň «Korinf gabawy» atly belli poemasynda türkmen ýigidini onuň ýyldyrym ýaly süýnüp barýan dal bedewi bilen ýewropalylaryň göz öňünde janlandyryp görkezipdir. Garaz, halylarymyz hem bedewlerimiz baradaky şeýle mysallary näçe diýseň getirse bolýar. Täsin tarapy, türkmenleriň üçünji bir özboluşlylygy hem ýewropalylary az heýjana salmandyr. Ol hem halkymyzyň küştçülik sungaty. Ýewropalylar öňden bäri türkmenlerden çykan ajaýyp küştçülere hem olaryň gözel oýunlaryna gadyr goýup gelýär. X asyrda ýaşan, dünýäniň ilkinji çempiony diýlip ykrar edilen türkmen küştçüsi Abubekir as-Sulynyň küştüň taryhy hem teoriýasy hakyndaky iki kitaby hem baryp-ha geçen asyrda Germaniýada nemes dilşe terjime edilipdir hem kitap edilip çykarylypdyr 1885-nji ýylda türkmenleriň arasyna syýahata gelen iňlis syýahatçysy Lansdolla bolsa «Olar küşte gezek gelende taýsyz» diýip ýazypdyr. Görüp otursak, ýewropalylary diňe türkmen küştçüleri däl, eýsem türkmen küştüniň gurluşy, onuň mallary hem az gyzyklandyrmaýan ekeni. Öňräk «64» küşt žurnalynyň 1987-nji ýylda çykan sanlaryny agdaryşdyryp otyrkak onuň 23-nji sanynda «Türkmen küşti Florensiýada» diýen makalanyň üstünden bardyk. Ony italýan, žurnalisti Franko Pratezi ýazypdyr. Makalada ýazylyşyna görä, Florensiýanyň Antropologik hem etnografik muzeýinde türkmen halkyna bagyşlanan ýörite bölüm bar ekeni. Şol bölümde hem türkmen küştüniň mallary saklanýar. Žurnalistiň ýazmagyna görä, bu küşt mallarynyň toplanmagynyň hem Italiýa ýetmeginiň özboluşly taryhy bar. Olary geçen asyryň belli italýan syýahatçysy hem taryhçysy Lomberto Loriýa Orta Aziýadan, türkmenleriň arasyndan toplapdyr. Aslynda onuň halkymyzyň taryhyna hem etnografiýasynda degişli ýygnan materiallary az däl ekeni Ýöne ol yzyna gaýdyp barýarka olaryň köpüsinden jyda düşüpdir. Has takygy, syýahatçy ýolda Baku şäherinde düşlemeli bolýar. Myhmanhanada ýaşap ýörkä birden myhmanhana ot alýar. Taryhçy ozaly bilen küşt mallaryny halas etmäge topulýar. Emma şonda-da bir at bilen bäş sany pyýadany otdan alyp çykmak başartmandyr. Prateziniň şekillendirişine görä, türkmen küştüniň Florensiýa ýeten mallarynyň agyny, garasynyny saýgaryp bolýan bolsa-da, olarda asla diýen ýaly çeperçilik bezegi ýok. Küşt mallary berk agaçlardan juda ýönekeý görnüşde ýasalypdyr. Dogrusy, munuň özi düşnükli zat. Sebäbi yslam dini küşt mallaryny häzirki ýaly suratlar bilen şekillendirmegi baryp gadym zamanlarda gadagan edipdir. Belki, munuň şeýle bolmagy olaryň has gadym zamanlara, küştüň heniz ýönekeý döwürlerine degişliligindendir. Elbetde, görmän, bilmän bir zat diýmek kyn. Ýöne şol küşt mallarynyň sanynyň häzirki zaman küştüniň mallarynyň sanyna barabarlygy biziň üçin juda ähmiýetli. Biziň maksadymyz türkmen küşdüniň Ýewropadaky mertebesine şaýatlyk edýän bu makalany köpçülige buşlamakdy. Emma şu ýerde kanuny bir sowal ýüze çykýar. Näme üçin biziň respublikamyzdaky muzeýlerde şeýle eksponatlar ýok? Diňe bu-da däl. Budapeştde türkmen halylarynyň ýörite muzeýi bar. Şol muzeýiň eksponatlarynyň suraty ýerleşdirilip çykarylan kitabyň sahypalaryny synlap, wenger doganlarymyzyň türkmen halylaryny, onda-da onuň gadymky nusgalaryny toplamakda bitiren işlerine haýranlar galýarsyň. Emma biz bolsa heniz hem türkmen halylarynyň Aşgabatda açyljak muzeýiniň arzuwy bilen ýaşap ýörüs. Aslynda näme üçin biz özümiziň medeni mirasymyza şeýle biagrykak!.. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |