08:20 Jelaleddin Rumy | |
JELALEDDIN RUMY
Edebi makalalar
(1207 – 1273) Jelaleddin Rumy – yslam gündogarynyň edebiýatynda aýratyn orun alan sopy şahyrdyr. Iň täze ýazylan ylmy edebiýatlarda sopuçylyk edebiýaty barada bir şahyryň ady tutulýan bolsa, ol, elbetde, Rumydyr, iki şahyryň ady tutulýan bolsa, ikinjisi Hafyzdyr. Emma sözüň hakyky manysyndaky mistiki dünýäni duýuş, sopuçylyk dünýäni duýuş biziň hiç bir şahyrymyzda-da Rumudaky ýaly çuňňur hem doly beýan bolan däldir. Gürrüňiň edil häzirki gidişinde – kontekstinde, mistikanyň nämedigini aýtmagyň zerurdygyny duýýaryn. Çünki şeýtmek şu gürrüňi many-açyjylykly zada öwrerdi – şu kontekste laýyklykda bolsa mistika – munuň özi özge dünýäler baradaky heserlenmedir. Özge, serhet aňyrsy dünýäler baradaky heserlenme ukyby babatda dogrudanam, Rumy bilen deňleşip biljek şahsyýet ýok. Şu heserlenme kalbyňa geçenden soň, okyjy hem öň görmedik täsin duýgularyna ulaşýar, netijede munda özüni keseki, ýat, wagtlaýyn gonak hökmünde duýmak endigine eýe bolýar. Hakyky, sagdyn, adam ruhy üçin miweli mistiki dünýäduýuş şudur. Gözbagçylyga, jadygöýlüge, ugur-utgasyz hem bolgusyz «keramata» ýazyp gidýän mistika adam ruhunyň belentliginiň hadysasy däldir. Panylyk şertlerinde bakylyk duýmak, bakylygy görmek – mistikanyň esasy manysy şundadyr. Munuň üçin bolsa Wagtyň çäginden çykmak zerur bolup durýar. Jelaleddin Rumy mistiki tejribäniň miwelerini söze geçirip bilen beýik şahsyýet. Şonuň üçinem onuň adynyň hem şan-şöhratynyň asyrlar geçdigiçe barha ýokary galyp barýandygy tötänlik däldir. Onuň beýikligini görkezýän, beýikleriň beýigidigine şaýatlyk edýän käbir maglumatlary ýatlamak şu ýerde ýerlikli bolardy. – Jelaleddin Rumy häzirki wagtda Amerikada iň köp okalýan şahyrdyr. – Abdyrahman Jamy Rumynyň «Mesnewisini» pars dilinde ýazylan Gurhan hasap edipdir. – Şahyr «Mesnewide» Gurhandan 760 gezek sitata getiripdir. – Rumy pars dilli edebiýatyň taryhynda Firdöwsi, Sagdy we Hafyz bilen bir hatarda iň beýik şahyrlaryň biri hasap edilýär. – Rumynyň «Şygyrlar diwany» 40 müňe golaý bentden, «Mesnewisi» bolsa 30 müň beýtden ybaratdyr. – Rumy esasy eserlerini elli ýaşdan soň döredipdir. * * * Jelaleddin Rumynyň doly ady Jelaleddin Muhammet bin Bahaweddin Muhammet al-Balhydyr. Oňa «Möwlana» (biziň jenabymyz) ýa-da «Möwlana Rumy» hem diýýärler. Şeýlelikde onuň öz ady Muhammet, Jelaleddin (Diniň gözelligi) bolsa lakamydyr. «Rumy» şahyryň Rumda – Konýada ýaşanlygy bilen baglanyşyklydyr. Jelaleddin 1207-nji ýylda Balhda – häzirki demirgazyk Owganystanda «alymlaryň soltany» adyny alan Bahaweddin Welediň – Muhammet bin Hüseýn al Hatyby al-Balhynyň (1148 – 1231) maşgalasynda doglupdyr. Bahaweddiniň kakasy alym hem akyldar bolupdyr, ejesi bolda horezmşalar nesline degişli eken. Şeýlelikde, eje tarapdan Möwlana begdili türkmenleri bilen baglanyşykly bolýar. Kakasy Bahaweddin sopuçylygyň kubrawiýýa mekdebiniň wekili bolup, pelsepeçilere garşy pikirler aýdypdyr. Onuň hut şol pozisiýasy-da Horezmşanyň mugallymy, pelsepeçi Fahreddin Raza ýaramandyr. Horezmşa Muhammetden howatyr eden Bahaweddin 1215-nji ýyllar töwereginde maşgalasyny alyp, Balhdan göçüp gidýär. Onuň göçmeginiň bahanasy Mekgä zyýarat etmek bolupdyr. Maşgala ýolugruna Nişapurda düşleýär. Muny eşidip, beýik sopy hem şahyr Ferideddin Attar öz islegi bilen Bahaweddiniň ýanyna görme-görşe barypdyr. Şol wagt Jelaleddin 7-8 ýaşlaryndaky oglan bolmaly. Beýik Attar bu oglanyň üýtgeşikligini bada-bat duýupdyr, oňa özüniň «Esrarnama» («Syrlar kitaby») eserini sowgat beripdir, oglanyň başyny sypap, onuň kakasyna «Tiz wagtdan seniň ogluň bütin dünýäde Haky söýýänleriň kalbynda yşyk ýakar» diýip aýdypdyr. Haj parzyny berjaý edenden soň, Bahaweddiniň maşgalasy ilki Damaskda, soňra-da Türkiýäniň dürli şäherlerinde ýaşapdyr. Malatýa, Arzynjan, soňra-da Garaman şäherleri. Şäheriň emiri Musa oňa uly hormat bildiripdir hem-de onuň üçin medrese gurdurypdyr we şol gurduran ýörite medresesine müderris edip belläpdir. 1225-nji ýylda Jelaleddini samarkantly baý söwdagär Hoja Lalyň gyzy Göwhere öýeripdirler. Bir ýyldan soň doglan oglunyň adyna Soltan Weled dakypdyrlar. Soltan Keýkubat I Bahaweddin Weledi Konýa çagyrýar, paýtagtyň iň uly medresesiniň müderrisligini ynanýar. Bu waka 1228-nji ýylda bolup geçipdir. Şol wagt Konýa rum seljuklylarynyň paýtagty eken. Konýa şäheri dinleriň hem siwilizasiýalaryň gatyşan ýeri bolupdyr. Jelaleddiniň hut şu ýerde gadymy ýunan pelsepesini we hristian dininiň taryhyny ýunan dilinde öwrenmegi onuň terjimehalynyň kesgitleýji pursatlarynyň biridir. Hut şu maglumat Rumynyň Rumy bolmagynda, diňe bir yslam däl, eýse dünýä derejesindäki we dünýä ähmiýetli akyldar bolmagynda esasy zatdyr. Munuň özi Rumy diňe Rumda – Konýada şeýle belentlige ýetip bilerdi diýmekligi aňladýar. Dogrudanam, Rumynyň pelsepesi adatdan daşary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň üçin diniň daşky gabyklary esasy zat däl-de, diniň içki umumadamzat ruhy-mistiki mazmuny esasydyr. Onuň «Rubagylarynyň» içinde aşakdakysy hut şol nukdaýnazardan ähmiýetlidir we ylaýta-da biziň günlerimizde juda döwrebap ýaňlanýar: Gel, gel! Her ne bolsaň, ýene gel! Hala, musulman, hala butparaz bol, ýene gel! Biziň dergähimiz umytsyzlyk dergähi däl! Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaň-da, ýene gel! Kakasy medresede okadýan döwründe, Jelaleddin dürli dilleri, dürli dinleri, dürli pelsepeleri we ylymlary öwrenmek bilen öz ylmyny artdyrypdyr. 1231-mji ýylda Bahaweddin Welet aradan çykansoň bolsa, kakasynyň medresesindäki ornuna eýe çykmaly bolýar. Jelaleddiniň ömrüniň esasy wakalarynyň biri onuň Şemseddin Töwrizi diýen sopa sataşmagydyr. Şemseddin 1245-nji ýylda Konýa gelen eken. Şemseddiniň pikirleri Jelaleddine adatdan daşary güýçli täsir edipdir. Jelaleddin müderrisligini taşlap, alty aý öýünden çykman ýatypdyr diýýärler. Şonça wagtyň dowamynda Şemseddin oňa tasawwuf-sopuçylyk ylmynyň gizlin syrlaryny ynanypdyr. Şemseddiniň Jelaleddini öz pikirine kökermegini ýamana ýorupdyrlar we daş-töwerekdäkiler Şemseddini Konýadan çykyp gitmäge mejbur edipdirler. Emma birnäçe wagtdan soň ol yzyna dolanyp gelýär. Bu doganlyk ahyrsoňunda Şemseddiniň öldürilmegi bilen tamamlanypdyr. «Hydyr Musa üçin kim bolan bolsa, Şemseddin hem Jelaleddin üçin şonuň ýalydy» diýip ýazypdyrlar. Jelaleddin Rumy 1273-nji ýylda Konýada aradan çykyp, şol ýerde-de kakasynyň ýanynda jaýlanypdyr. Onuň jaýlanmagyna diňe bir musulmanlaryň däl, eýsem hristianlaryň, ýewreýleriň köpçülik bolup gatnaşmagy Gündogar taryhynda seýrek wakalaryň hataryna girýär. * * * Şemseddiniň şahsyýeti we pikirleri Rumynyň dünýäsini düýbünden üýtgedip gurýar. Netijede, Jelaleddin akyl-intellektual gözleglerden düýbünden el çekýär. Mürşidiniň öldürilmegi bolsa oňa ruhy-emosional taýdan güýçli urgy bolupdyr. Rumy şondan soň ýazan goşgularyny Şemsiň ady bilen döredipdir. Çünki ol ýogalan halypasynyň ruhy «meni» hut özünde – Rumuda janlandy hasap edipdir. Rumynyň beýik Ibn Arabynyň taglymy sufizmi bilen ýakyndan tanşandygy, çuňňur özleşdirendigi jedelsizdir. Şeýle-de ol praktiki, amaly tasawwufyň ýörelgelerini-de oňat bilipdir. Emma onuň özi özbaşdak bir tarykat ýoluny döretmändir. Onuň pikirine laýyklykda, Alla akyl ýetirerlikli däl närsedir. Alla – Ýokluk äleminde daşardaky hakykatdyr. Alla ähli Ýokluk älemlerini wujud edijidir. Adamzat akyly Onuň zatyna ýeterden juda ejizdir, emma Onuň sypatlaryna sopular intuisiýa hem duýga – çäksiz söýgi-yşk arkaly göz ýetirip bilýärler. Allanyň sypatlaryna göz ýetirmegiň yzygider, üznüksiz hem baky prosesi dowam edýär, bu dowamat kä ýokary galyş, kä aşak iniş görnüşinde amal bolýar. Bu hadysa – Allaha ýakynlaşmak hem Ondan aýrylyşmak hadysasy jansyz-u-janly tebigatda, adamzadyň ruhy gözleglerinde hemişelik dowam edýär. Şu hadysanyň içine düşüp, ösüp-özgerip, kämilleşip, adamzat ruhy Biribaryň tejellisine ýakynlaşyp, täze sypatlara eýe bolýar. Bu sypatlar aslynda adamzadyň jöwherinde bar bolan barlykdyr. Hut şonuň üçinem, adamzadyň Haky irginsiz gözlemegi kanunalaýyklykdyr. Rumynyň «Uly diwany» (sekiz jiltden ybarat görnüşde pars dilinde neşir edilen) we «Mesnewi-ýi magnawy» eseri şahyryň iň meşhur eserleri hasaplanylýar. «Uly diwana» girýän gazallar, rubagylar, beýleki şygyrlar köplenç zikr üçin ýazylypdyr hasaplanylýar. Şonuň üçinem olar ýokary duýguçyllygy, emosionallygy, owazlylygy, ritmliligi, joşgunlylygy bilen tapawutlanýar. Olardan Biribaryň sypatlaryny gözleýän sopy kalbynyň ejirli hem lezzetli gözlegleri, sopynyň mistiki dünýäduýuşynyň paradoksallygy hem fenomenallygy görünýär. Mistiki heserlenmäniň iň ýokary emosional derejesini aňladýan bu şygyrlar häzirki zaman pelsepeçileri üçin giden hazynadyr. Çünki olarda adam aňynyň täsinlikleri beýan bolupdyr. * * * Şunuň bilen – şygyrlary bilen baglanyşyklylykda, umuman, mistikanyň nämedigi, mistikanyň ruhy-gnoseologik, ruhy-psihologik hadysa hökmünde aýratynlyklary barada biraz pikir ýöretmek peýdaly bir iş bolardy. «Mistika» aslynda grek sözi bolup, ol «syrlylyk» diýen manyny berýär. Her bir dünýä dininiň öz mistiki akymy bardyr. Yslamyň mistikasyna tasawwuf ýa-da sopuçylyk diýilýär. Sopuçylyk ortodoksal ýa-da tradision yslamdan adam şahsyýetini öňe sürýänligi bilen tapawutlanýar. Umuman, mistika – fiziki dünýäden daşgary ruhy we ruhlar dünýäsi, şol dünýä bilen arabaglanyşyk saklamagyň ýollary hem-de usullary baradaky taglymatdyr. Eger yslam din we ylym bolsa, sopuçylyk iman hem-de irfandyr. Sopuçylyk yslamyň esasynda we yslamyň özi bilen bir wagtda diýen ýaly döräpdir. Adamyň Allatagala bolan ynanjyny onuň şahsyýetine, şahsy derejesine hem ýürek duýgularyna bagly edip goýýan sopuçylyga «ylmy – hal», «ylmy – batyn» hem diýlipdir. Ol ynanjy-imany daşky şertlilikden adamyň kalbyna – içine geçirýär. Munuň özi, birinjiden, yslamda adam şahsyýetine juda uly ähmiýet berilmegine, ylaýta-da, onuň içki-ýürek halatynyň ýokary ähmiýete geçmegine, ikinjiden hem, adamyň içki ruhy baýlygynyň ýüze çykarylmagyna getirýär. Sopuçylykda Biribaryň didaryny – tejellisini gözlemek başlanyp, ony gözlemegiň hem tapmagyň usullary bolup durýan özboluşly ruhy-ahlak-psihologik ýörelgeler işlenilip düzülýär. Iman daşky formal parz we beýleki amallar bilen çäklenmeýär, iman adamyň içinden başlanýar we ilki bilen, onuň içinde ýaşaýar, diňe şondan soň daşky amallar Allahyň öňünde belli bir mana we gymmata eýe bolup biler. Sopuçylyk yslam medeniýetine örän düýpli pelsepe baýlygyny, ruhy-ahlak baýlygyny berdi. Adamyň ýüregine, kalbyna ähmiýet berilmegi özboluşly hem inçe psihologiýa ylmyny döretdi. Şu ruhy-psihologik, intellektual hem pelsepe baýlygy sopuçylygy örän ähmiýetli bir mirasa öwürýär. Sopuçylygyň owalbaşdan çeper edebiýat bilen baglanyşykly bolandygyny aýtmak gerek. Ruhy ahwalatlary sopular çeperçilik taýdan nepis, emosional taýdan çuňňur hem joşgunly şygyrlarda beýan edipdirler. Adatdan daşary hem haýran galdyryjy mistiki duýgulanmalary, çuňňur ezoteriki – pynhan häsiýetli mistiki heserlenmeleri ýüze çykarmak üçin paradokslara, söz geň-taňlyklaryna hem göçme manyly aňlatmalara ýüzlenmeli bolupdyr. Netijede, tutuş dünýä edebiýatynda gaýtalanmaz hem özboluşly hadysa bolan sopuçylyk edebiýaty kemala gelipdir. Sopuçylygyň tebigaty boýunça çeper edebiýat, sungat bilen ýakynlygy tötänden däl. Çünki mistiki ahwalatlary we içki başdan geçirmeleri logiki-filosofiki-rasional kesgitlemelerde hem teoriýalarda aňladyp bolmaýar. Ýöne sopuçylygyň diňe ruhy-psihologik tebigaty däl, eýse ruhy-gnoseologik düzgünleri-de, diňe onuň «nazary» däl, eýse amaly tebigaty-da söz sungaty bilen aýrylmaz taýdaşdyr. Sopuçylyk hem edil sungat ýaly hakykata akyl ýetirmek däl-de, hakykata göz ýetirmek bolup durýar. Gnoseologiýa – akyl ýetiriş meselesinde sopuçylyk akyla-intellekte däl-de, diňe ýürege – kalba bil baglaýar. Ýürek, kalp bolsa mähirden, söýgüden püre-pür bolmalydyr, hakykata akylyňy däl, diňe ýüregiňi berip, ýetip bolýar. Akyl hakykat mekanyna, has dogrusy, la mekanyna golaýlaşdygyça dargaýar, özüni ýitirýär, pytraýar, ýok bolýar. Rasional akyl bile hakykat bir ýere sygyşmaýar. Şu ýerde Jelaleddin Rumynyň «Mesnewisinden» bir tymsaly ýatlamak juda gymmatly bolardy. Bir gün Süleýman patyşanyň gaşyna çybyn arz bile gelýär. Çybyn wazzyldady: «Hazlawuk şemal Bize gün berenok, çydar ýaly däl. Perman çykar, bize azar bermesin, Eşitmäli onuň ýigrenji sesin». Şonda Süleýman çybyna garap, iki tarap üçinem özüniň deň, ýagny adalatly bolmalydygyny aýdyp, şeýle diýýär: Şa diýdi: «Şemala perman berse bor, Ýa-da şeýle aýdyp, düşündirse bor. Diňe seň arzyňy eşdip oňmaly, Günäkäriň özüni-de diňläli. Çagyryň şemaly, gelsin bu ýere, Käbir sözlerim bar oňa diýere». Şemal bir ýerlerden geldi daz ýasap, Çybynyň mazasy geçdi alňasap. Bada-bat o ýerden zym-zyýat boldy. «Göçenni ýel, gonanyny gol bildi». Edil çybyn bile şemalyň bir ýere sygmaýşy ýaly, akyl bile hakykat, ýagny doly, bitewi hakykat hem bir ýere sygmaýar. Çünki akyl bir böleklikdir, hakykat bolsa tutuşlykdyr. Hakykaty tutuşlygyna diňe ýürek özüne sygdyryp bilýär. Ýürek, kalp bu ýerde adamzadyň ruhy substantiwliginiň tutuşlygy hökmünde öňe çykýar. Sufiý praktikasy – tarykat basgançaklaryny geçmek, zikr aýtmak hem öz usullary, serişdeleri taýdan sungata ýakyndyr. Çünki zikr ritm, owaz hem-de obrazly göz öňüne getirmedir. Şol sebäpli hem yslam halklarynyň saz, tans we şygyr sungaty özüniň gözbaşlaryny sopuçylykdan alyp gaýdýar. Sopuçylyk gündogar halklarynyň saz sungatyna, tans sungatyna we şygryýetine örän ýokary estetiki derejäni, özboluşly estetiki formalary hem-de haýran galdyryjy çeper-emosional mazmuny berdi. Gündogar edebiýaty hut sopuçylyga daýanyp, umumy adamzat ähmiýetli we derejeli estetiki çeper belentliklere ýetip bildi. Bu edebiýatyň iň ösen döwründäki beýik şahyrlaryň sopuçylyk filosofiýasy hem-de edebiýaty bilen baglanyşygy bolmadygy ýokdur. Sopuçylyk olaryň bary üçin tükenmez pikir we forma hazynasy bolup hyzmat edip geldi. Diňe edebiýat hem sungat däl, eýse filosofiýany-da, arhitekturany-da, hatda folklory-da bu ýere goşmak gerek. Şonuň üçinem sopuçylygy diňe haýsydyr bir akym hökmünde, ýagny yslam medeniýetiniň haýsydyr bir hususy we bölek ugry hökmünde häsiýetlendirmek juda bärden gaýtma bolýardy. Sopuçylyk – yslam medeniýetiniň belli taryhy döwrüniň tutuş özüne barabarlykdyr. * * * Gülüň pyntygyň içinden, miwäniň hem gülüň içinden çykyşy ýaly, sopuçylyk yslamyň tebigatyndan, yslamyň içinden dörän zatdyr. Şu tarapdan ol yslama daşyndan – greklerden gelen we Ibn Ruşd, Ibn Sina, Faraby… ýaly alymlaryň ady we işleri bilen baglanyşykly pelsepeden – felsefeden düýpgöter tapawutlanýar. Özüniň düýp mazmuny boýunça sopuçylygy yslam teosofiýasy hökmünde häsiýetlendirip bolar. Teosofiýa – Hudaýa söýgi taglymatydyr. Keremli Gurhanda – yslamyň şu beýik özeninde esasy zat, ony beýleki dinlerden hem siwilizasiýalardan üýtgeşik edýän zat nämedir?! Elbetde, beýik Allatagalanyň şahsy – zaty we sypatlarydyr. Ýekehudaýlylyk ideýasy özüniň yslamda ýeten derejesine başga hiç bir dini taglymatda ýeten däldir. Allatagalanyň transendentligi, hökmürowanlygy, bakylygy, elýetmezligi hem akyl ýetmezligi, Onuň bütinleý başga-başga närseligi yslam ruhunyň özenini, esasyny emele getirýär. Muny aňlamak üçin hatda yslama, Gurhana içgin beletlik hem zerur däl, iň bolmanda, Mukaddes Kitabyň «Yhlas», «Fatyha» sürelerini ýatlamak hem ýeterlikdir. Sopuçylyk yslamyň hut şu ruhuny ösdüreni alyp götereni, bu ruhy ideýanyň düýbüne çümüp, bu ugurda anyk hem düýpli netijelere gelenligi bilen beýikdir. Şonuň üçinem Biribaryň sypatlary hem-de Oňa bolan yşk sopuçylyk edebiýatynda merkezi tema bolup durýar. Allanyň beýikligi, ululygy, başgalygy, transendentligi, metafizikligi, ylahylygy Oňa bolan söýginiň ýokary derejede bimöçberligini, çuňlugyny şertlendirýär. Yşk sopuçylykda Biribara ýakynlaşmagyň, oňa mynasyp bolmagyň derejesi, Onuň barlyk, has dogrusy, la mekanlyk dünýäsine girmek sferasy hökmünde düşünilýär. Yşk dünýäsi – gaýyplyk dünýäsi. Yşk dünýäsi – ylahy syrlaryň dünýäsi. Yşk sopy üçin wagtlaýyn fiziki sypatlardan saplanyp, bakylyk – ebedilik ýaşaýşyň metafiziki alyslyklaryna ýetmegiň ýeke-täk ýoly bolup durýar. Yşk ýaşaýşyň hem ölümiň o tarapyna geçmäge, dünýä adaty pozisiýadan – bärden däl-de, o tarapdan bakmaga mümkinçilik berýär. Şonda bar zadyň adaty aňa, adaty paýhasa ýakyn bolan düýp manysy açylyp gidýär. Şonda yşkdan daşardaky adaty düşünjeler, adaty garaýyşlar, yşky däl reallyklar bilen şertlendirilýän adaty hakykatlar çym-pytrak bolýar, synýar ýa-da öz gapma-garşylygyna öwrülýär duruberýär. Şonuň üçinem Jelaleddin Rumynyň şygyrlary paradokslara gaty baýdyr, olarda adaty akylyň gözi bilen seredeniňde geň-taň, asla ylalaşyp bolmajak, hatda mülhidi bolup görünýän ýa-da hatda samsyklyk ýaly bolup görünýän tassyklamalar köpdür. Olaryň manysyna düşünmegiň, olaryň hakykatyny kabul etmegiň ýeke-täk şerti – seniň-de yşga düşüp görmegiňdir. Başgaça aýdylanda, seniň-de dünýä akylynyň pozisiýasyndan çykyp, yşk meýdanyna gelmegiňdir. Paradoks – adaty, umumy kabul edilen pikire ýa-da hatda umumy akyla sygarlykly pikire düýbünden garşy gelýän garaýyşdyr. Paradoksyň güýji, adatça, gürrüňsiz dogry hasaplanýan pikiri inkär edýänligindedir. Paradoksa originallyk hem-de ýitilik mahsusdyr. Rumynyň paradoksal pikirlenmesi onuň sopuçylyk dünýäduýşuna esaslanýar. Beýle pikirlenmäniň çeşmesi yşk ýaşaýşy we aşyklyk duýgusydyr. Bu hili ýaşaýyş we bu hili duýgy zatlaryň hem hadysalaryň o tarapyny ýa-da çöwre ýüzüni görmäge ukyp berýär. Umuman aýdanyňda, Rumy baryp sekiz ýüz ýyl mundan ozal Günbataryň Gegelden soň ýeten irrasionallygyny, ekzistensiallygyny hem paradoksalizmini öz döredijiliginde jemläp bilen sopy şahyrdyr. «Yşkdan başga hiç bir hemdemimiz ýok, ne öňümiz bar, ne-de soňumyz, ne-de başlangyjymyz… Jan: «Eý, yşk ýolunyň ýaltasy, maňa eriş, maňa!» diýip, içimizden seslenip dur». «Eý, bu dünýäniň aňy bilen diri olan! Neden beýle dirisiň sen? Yşksyz olmaz ki, ölmersiň, yşk bilen ol ki, diri galarsyň». «Şu zamanda Ýer ýüzüni ölçäp-biçip, her şäherden geçip, o şäher bezeýäne goşuldyk biz. Ýetmiş gämi kibi bir deňizde gidip barýarys, her gün bir ýere, her gije bir ýere myhmandyrys». Ýokarky kyssa şekilli terjimelerdenem beýik Rumynyň paradoksal dünýäsi aýan görünýär. Dogrudan-da, dünýä aňynyň çäklerinden çykanyňda, yşk aňyna gireniňde, öň bilen soň ornuny çalyşýar, dünýäden gelýän ähli dogrulyklar nädogrulyga, akyllar akylsyzlyklara öwrülýär. Ölüm bilen ömür, dirilik bilen ölülik hem ornuny çalyşýar. Beýik Rumynyň şeýle setirlerini okanyňda, onuň kakasy bilen baglanyşykly bir rowaýat, has dogrusy, tymsal ýadyňa düşýär. Bahaweddin Weled öz maşgalasy bilen Mekge ýolundaky şäherleriň biriniň derwezesinden barýar. Agşam düşensoň, şäheriň derwezesi ýapylan eken. Derweze kakylanda, içerden derwezeban: «Kimsiň, nirden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip gygyrypdyr. Muňa Bahaweddin Weled: «Hiç kimdiris, hiç ýerden gelip, hiç ýere barýarys» diýen jogaby beripdir. Eýsem-de bolsa, wagtyň hem giňişligiň çäginden çykanyňda, ähli wagt, döwür hem ýer bile bagly şertlilikler ýitýär hem adam aňy, dogrudanam, hiç ýere – la mekana aralaşýar. Anyklyklar, şertlilikler wagta baglanmak usulydyr. Wagta baglanan zatlaryň bary bolsa panylykdyr. Baglylykdan azat bolmak usuly hökmünde yşk hakykat Aýynyň görünmeýän tarapyny görmäge puryja berýär. Yşk ahwalaty uzak dowamatdyr, ol adamyň pany ömrüne barabardyr. Şu uzaklyk bir pursatdan, has dogrusy, pursatsyzlykdan – «haldan» başlanýar. Hal – wagtyň çäklerinden juda az pursatlyk, sekundyň müňlerçe bölegiçe çykyp bilmek mümkinçiligidir. Hala düşülen wagtynda, adam süňňi – ýüregi bakylyk, ebedilik didaryny görýär. Sözüň fiziki manysynda Wagtdan çykmak Eýnşteýniň açyşyndan soň teoretiki mümkin hakykat hasaplanýar. Emma biziň sopularymyz baryp birwagtlar adam aňynyň – ruhunyň wagtdan çykyp bilmek ukybyny tekrar edipdirler hem muny öz durmuşynda subut edipdirler. Hala düşmegi, bakylyk didaryny görüp bilmegi olar metaforiki suratda şerap içip, serhoş bolma bile deňeşdiripdirler. Sebäbi bu ikisiniň psihologik hem gnoseologik tebigaty meňzeşräk bolmaly. Şerap içip, serhoş bolanyň aňy adaty – serhoş däl aňyň hilinden başgadyr, ol wagty hem hereketi özge depginde görýär. Ol wagtyň adaty akymyndan çykýar-da, özge dowamat hem özge many bile ýaşaýan barlyga düşýär. Onuň gözüne adatylyk nazaryna görünmeýän hakykatlar aýan bolýar. «Maýamyz lagl reňkli ary-dury şerap bilen ýugruldy, pyýalamyz bizden ýaňa perýada geldi… Nije zamandyr, şerap bilen ast-asta, üst-üstediris, yzly-yzyna şerap içeris; biz şerabyň başyna çykdyk, şerap biziň başymyza çykdy». «Injir satana haýsy iş has ýagşydyr, söýgim? Injir satmak, eý jan, gardaşym meniň! Serhoş ýaşalyň, serhoş öleliň, eý jan! Magşara-da, serhoş bir halda ýöräp-ýykylyp geleliň, eý, söýgülim!» «Biziň şerigatymyzy kabul eden, biziň ýolumyzy tutan kişi bedenimizde ýüzlerçe çyryl-çyplak jany weýran eder; biziň pyýalamyzdan şerbet içen şeýle bir serhoş bolar ki gijämizi gündiz görer». Birinji rubagyda şerap adamyň – sopynyň ýaşaýyş-durmuş obrazy hem ygtykaty hökmünde aňladylýar, söýgüden doly ýürek – diňe şol magşara – gaýtadan dirilmäge, has dogrusy, ölmezlige ukyplydyr. Yşk serhoşlugy diňe bir ebediligi görmek däl, eýse ebedi ýaşamak, ebedi bolmak ukybydyr. Ikinji rubagyda Rumynyň adama bolan täsin hem özge hiç bir akyldarda-da, sopyda-da duşmaýan garaýşy bar. Ol garaýyş adamyň gutarnyksyzlykdygyna garaýşydyr. Ýer ýüzündäki ýaşaýyş adamzat diýilýän substansiýanyň ýaşaýşynyň diňe ýekeje bir ipostasydyr. Beden bir ýöne, jan ipostasy, belki, müňlerçedir. Şu rubagylardaky şerap simwolikasy beýik şahyryň kä goşgularynda çöwre ýüzi boýunça suratlandyrylýar: «Serhoş olmamyz üçin şeraba hajat ýok, hut mejlisimiziň keýpli bolmasy üçin çenk, rebap gerekmez… Ýerlere ýykylmyş serhoşlar kibi esredik, joşup kükredik; ýagny bize ne saky bar, ne gözel bar, ne sazanda, ne-de şerap; bularsyz serhoşdurys biz». Daşyndan simwoliki gabygyň aýrylmagy, şerap manysyny, serhoşluk ahwalatyny has çuňňur hem göze doly edýär. Ol serhoşlugyň bir transsendental ahwalat bolup, onuň şu dünýä asla bagly däldigini aýan edýär. * * * Yşk Allanyň ýadynda bolmakdyr. Beýik sopy şahyryň Biribaryň sypatlaryny görkezýän şygyrlary hem paradoksal heserlenmelerden doludyr. «Men öläýsem, alyp-getiriň-de, jesedimi söýgülime tabşyryň… Meniň solmuş dodaklarymdan öpende direlsem, çaşmaweriň». «Eý dost, dostluk bilen tanyş-dostdurys. Nirä aýak bassaň, ýer bolarys, aýaklaryň astyna düşeleris, ýagny seniň bilen dünýäni görýäris-de, Seni görmeýäris; bu nädip yşk mezhebinde laýyk olar, dogry görler?» «Men zerredirin, maňa Güneşsiň Sen, eý, meniň gün ýüzlim… Gam hassasydyryn men, alajyň-da özüňsiň maňa. Yzyňda golsuz-ganatsyz uçýandyryn; saman çöpüdirin, syntgylaýjysyň Sen». «Seniň bilen dünýäni görýäris, seni görmeýäris!» Nähili beýiklik, genilik bilen adamzat ýaşaýşynyň, dünýä bilen adam arasynyň uzaklyk-ýakynlyk ölçegini ýekeje jümlede berip bilmek! Emma bu rubagyny okap gör: «Kimsi bardyr, göremde höwes bilen el çarparyn, kimisi bardyr, uzakdan elimi dişlärin. Aýy tutaýyn diýip elimi suwa sokdum. «Gökde men, gökde» diýip, Aý maňa seslendi». Hawa, Rumynyň gözüne adam aşa zemini görünýär. Adamyň zeminiligi oňa kiçilik bolup görünýär. Iň ýaman ýeri-de bu adamyň hemme barlygy zeminidir öýtmegine, asmanylyga göz ýetirmäge päsgelçilige getirýär. Beýik Rumy adamyň asmanylygyny bilýär, onuň hakykata laýyklykda asmany bolmagyny isleýär. Emma asmanylyga ýetmek üçin kiçilik gerek, ululygyny bilmek üçin kiçelmek gerek. Ulaljak bolmak kiçilige, kiçilik bolsa ululyga eltýär. Adam diňe Biribar bilen ulalar, Biribar arkaly, Biribar mynasybetli ulalar. «Zerredim, dagdan-da beýik etdiň meni. Yzda galýardym, her kesden ileri getirdiň meni. Ýykylan, ýaralanan köňlümi bitirdiň, sagaltdyň. Öz-özüne eljagazlaryny çarpan bir serhoşjyk etdiň meni». «Eý, meniň eljagazymy palçykdan ýasap-düzen! Eý, meniň bedenime akyljyk, pikirjik beren! Eý, Aý ýüzlim, gujagyňdan bir ýerjagaz ber maňa! Şekerjikler çeýneýän şu janjagazym Sen diýip aglap-eňreýär!» Adam ulaldygyça, özüniň kiçiligini görýär. Andre Morua «Ömür gaty gysga, ýöne näme bilen deňeşdireniňde?» diýip soraýar. Şol äheňde aýdanyňda, adam kiçijik, emma näme bilen deňeşdireniňde?! Elbetde, adam Biribaryň öňünde kiçi! Şeýle duýgular beýik şahyryň kalbyna nämäniň täsirinden gelýär, bularyň çeşmesi nirede – dünýädemi, kitapdamy, akyldamy – nirede?! Elbetde, onuň öz-özünde, has dogrusy, Allanyň kalbyna salan bakylyk duýgusynda! Şonuň üçinem beýiklik gazanylmaýar, beýiklik hem welilik berilýär ýa-da berilmeýär diýip aýtmak dogry bolardy. Sopy öz kalbynyň beýikligine çykýar, şonda ol şol belentlikden adamyň juda kiçiligine göz ýetirýär. Kiçiligiňi boýun alma ulalmagyň ýeke-täk şertidir. Ulalmak yşk arkalydyr, ol yşka-da getirýär. Beýik Rumyda yşk ýöne bir ahwalat däl, ol yşgy has durnukly hem has durmuşy-anyk aňlatma – «meshep» aňlatmasy bilen berýär. Ol musulman-kapyrlyk, dowzah-jennet ýaly aňlatmalardan ýokary galan ägirtdir. Eýse beýle ýokary galyş nämäni aňladýar?! Bu dünýäniň dünýäde dörän çäkliliklerini inkär etmekdir, dünýäniň «suratyny» bakylyga geçirmäge garşy çykmakdyr. Jennet däl, Hudaý! Yslam däl, iman! Şerigat däl, yşk! «Kapyrlykdan-da, musulmanlykdan-da daşarda bir ýaýla bar; o meýdanyň ortasynda bir söwdamyz bar biziň… Aryf o ýere bardygy, başyny ýere goýar; o ýerde ne kapyrlyga ýer bar, ne musulmanlyga». «Medrese bilen minara ýykylmasa, galandarlyk hallary düzgüne girmez. Iman küpür, küpür-de iman bolýança, Taňrynyň hiç bir guly hakyky musulman bolmaz». «Ýagşy bil ki, aşyk musulman olmaz, yşk mezhebinde küpür bilen iman ýokdur, yşkda ne beden bardyr, ne akyl… Ne jan bardyr, ne köňül; kim beýle däl bolsa, aşyk däldir». Şeýlelikde, Allatagala ähli zeminiliklerden ýokardadyr. Oňa barýan ýol juda uzakdyr, bu ýol zeminde gutarýar diýmek nädogrudyr. Emma adamzat köplügi, dinler, mezhepler – bularyň bary bu ýoluň özünde gutararyny isleýär, bu ýoluň zemin bilen çäklenerini isleýär. Şeýle çäklilikleri görüp bileni, olardan belende galany üçin, Rumy beýikdir. Diňe onuň ýokarky pikirlerini görüp, weliligiň – Allatagala ýakynlygynyň nämedigine akyl ýetirip bolýar. Iman hem welilik daşky hereketler bilen däl-de, içki hereketler bilen gazanylýar, amal bolýar. Jelaleddin Rumynyň şeýle çäkliliklerden ýokary galmak mümkinçiligi, onuň umumadamzat hakykatlarynyň hem hajatlarynyň derejesine galmak ukyby, megerem, şahyryň Günbatar bile Gündogaryň, yslam bile hristiançylygyň serhetinde – diňe bir geografiki däl, eýse medeni-taryhy serhetinde kemala gelenligindendir. Öz aýdyşy ýaly, onuň mezhebi – yşk mezhebidir, ol bir Hudaýa iman getiren ägirtdir. Ol hakykatyň, dürli nusgalara, mümkinçiliklere garamazdan, ýeke-täkdigine göz ýetiren aryfdyr. * * * Beýik sopy şahyr Rumy adama uly ähmiýet, uly baha berýär. Ol hakykatyň açylmagy adamyň içki barlygyna baglydyr diýen akyla gulluk edipdir. Günbatar alymlary sopuçylykda adamyň uly orun tutýandygyna bakyp, bu taglymaty antroposentrik taglymat hökmünde kesgitleýärler. Munuň özi sünni yslamdan tapawutlandyrmagyň, ýagny merkezinde adam däl-de, Hudaý durýan teosentrik dünýägaraýyşdan aýrybaşgalaşdyrmagyň alajy hökmünde görünýär. Emma bu ýerde, megerem, ýalňyşlyk bardyr. Sopuçylyk hem öz düýp manysy boýunça teosentrizmligine galýar, ýöne munda adama akyl ýetirişde aýgytlaýjy orun degişlidir. Emma, barybir, adam – netijedir, başlangyç, sebäp bolsa Allatagalanyň özüdir. Sopuçylygyň esasy düşünjesi bolan yşk hem şu garaýyşdan uç alyp gaýdýar. Eýse magşuk bolmasa, magşugyň birinjiligi bolmasa, yşk mümkinmidir?! Aşyk magşugy döredenok ahbetin, magşuk aşygyň döremegine sebäp bolýar ahyryn! Şonuň üçinem Rumuda adam ontologik jähetden ikinjilikdir, netijedir, emma, gnoseologik jähetde ol ilkinjidir, kesgitleýjilikdir. Başgaça aýdylanda, adam öz-özünden beýik däl-de, Allatagala ýakynlygy bilen, Allanyň beýikligini özünde aňladyp bilýänligi bilen beýikdir. Adam aslynda bary-ýogy mümkinçilikdir. Bütin sopuçylykda-da, Rumuda-da şu kosmiki mümkinçiligiň amal bolmagynyň, adamyň ähmiýetli barlyga öwrülmeginiň diňe iki ýoly bar: Birinjisi – Alla ýakynlaşmak, onuň beýikliginiň käbir taraplaryny özüňde barlyga geçirmek, ikinjisi bolsa – dünýäde bolmak, ýöne dünýälik bolmazlyk. Birinji mümkinçiligiň saýlanyp alynmagy adamy beýgeldýär, ýokary göterýär, sözüň hakyky manysynda kosmiki-metafiziki barlyga öwürýär. Ikinjisi bolsa ony ötegçi wagta baglap, ahyrky netijede ony ýokluga, mutlak ölüme eltýär. Gündogarda-da, Günbatarda-da Rumy ýaly metafiziki belentlige ýetip bilen pelsepeçi, şahyr ýokdur. Metafizika – ýaşaýyş barlygynyň many özeni, ilkinji düşünjeler dünýäsidir. Haçan-da şahyr barlygyň özenine ýetende, onuň agzyndan çykýan jümleler tebigy suratda simwollara öwrülip başlaýar. Simwol bolsa özge dünýäleri suratlandyrmak usulydyr. Şahyr näme hakda, nähili sözlese-de, okyjy bada-bat onuň düýp manylary sözleýändigini, başga-başga, biziňkiden has uly, has özeni dünýäleriň we barlyklaryň gürrüňini edýändigini, onuň sözüniň juda uly zatlary nyşanalaýandygyny aňşyrýar, oňa şobada bendi bolýar. Şahyryň her bir aýdýany özge mana, özge barlyga eýe bolýar. Şu özgelik okyjyny maýyl edýär, ol şahyryň sözüniň yzyna düşüp, metafiziki hakykatlaryň giňişligine, metafiziki alyslyga aralaşýar. Metafiziki diýmek bolsa, biziň adaty görýän-duýýan zatlarymyzyň aňyrsyndaky, has aňyrdaky dünýä diýmekdir, dünýäüze (metafizika) diýmekdir. Ol nämälim, özüne çekiji hem ýürek gopduryjy, ymsyndyryjy hem pikir-duýgy oýaryjy özge alyslygyň serheti – çägi ýokdur. Adam diýmek bolsa çäksizlige ymtylyjy diýmekdir. Diýmek, Rumy biziň her birimizde adamy oýarýar. «Dünýäniň ýaradylmagy üçin alty gün gerek bolan bolsa, adamy ýaratmak üçin kyrk gün gerek bolandyr». «Adam daşky taýdan dünýäniň bir bölegidir, emma sypatlaryň nukdaýnazaryndan, ol dünýäniň özenidir. Adamy daşky taýdan çybynam azara goýup bilýär, emma özen taýdan ol asmanlary-da öz içine sygdyryp bilýändir». Şeýlelikde, adam metafiziki jandardyr. Dünýä öz-özünden ýokary galyp bilmeýär, adam bolsa dünýäden ýokary galyp bilýär. Adam ähli barlyklary özüne sygdyryp, özüne ýerleşdirip, özünde aňladyp bilýär. Özüne sygdyryp bilmek ukyby adamyň ruhy substansiýadygy mynasybetlidir. Adamyň beýikligi-de şundadyr, adam diýmek gutarnyklylyk hem çäk diýmek däldir, adam tükeniksizlik hem çäksizlik mümkinçiligine eýedigi bilen dünýäden, Wagtdan ýokarda durýar. Dünýädir Wagtdan ýokarda bolsa başga barlyk – ylahy barlyk ýaýylyp ýatýar. Şonuň üçinem adam dünýäniň däl-de, dünýäara serhetleriň ýaşaýjysydyr. Rumynyň şu nukdaýnazary häzirki döwürde elden giderilen beýikligiň gürrüňi bolup eşidilýär. Materializmiň ýaýbaňlanmagy bilen biz adamzadyň juda kiçelendigini, daralandygyny, öz-özüni Zemine hem Wagta baglap, juda ýalňyşandygyny görýäris. Şunda Rumy bize ýitirilen belentliklere dolanmagyň mümkinçiligini gaýdyp berýär. Rumynyň sungaty ylahy sungatdyr. Ol adama ösmegiň, ulalmagyň tükeniksizliginiň ýoluna atarýar. Bu ýol Biribara eltýän ýoldur. «Allatagala biziň üstümiz bile hakykata göz ýetirmek üçin bizi ýaradandyr». «Hadys: Men gizlin hazynadym, men öz-özüme göz ýetirmek üçin adamlary ýaradandyryn». Allatagalanyň syrlary adamdadyr, adamyň ruhundadyr. Biribar öz ýaradan dünýäsine syn etmek üçin adama iki sany göz, dünýäsini eşitmek üçin gulak, dünýäsini duýmak üçin syzgylar berendir. Şunuň netijesinde beýik pikir döreýär: Adam diňe özi üçin mümkinçilik däldir, adam diňe dünýä üçinem mümkinçilik däldir, adam Allatagalanyň özi üçinem mümkinçilikdir. Onuň substansiýasyna – jan jöwherine – bu kiçijik nokada ähli dünýäler, külli barlyklar hem hemme manylar ýerleşip bilýändir. «Janyňda bir jan bar, o jany gözle… Beden dagynda bir jöwherler bar, o jöwherleriň känini gözle… Eý, pyýadalap barýan sopy, güýjüň ýetjek bolsa gözle, emma daşardan däl, gözleýän zadyňy özüňden gözle». «Keýplidirin, çünki gamyň köňlüme sygar; keýplidirin, çünki gamyň şeýle aýdyň ýere sygar… Göklere, ýerlere sygmaýan o gamyň iňňe ýordumy kimin bir köňüle sygýar». Poetikanyň jähetinden, bu ajaýyp rubagylardaky esasy, hakykaty açyjy antinomiýalar «daşary – özüň», «gam-keýp» jümleleridir. Rumynyň daşary diýýäni dünýä, ýagny tebigat we jemgyýetdir, başgaça aýdylanda, fiziki barlykdyr. Beýle barlygyň esasy ýetmezi – onuň metafiziki özgelige geçip bilmeýänligidir. Olarda Wagtyň şum hökmürowanlygy bar, wagtyň hökmürowanlygy bolsa adamy ruh bakylygyndan daşlaşdyrýar, ony ählumumy we gutarnykly ýokluga alyp barýar. Şu ýaramaz täleýden ynsany diňe Alla yşgynyň gamy halas edip biler. Hut şonuň üçinem, gam adamy keýpli edýär, ony beýgeldýär. Metafiziki hakykat fiziki barlygyň diline sygmaýar, adam pikirini haýwanyň dilinde aňladyp bolmaýşy ýaly, metafizikany-da dünýäniň, adatylygyň, Wagtyň dilinde sözläp bolmaýar. Şu ýerdenem şahyryň şygryýetiniň dili kemala gelýär. Bu dil öz aňladyjylyk aýratynlygy boýunça paradoksal dildir, paradoksal sözleýiş ortodoksal aňlatmalarda asla mümkin däldir. Beýik şahyryň paradokslary we simwollary adaty, dünýä, durmuş diliniň darlygyndan hem alaçsyzlygyndan metafiziki alyslyklara gaçybatalgadyr. Şeýdip täze ýaşaýyş, barlyk perspektiwasy, iň esasysy bolsa, täze aňladyş perspektiwalary döreýär. Rumynyň aňk ediji beýikligi, özgeligi perspektiwa duýgusynda oňat bildirýär. Özgelige aralaşan beýik sopy üçin gutarnyklylyk däl-de, gutarnyksyzlyk, kämillik däl-de, soňsuzlyk süýji gymmatlykdyr. Rumy üçin adamda iň möhüm zat – barlyk däl-de, barlyk bolmak mümkinçiligi, kämillik däl-de, kämilleşmek mümkinçiligidir. Adam diýmek bir nokat, bir duralga däldir. Adamyň beýikligi onuň haýsydyr bir basgançagy, derejäni aňladýanlygynda däl-de, ösüşi, perspektiwany, tükeniksizligi alamatlandyrýanlygyndadyr. Dyngy däl-de, ösüş, durnuklylyk hem durgunlyk däl-de, hereket! Rumynyň ýek ýigrendigi netije, gutarnyklylyk, ol gutarnyksyzlygyň aşygy hem aňladyjysydyr. «Şeýle bir yşk geldi ki, bütin yşklar onuň ýanynda garaldy gitdi, ýandym, kül oldum, külüm-de sowruldy, ýok oldy… Şo zaman ýene seniň howaňa garyldy-da, külüň yzyna geldi, müňlerçe şekillere bürendi». Beýik Rumynyň adama bu perspektiw garaýşyny başga bir pikiri has aýdyň edýär. «Owalbaşda sen toprakdyň, Soň magdan bolup, ondan soň ösümlige döndüň. Ösümlikden haýwana, haýwandanam adama döndüň. Şunça öwrülişikleriň dowamynda adam özüniň nirä barýandygyny bilmedi, emma ol bu uzak syýahatyň içinde boldy. Saňa ýene-de ýüzlerçe dünýäleri geçmek garaşýar». Ol metafiziki hakykata aralaşyp, adaty adamlardan tapawutlylykda, wagty diňe we ýöne syzanok-da, eýse Wagty – bu bedensiz hem şekilsiz zady edil jisimi gören ýaly görmek ukybyna eýe bolýar. Çünki metafizika aslynda Wagtyň, diýmek, giňişligiň çäginden aňyrda diýmekligi aňladýar. Tokaýyň içindekäň, diňe agaçlary görýärsiň. Tokaýyň özüni görmek üçin, tokaýyň içinden çykmak gerek. Ýok, bu geçeni ýatlama däl, bu hakyda däl. Rumy Wagtyň tutuşlygyny edil kino lentasyny synlan ýaly synlap bilýär. Munuň özi ýagtylyk tizliginden ýyndam Wagt maşynyna münen ýaly bir zatdyr. «Biz otyrys, emma oturan ýerimizi üýtgetmän, hereket edýäris, emma sen muny görmeýärsiň». «Bütin dünýä ylgawdadyr… Ýöne her zadyň ylgawy başgaçadyr. Adamyň ylgawy – birhili, ösümligiň ylgawy – başga hili. Bularyň baryndan janyň ylgawy düýpgöter tapawutlydyr». «Aşak», «ýokary», «öň», «yz» – teniň häsiýetidir. Janyň bu düşünjelerden halasdyr». Şeýlelikde, jan fiziki barlykdan çykyp bilýän, metafiziki barlyga ýetip bilýän ruhy substansiýadyr. Oňa ýetmek üçin jan şu dünýäde ten bile höwrükmegi sebäpli, özünde peýda bolan sypatlardan azat bolmalydyr. Nädip? Ruhy manyda oýanyp! Ruhy manyda oýanmak näme?! Zatlaryň aslyna ýetmek! Zatlaryň aslyna ýetmek näme? Metafiziki barlyga aralaşmak! «Allanyň sözi ne arap, ne pars, ne ýunan, ne-de şam sözüdir, şonuň üçinem ol sesden we gabykdan azatdyr». «Arap, pars…, ses, gabyk» – bularyň bary dünýäniň, wagtyň döredenleridir, olar hakykat sözüni eşitmek işinde döreýän, päsgel beriji «galmagallardyr». Hakykata ýetmek üçin şol galmagallardan saplanmak gerek. Olara çolaşyp galmaklygy Rumy «uklamak» diýen simwoliki aňlatma bilen şekillendirýär. «Eý, Aýýüzli, beýle bir gijede Aý kibi sen-de uklama! Şu dönüp duran gök gupba kibi dönmäge başla, uklama! Biziň oýalygymyz dünýä şem bolar, yşk berer; bir gijelik şem gözle, uklama!» «Ölmän galaýyn diýseň, soňsuz bir bagtlylyk isleýän bolsaň, uklama! Söýgüliniň yşk ataşy bilen ýan-ýakyl, uklama! Ýüzlerçe gijeler ukladyň, heý, bitiren zadyň barmy? Alla üçin bolsun, bu gije-de tä ýeri agarýança uklama!» Diňe oýalyk Wagtdan ozmaga puryja berýär. Diňe oýalyk ölümden aman galmaga mümkinçilik döredýär. Adama öz-özüni döretmäge, boş ýaşamazlyga mümkinçilik hem şert berýär. Jan gözleri ukuly adam metafiziki hakykaty fiziki dünýäden, asman hakykatyny we manysyny zeminden gözläp, azara galýar, kösenýär, ýalňyşýar. Gije duýgusy tüýs Rumyçylyk duýgudyr. Gije – şöwür çekmek, ýagny oýalyk pursady. Şonuň üçinem Rumuda gijäniň filosofiki manysy çuň, poetiki manysy bolsa gözel hem howalaly. Gijäniň wagty gündiziňkiden tapawutlylykda kosmiki wagtdyr, zemini wagt däldir. Şeýle-de gije hylwatyň – ýalňyzlygyň, öz-özüň bile ikiçäk galmagyň pursadydyr. Hakykat bolsa diňe ýalňyzlykda peýda bolýar. «Bu gije şeýle bir gije welin, gijeleriň jany-da! Bu gije şeýle bir gije welin, bütin dogalar kabul ediler. Bu gije bagyşlama gijesi, nygmatlar berme, bergiler berme gijesi; bu gije – Taňry bilen syrdaş!» Şonuň üçinem gije – dünýäden arany açmak pursady. Rumy pikiri, akyly şu dünýäniň – wagtyň önümi hasaplaýar. Bakylyk dünýäniň gapma-garşylygy bolanda, akylam janyň duşmany bolýar. Janda akyl ýok, janda göz bar. Şonuň üçinem akyl ýetirmek işi güýmenjedir, gümra bolmakdyr, hakykata akyl ýetirip bolmaýar, hakykat – metafizika, akyl bolsa fizikadandyr. Diýmek, wezipe göz ýetirmekden ybaratdyr. Munuň üçin bolsa jan gözleriniň açylmagy gerekdir. «Eý dünýäniň aňy bilen diri olan, utan! Neden beýle dirisiň sen? Yşksyz olma ki, ölmersiň, yşk bilen öl ki, diri galarsyň». «Akyl geldi-de, aşyklara öwüt bermäge başlady, ýolda oturdy, ýol kesmäge başlady. Ýöne aşyklaryň başlarynda öwüt kabul etjek bir orun görmäni üçin, ählisiniň aýaklaryny öpdi-de, başyny aldy gitdi». «Akylyň düşbüligi hem düşünjeliligi deňiz içindäki guwwas kibidir. Guwwas ahyrsoňy gark bolar. Ýüzmegi bes et – göripligi hem men-menligi taşla: bu derýa ýa-da çaý däl, bu bir çäksiz, düýpsüz umman, bu ýedi deňzi ýuwdup biljek umman. Akyly sat-da, ýerine haýranlygy satyn al, çünki akylyň düşbüligi bary-ýogy bir pikirdir, haýranylyk bolsa düýbüne ýetmekdir». Wagt öz öndüren ähli zatlaryny ýa ýok edýär, ýa-da doňduryp goýýar. Şolaryň içinde akyl hem durugyşyp, doňup galýar. Ýaşaýyş bolsa hemişelik dowam edýär, jan dowam edýär. Şonuň üçin hereket gerek. Herekete laýyk gelýän söz gerek. «Her bir ýerden geçmek, her gün bir myhmany ugratmak, akar suw kibi doňmazlyk ne hoş! Düýn geçdi, düýne degişli söz-de düýn kibi geçdi gitdi. Bu gün täp-täze bir söz sözlemek gerek!» Beýik Jelaleddin Rumy şu mizemez hakykata göz ýetirip, hiç mahal könelmejek Sözi döredip bilen deňsiz-taýsyz genidir! Ol adamzadyň sözde, pelsepede, mistikada ýeten iň beýik derejesiniň mysalydyr. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |