16:03 Jebri-jepanyñ eşreti | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ JEBRI-JEPANYŇ EŞRETI Işe tükenme ýok. Magtymguly ýaly pygamberpisint dana-da: «Ömrüm geçdi uşak-düşek iş bilen» diýip, zeýrenmek zeýrenipdir. Gaty stol, kagyz hem galam. Esasy işiň şol bolmaly, baş işiň. Dünýäniň galan işleri ikinji derejeli, üçünji derejeli, ýöne olary hem ilkinji derejeli işiň hökmünde görmeseň bolmaýar. Ýanyma bir ýaş ýigit geldi. Sakgal-murty päkä ýaňy werziş bolupdyr. Saçlary, hyjuwy ýaly, burum-burum çogup dur. Göreçleri dury, janly yşyk ýygralyk bilen ýyldyraýar, entek ukusyz gijeler onuň gözüniň agyna ýakymsyz sarylygy salmaga hyýal hem etmändir, entek gabaklary ukusyz gijeler salpartmaga hyýal hem etmändir. Bolaýsa, ýigrimi üç-ýigrimi dört ýaşlarynda. Dobrolýubow bu ýaşda eýýäm klassyk bolupdy, ýöne entek bu ýaşda Adam atamyz dogulmandy hem! Adam atany beýik Allatagala göni ýigrimi sekiz ýaşynda ýaradypdyr. Ýigrimi sekiz! Belki, Hudaý onuň çaga lälikliklerini, ýetginjek hokgalaryny çekmek islän däldir-dä! Sebäbi Adam ata hut Taňrynyň permany boýunça ýaşamaly, boýnundaky işleri amal etmeli, geljekki «Adamzat» diýilýän jemendäniň pederligini amal etmeli. Adam atanyň borjy aýan, onuň nebereleriniňki – biziňki kyn. Nowjuwan mahalyň ugruňy, wezipäňi, etmeli işiňi – kesgitlemeli, bütin ömrüňe hemraň boljak ýanýoldaşyňy saýlamaly, okamaly, göreşmeli, kämilleşmeli! Hyllalla, azap 28-e çenli! Men ýanymda ýygrylyp oturan ýetginjegiň hekaýalarynyň sahypalaryny agdaryşdyryp otyryn. Birden nireden gelenini biljek däl, bir ýaramaz pikir beýnime doldy. Men ýuwanyň seçegi ýaly ýigide seretdim, nebsim agyrdy, hut ýüregim awap gitdi... Eý, Hudaý, onuň öňünde bütin bir ömür ýatyr! Ol dünýäde bar bolan müňlerçe kesbi-kärden iň agyryny, iň hupbatlysyny, iň bir jebri-jepalysyny saýlap alypdyr. Özem saýlan ýolunyň dogrulygyna çigit ýalyjagam şübhelenenok! Ol Hemingueý kimin gaty arkaýyn, özüne göwnüýetiji, ýüzündäki ýygralygyňam ýasamadygyny anyklamak kyn däl. Men bu ýaş ýazyjyda özümi göräýdim öýdýän. Ýadymda, men hem özümiň arzyly hekaýamy alyp edebi gazetiň baş redaktorynyň ýanyna barypdym. Ol goşa eňek, garynlak, hopul-sopul pyýadady. Men ýygrylýan, ýogsa men onuň ýazyjy däldigini anyk bilýän, maňa onuň beren bahasy gerek däl, goly gerek! Ol ýazyjy bolmasa-da, ýazyjy bolmaga ýeke goly bilen rugsat edýän kişi. Ol okyjy bilen ýazyjynyň ortasyndaky gapy! Ol ýazyjy bilen halkyň arasyndaky duran hökmürowan!.. Belki, ýaş ýigit meni ýazyjy hem hasaplaýan däldir, oňa-da meniň golum gerekdir! Owarram! Men ýigdekçäni göz astyndan synlaýaryn, ýene oňa nebsim agyrýar... Ol ýazyjylyk kärini saýlapdyr. Onuň bilen bu agyr ýolda ýoldaş boljak söýgüli ýary bardyr, emma depesinde üçegi ýok. Onuň kagyz bilen galamy bardyr, emma gaty stol goýmaga ýeri ýokdur!.. Ol ýüzlerçe klassyk ýazyjynyň tomlaryny okandyr, emma onuň öňünde ýene müňlerçe okalmaly, öwrenilmeli eserler dur! Ol gündiz bir adamlyk işlemeli bolar, sebäbi, bu gün Hemingueý hem bolsaň, döredijilik çörek bilen üpjün edenok! Bokurdagy deşen alla, ýöne oňa üç wagtyna Alla lukma uzadyp durmaýar, onuň aladasyny özüň etmeli. Ýoldaşlaryň işden çykyp, diskoteka, meýlishana ugrar, hiç bolmanda, öýüne baryp dynç alar. Penşenbe, şenbe günleri Pöwrize ýa köle çişlik simlerini alyp ugrar, sen bolsaň gaty stol bilen duşuşmaly! Şol gaty stol seniň çişligiň, seniň Pöwrizäň, seniň dynjyň – bar zadyň. Ýazyjynyň iş wagty ýok. Gijemi-gündizmi, kelläňe bir pikir gelip, gursagyňda peýda boldugy, ilden çetleşip, kagyz bilen galamyňa ýapyşybermeli! Il zähmet rugsadyna çykyp, nirädir bir ýere kurorta rowana bolar. Sen kurorta gitseňem, hemraň öz pikirleriň, duşuşjagyň – gaty stol! Ýazyjylyk – ömürlik sürgün, gaýry bir dünýä, şindi hiç kesiň görmedik dünýäsine sürgün! Sürgüne sürülýänem sen, sürgüne ýolbaşçylyk, gözegçilik edýänem sen! Saňa: «Işle!» diýip işledilmeli däl! Özüň işle! Özüň kösen! Ahyry ýazanyňdan bir zat çyksa-ha ne ýagşy, çykmasa-da, maňlaýyň bilýär!.. Men dördünji kursda Ahmet Bekmyradow bilen tanyşdym, dostlaşdym, şol ýylam ol meni öz ýanyna işe aldy... Men Ahmet bilen ýakyndan tanyşdygymça, özümiň sowadymdan göwnüm geçip ugrady, ýogsa men orta mekdebi bäşlik bilen tamamlapdym, oba, mekdep kitaphanalarynyň bir çetinden girip, beýleki çetinden çykypdym. Türkmen, rus, daşary ýurt edebiýatynyň türkmen neşirýatlary tarapyndan çykarylan kitaplaryny okapdym, daşary ýurt dilleri fakultetinde okap, Şekspir, Serwantes, Tolstoý, Tomas, Genrih, Mannlar, Dostoýewskiý, Balzak, Gýugo, Stendal, Draýzer, Kafka, Folkner ýaly dünýä meşhur ýazyjylaryň okuw programmasyndan daşgary eserlerini dykgat bilen okaýardym. Eklenç üçin makala ýazmadan, terjime etmeden pederim Hojageldi Öde halas edýärdi... Maňa diňe işlemek galypdy. Döwlet işinde, edebiýatçylar aýtmyşlaýyn, öz üstümde işleýärdim. Emma Ahmediň işleýşi gaty çökderdi. Irden geler, gözleriniň gyralary gyzaryp durandyr: – Injik, (üçlügi uzadar) galanyny özüňden goş, öten agşam bir gram ýatylan däldir. Men höwessizem bolsam, onuň diýenini edýärdim, bir çüýşe arak, kolbasa, çörek getirýän. Ol haýsydyr bir gadymy kitap hakda joşgun bilen gürrüň berip, ýüz elli-iki ýüz gram çemesi içýärdi-de, birdenem: – Injik, men dynç aljak! – diýip, uklar, onuň uklamasy ýeňil. Eger bu kada bir gün-iki gün bolan bolsa men ony ýatlamazdym hem. Onuň bilen işlän ýedi ýylymda şu kada gaýtalandy durdy. Ol gije ýatman, bütin ömrüni özüni zora tutup işledi, şol hem onuň ölümini çaltlandyrdy! Men özümiň bu pikirim bilen ylalaşmaýaryn, belki, ol ömrüniň kyrka ýetmän tamam boljagyny bilip gije-gündiz işländir? Indi-indi bolsa oturyp pikir edýärin: ol ýüz ýyl ýaşan-da bolsa, şeýdip işlärdi, beýikler mydama özüni pida edip işleýär. Ahmet üçin, Ahmet ýaly talantly adamlar üçin döredijilik iş däl, ýol, döredijilik – lezzet, eşret, döredijilik işi talantyň hem Taňrynyň talaby! Bu ýaş ýigit alnynda şeýle hupbatly işleriň, işlikden eşrete çenli ösen beýik işleriň, jebirleriň, pidalaryň bardygyny bilýärmikä? Men özüni sürgüne sezewar edenine çigit ýaly ökünmän oturan ýigide nazar salýaryn: oh-ho-ho! Onuň alnynda näçe jebri-jepa, näçe ýitgi, näçe azap ýatyr! Hernä azabyň ýerine gowuşsyn! Biziň zamanymyzda ýaş ýazyjylyk has-da kyndy! Dünýäniň klassyklary ýazmagyň iň kyn zatdygy babatda dürli-dürli pähimleri bize ýadygär goýupdyrlar, emma ýazan eseriňi çykartmagyň kynçylygy ondan ýüz esse kyn! Munuň üçin aýratyn talant zerur! Dogry, bizden ozalky nesillerden çorbasy çykaýjak ýazyjy-şahyrlara halypa tapylyp, olar howandarly kemala geldiler. Biziň nesle gezek galanynda halypalygam, howandarlygam çüpredi. Ýazyjy boljakmy – hökman paýtagtda ýaşaýmaly, hökman haýsydyr bir redaksiýada işläp, güzere ýakynlaşmaly! Edebiýat gazetinde, žurnalynda işleýän kärdeşleriň bilen sebäpli-se-bäpsiz içişmeli, elinden iş gelýäni kömek edýär, elinden iş gelmeýäni hem seniň gowy ýigitdigiňi, aýratynam, eli açyk ýigitdigiňi tassyklar ýaly... Içişmeli, oturyşmaly, puluň bolmasa karz al, ýöne oturyşmaly! Mihail Şolohow ýaly öz obasynda ýaşap ýazyjy bolmagyň zamanasy geçdi! Sosialistik ulgam Şolohow ýaly ýazyjylaryň sistemasy däl! Bu sistemada ýazyjy bolmakdan, çykardyp bilýän bolmak zerur! «Ýaz-da, beýläňe basyber» diýýän halypalarymyz hem bardy, emma haçana çenli beýläňe basjak!.. Sen Şolohow däl, beýläňden gelip, seniň zadyňy äkidip çykarjak ýok!.. Onuň soňkusy Şolohow! Şolohow bolsa şu asyrda SSSR-de ýaşan iň öňki hem iň soňky geniý ýazyjy!.. Bu ýaş ýigide ömürlik sürgüninde diňe ýazaýmak galýar, diňe ýazaýmak! Çykartmak problemasy aradan aýryldy! Ýazan eseriň ýaşamaga mynasyp bolsa bolany! Sebäbi ozalky sistema ýok indi! Men ýaş ýigide bir hepdede ähli hekaýalaryny oka-jakdygymy, indiki duşenbe güni sagat onda ýanyma göni gelibermelidigini aýdyp ugratdym. Onuň yzyndan garap durşuma: «Hernä Allajan, eserleri bir gowy bolaýady-da» diýip çyn ýürekden arzuw etdim, sebäbi şahyrlyk, ýazyjylyk şeýle bir kesel, ol ýaş mahalyň degýär, ýaşyň gitdigiçe-de beterleýär. Ol kişilere ýaramaz ýazýaň diýip ynandyryp bolmaýar. Her bir eline galam alan ýaş şahyr Magtymgulynyň mertebesini özüne pes görýär, her bir galam alan ýazyjy özüni Tolstoýdan uludyryn öýdýär. Ýazyjylygyň talaby şeýle, öňi bilen özüňiň uly talantdygyňa özüň ynanmaly! Ýazyja talanty asman berýär, Alla berýär, ýazyjylyk kysmatyny edinmek weli, onuň özüne bagly! Talanty talant edýän agyr zähmet, ýowuz kysmat, beýik adamkärçilik! Ol dünýä «ýazyjynyň dünýäsi» diýilýär. Ýazyjy Allatagala ýaly ýalňyz, diňe ýalňyz bolmaly. Ine, şonda ol durmuşy, halky eserler ýazyp biler! Haýsymyz özümizi Wiktor Gýugo hasaplamaýarys. Gýugo bolsa dirikä Parižiň adyny aýryp, öz adynyň dakylmagyny talap edýär. Emma haýsymyz onuň ýaly azaphonlyk bilen minudymyzy döredijilige bagş edip bilýäris... Haýsymyz Jek London ýaly ýaşlykdan baş alyp, durmuşyň gazap bilen gaýnaýan ýerine gidip bildik, emma durmuşy görmezden ýazan hekaýalarymyzy onuňkydan has gowudyr öýdýäris. Ýazyjynyň çar ýany gaýnap duran durmuş, ýazyjynyň materialy. Emma şol materiala tomaşa edip ýazan eseriň çig material bolup çykar. Durmuşda gaýnaman, bişmän, ýanman Maksim Gorkiý bolmak başartmaz! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |