21:42 Jahyllykdan peýda gazanýar | |
JAHYLLYKDAN PEÝDA GAZANÝAR
Publisistika
Berk kesgitlenen çäklerimiz bar, şoñ üçinem göwnejaý pikir çekişmelerini gurnap bilemzok. Islendik mesele şahsylaşdyrylýar. Boş gepleriñ köplüginden ýaña dogryny gözden ýitirýäris. Meselem: - Eýranda başýapynjany açmak protestleri bar; - Türkiýede başýapynjasyna kanuny kepillik getirme tagallasy bar. Şeýle-de Erdogan mälim etdi: "Medeniýet we turizm ministrliginiñ ýanynda Alawy-bekdaşy medeniýet we jemöýi müdirligini gurýarys. Jemöýleriniñ çykdajylary we abadanlaşdyryş meýilnamalaryndaky ähli bökdençlikler aradan aýrylar". Şu üç mesele biri-birinden aýry ýaly bolup görünse-de, aslynda birmeñzeş düýp sebäpden gelip çykýar: Din. Näme diýjek bolýanymy käbir kesgitlemeleri berip, düşündirmäge synanşaýyn: Türkiýäniñ we Eýranyñ modernleşme (döwrebaplaşma) tagallalary boýunça ýazýanlar muny hökman Atatürküñ hem-de Ryza Pehlewiniñ eden işlerini deñeşdirmek arkaly ýazýar. Munuñ özi bärden gaýdýar, iki ýurduñ döwlet-din gatnaşygyny şu döwre gysyp goýaýmak ýalñyş. Özem şu ýalñyşlygy konserwatiwler we syýasy yslamçylar has köp goýberýär. Eýsem: Osmanlydan Türkiýe respublikasyna üýtgewsizligine miras galan bir zat bar: Döwlet dini ulgamy elmydama gözegçilik astynda saklady. Mysal üçin, şeýhulyslamlygyñ wagtyñ geçmegi bilen özgermegi muña güwä geçýär. Şeýhulyslamlyk ilkibaşdaky gowşak edaralygyndan, döwlet merkezleşdikçe kuwwatly edara öwrüldi. Şeýlelikde dini ulgamyñ özygtyýarlylygy azaldy. Şeýhulyslamlyk Mahmyt II-niñ geçiren reformalary ýaly her bir işde beren fetwalary bilen döwletiñ ýanynda durdy. Döwletiñ dini ulgamyna gözegçilik güýçlendigiçe Baby-Meşihat we Mejlisi-Meşaýyh guruldy. Meselem, şu edaralar arkaly döwlet tekgeleri düzgünleşdirdi, kethudalaryny-da özi belledi. Hawa, Osmanlynyñ döwlet tradisiýasy gönüden-göni Türkiýe respubpikasyna miras galdy. Şonuñ üçin ABŞ-daky ýa-da Fransiýadaky ýaly dini ulgam dolulygyna döwlet işinden gyra zyñylmady. Munuñ özi döwletiñ merkezinde bolan dini ulgam garaýşydy... Atatürküñ edişem şudy. Aslyna garanda, Mahmyt II-niñ ýa-da Abdylhamyt II-niñ edişem şunuñ ýalydy. Respublikan režim bilen aslynda diñe edaralaryñ ady we daşky formasy üýtedi. Dini işler ministrligi dini ulgamy dolulygyna diýen ýaly eline aldy. Şeýh Sait gozgalañy boldy welin, döwlet gözegçilik edip bilmedik tekgelerini we zawiýelerini ýapdy. Mundan beýläk Dini işler ministrliginden başga hiç bir alternatiw toparlanmanyñ işine rugsat berlenokdy. Türk döwleti dini guramalary öz garamagyna aldy, Eýran sefewilerden soñ gajarlaryñ döwründe we ondan soñky döwürlerde dini guramalara köplenç özygtyýarlylyk berdi. Şa Pehlewi hukuk, bilim ulgamlarynda durmuşa geçiren işleri bilen dini ulgamy gözegçilik astyna almaga synanşanam bolsa, munuñ hötdesinden gelibilmedi. 1979-njy ýylda gurlan teokratik döwlet bolsa din adamlaryny "synpa" öwürdi. Din adamlaryndan düzülen we Ymam Mätiniñ ýerine işlemeli edilen "Welaýaty-Fakyh" diñe syýasaty däl, dini ulgamyñ üstünde-de gözegçiligi ýola goýdy. "Jumga ymamlary" we başgalar döwlet apparatyna alyndy. Eli "ýaragly" Rewolýusion öñbaşçylygyñ absolýut hökmürowanlygy dini ulgamyñ özygtyýarlylygynyñ soñuna nokat goýdy. Jemlär bolsam: 1). Eýran häzir dini ulgamyñ döwletleşmeginiñ krizisini başdan geçirýär. (Galyberse-de, soñky ýyllardaky bolup geçýän wakalaryñ ýeke sebäbi diñe bulam däl). 2). Türkiýede häkimiýet alawylary-da döwlet işine goşup, Osmanlydan Türkiýä döwlet tradisiýasyny dowam etdirýär. Birinji gezek sünnilerden tapawutlanýan başga bir mezhebiñ - alawylaryñ käbir çykdajylarynyñ tölenmegi ýaly döwlet derejesinde iş edildi. (Munuñ dogrudygy ýa ýalñyşdygy aýratyn ýazgynyñ gürrüñi). 3). Hökümetiñ başýapynjasyny Konstitusiýa girizmek islemesi-de dini ulgamyñ döwlet gözegçiligine alynmagynyñ netijesidir. Sorag şu: Dini ulgamyñ döwletiñ gözegçiligi astyna girmegi dogrumy ýa ýalñyş? Samahyllylara esaslanýan dawa-jenjelleşmekden ýaña şu ýazanlarymyñ üstünde jedelleşip biljek medeniýetimiz-maglumat gurşawymyz ýok, gynansak-da! Haýp, käbirleri jahyllykdan peýda gazanýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |