18:40 Iýjek däl, iýjek däl... | |
SATIRIKI HEKAÝATLAR
Satiriki hekaýalar
▶ Jaýyñy çalyş-da göç Öñräkki ýylda etrap merkezinde ýaşaýan biri heserli ejesini okatmaga gum içinden bir porhansumagy getiripdir. "Gün gijikdi, jyn-arwahlañ gezýän wagty boldy, ertir irden gezýän wagty okaýaýyn" diýip, ýañky porhansumak bir teklibi orta atýar. Oña howludaky sekiden düşek ýazyp beripdirler. Ertesi irden görseler ýañky porhansumagyñ ýeri garalyp ýatyrmyş. Düşekçe ýerde, ýassyklar bir ýerde, ýorgan köçedemiş. Hudaý bilsin, nirä sumat boldy. Öýe eýesi howsala düşýär. Emma sebäbi belli däl. Tegelek bir ýyldan soñ hälki ejesini okatdyrjak bolýan bende gum içinde şol porhansumaga duşupdyr-da: - Ýaşuly, nädäýdiñ-le? Ýüregmiz-ä ýardyñ. Näme boldy? - diýip soraýar. - Han ogul, başga zadyñy bilemok, haýal etmän howlyñy çalyşdajyk göç şo ýerden, mugt bermelem bolsa ýaýdanma. Jaýyñy jyn-arwah eýeläpdir. Okamankam özüme erişdi. Okamda ýüzümi ýeñsäme öwürjek boldy - diýip jogap berýär. Bu ýagdaýyñ sebäbi soñ aýan bolupdyr. Ýañky öýüñ iki gapdalyndaky howlynyñ eýeleri içegen, biri-birine gödek oýunlar edip ýören basdaşlar bolsalar nätjek. Olaryñ biri gijäniñ birwagty lül-gammar bolup, toýdan gelşine bilmän, dostunyñ öýüdir öýdüp porhansumagyñ ýatan howlusyna girip, porhansumagy bogmaga başlaýar. Ýorgany başyna büräp demini idili bermän, ýagşyja horlaýar. Porhansumak ýorgan-sorgany bilen howludan okdurylyp, dañ atýança yzyny gözlemän gumdan çykýar. ▶ Gyñyrlyk Adamsy säher turup, pejiñ külüni çykarýar, daşaryk döküp gelýär. Ot ýakýar. Aýaly ýyly ýorganda bugaryp ýatan ýerinden gernip, palllap: - Kakasy, munça bolanyna görä, kitirem suwdan dolduryp çaý oturtsana! - diýýär. Adamsy bu sözi ýokuş görenden bolup, azgyrylybraga-da murtuna bir sapar tow berip: - Päheý-de welinim, keýwany han, şonam bilmeýändir öýtdüñmi?! - diýýär. Aýaly beýle-de ýatan ogluna bakyp: - Kakañyñ şu gyñyrlygy galman geçjeg-ow - diýýär. ▶ Şykyrdatma, gyrnak! Öñräkki döwürde obamyzda Orazguly aga diýen ýaşuly bolardy. Çaýhordy. Ajy edip içerdi. Özsm nabatsyz içip bilmezdi. Agzyna bir düwür nabat atyp hum çäýnegi boşadýança şol içer oturardy. Kempiri hem özbaşyna bir çäýnegi demläp, Orazguly aga agzyndaky nabady boşadýança polotensa bilen basyryp, garaşyp oturandyr. Orazguly aga çäýnegini boşadyp, agzyndaky eremän galan nabady kempirinw bererdi. Bir gezek, oglankam, ýadymda: Gülbossan eje agzyndaky nabady ol owurdyndan beýleki owurdyna geçirende, ýeke-täk dişine nabat degip şykyrt etdi. Şonda Orazguly aga: - Şykyrdatma, gyrnak! - diýdi. ▶ Iýjek däl, iýjek däl! Soýuz döwründe, gaçgagrak diýmeseñ, gurbanlyk edilerdi. Ýöne aýat-töwir, dileg etmäge din ugurdan sowatly, namazly, täretli, arymsy adamlar podpolýedediler, gizlinlikdedi. Goñşy obamyzda elipbiýden şermende, binamazyñ biri aýat-töwir edip başlady. Nätjek-dä, garaz, biri "Allahy ekber" diýmeli-dä. Bir sapar gurbanlykda ýañky ýasama mollasumak erbet aş düşdi-dä. Milletem oñ üstünden gülýändir. "Aýat-töwir edip ber" diýýänleriñem yzy üzülenok. Ahyry ýañky mollasumak ogluna: - Oglum, men mellegiñ aýagujunda ýatjakdyryn, halys ýaramok. Gelenlere "Kakam ýok" diýip aýdaý diýip tabşyrypdyr. Bir salymdan ogly: - Kaka, kaka, eşegimiz boşandy - diýip gygyrýar. Kakasy çala eşidip, dograma çagyrylýandyr öýdüp: - Iýjek däl, iýjek däl! - diýip jogap berýär! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |