23:19 Janyňa näme gerek? / Täze ýyl ýumoreskasy | |
JANYŇA NÄME GEREK?
Satiriki hekaýalar
Täze ýyla geçilýän gije seni birhili jadylaýar. Täsinliklerden dos-doly fantaziýasyny diýsene. Uzak-uzak planetalarda gezip ýörsüň. Ýene Täze ýyl saçagyna dolanyp gelýäň, öýlenmedik bolsaň ýa durmuşa çykmadyň bolsaň, täze 1998-nji ýylyň on iki aýynda ZAGSA baraýjak ýaly bolubam dursuň. Käbirimiz bir ýylda iki sapar ZAGSA baraýmagyňam arzuwyny edýäris. Soňkusy, elbetde, çagaňa dogluş hakyndaky şahadatnamany almak üçindir. Özüm-ä ýetmişden geçemsoň, o hyýallardan, Hudaýa şükür, dynç. Men-ä köplenç, Täze ýyl gijesi beýleki planetalara-da gidip gelýän, münüp gidýän ulagym, elbetde, ganatly hyýal. Hyýal aty gaty ýyndam. Ýagtylyk, şöhle maňa hyýalrak bolýar. Ol sekuntda üç ýüz müň kilometr ýol geçýär. Emma hyýal aty waz! Planetalaryň birine bardym weli, meni uly hormat bilen garşy aldylar. Şäherlerine aýladylar. Týubik hödür etdiler. «Diş ýuwulýan pastamy?» diýip soradym. «Ýok, iýmeli» diýdiler. Ajygan ýeriňde agzyňa ujuny eltip gysaýmaly ekeni. Üwelen: akbaş, ýandak, ýüzärlik, syrkyn, käbir, et, ýag, aý, garaz, hemme zat şol týubikde barmyş-da, elini ýere diräp turýan semiz, eti agyr adam görmedim. Gyz-gelinleri, zenanlary şeýle bir zaýda, edil garnalan towşan ýaly, «Geçer egremçeden bili gürjiniň» diýäýseň, gelişmän durjak däl. Şähere aýlanyp ýörşümize bir uly nobatyň üstünden bardyk. «Bu ýerde «Reklama gazeti satylýar» diýiler. Menem birini ýadygärlik üçin alaýdym. Okap otursam, bu gazetde täsin bildirişlerem bar ekeni. Bu ýerde bellemeli zat, o planetanyň adamlarynyň töwekgelligi. Meselem, biri: «Akyl satýan» diýip ýazypdyr. Adresi, telefony görkezilen. Akyla hyrydar tapylýan planetanyň adamlary nähili bagtly. Biri-hä, geň galaýmaly, «akylymyň ýarysyny satjak» diýipdir. Ýeri, muňa näme diýjek?! «Bahasy bilen oňşarys, puluň haýsysy bolsa-da kaýyl» diýlen sözlerem ýazylypdyr. Meniň pikrimçe, akylynyň ýarysyny satjak adam gaty akylly bolmaly. Belki, onuň akyly dolulygyna başga biriniň kellesine ýerleşjek däldir. Geň zat! Akylyňa syganok. «Akylymy prokata berjek» diýlen bildirişem okadym. Meni has-da geň galdyran bir bildiriş, olam: «Akylymy ýitirdim, tapyp berene sowgat garaşýa» diýen sözler boldy. Başga bir bildirişde: «Ýitirilen pylan nomurly akyly öz güýjünde däl hasap etmeli» diýlipdir. Elbetde, başga bir eseriň biri betniýet bilen ulanar, sada adamlara jöwlan kakdyrar öýdendir-dä. Gazet kiçi-girim däldi, baryp-ha ýüz sahypa dagy bardy. Janyňa näme gerek bolsa şondan tapyp boljakmykan öýtdüm. Gazeti okamagymy dowam etdirdim. Ýigrimi ýaşyndaky ulugyz özüne mynasyp ýar gözleýändigini ýazýar: «Boýy bir metr segsen bäş santimetr diýibem durjak däl, suw boýlatma aladam ýok. Zyýanly endikleri bolsa bolubersin, özüm terbiýeläp, adam hataryna goşaryn». Akylly maşgala ekeni. Hatda: «Maşyny, artykmaç baýlygy geregem däl. özüni oňarmaýan garry gaýynymyň bolmagynam isleýän» diýlipdir. Ilçilik-dä, asylly, edepli maşgalalar bar-ow. Biri özüniň häsiýetini çalyşjakdygyny ýazypdyr: «Özümiň gyňyr, pis häsiýetimi alaýaz ýaly mylaýym, ýumşak häsiýete çalyşjak» diýlen bildirişi okap, geň galdym. Hawa-da, ilçilik, oňa-da hyrydar tapylýar-da. Men-ä gazet okap, wagtymyň nähili geçeninem duýmandyryn. Indem yzyma gaýtmaly. Gijäň ýary bolupdyr, sagadyň peýkamy on ikä ýetip barýa bir görsem. Ýöne gazetden ünsüňi sowup bolanok. Täze ýylda özüni hak ýoluna saljak bolýan biriniň bildirişi okap begendim: «Çilim hem spirtli içgiler satylýan dükanyň ýanyndaky bäş otagly öýümi metjidiň golaýyndaky bir otagly öýem bolsa çalyşjak». Bildirişler dürli-dürli. Telepatik ýazýar: «Göripligiň, içigaralygyň soňuna çykjaklara on seans berýärin. Hakheşdegi iki tarapyň ylalaşmagy bilen kesgitlenýär». Meniň myhman bolan planetamda eli biotoklular berk hasapda durýan bolmaga çemeli. Şeýle bir bildirişe gabat geldim: «Pylan nomurly pylankesiň elinde biotok ýok hasap etmeli. «Komissiýa» diýlipdir. «Ätiýaçlyk şaýlary üçin adamkärçilik, sahawatlylyk, geçirimlilik, kanagatlylyk satyn alýaryn» diýip, lukman ýazypdyr. Gazetdäki bildirişlere kelläm gaty gyzan borly. Gije sagat on ikä zordan öýüme geldim-dä, Täze ýyly öýümde garşyladym. 01.01.1998 ý, «Nesil» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |