08:19 Janserek -9: romanyñ dowamy | |
DOKUZYNJY BAP
Romanlar
Rahmanyň täze öýüni dikeltmek Dürnabada miýesser etmedi, ony şol gije otladylar. Duýdansyz galan al ýalyn obany oýardy. Itler jabjynyp üýrdi. Adamlar at toýnagynyň dükürdisine, tüpeň sesine garaşdylar. Bolmady. “Basmaçy dökülendir” diýen pikirden el çekmeli boldy. Şonda-da adamlar öýleriniň bosagasyndan daşlaşmadylar. Tomaşa küýsäp, ýazzyny berjek bolup duran çagalaryň elinden çekip sakladylar. Olar şeýdip, bu waka özleriniň dahylsyzdyklaryny bildirdiler. Gaýrat gelende, şatyrdap ýanýan ot dalajak zadyny dalamaga ýetişipdir. Oduň deminden diňe öýüň iki ganatyny dartyp aldylar. Dört adam ony äkidip, taýagatym daşlykda goýup geldi. Galan dört ganat duran ýerinde ýandy. Ýalyn ýylan kimin towlanyp, gözeneklere ýaýrady. Işigem ýandy. Ortada tegelenip ýatan tüýnük täsin otly halka meňzedi. Durluk bilen üzügiň guruma öwrülen keçesinden çykýan ajy tüssäniň sütüni aşakdan düşýän ýagty zerarly al asmanda burugsap göründi. Gaýrat: ─ Kim otlady? ─ diýip gygyrdy. Ol töweregindäkileriň arasynda günäkäriň ýokdugyny bilse-de gygyrdy. Duranlar oňa tanyş adamlar, köpüsi öz düzen otrýadynyň çlenleri. Olaryň ýüzündäki alaçsyzlyk, has beterem, özüniň biagyrlygy onuň janyny ýakdy. Şu ýerde oglanlaryň birini duruzmanyna ökündi. ─ Men size diýýän: kim otlady? Ýeriň teýinden gelinmedig-ä belli zat. Oraz, sen niredediň? ─ Men-ä ýalyn asmana galyp ugranda görüp galdym. ─ Uklansyň, işigaýdan! ─ Munyň töhmet bolýar, Gaýrat. Ýerli-ýerden jogap berdiler: ─ Duýdansyz boldy, haw! ─ Nepýag guýlup otlanmadyk bolsa, zat bilmedigim. Torly oda golaý durup janygdy: ─ Häzirem ysy gelip dur-a ─ Ol burnuny galdyryp ysyrgandy. ─ Hawa, hawa, öwlüýäkessin, nepýag! Haýdap gelen Dürnabat käýinmäge durdy. ─ Kim edenem bolsa, baýnamaz... Hudaý... Hudaý azana göz görkezer. Öý diýilýän zat... öwlüýädir... eý-waý... Wah-wah, neneň edeýin-nalaç edeýin... Heý, beýle-de bir zalymlyk bor owuşýa!.. ─ Ol Gaýrata tarap ýöneldi. ─ Ýeri, ýigit, oda çoýunmaga geldiňmi? Ýeňseden Ýazja gygyrdy: ─ Sen bu taýda eşek bakýaňmy? Eger Rahmany sypdyrsaň, ýerinde özüň oturarsyň! Dargaň! Oraz, Torly, Setdar... Setdar hany? ─ Ynha, bärde. ─ Setdar, Parahat, senem... Dördiňiz Ýaran baýyňka eňmeli. Ilen-çalany bilen şura sürüň. Ýazja, saňa näme diýildi?! ─ Ugradym, haw, ugradym... ─ Obaň arasynda del adam görseňiz, sypdyrmaň. Dargadyk!.. Oduň töwereginde üç-dört adam galdy. Ýalyn kem-kem peseldi. Dürnabadyň gündizden rejeläp goýan uklary üýşmek köze öwrüldi. Dürnabat synlap durşuna, bokurdagyndan bogulýan ýaly basyk ses bilen: ─ Wah-wah-eý ─ diýýärdi. ─ Rahman ýaly şormaňlaý barmyka ýalançyda? Medet, aýu-u, Medet... ─ Hä, näme diýjek? ─ Golaýrak gelsene, itden gorkýan ýaly sazanaklap dursuň... ─ Ine, geldim-dä, aýdyber. ─ Muny kim edendir öýdýäň, Medet? ─ Näbileýin, azanyň biri edendir-dä! Baýlaň diýjek sözün-ä bilýän: “Gaýrat” diýerler, ýa bolmasa, biziň Ýazjamyz ýaly ýazyksyzyň üstünden düşerler. ─ Ýazjaň adyny bir tutsunlar, men olaryň eneleriniň saçyny ütüm-ütüm edäýmenmi! ─ Ýagyrnymdan sowuk geçdi, heleý, men-ä gitjek. ─ Gideweri, sen bir heläk bolaýma! ─ Ýapgydan soň, ýaňy bir ýagyrnym derläp ugrapdy weli... ─ Medet, indi ol Rahman neresse niräk bararka? ─ Baýlar hossarlyk eder-dä. ─ Baýlar gursun-la... Gitjek bolsaň, ana, dogmalaň dur, olaram alyp git. ─ Sen näme, gitmän, kül saklajakmy bi taýda? ─ Baryň, çaltrak gitseňiz-le, Medet... Şu gün ertirden bäri ýüregim dykyn alyp dur. Gitsene, aglap bir hezil edineýin-le! ─ Aglanyň bilen, käşgä, horlanýan bolsaň... Dürnabadyň etlek ýüzünden syrygyp barýan damja oduň ýagtysy düşdi. Täze urgy Rahmany sarsdyrmady. Kyrk gamçynyň zarbyna çydam eden bedene kyrk birinji urgy degendäki gaýtalanýan adaty agyryny duýdy. Ýeke oturyp aglasa-da güregi köşeşmedik Dürnabat alaç tapman, Rahmanyň ýanyna geldi. ─ Äl bolsa-da, Rahman, sen bir maňlaýy ýeser çaga ekeniň ─ diýdi. ─ Hudaýym, kim edenem bolsa, Alladan tapar! Öý öwlüýädir, gurbany boldugym! Ýöne, Rahman jan, sen bir zada... maňa “hä” diý: şu sapar oba şuraň çigit ýaly günäsi ýok, öz gözüm bilenjik görüp gelýän. Gaýratyň özi ot-elek bolup ýör. Wah, ot-elek bolmaz ýaly boldumy diýsene!.. Rahman öýi otlanyň Gaýrat däldigine ynandy, Gaýratyň oda-köze düşýänine-de ynandy, ýöne hiç zat diýmedi, dymdy oturdy. Dürnabat jibrindi: ─ Wah, beýdip oturma-la, oglan, bir zat diý-le. Eýse, “Gaýrat otlady” diýilse, özüň bir ynanjakmy? ─ Meň ynanyp-ynanmanym hiç, daýza, Gaýrat, goý, obany ynandyrsyn! ─ Wah, sen ynansaň bor, Rahman jan, oba ynanar-la! Dürnabat daýza öz göwnüne osýar, emma Gaýrata obany ynandyrmak kyn düşse gerek. Adatça, adamlar erbet habara çalt ynanýarlar. Häzir orta çykagadan: “Ertir ahyrzaman boljak” diýseň, derrew ynanarlar. Gowulyga şübhe bilen garamagy endik edinipdirler. Bäsdeşlik ýüzbe-ýüz duran iki toparyň arasynda dowam edýär. Rahman özüni, Asmany olaryň arasyndaky pökgi hasap etdi. Rahmany ýene Gaýratyň ýanyna alyp bardylar. Gaýrat oňa gabak astyndan garasa-da, bada-bat söz atmady. Häzir Gaýrata söze başlamak kyndyr. Ol ýalňyşdy. Ýalňyşy ak ýürekden boýun almaga adamlar hemişe ejizlik edýär. Eger ol Rahmana ýüzlenägeden: “Öýüňi dikelden bolsaň, beýle ýagdaý ýüze çykmazdy” diýsedi! Gaýrat: ─ Şu ýere Agahanyň adamlaryny getirjekler ─ diýdi. ─ Nähili saýraýaňyz, göreli bakaly! “Ol meni iki aradaky pökgi hasap edenok, Agahanyň toparyndaky oýunçy hasap edýär”. Emma bu pikir Rahmany beýgeltmedi, gaýta, ondaky biperwaýlygy artdyrdy. Ýedi adam içeri girdi. Has törde oturan Rahman öňki perwaýsyzlygy bilen gelenleri bir ýanyndan synlap başlady. Ol özüne keseki adamlary synlaýardy. Bu pikir Rahmanda häzir döremedi, ýyllaryň dowamynda onuň kalbyna ornapdy. Gelenler Rahmana golaý barmadylar, ara sakladylar. Şeýdip olar Rahmany öz neberelerine kabul etmejekdiklerini ýene bir öwra duýdurdylar. Rahman kemsinmedi, gaýta, kalbynda gelenlere ýigrenç duýdy. Onuň ýigrenýänleri Agahanyň garyndaşlary, emma daýysyna bolan hormat ýürekdäki ýigrenji basyp bilmedi. Iki saparam Rahmanyň öýüni otlan şular bolmaly. Birinji sapar, elbetde, Agahanyň görkezmesi bilen otlandyrlar, ikinji sapar olary herekete getiren zat Rahmana bolan ýigrençdir. Häzir olara bahana bar, olar muny “Gaýratyň abraýyny gaçyrmak üçin etdik” diýerler. Rahman olary näçe keseki saýdygyça, şonça-da olara tomaşa bilen seretdi. Hataryň iň aňyrsynda ýüzüni kese sowup Hümmet dur. Her egninde adam oturdaýmaly pyýada. Boýy gapdalyndaky pejiň turbasy bilen des-deň. Onuň ýüregi ýigrençden doly bolmaly. Ol ýigrenjini ýowuz dymyşlyk bilen beýan edýär. Onuň başga alajy ýok. Bu adamyň zalymlygy hakda gürrüň etmek oba adamlaryna endik bolupdy. “Ol dört batragy ýenjip maýyp edipdir. Gahary gelen çaky sähel bahana üçin eşegini urup öldürmegi hiç zatça-da görenok” diýýärler. Ol: “Gaýratyň ajaly ahyrsoňy meň elimden bolmaly” diýerdi. Şol wadasynda tapylmak üçin pursat arap, obada gezip ýören bolmagam ähtimal, ýogsa, Hümmede meňzeş adamlaryň telimsi çöle çykyp, basmaça goşulypdy. Hümmet Agahanyň aýalynyň doganydy. Obada ol gelmişek saýylýardy. Her neneňsi gylaw alsa-da, uýasyny penalap gelmegi onuň erkek adam hökmünde mertebesini peseldýärdi. Hümmediň gapdalynda duran iki ýigidi Gaýrat otrýaddan kowupdy. Olaryň ýogynynyň ady Ojardy, otrýaddan gideli bäri hasam ýognapdyr. Dünýäde ýeke aladasy bardy, olam garnydy. Soňky sapar: “Bir oturşyma ýeke özüm tutuş bir toklyny iýerin” diýip eden jedeli oňa agyr düşüpdi. Jedelde ýeňse-de ýeňdi weli, üç günläp täretini aşagyndan almaly boldy. Sazak Ojaryň ýanynda derek ýaly ýigitdi, ýöne ýüzi goturdy. “Aýalym çaga dogranok” diýip, ikinji gezek öýlenmäniň kül-külüne düşüp ýördi. Barly öýüň maşgalasyny idäp, ejesiniň gapy kakyp ýörenine dogry bir ýyl üç aý geçdi. Şu döwrüň içinde kowan aýaly daýaw bir çopan ýigide äre baryp, dogry dokuz aý dokuz gün diýlende ekiz çaga dogurdy oturyberdi. Şondan bäri il arasynda: “Bela Sazagyň özündemiş” diýen gürrüň ýaýrapdy. “Öýlenäýsem bor, şu töhmetiň aşagyndan çykaryn” diýip, indi kasam edýärmiş. Ondan bärde duran inçesagt adama Sopy diýýärler. Ol durmuşda Ýaran baýa golaýdy, özüni ýuwaş alyp barýardy. Sakgal goýberdeli bäri, ol “Sopy aga” boldy. “Onuň dünýäde sakgalyndan başga guwanýan zady ýok” diýip degişýärdiler. Dogrudanam, ol entek sakgalyndan irmändi, onuň buýrasyna guwanýardy, lezzet bilen sypalap oturardy. Häzirem tämiz daralan sakgalyna wagtal-wagtal elini ýetirip durmasa oňmady, hamala, onuň barlygyna her dem şübhelenip duran ýalydy. Kellesine uly silkme geýse-de, Hümmediň egninden bolup duran Sytdyhyň ýanynda weli, sakgalyň arzysy ýokdy. Ak goýnuň garnynyň aşagyndaky uzyn ýüňe meňzeş bisaýhal, kirli sakgaly hemişe döşüne ýelmeşip durdy. Obada bir üýşmeleň bolanda Ýazja: “Sytdyh agaň aýaly osurak bolmasa, jedelem ederin ─ diýipdir. ─ Ýorgany başyna çekmäge gorkýar, demigip öläýse nätjek. Elmydam ýorganyň gyrasy sakgalynyň üstünde durany üçin döşüne ýelmeşip dur” diýenmiş. Şu gürrüňden soň Sytdyh biraz mahal sakgalyna timar berjek boldy, ýöne uzak çydam eden däldir-dä, ýene sakgaly öňküligine galdy. Ýaran baý ak köýnek-balagynyň üstünden diňe don atmaga ýetişipdir. Ol dyzyny saňňyldadyp, bütin süňňi bilen gagşaýardy. Gözüne seretmeseň, ol üşeýändir diýäýmelidi, emma ýitelen gözlerine sereden badyňa, gorkudan başga sebäp bardyr öýder ýaly däldi. Emma onuň ker ogly weli, ukudan açylmadyk ýaly, gözüni petredip, töweregindäkilere naýynjar garady. Donundan siltäp, kakasy ony özüne golaý duruzjak bolýardy. Gaýrat: ─ Bu taýda oň näme işi bar? ─ diýdi. ─ Möwlam, bar, sen gaýdyber. Möwlam özüne bir zat diýilýänini aňsa-da, eşitmeýäni üçin: ─ Ä-ä? ─ diýdi. Ýaran saňňyldaýan elini uzadyp, oglunyň goşaryndan tutdy. ─ Şeýtsene, wah, şeýtsene... Bizde ýazyk ýok, sen bilmeli, Gaýrat... sen bulardan akylly. ─ Ol gapa golaý duran Oraz atly ýigide ýigrenç bilen seretdi. Ýarty ýüzi dartylyp, çep gözüniň gabaklaryny açyp bilmän azara galdy. ─ Bular meni... bular meni namazlygyň üstünden alyp gaýtdylar. Allatagallaň parzyny berjaý etmäge goýanoklar. Ýassymy okap durdum. Gabahatdyr, gabahatdyr, Hudaýy ýatlaň. Ýör, oglum, entegem bir pille, täzeden okaýmaly bolar. ─ Ýaran baý, saňa “git” diýlenok... Ogluň gitsin. ─ Weý-weý, namaz okap durkam... ─ Ol bu sapar Oraza naýynjar seretdi. ─ Numadyň ogly, hany, sen, aýt, gören zadyňy aýt: namaz okap durkam bardyň. “Namazy bozmak günädir!” diýdim-ä saňa?! Oraz jogap bermese, Ýaran baý onuň ýakasyndan tutarly göründi. Hümmet çydamady: ─ Ýaran baý, çaky ýagşy! Onuň ýowuz duýduryşy, gaýnagyň üstüne sowuk suw guýlan ýaly, Ýaranyň badyny aldy. Gaýrat olaryň öňünde ikiýana gezmeläp ýörşüne, howlukmady. Onuň bolşunda göze dürtülip duran buýsanç bardy. Belki, ol elindäki häkimligi Agahanyň neberesine mazamlamakdan lezzet alýandyr?! “Şu pursaty synlasyn” diýen maksat bilen ýörite Rahmany çagyrdandyr?!. Gaýrat dowam etdi: ─ Hä, Sopy aga, senem namaz okap otyrmydyň? Ol jogap berende, her sözüne aýratyn bir mylaýym äheň bermäge çalyşdy. ─ Namazymy okap bolupdym-da, “indä-hä, ýatylaýsa-da kem bolmazdy” diýip otyrdym. ─ Sazak, sen-ä namaz okaýan dälsiň? ─ Sakgal goýberdip, aýaga mesi geýeli, okaman, garagyna gül salarys! Ojar sowal berlerine garaşyp durman: ─ Ýaňy ýorgana giripdim ─ diýdi. ─ Ýaňy bir “hezil edineýin” diýip hyýallandymam weli, he-he-he... walla, tas ýüregimi ýarypdylar. Hümmet bilgeşläne gaty güldi. Sazagam ondan galmajak bolup, demine zor saldy, ýöne onuň gülküsi kelpeň bagşyň juk-jukuna meňzeş bir zat boldy. Ýaran baý hüňürdedi: ─ Hä’k, hä’k, peläketler... Oýun ýatlaryna düşýä bulaň. Gaýrat gaharynyň gelendigini bildirmedi, arkaýynlyga salyp ýylgyrdy. ─ Aý, Ojar jan, onuň ýaly keýpi-sapa ýaraýan bolsaň bolýa-la... Ojar dodagyny çömmeldip, keýp bilen jogap berdi: ─ Şübhäň bolsa, subut edäýmeli bor, Gaýrat jan. Sazagyň gülküsi hasam göz-görtele boldy, dogrusy, özem utandy. Gaýrat äwmedi. ─ Aý, näbileýin, men-ä “täretini aşagyndan alýamyşlar” diýlensoň aýdaýdym. Bu sapar diňe Oraz güldi. Onuň gülküsinde “almytyň aldyňmy?!” diýen many bardy. Bir topar göz duýduryş bilen oňa alarylyp seretdi. Gaýrat her sözüne aýratyn agram berip gepledi: ─ “Men size iň soňky sapar duýdurýan” diýipdim! Şura häkimiýetiniň adyndan duýdurypdym: “Eger obada bir adamyň bir desse ýandagy ýansa, siz jogap berersiňiz” diýipdim, ýeke biriňiz däl, hemmäňiz! Hümmet gaýtawul berdi: ─ “Gorkan öňürder” etme, Rahmanyň tünegini otlan biz däl, sen! Öýüni otladyň, aýalyny duluňa geçirdiň. Ojar alyp göterdi: ─ Indem ol pakyry kolhozyň ygtyýaryna berjek bolýaň, biz bilýäs-ä... Rahman towsup orta çykdy: ─ Asmanyň adyny agzan ýeriňizde... Ol düýrülip durşuna, tersine giden adamyň üstüne pişigiň çalasynlygynda zyňarly göründi. Ojar ätiýaç etdi, yza tesdi. “Olar meniň bolşuma heşelle kakýarlar” diýen pikir Rahmany kemsitdi. Ol hiç kime goşulman durşy ýaly özüni ýalňyz duýdy. Şu pursat ýüreginiň gatynda ökünç duýgusynyň döreýändigini syzdy. Muny ejizlik saýsa-da, ony inkär edip bilmedi. Ökünç böwedi ýaran sil kimin kalbyna doldy. Ol Asmany küýsedi. Ony kabul etmänine ökündi. Gaýrat haýallyk bilen sapançasyny çykardy. Çykaryp durka-da “bu adamlary nätmeli?” diýdi. Olary aman-sag goýbermäge namys etdi, artykmaç saklamaga-da esas ýokdy. Alaçsyzlygyna içi ýandy. Olar Gaýratyň alaçsyzlygyny bilensoň arkaýyn gürleýärler. Kanuna görä olary etmişleriniň üstünde tutmalydy. Gaýrat il arasyndaky abraýyny, hatda obanyň ertirki gününi şu pursata baglady. Häzir bu adamlaryň ykbaly çözülenok, hut Gaýratyň öz ykbaly çözülýär. Bu adamlaryň Güni bireýýäm ýaşdy, olar şapaga aldanyp gezip ýörler. Alaçsyzlyk Gaýraty bogup başlady. Ol Ojaryň alkymyna baryp: ─ Ýene näme bilýäňiz? ─ diýdi. Bu sowal yrsaramak däldi, bogulýan adamyň dem aljak bolşudy. Hümmet: ─ Ýaragyňy somlama! ─ diýdi. ─ Somlaşjak bolsak, bizem somlara zat taparys. ─ Garaşýanyňy bilýän, Hümmet, ýöne, Hudaýberdi gorkak ýaly, bat alşyň uzaga çekýär. Agahany uzak garaşdyrýan bolma?! Alňasa biraz, ýogsa, uýaňy penalap oturmadan dynarsyň. Hümmediň gözüne gan indi. Ýalaňaç sapança seredip durşuna, merdemsi eňegi saň-gaty boldy. Gönümel burnunyň aňsyz deşikleri kükregine ýygnanan demi bir bada çykaryp goýbererden ejiz geldi. Gapy açyldy. Daş bosagadan Torly gygyrdy. ─ Gaýrat!.. ─ Ol böküp içeri girdi. ─ Gurbantäji getirdim ─ Ol gapa garap hemle atdy. ─ Giriber, aýagyň duşakly däl-ä... Gurbantäç gorpuň üstünden basjak ýaly ätiýaç bilen içeri girdi. Duranlara seredip çykýança, ýüzi un sepilene döndi. Ol gyssanjyna: ─ Eý, Hudaý-eý-ý... ─ diýdi. Birdenem elini ýüzüne tutup eňredi. Torly tomaşa bilen güldi. ─ Hi-hi-hi, aglaber indi! Setdaryň ejesi: “Gördüm” diýýä. Gurbantäç jabjyndy: ─ Setdaryň ejesi pohuny iýipdir, kemçin!.. ─ Bes et! ─ Gaýrat stol ýumruklady. Gurbantäç tisginip, soň dem almaga gorkdy. Hümmede seretdi. Hümmet gaşyny çytyp, görejini sowdy. Gurbantäjiň gelmegi bilen duranlaryň öňki arkaýynlygy bolmady. Biraz gyslyşdylar, aşaklykdan biri-biriniň ýüzüne ogryn seredişdiler. Diňe Möwlam öňküsi ýaly aňalyp durdy. Ýaran baý oglunyň goşaryndan elini aýyrman durşuna, henizem ýygy-ýygydan naýynjar seredip, Gaýratyň ünsüni özüne çekjek bolýardy. “Ogluň ikiňiz gaýdyberiň” diýer öýdýärdi. Rahman bu ýagdaýy görüp, pelek oýnunyň her dem üýtgäp durşuna geň galdy. Hut, ýaňyja-da özlerini rüstem saýyp duran bir topar erkegiň ykbaly Gurbantäjiň eline geçdi duruberdi. Häzir ýalançyda Hümmetden betbagt adam barmyka?! Ol ýere garap durşuna, Gurbantäç üçin Alladan aman soramaly, ha-ha! Masgaralyk! Muňa bütin oba hezil edinip güler! Adamlaryň arasynda Gurbantäji tanamaýan barmy!.. Gurbantäjiň gezendeligi üçin oba arasynda oňa “Keminäniň heleýi” diýýärler. Emma ol garyp şahyryň heleýine deňelmegini masgaralyk bilýärdi. Bir mahal onuň atasy baý bolanmyş. Şol zerarlam garyp ýigide durmuşa çykmagy kemlik bilip, otuz ýaşyna deňiç enesiniň dulunda oturypdyr. Ahyry özi ýaly garyp düşen baý galagyna durmuşa çykmasa, başga alaç galmandyr. Äriniň keselbentdigini bilse-de “jähennem” diýipdir. Ol henizem garyp-gasyryň dulunda oturandan Agahanyň külüniň üstünde oturanyny gowy görýär. Agahanyň giýewsi Şamyrady obadan alyp gidenlerinde Gurbantäç: “Waý, dogan!” diýip, uzakly gün aglady. “Ol baýlaryň hyzmatyny etse-de, öz öýünde ýatan çöpi galdyranok” diýýärler. Öz ykbalynyň tersligini Hudaýdan görse-de, gaharyny maşgalasyndan çykarýan adam bolmaly. “Çagalary bilen ärinem urýarmyş” diýen gürrüňe ynanaýmalydy. Gaýrat stoluň başyna geçdi. ─ Hany, Torly, bäri dur-da, näme eşiden bolsaň, düşnüklije aýdyp ber. Gurbantäç agyra çydamaýan ýaly ýene eňredi. Torly: ─ Setdaryň ejesi: “Gurbantäjiň eňdirilip barýanyny gördüm” diýýä. ─ Haçan görüpdir? ─ Edil Rahmanyň öýi ýanyp başlanda görüpdir. Gurbantäç burnuny çekip, käýinmäge durdy: ─ Ýansa, ýanyplar ötsün!.. Gara gaýgym Rahmanyň öýüniň ýanmagy däl, öz öýümi ýakmasalar kaýyl. Asyl, tutuş oba iş bolaýdy, ysnat ýezit! ─ Ol birden aýagyna ot basylan ýaly gygyrdy. ─ O tüwmaýaga öý nämesine gerek?! Tünekli boljak bolsa, öňürti heleýine buýursyn! Heleýi ojagyna depip gitdi. Oňa seň öýüň derkar däl, owarra et, otla! Heleý oturmadyk öýden öý bormy?! Artyp çatma! Ýandy-ýanmady ─ tapawudy näme?!. Rahmanyň gözüne ol zäherini pürküp duran ýylan bolup göründi. Hiç kim eýmenç ýylanyň depesinden basmady, gaýta, töwerekdäkileriň garaýşynda tomaşa bar. Olar üçin Rahmanyň zäheri bedenine siňdirişini synlamak gyzykly. Rahman çydamady. Ol demigip barýan adamyň çalasynlygynda gapa topuldy. ─ Rahman, aýak çek! Bu ses Gaýratyň sesi. Bu sesde aýylganç çagyryş bar. Olaryň tomaşany dowam edesleri gelýär. Gapa ýetende, Oraz onuň ýoluny baglady. Rahman ony pyzyp goýberdi. Rahmany güýç bilen ýene öňki otaga saldylar. Ol ýöne ýatmady, gapyny depip ugrady. Köşeşýänçä, onuň elini-aýagyny daňdylar. * * * Asman aglady. Bu sapar diňe öýi otlamadylar. Asmanyň umydynam otladylar. “Indi Rahman obada eglenmez” diýdi. Mamur eje ony köşeşdirjek boldy: ─ Aglama, agydan peýda ýok. ─ Aglamasam, ýüregim ýarylyp barýa. ─ Sen meň pendimi al, gelin, Hudaýtagala owal-başda erkege güýç beren bolsa, aýala-da çydam berendir. Sen Rahmanyň ýanyna ýene bir öwrül. ─ Gapydan goýbermese nädeýin! ─ Çyg zerarly Asmanyň duman alan gözlerinde diňe alaçsyzlyk bardy. ─ Ýalbaraýyn diýsem, gahar onuň gulagyny gapypdyr. ─ Gahar adamyň ýüregini apy-tupandan doldurar, birdenem gara ýel ýaly geçer gider. Gök asman ýaly ýüregini arassalar. Ana, gelin, şol mahal ýene oňa sen gereksiň. ─ Ol daýysyny küýsäp gitdi. Daýysynyň göwnüni görjek bolup etdi, ýogsa, Rahman meni taşlap gidermidi?! Asman ajy hakykatyň öňünde özüniň güýçsüzligini duýduryp eňredi. ─ Oňa senden ýakyn hossar ýok, ahyry düşüner. Mamur eje bu sözi göwünlik bermek üçin aýtmady, ýüreginden ynanyp aýtdy. Ýöne Asmanyň kalbyna çöken şübhe birbada dargadardan çökderdi. Onuň gözleri gorkudan ýaňa ýiteldi. Ol gutulgysyz bolmaly zady habar berýän äheňde: ─ Erbet düýş görüpdirin ─ diýdi. ─ Daşarky ojakda et gowrup otyryn, boldugy, Rahmana äbermekçi... Erbet zat hiç ýatdan çykmaz ekeni. Düýşem şeýle. Ýatdan çykarjak bolýan, gaýta, jikme-jik aýdyňlaşyp barýa. Indi iki gün, duzuň tagamyny duýamok... Ojagyň gapdalynda keçe ýazylgy, üstünde saçak, saçagyň başynda Rahman otyr. Nähili oturany hakydamda däl, ýöne oturanyny bilýän. Özem, göwnüme bolmasa, amanat ýaly... Hawa, bir hili ýeňsesini öwrüp otyrmyka diýýän. Et gowrulýa. Okara alaýyn diýip öýe girýän, daşaryk çykamda, okara derek elimde çäýnek bar. Gazana seretsem, gowrulan etiň arasy çig etden doly. Çym-gyzyl süňkler. Oňurgaň süňkleri, edil ýaňy atypdyrlar, entek daglanmaga-da ýetişmändir. Indi asyl, şo gyzyl süňkler göz öňümden birjik aýrylmasa nätjek! Ýüregim bulanýar. Wah, iň ýamany başga: keçäň üstünde Rahman süýnüp ýatyr. Arkan däl, ýüzin. Özünem ýenjip durlar. Kimiň urýanyny göremok, näm bilen urulýanynam göremok, ýöne her urgy degende, Rahmanyň göwresi silkinip gidýär. Urulýanyny görüp durun, “näme üçin urýaňyz?” diýemok. Düýş-dä! Boýnunyň her damary taýak ýaly galypdyr... Ertir turup, özüme käýinýän: “Ýeri, ol-a iň soňky deminde ýatyr, uzak çydamajagam belli, onsoň, syn edip durmaň näme diýsene!” diýýän. Düýşde her zat boljak ekeni. Näme-de bolsa, bi gowulygyň alamaty däl, gorkýan, gözüme uky gelenok. Asman, bu pikiriniň tassyklanmagyndan ätiýaç edýän ýaly, ägirt howsala bilen Mamur ejä garady. Mamur eje täsin arkaýynlyk bilen: ─ Gelin, bi Allatagalanyň alamaty ─ diýdi. ─ O nähili alamat? ─ Allatagala size kemsiz duýduran ekeni. ─ Nämäni duýdurypdyr? Waý, erbet zat bolsa, aýtmaweriň, aýtmaň... Çig süňkleň oňňul zat däldigini özümem bilýän, aýtmaň. ─ Ol süňkler siziň aşyňyza atylan awy. ─ Hiý-iý!!! ─ Gorkma, gelin, bu taýda entek gorkuly zat ýok. Şol süňkleri seniň göreniň gowy bolupdyr. Asmanda dörän umyt ony gyssady: ─ Onda Rahmanyň ýatyşy nämäň alamaty? Başujunda lal ýaly seredip durkam, aýylganç zadyň pikirini edipdirin: “Ol çydamaz, öler” diýýän. Heý, beýle-de bir alamat bolarmy?! Mamur eje öňki arkaýynlygy bilen: ─ Bolar ─ diýdi. ─ Agahanyň yzyna düşmek mundan artyk Rahmana bolanok. “Bolanok” diýibem aýtmaly, gelin. ─ Wah, men öňem aýtdym-la. ─ Ýene-de aýt! ─ Aýdanym bilen bir zat boljagyny bilsem, aýtjak-la! ─ Asman ýüreginde ýakymly alada duýdy. ─ Mamur eje, men ony ynandyryp biläýsem diý. ─ Ynandyrarsyň. Sen oňa hem aýal bolup aýt, hemem ene bolup aýt, ynanar! Mamur eje Asmanyň göwnünden turdy. Asyl, Mamur eje Asmanyň göwnündäkini ýüzüne aýtdy. Eger Rahman Asmany aýaly hökmünde kabul etmese-de, dünýä injek oglunyň ejesi hökmünde kabul etmeli. Entek olaryň ikisinem ýigrenmäge ýetişen däldir... Asman oba şuranyň jaýyna tarap haýdap barýarka, göwresinde ýatan çaga ýüzlendi: “Jan oglum, umydym, gözümiň agy-garasy!.. ─ diýdi. ─ Häzir meniň ýüregime senden ýakyn jandar ýok. Eger ataň diňe seni küýsäp oba dolanan bolsa-da, men çigit ýaly kemsinmen. Ikimiz bir göwre, seni küýsän, menem küýsär. Ataň köp zada düşünenok, oglum. Men horluga uçrasam, saňa-da kyn, meň ýüregim agyrsa, şol agyry seniň ýüregiňe-de baryp ýetýändir. Ataň şoňa düşünenok. Biz oňa düşündirmäge barýas, oglum...” Asmanyň bütin göwresine galpyldy aralaşdy, eňegi saňňyldap dişine degdi. Ýel berlen meşigiň üstünden basýan ýaly, dabanynyň aşagynda berk daýanç duýmady. Gapyň agzynda henizem Ýazja duran ekeni. Ol: ─ Walla, meň diýenimi etseň-ä, “barma” diýjek ─ diýdi. ─ Garny dok, ýaňyja ejemiň getiren şülesini iýdik. ─ Gapyny açsana... ─ Gapy açyk, ýöne neme... biz oň elini-aýagyny, köşeşýänçä, daňaýmasak bolmady. ─ Siz ony urup, horlan-a dälsiňiz? ─ Ýa’k, walla, şura hökümetinde adam urmak gadagan! Asman bada-bat düýşündäki Rahmany göz öňüne getirdi. “Bular onuň elini-aýagyny daňypdyrlar, eý Hudaý!..” ─ Uransyňyz, horlansyňyz! ─ Tas, depip, şuraň gapysyny döwüpdi. ─ Döwlüp geçsin! ─ Gör-ä, siziň baryňyzyň synpy düşünjäňiz ýetenok. Ýazja Asmanyň yzy bilen içeri girerin öýtdi, emma batly ýapylan gapy maňlaýyna degdi. ─ Bäh! ─ diýip, yza tesdi, käýindi. ─ Ejemden başlap, bi heleýleri uçdan-tutma okatmaly boljak öýdýän, ýogsa, bulaşdyrjaklar. Ýazja Nuryň uly gyzynyň syýasy düşünjesini galdyrmagy höwes bilen öz üstüne aljakdy. Soňra gapyny çalarak açyp: ─ Köşeşendir-le, indi boşadaý ─ diýdi-de, gapyny ýapdy. Asman bir burçda aňyrsyny bakyp, düwdek bolup ýatan Rahmanyň üstüne abandy. Dogrudanam, onuň elini-aýagyny daňypdyrlar, özem bir tanap bilen daňypdyrlar. Asman äriniň ýüzüni oňly görüp bilmedi, çyranyň ölügsi ýagtysy garaňky kölegäni dargadardan ejizdi. Ol: ─ Rahman ─ diýdi. Rahman ses bermedi. Asman tanapyň daňysyna elini ýetirdi. ─ Öwrül bärik, çözeýin... ─ Çözme, aýryl! Rahman hötjetlik bilen göwresini siltäp, soňam ümsüm ýatdy. Asman ýaňadandan el uzatmaga çekindi. “Deminden düşüşýänçä azar bermäýin, gowusy garaşaýyn” diýdi. Ýöne garaşmak oňa hupbat ýamanyny berdi. Sebäbi, edil Asmanyň gapdalynda ýatan Rahman birden onuň gözüne düýşdäki ejir çekip ýatan Rahman bolup görünýärdi. Şol pursat äriniň üstünde kökenek gerip, oňa hemaýat beresi gelýärdi. Ümsüm oturmak baryp ýatan jellatlykdy, onuň manysy biwepalyga barabardy. Has dogrusy, aýylganç düýşüň ýaman ýorgudyna meýletin boýun synmakdy. Asman bu masgaralykdan sypjak bolup, aýgyt bilen ýaňadan ärine seredýär. Indi weli, onuň gapdalynda başga Rahman ýatyr, ol düýşdäkä meňzänok. Asman oňa gep atmaga, kömege ýetişmäge çekinýär, ýene çykaryp kowar öýdýär. Rahman gymyldaman ýatyşyna: ─ Gaýratyň ajaly meň elimdendir! ─ diýdi. Häzir onuň haýbaty Gaýrata gönükdirilmän, gös-göni Asmana degişlidi. Asman kemsindi, ýöne garşylyk görkezmedi. Diňe apy-tupandan soňky arassa asmany göz öňüne getirdi, şonuň peýda bolaryna garaşdy. ─ Öldürmen öýdýänsiň? Indi ol, hemişeki taýagyny süýräp ýören Rahman ýokdur. Öldirin! Gaýrat üçin Allanyň gazabyna duçar bolmajagymy bilýän. Namart ekeni, mertdir öýdýärdim, namart ekeni... Sen adam öldürmek kyn zatdyr öýdüp ýörme! ─ Rahman çyndan gürleýänini duýdurjak bolýan ýaly, kellesini öwrüp, aýalyna seretdi. Onuň garaýşyndaky tutanýerlilik Asmany gorkuzdy. Rahman ýene aňyrsyny bakdy. ─ Bigünäni öldürmek kyn. Bigünäni öldürenden özüň öleniň gowy ekeni, barybyr jezadan sypma ýok. ─ Sen birini öldüren-ä dälsiň, Rahman? ─ Öldürdim, hawa, öldürdim... Asman, meň etmedik zadym galmady. Ol ýüzüni keçä oýkady. Asman onuň üstüne gujagyny gerdi. ─ Zora çydaman öldürensiň, saňa “öldür” diýendirler? ─ Elime ýarag berdiler, ýöne “öldür” diýmediler. Asman ärini goltugyna gysyp, gaýta-gaýta yrady: ─ Meni kösejek bolup aýdýaň, Rahman! Saňa öldür diýendirler? ─ Elime ýarag berdiler diýýän-ä!.. ─ Ýarag berdiler diýip, öldüribermek bormy? ─ Eline ýarag alan öldürýändir, öldürmejek bolsa, ýaragy başyna ýapsynmy? Eşek bakmak üçin tüpeň berenoklar, “adam öldür” diýip berýäler. Hol-ha, gapyda Ýazja dur. Akmak, eline oýunjak berlen ýaly, hondan bärsi! Öldürensoň biler, öldürjegem hak. Ýarag oýnap ugran adamyň gitjek ýeri bolmaz. Ýarag göterýän ganhordyr! ─ Rahman ýene ýüzüni keçä oýkady. ─ Seni kim iberdi? ─ Eýse, biri ibermelimi? ─ Iberendirler, ýogsa gelmezdiň, öwrülip gelmegi namys bilerdiň. Ýa “öýüň ýananyny buşla” diýdilermi? Buşla! Diliňi kesdilermi?!. Rahman eginlerini silkip, Asmana “eliňi aýyr” diýen yşarat etdi. ─ Oba gelenimi aýtmadylarmy saňa? Asman ony köşeşdirerin öýdüp, başardygyndan mähirli, mylaýym geplemäge çalyşdy: ─ Aýtdylar, Rahman, şobada aýtdylar. “Öý alyp gelipdir” diýdiler, begenip otyrdym. ─ Ýalan sözleýäň, begenen bolsaň, barardyň. ─ Özüň bararsyň öýtdüm. “Asman, bar, öýüňe eýelik et” diýen bolsaň, depäm gök dirärdi. Rahman kellesini galdyryp, Asmana seretdi. Onuň garaýşynda aýalyny biwepalykda aýyplap, onuň agzyndan çykjak her bir sözi hile, aldaw, mekirlik hökmünde kabul etmegi ýüregine düwüp goýan erkegiň tekepbirligi bardy. Ol howlukman başyny ýaýkap: ─ Akmak heleýe seretsene ─ diýdi. ─ Seni idäp, Gaýratyň öýüne barar öýdüpsiň-ow?!. Käşgä, men seni olarda goýup giden bolsam... Asman sesini çykarmady. Häzir Rahman bilen dawa etmegiň öz peýdasyna däldigine göz ýetireni üçin geplemedi. Ýogsa, şol gije öýde oturmazlygy Asmana duýduryp giden Rahmandy. Asman Gaýratlara pena gözläp barypdy, Agahanyň aýagy ýetmez öýdüp barypdy. Göwresindäki çaga zeper ýetmesin, mahalynda synasy sagat, sag-aman dünýä insin diýip barypdy. Asmanyň şu delilleri aýdasy gelýärdi, ýöne aýtmady. Asman üçin häzir esasy zat özüniň mamladygyny subut etmek däldi, Rahmanyň köşeşerine sabyrsyzlyk bilen garaşmakdy. Gahar onuň ýüregini gök asman ýaly arassalar. Ana, şo mahal oňa ýene Asman gerekdir... Diwaryň aňyrsyndan eýmenç ses eşidildi, aýal sesi. Yzly-yzyna tüpeň atyldy. Galmagal, tapyrdy köpeldi. Rahman daňylgy gollaryny öňe somlap: ─ Çöz! ─ diýip gygyrdy. ─ Ana, ana, başlandy!.. Asmanyň sandyraýan barmaklary tanapyň düwünine ygtyýar etmedi. Gyssanjyna dişini saldy, ikiýana çekeläp başlady. Topbusy kellesinden agyp düşdi. Gün, şemal görmedik gara saçyň dymyljyk ysy Rahmanyň burnuna urdy. Asman: ─ Basmaçydyr ─ diýdi. ─ Daýym däldir. Daýym oba çozmaz!.. ─ Äý, artyp!.. ─ Asman gaýtadan gyjynyp, düwüne agyz saldy. Birden Rahmanyň göreji onuň ap-ak alkymynda togtady. Näzikligine geň galdy. Elini uzadyp sypasy geldi. Şol alkymyň özüne degişlidigine begendi. Asmanyň öwrülip gelenine çäksiz, tükeniksiz minnetdar boldy, ýöne minnetdarlygyny daşyna çykarmaga bogny ysmady, kiçilik bildi. Diňe: ─ Eliň bilen, eliň bilen çözsene ─ diýdi. ─ Dişiňi agyrdarsyň. Asman gowşan düwni eli bilen çözmäge oturdy. Rahman onuň näzik barmaklaryna guwandy. Bu barmaklar bir mahal mahmalyň aňyrsyndan çykyp, oňa çaý süzüp beripdi. Ol mahal bu barmaklarda kökenli ýüzük bardy. Asmanyň öwrülip gelenine ol ýene bir öwre minnetdar boldy. Diwaryň aňyrsynda galmagal ýatdy. Rahman ýakymly arkaýynlyk duýdy. ─ Daýymyň oba el urmajagyna ynanýan ─ diýdi. ─ Aýryl, aýagymy özüm çözerin... Şolar bir oba dökülmäwersin, bir topar ganojak. Bäh, olar meni itden beter ýigrendiler. Asman topbusyny geýdi. ─ Ýaňky aýdanyň çynmy, Rahman? ─ Näme aýtdym? ─ “Adam öldürdim” diýdiň-ä? ─ Hawa, çyn. Ganojaklaryň arasyna düşseň, öldürmäge mejbur bolýan ekeniň. Rahmanyň jogabyndaky biperwaý äheň Asmany gorkuzdy. Rahman tanapy düýrläp, gapa tarap zyňyp goýberdi. ─ O taýda olar, bu taýda Gaýrat... Rahatlyk bolar öýtme, sebäp adamlaň elinde ýarag bar. ─ Ol bir dem diňşirgenip oturdy. ─ Bir güp-basdylyg-a boldy... Çöldäki ganojaklardan Gaýratyň habary ýok, görer-dä... Ýazja kürsäp içeri girdi. ─ Eý, halypa, seň öýüňi kimiň otlany aýan boldy! Gurbantäç! Gurbantäje “otla” diýipdirler. Hümmet diýipdir. ─ Ol ýakymly habary üçin ägirt minnetdarlyga garaşýan buşlukça meňzedi. Onuň diwara düşen kölgesi gülkünçdi. Erni bir garyş sallandy. Eňeginiň uzynlygyny gulaç bilen ölçäýmelidi. Burny eňegindenem geçdi. ─ Halypa, men saňa bolşy ýaly aýdyp bereýin. Ýalan sözlesem, garagym aksyn, gözüm bilen gördüm, gören zadymam aýdýan. Ýazja tüpeňini diwara söýäp, ýerde oturdy. Hamala, agzyndan çykjak sözi içerdäkileriň kabul etjegi-etmejegi onuň nähili oturyşyna bagly ýaly alada galdy. Ilki ýekedyz oturdy, soňam ynjalman, aýbogdaşyny gurup ykjamlandy. Rahman onuň dabarasyna biperwaýdygyny duýdurdy. ─ Gurbantäç boldy, ýene biri boldy, parhy näme?! Öýümiň dikelmejegini bilýän. ─ Sen ýalňyş gepleme, halypa! Gaýta, olar seň öýüňi otlap, walla, bize kömek etdiler. Aýdaýynmy näme üçin?! Öňki saparam otlan şular, duz ursun! “Gaýrat otlapdyr” diýdiler. Bäş hojalyk obany taşlap gitdi. Eger şu gün bilinmedik bolsady, bo-o-oww!.. Obaň gylla ýarysy giderdi. “Kim kolhoz bolmasa, öýüni otlajaklar”. Gör, olaryň tapýan sözüni! Wah, halypa, men size ýaňky bolan wakany aýdaýyn-la!.. Gurbantäç masgara boldy, masgara! Seniň üstüňe heňkirişini neneň gördüň?! “Gorkan öňürder” edýär! Gaýrat ony sypdyrmady, hiç sypdyrmady. Gurbantäç sapalak atyp ugrady. “Gije sogan tohum gözledim” diýýär. Dişi agyrypdyr. Sazagyň ejesine innetmäge barýarmyş. Hümmetlere-de barypdyr. Hümmetlerde sogan tohum näme işlesin. Ajy zat olaň tohumyna düşenok ekeni. Hümmediň özi aýtdy. Garaz, gepiň kelte ýeri, seň öýüňi otlamanka, Gurbantäjiň Hümmetlere barany aýan boldy. Käýerde gönümelligiňem peýdasy bar, haw! Gaýrat, bir zat aňan ýaly, gös göni Gurbantäje neme diýdi: “Şu duran adamlaryň haýsysy saňa “otla” diýen bolsa, aýt!”. Gurbantäç pakyr duw-ak boldy-da, ýöne eňräberdi. Mundan öň Gurbantäç diýlen heleýi itden beter ýigrenýärdim weli, walla, şu pursat oňa nebsim agyrdy, dogrusy, häzirem ýüregim awap dur. Gözüň alnynda adam öldürseler, erbet boljak ekeni. Asman tisgindi. ─ Hiýý, Gurbantäç öldümi? Ýazja henize deňiç garşysyndaky oturanlaryň esasy wakadan bihabardyklaryna geň galýan ýaly: ─ Hawa, öldi ─ diýdi. ─ Hümmet öldürdi. Pakyryň böwründen aksaplyny sokaýdy. Gurbantäç duranlaryň gözüniň alnynda boýun almaga gorkdy, Hümmede seredip, ýöne sandyrady durdy. Gaýrat olara: “Çykyň” diýdi. Çykyp barýarka-da, Hümmet duýdansyz topuldy-da... Gaýrat şobada atdam weli, ýetişmedi. Hümmediň özem-ä öldi weli... Içerik ölümden soňky agyr oýlanma aralaşdy. Oturanlaryň diwara düşýän kölgesi zerarly otagyň içi garaňkyrana döndi. Ýazja: ─ Walla, men bir zada geň galýan ─ diýdi. ─ Hümmet beýle rehimsizligi nireden öwrendikä? Ýa adamyň ganynda barmyka? Ol möjek bolup döremeli ekeni. Hudaýa şükür, Garagumyň aňyrsy-bärsi ýok, entär-gezer ýörerdi. Rahman: ─ Garagumda başga-da entäp ýören gyt däl ─ diýdi. ─ Indi size-de aňsat düşmez. ─ Heh, halypa, bize aňsat düşen mahaly barmy?!. ─ Ýazja tüpeňini alyp, ýerinden turdy. ─ Gaýrat seni boşatmaly diýdi. ─ Aý, diýse, diýibersin, men-ä şu ýerden çykjak däl. Barjak ýerimem şundan gowy däldir... Gapyny ýapman git. Rahman bilgeşläne aýagyny uzyn salyp ýatdy. Ýatsa-da, arkaýynlaşmady. Ýazjanyň getiren habary ony gorkuzdy, ýene girdaba bakan alyp gitdi. Ol gaňňadan agyp, ýykyljagyna göz ýetiren adamyň alaçsyzlygyny duýdy. Ýöne nähili ýere gütüläp düşjegine, niresiniň agyrjagyna biperwaý garady. Ol birden ähli zady jähennemä urdy, ne şatlyk, ne gaýgy ─ hiç zat duýmady. Bu dünýä üçin Rahman ─ hiç kim, onuň islegine çigit ýaly pitiwa edýän adam ýok. Adamyň ömri humara goýuldy, her kim ol oýundan özüne utuş gözleýär. Rahman şu pikire özüni öwrenişdirmek üçin diwaryň aňyrsynda ölüp ýatan iki adamy mysal aldy. “Heý, “adam öldi” diýip, oňa gynanjak barmy? Gynanmazlar, gaýta, her tarap ondan özüne peýda gözlär, özleriniň mamladyklaryny subut etjek delil agtarar”. Rahman çölde ölenleri ýatlady. Bu gün Gurbantäç bilen Hümmet öldi, belki, ertir gezek Rahmanyňkydyr. Belki, onuň haçan ölmelidigini Hudaý kesgitlemän, Agahan ýa-da Gaýrat kesgitläp goýandyr?.. Rahmanyň kalbyna çöken terkidünýälik ony gapdalynda oturan aýalyndan daşlaşdyrdy. Onuň barlygy-ýoklugy manysyz zada öwrüldi duruberdi. Olaryň birek-birege edip biljek hemaýaty ýok. Olar çagalaryň oýnaýan gurjagyna meňzeş. Olary islendik mahal aýrylyşdyryp, islendik mahalam tapyşdyryp bilýärler. Bu asyl gudrat däl ekeni, bi adamlaryň öz elindäki zat ekeni. Belki, hemişe şeýle bolandyr, diňe şu çaka çenli muňa Rahman düşünmän gelendir. Ykbal diýen zady oýlap tapanam, onuň çözgüdini Hudaýyň gudratyna ýöňkänem adamlaryň özüdir?.. Rahman birden: “Asmanam şeýle düşünýärmikä? ─ diýdi, soramaga ýetişmedi. Perwaýsyzlyk ýene oňa ýol bermedi. ─ Nähili düşünende näme, heý, üýtgejek zat barmy?!” diýdi. ─ Asman, bar, sen gaýdyber... “Ol meň sözüme gulak asmaz, ol diňe öňden buýrulan zady eder” diýdi. ─ Meň barara gapym ýok, Rahman. ─ Şeýlemi asyl?.. ─ Bilgeşläne ynanmazlyk edýäň, Rahman, beýtme, beýtme, sadagaň bolaýyn! Maksadyň meni horlamak bolsa, başga jeza tap, ýöne öz ynanmaýan zadyňy aýdyp, meni horlama, özüňem horlama. Gorkanym üçin Gaýratlara bardym. Öz janym ─ jähennem, ýöne men ýeke däl-ä, şony bilýäň-ä sen!.. Oba dökülip, meni süýrän bolsalar?.. Sen şo hili masgaralygyň bolmadygyna şükür edip otyrsyň, ýene maňa ezýet berýäň, beýtme ahyryn! Seň ýüregiňi çişiripdirler, seň zannyň öňki Rahman. Üýtgeme, ezizim, bi ýalançyda her adam öz häsiýetine laýyk ýaşaýar. Seniň rehimli ýüregiň, mylaýym gylygyň bar, Rahman... ─ Men adam öldürdim, mende rehim galmady. ─ Beý diýme! Hudaýa şükür, oba dolandyň, sen ýene öňki Rahman bolarsyň: rehimli, mylaýym... Men indi seni çöle goýbermen, sen bize penakär bol ─ meň penakärim, ogluň penakäri!.. Häzir o neressejige penakär gerek. Rahman: “Asman mamla” diýdi. Eger Rahman öýde oturan bolsa, Asman Gaýratlara barmazdy. Görsene, ýene Rahman günäkär! Hemme kişi mamla, hemmeleriň özüni aklamaga delili bar, diňe Rahman bialaç. Bialaçlyk ýene Rahmanyň kalbyna biperwaýlygy dolap getirdi. Şol mahal Asman ýene ärine söz gatdy: ─ Rahman, agşam düýş görüpdirin... Rahman: “Eýsem, indi düýşe-de Hudaýyň dahyly ýokmuka?” diýdi. ─ Düýşe ynanyp ýörme... Asyl, hiç zada-da ynanma... Asman depä garap ýatan Rahmanyň gözlerine seretdi, biperwaýlykdan başga duýgy görmedi. Äri ondan kem-kem ara açyp barýardy... * * * Soňky bir ýylyň dowamynda Gaýrat töhmet diýen zada düşünerçe boldy. Töhmet duşmanyň atan okuna meňzese-de, söweş meýdanyndaky ok bilen onuň arasynda kän tapawut bardy. Söweş meýdanynda hemme zat açykdy. Eliňde ýarag, maňlaýyňda duşman, ýa almalydy ýa-da ölmelidi. Emma bu ýerde... Bu ýerde sen garşyňdaky duşmany göreňok. Islendik bukyň aňyrsyndan onuň saňa ýarag çenäp duran bolmagy ähtimal. Bukyň aňyrsyndan atýan duşman ─ namart duşman. Töhmet ─ namardyň işi. Hümmet bilen Gurbantäjiň ölümi oba adamlaryny büs-bütin ynjalykdan aýyrdy. Olar ýolaýyrda ýetip, haýsy tarapa gitjegini bilmän duran ýolagçy ýaly alada galdylar. Alada köpeldigiçe-de, olar dymdylar. Birden bu dymyşlyk bütin obanyň häsiýetine öwrüldi. Rahmanyň göwnüne bolmasa, goňşy goňşudan pikirini gizledi. Ýakymsyz dartgynlyk adamlary gysymyna gysdy. Penjeden sypmagy küýseýänem bolsalar, böwşeňlik aralaşýança, ýagdaýa tabyn bolmaga mejburlyk olaryň häzirki häsiýetiniň esasy aýratynlygyny kesgitledi. Töhmet tüýsüni üýtgetdi. Ol indi iki adamyň ölümi hökmünde orta çykdy. Ölümiň garşysyna durup, özüňi aklamagyň kyndygyna Rahman düşünýärdi. Ölüm ─ soňky pelle. Soňky pellä ýeten adamyň günäsini ötmek ─ nesillerden dowam edip gelýän endik. Bu saparam şol endikden çykylmajagy belli zat. Üç öwre: “Hümmet nähili adamdy?” diýip sorarlar. Öwlüýä ýygnanan mähelle bolsa üç gezek: “Gowy adamdy” diýip jogap berer. Onuň gowy adam däldigini hemme kişi bilýär, emma öleniň öňündäki borç diýen düşünje hakykaty ikinji orna geçirýär duruberýär. Agahanyň neberesi bu utuşy duýdy, ondan peýdalanmagyň ugruna çykdy. Hümmeti jaýlamaga diňe Şasoltan geldi. Agahanyň ýoklugy adamlary oýlandyrdy, käbirleriniň gorky damary tirpildäp, mahaly bilen köşeşmedi. Ýas dabarasynyň kethudalygyny Şasoltan öz boýnuna aldy. Ýaran baý Agahanyň öňünde nähili ýöwselleýän bolsa, Şasoltanyň öňünde-de şondan üýtgemedi. Ol muny Şasoltandan çekinýänligi üçin etmedi, Agahan bu ýerde ýogam bolsa, ýygnanan mähelle onuň bardygyny duýmaly. Şasoltan olaryň gözüne Agahan bolup görünmeli. Bu ýagdaý baý neberesiniň uludan-kiçä boýun synmagyny talap edýärdi. Şasoltana-da geregi şol. Bu ady ýitmiş oba onuň ýüregine kitüw saldy. Giýewisiniň tussagda oturanyny, öýüni taşlap, hazan uran çöle çykmaly bolanyny, indem doganynyň ölenini ol oba adamlaryndan görýärdi. Gapydan giren aýallaryň ýüzüne gazap bilen seredýärdi, onuň garaýşynda: “Şu ölüme senem günäkär!” diýen näletleýji many bardy. Töwerek-daşdan ýygnanan kyrk molla jynaza okamaga durdy. Kyrk molla üstüne al-ýaşyl parça atylan tabyda baş egdi. Olar mahaly bilen gutarmadylar. Olaryň bolşunda aýratyn bir tutanýerlilik bardy. Tabytda ýatan adamyň mertebesiniň belentligi hakdaky pikir sessiz-üýnsüz duran märekäniň süňňüne gaýym ornaşýança, olar gutarmajak ýalydy. Adatça, jynaza ölen üçin okalýar. O dünýä ugraýan ýolagça dirileriň aýdýan iň soňky hoşlaşyk sözi. Elbetde, ol söz Gurhanyň dili bilen beýan edilýär. Şasoltanyň pikirine görä, kyrk adamyň häzirki tagallasy tabytda ýatan doganyna gerek bolşy ýaly, dirilere-de derwaýysdy. Dogany babatda eýýäm onuň pikiri anykdy: Hümmediň dowzaha düşmejegi açyk, sebäp ol hudaýsyzyň elinden öldi. Ýogsa, Hümmediňem eden günäsi az däldir, onuň rehimsizligi bir gün ony hökman betbagtlygyň üstünden alyp barmalydy. Betbagtlygy garşylamaga Şasoltan öňden özüni taýýarlapdy. Ol doganyndan müňdebir razy boldy. Hümmediň ölümi Agahanyň ýanynda Şasoltanyň dilini uzyn etdi. Hümmet Agahanyň bähbidi üçin öldi, ol Agahanyň hakyky garyndaşyna öwrüldi. Ol Ýaran baýyň asla edip bilmejek zadyny etdi. Hümmet ─ gahryman, Hümmet ─ merdana! Hol-ha, ol indi al-ýaşyl ýüpek parçalary başyna çekip, gaty tabydyň üstünde ýatyr!.. Birden Şasoltanyň ýüregine ajy aýralygyň heseri ýetişdi. Onuň gözýaş bilen ýüregini gowzadasy geldi, emma dişini gysyp saklandy. Hawa, bu jynaza dirilere duýduryş bolmaly. Bu ýerde jynaza derek kasam okalýar. Dartgynly dymyşlyk harasatyň öňündäki petiş howany ýada salýar. Goý, gorky bu duran adamlaryň ýüregini owmaç etsin!.. Hümmet bilen Gurbantäjiň jaýlanan güni, giçden soň, Gaýraty şähere alyp gitdiler. “Ony alyp giden iki adamy Kösäniň özi ýörite raýona gidip getiripdir” diýen gürrüň ýaýrady. Gelen adamlaryň wezipesi barada hiç kim anyk bir zat aýdyp bilmese-de, olaryň Kösäni goldap, Kösäniň pikirine görä iş alyp barjakdyklaryna şübhelenýän adam azdy. “Köse özüni goldamajak adamy getirmez” diýýärdiler. Adamlaryň köpüsi gelenleri gözleri bilen görmedigem bolsalar, eýýäm olar hakda görene berimsiz gürrüň edýärdiler. Olaryň biri gara murtly, ýöräninden oturanyny kem görmeýän, pöwhe adammyş. Onuň etlek ýüzündäki solaksy öwüşgini nygtap, “onuň keselbent bolmagy ähtimal” diýýärdiler. Ujy jaýtaryp duran ýogyn murty ýüzüne asla gelşenokmyş, “hut ak balaga gara ýama urlan ýaly, gözilginç görünýär, gülkiňi tutdurýar” diýdiler. Ol şuranyň jaýyna girmezinden öňürti basgançakda oturypdyr-da, giň balagynyň jübüsinden esgi çykaryp, gara ädigini yhlas bilen süpürenmiş, ýalpyldysyna kanagatlanma bilen syn edip, soňam murtuny sypapdyr. Ol adam Gaýratyň ýüzüne-de seretmändir, salamynam almandyr. Ikinji adam Köse ýaly çepiksi, bili sapançalymyş, özem örän ykjam adama meňzeýärmiş. “Häli-şindi gimnastýorkasynyň etegini çekişdirip, kemerini galdyryp durmaga halys endik edipdir” diýdiler. Sapançasyny nazarda tutup, ony organyň adamy hasap etdiler. Olar Kösäniň kabinetinden çykman oturypdyrlar. Şaýatlary çagyryp, gürrüň edenmişler, hatda, Ýaranyň ker oglunam çagyrypdyrlar. Emma bolan gürrüň hakda bilinýän zat azdy. Şaýat diýlip çagyrylanlaryň aglabasy Agahanyň neberesiniň adamlarydy. Olar bolsa, edil sargalan ýaly, dil ýarman oňdular. Bolmanda-da, olar üçin häzir Hümmediň ýasyndan başga dünýäniň ýüzünde alada ýok ýalydy. Her näme diýilse-de, käbir zat adamlaryň gulagyna ýetdi. Gara murtly adam: “Gaýratyň günäsi örän agyr” diýenmiş. Ol öz pikirini delillendirende: “Şuranyň jaýynda adam atmaga kanun hiç kime hukuk berenok” diýipdir. Gaýrat: “Men Gurbantäji halas ederin öýtdüm” diýende, murtly adam: “Seniň bilen şäherde gürleşeris” diýipdir. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |