18:49 Jedel / satiriki hekaýa | |
JEDEL
Satiriki hekaýalar
Keýwanym baryp-ha näçe ýyldyr, maňa zor igenýärdi. Gaharyma ähli ganym ýüzüme ýygnanyp, dym-gyzyl bolup gaýnan leňňeje dönýän. — Gyzyl han, ýarylýanam bolsaň aýtjak. Gaharym ýatyşsyn diýibem içimden ona çenli sanaýan. Bu ýewropalylaryň usuly. Hany olaryňky ýaly, ona çenli sanaýanyňda ýatýan medeniýetli gahar. Men on bir, on iki diýip, yzyny dowam etdiribermeli bolýan. Bäş ýüze ýetmänem uklaýan. — Gyzyl han, dogry gepli bolamsoň meni dost bilmersiň. Saňa sataşan günüme nälet bolsun — diýip, aýalym möwç urup hüwläp galýar. Hamyrmaýasy ýeten hamyr ýaly çişip göterilýär. — Men oňly gün-ä görmedim, saňa durmuşa çykyp — diýip, gap-gajy şakyrdadyp başlaýar. Aşhanamyz durşuna jäjek bolup durandyr. — Şoňa durmuşa çykan bolsam, gör, nähili bagtly ýaşajak ekenim — diýip, keýwanym taňry gün berdigi gulak etimi guradýar. «Şol» diýýäni bir uly kişi. Oblast möçberindäki ortadan ýokarrak wezipelerden birini eýeläp oturan adam. Özem aýalymyň obadaşy. Iliň aýdyşy boýunça, iş salşan adamlarynyň pikiriçe, ol býurokrat, garyndaşparaz, tireparaz, üstesine-de parahormyş. Ýöne weli, ogrularyň tutulmadyk görnüşi-dä. Men ony gaty bir halabam duramok. Ilem ony gowy görüp törüne geçirenok. Ýöne goldawy bar. Sygnanyndan söýenýäni güýçli. Mahlasy, onuň kabinetine girmek üçin ilki telpegiňi çykarmaly, soňam gapjygyňy. Özüňize mälim bolşy ýaly, soňky saýlaw kimiň kimdigini görkezdi. Gürrüňi edilýän adam püçege çykdy. Gulak salyp göreliň. Kuhnýadan aýalymyň sesi eşidilýär: — Olardan meniň üçin sawçam gelipdi. Hakyt ejesiniň özem telim sapar gelipdi. Saçakly-sarmakly gatnapdylar. Içine süýji atylan pökgüje pişmeleri iýenim ýadymda. Ejem bilen kakam şolara göwünlidi. Sebäbi jaýymyz könedi, kakam pyýadady, doganymy öýermelidi. Şaha nabat diýermiň, şokolad diýermiň, zat geler durardy, üýşmek-üýşmekdi. Doga edilendir öýdüp, ilki-ilkiler datmandym. Wah, iýsem boljak ekeni. Ol ýokary okuw jaýyna giriş ekzamenini berende ondan: «Näçe baha aldyň» — diýip soramandyrlar. «Näçe baha berdiň?» — diýşip gülşüpdirler. Gepiň gysgasy, kakasy oňa diplom satyn alyp beripdi. Depäme bagt guşy gonaýjak-gonaýjak bolanda, sen sataşman geçen, Garaçomak, ürküzdiň-dä bagt guşumy. Seniň näletsiňen söýgiň nebir guşy uçurdy — diýip, aýalym wagtal-wagtal çyny bilen aglaýardy. Menem köşeşdirdim. — Ham hyýala gulluk etme, keýwany. Olarda-da bagt guşundan guşçulyk fermasyny döreder ýaly bosuşyp, pasyrdaşyp ýören bagt guşy ýokdur. Käte bagt guşy diýilýän betbagtçylygyň baýguşy, hazanyň gargasy bolubam bilýär diýen bolardym. Emma ol bahra möwç alyp galýardy. — Öň ol obada başlyk boldy. Soň raýonda hojaýynlyga çekildi. Oblastyň eýesi bolubam özüni tanadyp başlady. Ýene-de ol öser, görersiň häli. — Keýwany, ol saňa öýlenen bolsa, onuň bagty ýatardy. Ösmänjik geçerdi. Ýere girerdi — diýip, menem kontrataka geçen bolardym. — Näme üçin? — diýip, ol üstüme çöwjäp sürünerdi. — Sebäbi sen owadan däl. Sende mähir ýok. Yzgytsyz, sen nahar bişirmäge ýokdan. Üstesine-de myhmany ýek ýigrenýäň. Wezipä göterilýän adamlaryň ýüzi, eli, saçagy, işigi, göwni açyk bolmaly. Käbir ýaramaz, biweç ýolbaşçyň ýorganam açyk bolýar. — Gepi başga ýana sowjak bolma-da meni diňle. Irden bir maşyn özüni garbap alýar. Aýalyny bir maşyn çaýkeliň, jüýje kakyşy ýaly kakýar. Çagalaryny birnäçe maşyn okuwa, bakja, poliklinika, gezelenje gatnadyp ýör. Iýjek-işjekleri baýguşyň rysgaly ýaly täzeden-täze agyzlaryna gelip dur. A biz bolsak... — diýip, aýalym sözüni soňlap bilmän möňňürerdi. Oňa suw, derman bermek maňa iş boldy. Köşeşdirmek kyndy. — Keýwany, köşeş. Brežnew dagy ýalylaram ömür ytygsamajak ýalydy. Muňa durmuş diýerler. Elbetde, ýaşaýyş göreşsiz, kynçylyksyz bolanok. Şükür et. Durmuşymyzyň näme kemi bar?! Iýsek, içsek, geýsek, şükür, tapylyp dur. Janymyz sag. Bu ýagdaý ençeme ýyla çekdi. Çekip-çydap geziberdim. Ýogsam ýaşaýşymyz oňatdy. Durmuşymyz gül ýalydy. Çagalar okaşyp, işleşip ýördüler. Girdejimiz çykdajymyza balans berýärdi. Gyzaryp öňe-de çykamzokdyk, garalyp yza-da galamzokdyk. Orta-miýandyk. Garaz, aýalçylyk-da. Boldugyça bolasy gelýärdi, biçäräniň. Töwerek-daşyna seredýärdi. Emma taryhyň çarhynyň içki mehanizmine düşünenokdy. Günlerde bir gün meňki şowuna boldy duruberdi. Igenç zulumynyň zynjyry gyryldy ötägitdi. Kioskadan gazet satyn aldym. Onuň sahypalaryna göz gezdirip durkam, birden ýüregim «hüp» etdi. Birhaýukdan soň özümi dürsäp: «ine, maňa dili uzynlyk!» — diýenimi duýman galypdyryn. Özümem «heýjanelek-janelege» hiňlenýärdim. Aýalym özüni parahat saklamaga çalyşdy. — Aýu, kakasy, aýdymy uzak aýdasyň ýok, heşelle kakan bolma. Bes edäý. Oblast ýatdy diýen Ukazyňy aldajyk öz maňlaýyňajyk ýelmäý. Onuň ýaly kadrlaryň ýolda ýatýanyny heniz-ä göremok. Indem göreris öýdemok. Meniň obadaşymyň, asyl, klasdaşymyň kölegesi yrylmaz. Bir kürsüden düşse, beýlekä gonar. Ol seniň ýaly söwüt saplyk däldir. Parany gaňryp alybam bilýändir, parany eçilip bermegem oňarýandyr. Oblastyň ýatanyna begenip, öz ýanymdan özüm hoş bolup geziberdim. Ine, birdenem, görsene bolýan zatlary, aýalym bir gün gazetiň şapbat ýalyjak gyýkyndysyny getirip, maňlaýyma patda ýelmedi. Gözüm garaňkyrap gitdi. Aýalymyň «söýgülisini» ýene wezipä belläpdirler. Başymy aşak salyp, ýeňlen bolup geziberdim. Günlerde bir gün gazetiň birinji sahypasynda, gözüňe söweýin, karar lowurdap nur berip durdy. Kioska öwrülip ýene bardym. Kioskaçy garra: — Şu gazetden köpräk berseňizläň? — diýdim. — Bir zat dolamakçy bolsaňyz-ä köne gazetlerden bereýin. Täzesiniň şu günler hyrydary köpräk. Üýtgedip gurmak döwri gazete höwesi artdyrdy — diýip, kioskaçy garry maňa ýüzlendi. — Ýok, täzesinden, ine, şu kararly gazetden beriň! — diýip, men ýyryş-ýyryş edip, guwanç bilen dillendim. — Gutlaýaryn! — diýip, garry görgüli maňa ýylgyryp seretdi. Ol maňa karar bilen gahrymanlyk ýaly bir dereje ýa-da hormatly at berilendir öýtdi. Men olary nädeýin. Maňa şu karar bolsa bes. Öýe begenip geldim. — Näme, lotoreýamyz utdumy! — diýip, aýalym sorady-da: — Bize onuň ýaly bagt nirede! — diýibem şowsuzlyga ýordy. — Utuş has ulurakdyr, keýwany! — diýip, bir desse gazeti howada galgatdym. Öýe gelip, gazetiň kararly ýerini emaý bilen gyrkdym-da ony aýalyma okamaga berdim. Olam ýeňlen bolup birki aý heşelle kakdy. Birküç aýdan oňa-da dili uzynlyk boldy. Gazeti okap çaşdym. Esli salymdan aýňalyp, özüme gelip ýene okap görsem, aýalymyň şol ýeser klasdaşy ýene bir gädige hojaýyn bolaýan bolsa nätjek. Meni birden şagga der basdy. Aýalym hüjüme geçdi. — Näçe orunbasarly, şonça-da sekretarly, «Wolgaly» wezipä geçipdir ol-a... hah-ha-a! Öl, ölýän bolsaň! Sen bolsaň zadyň alnyndan bolmadyň — diýip, aýalym ýene maňa gyjalat berip ugrady. Öňküje günüm başlandy. Ýöne, gowusy bu ýagdaý uzaga çekmedi. Adamynyň başynda durjak zat ýok ekeni. Üýtgedip gurmagyň güýçli ýelgini köki çüýrän zatlaryň baryny ýykyp-ýumrup başlady. Howa üýtgedi. Perestroýka perestroýka-da. Bu söz Amerikada-da iňlis dilinde däl-de, hut rusça «perestroýka» diýlip ýaňlanýar. — Keýwany, heýkel göterinesiň gelenokmy?! Gazetiň şujagaz ýerini gyrkyp aldajyk tumara gaplap, doga edinip ýakaňa dakyn — diýip, heşelle kakdym. Bir sähetli gün aýalymyň ýaňky ýeser obadaşynyň işleýän komiteti başga bir, ministrlige birikdiriläýipdir. Gazetden ýüklenip gapa sygman öýe geldim. — A-he-eý, günüňe ýanaýyn. Ol adam ýer urup ýerde galasy ýok-la — diýip, aýalym kuhnýada çaý demläp ýören ýerinden parahat gürledi. Günler geçdi, aýlar aýlandy. Aýalymyň aýdany hakykat boldy duruberdi. Görsene bolýan zatlary. Ýaňky adamyny ýene bir kollektiwe eýe etdiler-de goýaýdylar. Men bolsam zol gazetlere seredip, lotereýasy uly utuşa düşjege meňzeýärdim. Üýtgedip gurmak onuňam üstünden bir gün şa ýoluny salsa gerek diýen inçe tama bilen ýaşaýardym. Ine-de bir gün, gazetde, gözüňe söweýin, býuronyň karary lowurdady çykaýdy. Aýlawda atym çykan ýaly begendim. Gözlerime ynanman illere-de okatdyrdym. Soň ony aýalyma «sowgat» berdim. — «Galpyň gazany gaýnamaz» diýlenidir, keýwany — diýip, aýalyma posly igämi sürtüp ugradym. — Ä-heý, günüňe ýanaýyn, galplar seniň ýaly ýandak ýakyp, tüssä boglup, gara gazanda lasyrdadyp gara badam gaýnatjagam bolanoklar. Özlerini çişlik bilen lülekebaba tutuberýärler. Olaryňky gowurma bilen sowurma — diýip, aýalym maňa pitiwa bermedi. Menem yza çekilmedim. Gazeti Lewitançalap, Berlini alanymyzdaky okaýşy ýaly gürlendirip okap berdim. «Garyndaşlyga we tireparazlyga şa ýol beripdir. Asyl oňa hut özi baş bolan bolsa nätjek. Bikanun birnäçe adresden jaý alypdyr. Alýan aýlygyna laýyk gelmeýän mukdarda gyt harytlaryň söwdasyny edipdir. Birnäçe maşyn alyp satypdyr. Kanagat etmändir. Nebsini şagladypdyr». — Gazetde şol sözleriň bary ýazylypmy?! — diýip, aýalym geň galyp sorady. — Men döwlet adamsyna dil ýetirmen. Ýazylanjany okaýandyryn, keýwany. Partiýadan öçürilişini, işiniň derňewe berlişini okaýynmy?! Öý emläginiň döwlet haýryna geçirilişini diňlejekmiň?! Ine, meňki şol günden başlap zol şowuna boldy ötägitdi. Bir günem aşygym alçy gopdy duruberdi. Zenanlardan biri uprawleniýede ýokary wezipä çekiläýen bolsa nätjek. Has ähmiýetli tarapy onuň maňa tanyş adam bolup çykyşynda. Meniň bagtyma, ol zenan hut obadaşym boldy çykaýdy. Asyl-ha biz klasdaşdyk. Özem hut partadaşdyk. Matematikany we diktanty hemişe menden göçürerdi. Indi weli, men ondan göçürerdim diýip ýaýratmaly bolaryn. Sebäbi ol uly adam. Ukazly gazetden bir gujagyny getirip, aýalymyň çat maňlaýyna üýşürdim. — Gör, keýwany, oka-da hezil edin, lezzet al. Bilýäňmi näme, bu zenan uly gyzka ejem olara meniň üçin gudaçylyga barypdy. Sen öz biderek ýalan söýgiň bilen ara düşdüň-de meniň bagtyma gara çekdiň. Sen aýal Garaçomak bolduň. Şoňa öýlenen bolsam, bagtym daş ýarjak ekeni! Aýalym özüni parahat saklan kişi boldy. Emma kalbynda harasat gopýany bellidi. — Men-ä ol heleýiň gününi birjik-de arzuw edemok. Nämäň alnyndan. Sekiz sany çülpe çagasy bar. On bäş maşgala bolubam iki otagly jaýda gykda-bak, zordan ýerleşýärler. Mygyldy. Adamsy az aýlykly bir işgär bolup işleýär. Özünem hol şäheriň Kamçatkasyna oklaýdylar. Idili kostýumam ýok. Şol bir kesgitli aýlygy. Öý eşikleri bilen bazarda-da, ýarmarkada-da gezen bolup ýör. Hol gün şol durşuna bir toýa-da barypdyr ol ebti agan. Dälihanadan gaçyp gaýdana meňzeýär. Hiç kim oňa stol başyna geçem diýmedi. Şol sömeldi durdy, aguzyn ýaly bolup. — Indi keýwany, ony stol başyna göterip geçirersiňiz, düşnüklimi?! Mundan beýläk oňa derek özüňiz sömelersiňiz, hakmy? — diýip tekrarladym. — Häzirki düzgün oňa ýol bermez. Indi şa-da deň, geda-da. Demokratiýa. Aýanlyk! Aýalam haçan görseň iki tory zatdan dolduryp ýegşerip magazinden gelýändir. Azotly, himikatly gawundyr garpyzy el bilen daşap iýýärler. Seniň-ä tigriň bar, olarda ol-da ýok. Şoň äri bolan bolsaň, baý, bal günüňe batardyň-ow — diýip aýalym güldi. — Indi ol ýük astynda ýegşerilmez. Onuň öňünde iller ýegşerilerler. Indi olaň iýjek gawun-garpyzynyň ekilen ýeriniň yk ýanyndanam azot, derman ýükli teležka-da geçip bilmez. — A-heý, günüňe ýanaýyn. Wezipe bir ösüp giden ýel ýalydyr. Bir gün oň üstünden waz eder giçer gider — diýip, aýalym ruhubelentlik bilen gürledi. Soňam: — Günüňe ýanaýyn — diýip sägindi. — Näçe ýansaň ýanyber. Saňa ýanmaga indi zat gytlyk edesi ýok, heleý. Indi onuň adamsy ojagaz öňki kärinde işlemez. Iller oňa indi, baý, baş egerler-ä. Indi meniň ýanymda geplemeseň gowy bolardy. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy, keýwany. — Wagt görkezer. Dilim gysga bolar-a öýdemok. Olaryň durmuşynda üýtgän zat bolmaz görseň. Puşkiniň ertekisindäki ýaly şol köneje kerseni öňünde ýatar. Olar ýalylara çanagy jaýryk diýerler. Biz çekeleşdik. Aýalym bilen jedel uzaga çekmedi. Utuş meniň tarapymda boldy. Keýwany utulyp başlady. Täze wezipä geçen klasdaşyma eýýäm täze jaý — on otagly, iki etažly, podwally osobnýak beriläýdi. — Keýwany, ýör klasdaşymyň jaýyny gutlap gaýdaly. Pişme bişir. Menem ady ýazylgy tort zakaz bereýin — diýip, çyna berimsiz edip, aýalymyň ýakasyndan bir taňňyr «köz» guýdum. Aýalym nätjegini bilmedi. Lapy keç boldy pahyrjygyň. Ahwalyna gynanýanam biçäräniň. Nätjek-dä jedelde hökman utmaly-da. Göreşde ataňam bolsa ýyk, emma pensiýasyna degme diýilýär. Şonça ýyllap köýen aryňy almaly bolar ahyry. Arym köýenden ymanym köýsün diýenleridir. Bir günem partadaşymyň aýaly, bi, bagyşlaň, klasdaşymyň adamsy uly bir edara hojaýyn bolup joňkaryp otyr görsem. Begendim. Aýalyma buşladym. Gutladym diýibem aýalyma ýalan sözledim. — Keýwany, senem bir otkrytka ýazaýsana — diýen boldum. Görgüli lampa aşak oturyberdi. Ejizledi biçäre. Sowuk suw berdim. Birneme özüni dürsedi. Derman içenden soňra: — Sen şonuň adamsy bolan bolsaň ol aýal wezipä çekilmezdi — diýdi. Naýynjar gürleýşini diňläp tas pyňkyrypdym. — Näme üçin? — Näme üçini şol, sen gabanjaň. — Keýwany, rahatlan. Ol ýerde-de onuň adamsyny uzak oturtmazlar, görersiň. Beýgelderler. Dogrudanam, uzak oturtmadylar. Bir günem ony ýene birki gez beýgeltdiler. Ýokarlygyna tarap birden elinden çekdiler weli, tas goly sogrulypdy. Aýalym keselhana düşdi. Saglyk bolsa, partadaşymyň durmuşynda günde-günaşa diýen ýaly täzelik üstüne täzelik bolub-a dur. Jedelde utmak gowy zat weli, aýalymam sagalyp öýe geläýse kemje kerdem boljak däl. Klasdaşymyň näçe çagasy birden ýokary okuw jaýyna kabul ediläýdi. Emma ol barada aýalyma kelam agyz söz aýdamok. Ýüregi çydamaz öýdýän. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |