13:50 Jelaletdin Rumy | |
JELALEDDIN RUMY
Edebi makalalar
Bagrym saňa kebap bolsun. Gözýaşlarym şerap bolsun. RUMY "Balhdan bal akýar" diýlen döwürleri hem başdan geçiren gadymy Balh şäheri beýikden beýik ogullary dünýä bermekde hiç şäherden kem galmady. O şäheriň topragyndamy, suwy-howasyndamy, ýa bu şähere Gudratlynyň aýratyn nazary düşüpmi, garaz, Balh syrly beýikligine galdy. Oňa Ummil Welad–şäherleriň enesi diýip ýönelige aýdylan däldir. Adamzat taryhynda ilkinji gezek patyşa–soltan tagtyny öz erkine taşlap, odun satyp ýaşan Ybrahym Edhem hem Balhlydy. Türkmenleriň arasynda Edhem diwana ady bilen örän meşhur bolan bu adamyň mazarynyň ya makamynyň Daşoguz welaýatynyň bir depesinde atsyz–sorsuz ýatanyny aýdýarlar. Alymlary, şahyrlary, akyldarlary öz gazanynda gaýnadyp–bişirýän Balh ýene bir beyik akyldary, şahyry ynsan jemgyýetine berdi. Jelaleddin Muhammet diýen bir ogul dünýä indi. Köp–köp çeşmelerde onuň doglan ýyly 1207–nji ýylyň 30–njy sentýabry diýlip görkezilýär. Beýik türk alymy, Möwlana Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi hakda iň köp zähmet çeken Abdylbaky Gölpinarly bolsa, bu senäniň ýalňyşlygyny örän berk subut edýär. Rumy "Fihi ma–fih" diýen kitabynda: "Samarkantdadyk. Horezmşa Samarkandy gabap, goşun çekip söweşýärdi. Bir howluda örän owadan bir gyz bardy. Şeýle bir gözeldi weli, şäherde oň ýaly gözel gyz ýokdy..." diýip ýatlaýar. Horezmşa 1207–nji ýa–da 1212–nji ýyllarda Samarkandy gabapdy. Diýmek, Rumy gözel gyza gözi düşer ýaşda bolmaly.(A.Gölpinarlydan) Rumy "Diwany Kebir" kitabyndaky bir gazalda altmyş iki ýaşyndaka birine aw bolanyny, ýagny ony bir kişiniň awlanyny aýdýar. "Rumyny Şemsden başga awlan ýok" diýip A. Gölpinarly netijä gelýär. Şems bolsa ilkinji gezek Konýa 1244–nji ýylyň 26–njy noýabrynda gelýär. Onda Rumy 1184–nji ýylda dünýä inipdir diýen netije orta cykýar, emma alymlaryň uly bölegi Möwlana 1207–nji ýylda doglupdyr diýen pikirde. Jelaleddiniň kakasyna Soltan–al–Ulema Muhammet Bahaeddin Weled diýýärler. Soltan–al–Ulema diýmek akyldarlaryň soltany diýen mana laýyk gelýär. Köplenç, ol şol lakam bilen ýatlanýar. Ol örän uly şeýh, bilimdar ýazyjy, mugallym. Arap halyfatynyň täsiri ýetýän ýerlerde uly abraýa eýe bolan adam. Onuň kakasy hem ylymly, abraýly adam ekeni. Jelaleddiniň ejesine Mumine hatyn diýýärler. "Är daýa çeker" diýlenine ynansak, onda Jelaleddiniň daýy taraplary hem başarnykly adamlar bolandyr. Şeýle beýik akyldar we şahyr bolup ýetişjek oglanyň çagalykda we ýetginjeklikde kimiň elinde, haýsy mekdepde okanyny bilmek gyzykly. Emma taryhy çeşmeler Jelaleddiniň ýaşlyk ýyllary hakda örän az maglumat goýupdyrlar. Şoňa görä Jelaleddin ilki kakasynyň elinde ýa–da kakasynyň ynanýan mugallymynyň elinde okandyr diýip çak ursa bolar. Jelaleddiniň gadymy Merwde okan bolmagy hem bolup biljek zat. Sebäbi Merw o zamanlar güller–gunçalar içinde, üstesine–de Balhdan uzakda däl. O asyrlarda dil kynçylygy ýok: pars dili döwlet dili hökmünde ulanylýar. Esasy okuwyň–janly göreldeligini hem unutmalyň. Kakasy–akyldarlaryň soltany lakamyna eýe bolan bolsa hem–de ejaze, ýagny rugsat–diplom almak üçin uzakdan–ýakyndan gelýän ylymly adamlary görýän bolsa, Jelaleddin üçin munuň özi janly uniwersitet dälmidir?! Kakasynyň kitaplary hem uly çeşme ahyry. Üstesine–de kakasy Soltan al–Ulemanyň özüni alyp barşyndaky erkinlik, belent başlylyk hem Jelaleddine köp zat öwreden bolsa gerek. Jelaleddin ýaşlykdan başlap erkin pikirlilige ymtylypdyr. Kakasynyň Horezm şasy Muhammede garşy durmasy onuň ogly Jelaleddine–de kuwwat beripdir. Kakasynyň alan ylym–terbiýesi hem zamanasy üçin örän ýokary derejededi. Ol Kubrawiýe diýlen uly bir sopuçylyk ojagynyň başynda duran Nejmeddin Kubranyň elinde okapdy, onuň bile dost–dogan gatnaşygyny edýärdi. Horezm şasy Muhammet Nejmeddin Kubrany halamaýardy, dogrusy Nejmeddin şaha golaýlaşasy gelmeýärdi. Şa onuň başyny eger, şa ony halkdan–köpçülikden aýrar, şa oňa haram nygmatlar hödürläp iýdirer. Nejmeddin Kubranyň bolsa bu zatlardan özüni gorap ýaşasy gelýär. Ol 1221–de mongollar şäheri gabanda halk bile birlikde söweşýär. Mongollar oňa şäheri, halky terk edip gitmegi teklip edýärler."Halk nirede bolsa, menem şo taýdadyryn. Halk bilen ölmegi saýlap–seçdim" diýip Kubra jogap berýär. Soňra şähere giren mongollar şehit bolan Nejmeddiniň elindäki baýdagy, onuň barmaklaryny kesip, alýarlar. Ynha hakyky gahrymanlaryň ölüşine bir nusga. Bu ölüm onuň söwer okuwçysy Soltan al–Ulemany hem agyr gamlara goýýar. Muhammet şa Mejdeddin Bagdady diýen dostunyň kellesini kesip, jesedini Amyderýa okladanda, Soltan al–Ulema patyşa garşy açyk çykyş edip, patyşanyň töweregindäki şugulçylary, töhmetçileri, ýaranjaňlary berk tankytlaýar. ”Adalat ýok ýerde men ýok.” Ol muny özüniň "Magaryf" diýen kitabynda ýazyp gidipdir:"Fahry Razä, Zeýni Kişä, Horezmşaha we daha bunça bidat ähline diýdim:Siz ýüz müňlerçe huzur içindäki köňülleri, keşpleri, döwletleri bir ýana taşlap, garaňky burçlaryň iki–üçüsine dykylypsyňyz..." Ýokardaky wakalar we biziň aklymyzyň ýetmeýän müň bir wakasy sebäpli Soltan al–Ulema Balhy taşlamak pikirine gelýär. Munuň bize näbelli zerurlyk zerarly gaýra goýulman edilendigini hem aýtmak gerek. Jelaleddiniň aýal dogany Patmanyň, hamylalygy üçin, Balhda galanlygyny ýazýarlar. Elbetde, her bir ýaşalan ýurdy taşlamak ynsan duýgularyny heýjana salýar. Emma Balh ýaly ýüpek ýoluň uly çatrygynda oturan şäherden gitmek köňle agyr degendir. "Her iş bolsun, bähbit bolsun" diýleni. Soltan al–Ulema maşgalasynyň daşyndan müridlerini–okuwçylaryny hem ýany bilen alyp ugraýar. Onuň uzak ýyllar bäri toplan kitaplary hem, kim bilsin, näçe düýä ýük bolandyr. Olar 1219–1221–nji ýyllar arasynda Balhdan cykypdyrlar Şeýdip, uzak ýollary külterläp başlaýarlar. Nyşapur Omar Haýýamyň dünýä inen şäheri. Mäne babanyň, Ferideddin Attaryň, Senaýynyň we beýleki birnäçe alym, şahyr, şeýhleriň ýaşan şäheri. Patyşa zulmy sebäpli bu şäherden kowulyp, bir gowakda gününi sanap oturan Ferideddin Attaryň ýanyna barýarlar. Attar özüniň synçy nazaryny Jelaleddine öwürýär we oňa göwni ýetip, uly umytlar bilen bir kitabyny ýadygärlik berýär. O kitabyň ady"Syrlar kitaby". Belki–de bu goja Attaryň iň soňky kitap sowgat berişi bolsa gerek. Bu şäherde Ybrahym Sani diýen bir türkmen soltanyň Hajy Bekdaş Weli diýen oglunyň ýigit çykyp Rumustana–Türk–Türkmen ýurduna gitjegine, o taýda bir tarykat gurup, uly abraýa eýe bolansoň, özi bilen duşuşjagyny Jelaleddin gümanam etmeýärdi. Attaryň bu kitaby Jelaleddiniň ömürlik okaýan kitabyna öwrüler. Gözel şäher Nyşapur az wagtdan mongol çarwalarynyň aýak astynda weýran bir şähere döner. Goja Attar bolsa zalym bir mongol esgeriniň ýesiri bolar. Ilki"Meni arzan satma" diýip esgerden haýyş eder, hiç kim almansoň bolsa "Meni arzan sat" diýip aýdar. Ahyrda mongolyň elinden şehit bolar. Gadymy golýazmalar Soltan al–Ulemany we beýlekileri alyp barýan kerweniň Nyşapurdan soň haýsy şäherlere barandygy hakda dürli–dürli maglumatlar ýazýarlar. Köp şäherlerde olara häkimleriň, soltanlaryň hezzet–hormat edendikleri, käbir soltanlaryň olary öz köşgünde ýaşadasy gelendigi hakda maglumatlar bar. Soltan al–Ulema o häkimleriň, o soltanlaryň öňünde kiçelmändir, özüni ýokary mertebede saklap, berlen sowgatlary hem ýa almandyr, ýa–da şowagt garyp–gasara paýlapdyr. Muny synlap barýan Jelaleddin üçin bu aýratyn bir uniwersitetdi ahyry. Kerwen ýoly Dar–es–Salam, Damask, Bagdat, Mekge–Medine, Erzinjan, Malatýa, Garaman ýaly şäherleriň üstünden barýar. Malatýada we Garamanda uzak galdylar diýilýär. Garaman, bilşiňiz ýaly, Uly Salyr taýpasynyň bir goly. Beýleki goly bolsa Akman. Häzirki Hytaýdaky Salyrlar Akmanlardyr. Salyrlar on ikinji asyryň ahyrynda on üçünji asyryň başynda Samarkantdan ikä bölünip çykyp gaýdypdyrlar. Akmanlar Hytaý tarapa, Garamanlar bolsa Amyderýa tarapa gaýdypdyrlar. Soltan al–Ulema we onuň nesli salyrlaryň garaman golundandyr diýip çaklamaga meýil edýäris.Abdyrahman Jamy özüniň bir eserinde Jelaleddin Rumynyň ejesiniň Türkmenligi hakda pikir aýdýar. Soltan al–Ulemanyň ala–böle Garamanda ýedi ýyl ýerleşmesi hem oýlandyryar.Bu şäherde Soltan al–Ulemanyň adyna bir medrese gurlupdyr we akyldar şonda sapaklar beripdir. Balhdan gelýänlerden habar eşitjek bolup, olaryň gözi ýolda galýar. Aýratynam, Jelaleddiniň aýal dogany Patma hakda hiç habar bolmazlygy olary uly gama batyrýar. Sebäbi mongollaryň Balhy talap, şäheri otlap, binalary ýumranlygy hakda olar has öň habarly bolupdyrlar. Balh şäheri, ortasyndan sessiz akyp ýatan Balh derýasy, deň–duşlar, goňşy–golamlar–ählisi Jelaleddiniň göz öňünden gitmeýär. Onuň ömrüniň iň gözel döwri–çagalyk we ýetginjeklik döwri Balhda geçdi ahyry. Garamanda Jelaleddin Göwher diýen gyza öýlenýär. Ýazyşlaryna görä, Göwher we onuň kakasy Hajy Lala Samarkandy Balhda–da ýakyn gatnaşykda bolup, soň bile göçýärler. Garamanda Jelaleddiniň keselbent dogany Alaeddin, soň ejesi Mumine hatyn ýogalýar. Garamanda Soltan al–Ulemanyň abraý–şöhraty uzaklara ýaýraýar. Konýada oturan soltan Alaeddin Keýkubat I Soltan al–Ulemany Konýa göçüp gelmäge çagyrýar. Çakylyk kabul edilýär. Olar Konýa 1228 ýa–da 1229–njy ýylda gelýärler. Soltanyň özi şäher gyrasyna çykyp, Soltan al–Ulemany garşylap, ony öz köşgüne alyp gitjek bolupdyr weli Jelaleddiniň kakasy bir medresede düşlemegi makul bilipdir. Soltan Alaeddin Keýkubad ony hatda patyşa tagtyna çykarmagy niýet edinipdir. Emma o teklip kabul edilmändir. Elbetde, akyldarlar öz ornuny bilýärler. Yurdy patyşa dolandyrar, akyldar oňa maslahatlar berer. Konýa bu göçüp gelenlere öz ýüreginden orun berdi. Soltanyň atalygy emir Bedreddin Göwherdaş Soltan al–Ulemanyň müridlerine goşulýar we ýörite oňa medrese gurduryp berýär. Şeýdip, Konýada az salymyň içinde Soltan al–Ulema baş wagyzçy ornuna geçýär. Onuň wagyzlaryna, häzirki dilde aýtsak, leksiýalaryna örän–örän köp adam üýşýär. Uly–uly wezipedäkiler, dürli dindäkiler hem bu wagyzlary diňläp başlaýar. Bu aralykda Jelaleddiniň birinji ogly dünýä inýär. Onuň ady Soltan Weled. Jelaleddiniň bu ogluny şeýle gowy görşi hakda aýdýarlar. Soňra olar diňe bir ataly–ogul däl, eýsem ýakyn dost hem bolýarlar. Soň Alaeddin diýen ikinji ogly bolýar. Jelaleddiniň kakasy Konýada bary–ýogy iki ýyl ýaşansoň aradan çykýar. Soltan al–Ulema Muhammet Bahaeddin Weled 1151–1152–nji ýylda dünýä inip, 79–80 ýaşynda, ýagny 1231–nji ýylyň 12–nji ýanwar güni aradan çykanlygyny tassyklaýarlar. Jelaleddiniň kakasyndan "Magaryf" atly parsça kitap galýar. Bu kitap wagyzlar esasynda Balhda ýazylandyr öýdilýär. Kakasynyň ornuna ogly Jelaleddini oturdýarlar. Onuň we atasynyň garşydaşlary dürli garşylyk görkezip başlaýar. Onsoň Jelaleddin ylmyny güýçlendirmek hem–de uly şeýhlerden pitiwa almak niýeti bilen ýaşap başlaýar. Onuň bu çaka çenli alan ylmy kitaby ylymdy, ýagny kitaplar arkaly öwrenilen ylymdy. Beýle ylymly az däldi. Baş ymam bolup oturjak bolsa, özüne garap oturan adamlara täze pikir, täze duýgy bermekçi bolsa, dünýä belli ylym merkezine gitmek zerurdy. Jelaleddin özüniň gowgaly başynda bir zat gözläp başlandygyny, pikirlerinde düşnüksiz bir logika–mantyk döreýändigini duýup başlady. Bu nämäniň alamaty? Ýa kakasy ýogalansoň döreýän pikir dagynyklygymy? Ol bu güne çenli başynda jemlenen pikir harmanyny azyrganyp, ony kemter saýyp, öz oýlanyşlarynda bir zatlaryň ýetmeýändigini duýup başlady. Emma anyk duýmaga gurbaty ýetmedi. Şo günlerde Seýit Burhaneddin Muhakkyky–Termezi Konýa geldi. Ol Balhda Soltan al–Ulemanyň mürididi, soňra iş dolandyryçysy bolupdy. Termezi olaryň Konýany ýurt edinenini bilip gelipdi. Emma onuň gözleýän piri, mugallymy, şeýhi we dosty toprak astynda ýatyrdy. "Meniň barmaklarym toprak astynda çüýrär gider, ýöne ýazgylarym galar" diýen Soltan al–Ulemany ýatlap, Seýit Burhaneddin gam baryny çekdi. Ahyrda Jelaleddin bilen möhüm söhbete geçdi. "Bilimde deňi–taýyň ýok. Sen aýratyn bir ärsiň, emma ataň hal eýesidi, senem sözi taşlada onuň halyna eýe boljak bol... Älemi Güneş kimin ýagtylt" diýip maslahat berýär. Jelaleddin bu sözleriň agramyna, möçberine gowy göz ýetirýär–de Seýit Burhaneddine mürid bolýar. Onuň teklibi bilen Halapda Halawiýýe medresesinde, Damaskda Makdisiýýe medresesinde okap, has çuň bilimlere ýetýär. O taýda uly akyldarlar, sopylar, şeýhler bilen uzak–uzak pikir alyşyp gaýnaşýar. Damaskdaka oňa bir kişi duşup:" Eý, manylar äleminiň alyp–satary! Meni tap, maňa düşün!" diýýär–de köpçülige siňip gidýär. Möwlana näme bolanyny bilmän galýar. Emma o gözleriň ýanyşy, o sözleriň aýdylyşy hiç–hiç ýatdan çykmaýar. Jelaleddin okuw–tälimlerini tamamlap Konýa dönýär. Yzynda söwer aýaly Göwher hatyn ýogalypdyr. Bu waka 1231–de ýa 1232–de bolupdyr. Beýle ýitgi oňa iň uly zarbalaryň biri bolýar. Tä ölýänçä Göwher hatynyň matamyndan saplanyp bilmeýär. Ýene Seýit Burhaneddin Termezi ony özüne çekýär we ders–sapaklaryny tabşyryp başlaýar. Ol gadymdan gelýän bir müň bir günläp sapak bermek däbine eýerýär hem–de Jelaleddini göz astynda saklaýar. Seýit Burhaneddin oňa hüjrede oturmagy däl–de dürli ýumuşlar buýrup tälim berýär. O tälimiň baş maksady şo döwrüň dilinde aýtsak, men–menligi aýyrmak, ýagny ynsanyň boýnyýogynlygyny, tekepbirligini, gaharyny, ulumsylygyny, nebsini aýyrmak. Şo zatlar aýrylmasa, adam kämilleşme ýoluna düşmeýär, adam kalbyna hakyky adamkärçilik duýgulary berk ornaşmaýar. Ýamanlyk çykmasa, ýagşylyk girmejek ekeni. Muňa köňül tämizleme sapaklary diýibem bolar. Beýle sapaklar mugallyma–mürşide görä tüýsli–tüýsli bolup biler. Mysal üçin, Jelaleddine gedaýçylyk etmek, hajathana arassalatmak we ýene şuňa meňzeş işler buýrulypdyr. Ol müň bir güni başarnykly geçende Seýit Burhaneddin ony ýürekden gutlapdyr. Asyl Jelaleddiniň özi hem tälime başlamazdan öňki görşi bilen soňky görşi arasynda uly parh barlygyny duýdy. "Çigdim. Bişdim. Köýdüm." Bu döwürler Jelaleddiniň maşgalasynda, tutuş döwletde, dünýäde uly öwrülişikleriň, tupanlaryň, gozgalaňlaryň döwri boldy. Göwher hatyndan galan iki ogluň ulusy Soltan Weled menikli, düşbi, zehinli bolup, atasynyň aýak yzyndan basjak bolup jan edýär. Emma ikinji ogly Alaeddin gyşaranda ýamanlyga, garalyga, zulma baka gyşarýardy. Jelaleddin muňa çäre tapmady. Bu hadysanyň sebäbine akyl ýetirip bilmedi. Alaeddin üçin eden her ädimi ters çykdy. Onsoň Alaeddin şo durkunda hem ösüp–ulalyp başlady. Elbetde, ony söz bilen igeläp okatdylar, dereje berdiler. Emma Alaeddiniň öz yzyny tutjak ogul bolmajagyny Jelaleddin şu wagtdan duýdy. Her niçigem bolsa ol:"Umytsyzlykda–da umyt köp" diýip umytlandy. Atasy bilen Konýa gelende aýratyn hormat bilen garşylan Soltan Alaeddin Keýkubad I–ni ogly Kyýaseddin zäherläp öldürýär. Az wagtdan Baba Ishakyň baştutanlygynda türkmenleriň uly topalaňy turýar. Köp ýerler haraba dönýär, ahyry topalaň baştutany Amasýa şäherinde asylýar. Şonda–da topalaňyň ýaňy uzaklary sarsdyrýar. Alaeddin Keýkubad I bilen Ýassyçemen diýen ýerde XIII asyryň iň uly gahrymany, Horezmli beýik Türkmen Jelaleddin Meňburny (Meňkuberti– Hudaýberdi) çaknyşýar. Gahryman Jelaleddin uly Hindistany, Araby–Şamy, Owgan–Eýrany, Ermeni–Gürjini, Häzirbeýjany, elbetde tutuş Türküstany öz gol astynda jemlän Esger bu söweşde ýeňlişe sezewar boldy. Çingiz Hana garşy öňde–soňda iň uly garşylyk görkezip bilen, dabarasy daglar aşan Jelaleddin şeýle hala düşdi. Sint derýasynyň boýunda Çingiz Hanyň goşunlarynyň eline düşmän belent gaýadan aty bilen derýa böküp, mertlik görkezen Jelaleddine Çingiz Hanyň beren bahasyna bakyň: "Wah, ogullarymyň biri şeýle mert ogul bolsady." Şeýle baha mynasyp bolan Jelaleddin Meňburny ýol talap ýören bir kürdüň elinden şehit bolýar. Gahryman Jelaleddini şahyr Jelaleddiniň bilenligine, olaryň garyndaşlyk baglarynyň barlygyny bilenligine, onuň ykbalyny yzarlanlygyna söz ýok. * * * Mongollaryň barha golaýlaşmasy hem umumy başagaýlygy artdyrdy. Jelaleddin Rumy ýaşlykdan başlap ýazyp başlansoň, onuň golýazmasy barha artyp gidip barýardy. Örän ýiti synçylyk bar, döredijilige däp bolup gelýän garaýyşy düýpgöter özgertmek meýli bar, üstesine–de Konýa Balh ýaly däl, bu taýda grekler–ýunanlar, rumlar–italýanlar, ýahudiler–jöhitler, ermeniler bar. Köp milletlilik hem–de köpdinlilik Jelaleddiniň täze dil öwrenmegine özge dinleriň inçe meselelerine aralaşmaga ýol açdy. Bu taýda şahyrlyga, pelsepä, erkin pikirlilige täze meýdan açyldy. Ýogsa, Jelaleddin özüni şahyr hasaplamaýardy. "Alla şaýatdyr, men şygyrýete hiç mahal hiç hili meýil etmedim we meniň üçin ondan ýaman güýmenje ýokdur." Emma içki energiýa, kalby lerzana getirip duran içki kuwwat, gaýnaý–gaýnaý daşy ýaryp çykýan mumyýa ýaly, daşary çykmaga, özgeleriň başyna gonmaga, kalbyna siňmäge dyzaýar. Çykmasa, partlajak. Onsoň ol söze–şygyra öwrülip, wagtal–wagtal wulkan atylan ýaly edýär. O sözlere, o şygyrlara rast gelen şobada bendi bolýar. Dowamyny isleýär, sabyrsyz garaşýar. "Ýürek bir deňiz, dil onuň kenarydyr. Gomlar gümmürdände, deňiz bar zadyny kenara taşlaýar." O döwürki Konýanyň tebigatyny hem göz öňüne getirip görseňiz, Jelaleddiniň kalbynda neneňsi tupanlar–tüweleýler, neneňsi joşgun–daşgynlar möwç urýanyny çaklamak bolar. O şygyrlary, o kyssalary ýürekdäki duýgularyň ujypsyz bir bölegi hasaplap bolar. Şo döwürler Jelaleddini Kira hatyn diýen bir aýala öýlendirýärler. Äri ölüp, bäş ýaşly gyzjagazy bilen galan aýal Jelaleddiniň synan göwnüni seýikläp ugraýar. Olardan bir ogul, bir gyz bolýar. Seýit Burhaneddin Termezi hem halypalyk işini dowam etdirýär. Emma soňky wagtlar garranlygyny has gowy bilýär. Şonda–da özünde baryny aýaman Jelaleddiniň kämilligi üçin yhlas edýär. Jelaleddinem Seýit Burhaneddine beýik hormatyny ýitirenok. Ýöne bu halypa–da Jelaleddiniň ýüreginiň çuňunda dörän şo–ol teşneligi, bir zatlar gözleýjiligi, özünden närazylygy, garaz, pikirlerindäki şol düşnüksizligi, şol gümany kanagatlandyryp bilmedi. Muny Jelaleddin gowy duýýardy we öz halyna käýinýärdi. Burhaneddin Kaýseri şäherine gidesi gelýär. Jelaleddin göýberesi gelenok. Sebäbini soraýar weli, Seýit Burhaneddin Termezi:"Men işimi bitirdim. Saňa baka başga bir kuwwatly arslan ýola çykdy. Iki arslan bir ýerde oňuşmaz" diýýär hem–de özüniň halys gurpdan düşenini aýdýar. Seýit Burhaneddin Kaýserä gitse–de o taýda uzak ýaşaman ýogalýar. Jelaleddin ölüm habaryny eşidenden Kaýserä gidýär.Şo taýda birnäçe gün bolup, halypasynyň kitaplaryny alyp, matam–ýasly dolanyp gelýär. Jelaleddiniň ogly Soltan Weled Seýit Burhaneddin hakda soňra şeýle ýazar:"O ýyldyzlar arasyndaky Aýa meňzeýär." Seýit Burhaneddin Termeziden "Makalaat" diýen parsça kitap galypdyr. Jelaleddin näçe ýalňyzlygyň ejirini çekmeli boldy. Ol köňül gapysyny açan adama örän imrinýärdi ahyry, şoňa görä onuň eserlerinde–de açyk köňülden söhbet etmek edähedi bar. Onuň pikir–duýgulary ýaşyna garaňda örän ýokarydy. Diňe gam däl, diňe şatlygam däl, bu ikisiniň üýtgeşik bir ýugrulan hamyryndan saňa nygmat hödürleýär. Edil durmuşyň özi ýaly. Jelaleddin şeýhsiz galdy. Onuň ýoly şeýhsiz gidilýän ýol däl. Şeýhsiz mürid şeýtanyň terbiýesine uýýar diýilýär. Seljuk döwletiniň içi we töweregi hem ot bilen ýalyna dönüp barýar. Içki agzalalyklar güýçlenýär, daşarky howp barha ýakynlaşýar. Mongollar 1243–nji ýylyň 26–njy iýunynda Kösedagda seljuk goşunyny ýeňdiler. Birmahallar, baryp–ha 1071–nji ýylyň awgustynda örän güýçli ýaraglanan, başdan–aýaga sowut geýen, ýüz müň esgerli Rum goşuny on bäş müň atly türkmene baş bolan beýik Alp–Arslanyň öňünde dyza çöküpdi. Ynha, indi bolsa ne günlere düşüp ýörler. Bu wakalary başynda aýlap–çöwürip oturan Jelaleddin Rumy gelejekde neneňsi wakalar boljagyny, nähili hereket etmelidigini ölçäp–biçýärdi. Rumynyň bu kyn günlerinde oňa ýakyndan kömek eden Selaheddin Türk boldy. Selaheddin hünärmentleriň arasynda uly abraýa eýedi. Ol öz täsiri arkaly hünärmentleriň birleşiginiň, ýagny ahylaryň(ahylar–Ahy Ewren diýen bir türkmeniň başda durmagynda türkmençiligiň sosial–hojalyk däplerini Anadola ornaşdyran bir uly topar. Türkmenistanda bu mesele örän az işlenenligi üçin, taryhçylaryň muňa üns bermegi gerek) metjide we Jelaleddin Rumynyň şygyr ýazmagyna ýakyn ýardamçy bolmagyny başarypdyr. Bu jemgyýet Rumynyň maşgalasyna uzak wagtlap maddy ýardamçy bolmadyk bolsa, onda Adamzat nesli Rumynyň dünýä belli eserlerine gowuşmazlygy hem mümkindi. Üstesine–de Jelaleddiniň ýyl geldikçe özüni has erkin, hiç kime garaşsyz alyp barşy diňe patyşa–soltana däl, eýsem olara bil büküp duran, birtopar tamakinçilere, pursat araýjy arabozarlara we elbetde, ýaranjaňlara hiç–hiç ýaramaýardy. Ýaramasa–da Jelaleddine açyk garşylyk görkezmäge milt edip bilmeýärdiler. Munuň ilkinji sebäbi indi näçe ýyllar bäri Jelaleddiniň arkasynda jemgyýetiň iň guramaçylykly, agzybir we kuwwatly topary bolan ahylar berk durýardylar. Rumy hem halk bilen. Ynha, onuň bir mysaly: Soltan Yzzeddin emirlerini yzyna düşürip gelip, Rumynyň gapysyny kakýar weli, Rumy gapyny açdyrmaýar. Patyşa ýene bir gezek gelýär, Rumy gaty sowuk garşylaýar. Patyşa ondan nesihat bermegini soraýar:"Men saňa neneňsi nesihat bereýin?! Çopan bol diýdiler, sen gurt bolýarsyň. Garawul bol diýdiler, sen ogry bolýarsyň. Rahman seni patyşa edipdir weli, sen şeýtana uýýarsyň!" diýip, göni jogap bermekden çekinmändir. Jelaleddin halkyň uly hormatyny, goldawyny ýere çalmady.Özüni ile aldyrmagy başardy. Indi oňa Möwlana–biziň jenabymyz, uly jenabymyz diýip başladylar. Dogabitdi akylly–paýhaslylyk, ýokary ylmy kämillik hem–de ynsany edebindäki durnuklylyk Möwlana Jelaleddin Rumynyň töweregine köp adam çekdi. Ogullary atasynyň bu abraýyna guwanýardy, ikinji ogly Alaeddin bolsa ol abraýyň kölegesinde bolasy gelýärdi, ýagny atasynyň abraýyndan peýdalanyp ýaşasy gelýärdi. Ynha, şeýle ahwalda Seýit Burhaneddin aradan çykandan bäş ýyldan soň, 1244–nji ýylyň 26–njy noýabrynda Konýa bir kişi geldi. Ol Ruma ýolda sataşyp, uly iliň gözüniň alnynda ony saklaýar–da:"Eý, o dünýäniň, bu dünýäniň pikir–manysyny tiriji! Aýtsana! Muhammet pygamber beýikmidir ýa–da Baýezit Bistami?" diýýär. Ol tiz gepleýär, hereketleri çus, gözleri bolsa örän–örän ýiti. Töwerek doňup galýar: kim gahardan, kim gorkydan, kim bolsa bu düşnüksiz ahwaldan. Bu musulman şäherinde, mähelläniň ortarasynda Muhammet pygamberi Baýezit Bistami ýaly alym, sopylaryň şeýhi bilen deňemek ýol berilmesiz ahyry. Üstesine–de sorag beren kişi jogabyň nähili boljagyny bilip soraýar. Jelaleddin Rumy:"Elbetde, Muhammet pygamber" diýip jogap berýär we garşysyndakyny içgin synlaýar. Bir ýerde görlen gözler. Niredekä? Möwlana bir dem salymda geçmişde gören adamlaryny seçe–seçe, ahyry,netijä gelýär:Damaskda mähelläniň içinden bir kişi oňa: "Eý, manylar äleminiň alyp–satyjysy! Meni tap, maňa düşün." diýip köplüge siňip gidipdi. Şol,şol. Ol kişi ýene bir sorag berýär. Jelaleddin jogap bermän, baryp ony gujaklaýar we öz medresesine alyp gidýär. O kişä Şemseddin Töwrizi diýýärler. Möwlana Jelaleddin Rumy özi bile ýöräp barýan adamyň kimligini gumanam etmeýär. Şu sagatdan başlap onuň ömrüniň täze bir sahypasy açylýandygyny, şu güne çenli gören–eşidenleri, okanlary, tejribesi bir ýana, şu sagatdan soňky tä mazara çenli ömri bir ýana boljakdygyny gümanam etmeýär. Bu güne çenli näçe pidalar, näçe gamlar–gowgalar başdan geçenem bolsa, indiki görjekleriniň ýanynda olaryň kiçi bir zat bolup galjakdygyny, asyl häzir gujaklan adamsynyň adamdan başga ýakyjy, gowuryjy Güneş ýaly bir zatlygyny gümanam etmeýär. Jelaleddin häzir Şemseddin Töwrizini görenine begenip barýar. Bu kişä duşup, örän–örän kyn günlere uçrajakdygyny bilmän begenýär. Asyl, Şemseddin bilen geçirilen günler hernäçe ejirli bolsa–da ol ejir oňa bal bolup görner. Şemseddin Töwrizi kim? O näme üçin Möwlanany yzarlaýan ýaly bolup, soňunda–da göni duşuşdy? Gadymy ýazgylar Şemseddiniň Töwrizlidigini, kakasyna Aly, atasyna Mälikdad diýilýänini ýazýar. Başga bir ýazgyda Şemseddiniň Ysmaýyly şazadalygy, Jelaleddin New–Müselmanyň ogludygy, gizlin ylym alandygy aýdylýar. Şemsiň özi bolsa "Makalaat" kitabynda:"Töwrizde meniň Ebubekir atly şeýhim bardy. Sebet örüp gün dolaýardy..." diýýär. Ol bu şeýhini taşlaýar. Şäherden çykýar, gaýdýar. Soňra gala–gala, şäher–şäher söküp başlaýar. Şeýh baryny görýär, emma o şeýhleriň hiç biri Şemsi özüne okuwçy–mürid edinmek islemeýär. Şemsem olara boýun bolasy gelmeýär. O şeýhlere göwni ýetmeýär, olar hakda gowy pikirde däl. "Düýn enesiniň garnyndan çykypdyr weli, bu gün men Taňrydyryn diýýär" diýip Şems ýazypdyr. Onuň özüne göwni ýetik. "Men suwy çeşme başyndan içdim." diýýär.Ýa–da:"Uly Taňry bu gulundan syryny aýamaýar" diýýär. Ol kitabynyň bir sahypasynda:"Her kim şeýhinden söhbet eder. Bize bolsa düýşümde hut Resul aleýhissalamyň özi hyrka geýdirdi. Ýagny iki günde könelip–solup, ýyrtylyp giden, külhana atylan, ol–bi süpürmäge ýaraýan hyrka däl, söhbet hyrkasy. Aklyňa sygjak söhbetem däl. Şeýle bir söhbet weli, ne düýni bar, ne bu güni, ne–de ertiri.Yşkyň düýn bilen, bu gün bilen ne işi bar ahyry?!" diýip ýazypdyr. Bu özüni öwmek ýaly görünmesin, hakykatda, özüni tanatmak. Şems Töwrizi dünýä örän tankydy göz bilen bakýar, onuň her bir waka, hadysa, şahsa dialektik bakyşy bar. Ol mukaddeslik düşünjesini özüçe ýorýar, kanun–ýörelgelere özüçe bakýar we özüçe berjaý edýär. "Bu şeýhleriň köpüsi Muhammet dininiň haramylarydyr, garakçylarydyr." diýip, Şems ýürekdäkini hiç bir gypynçsyz, dogry aýdyp bilýär. "Her zat ynsana, ynsan bolsa özüne pidadyr. Taňry:"Biz gökleri ulaltdyk, arşy ulaltdyk" diýipmidi?! Arşa gitseň–de, arşyň üstüne çyksaň–da, ýedi gat ýer astyna girseň–de peýdasy ýok. Köňüle, köňül eýesine ýar bolmak gerek. Ähli pygamberleriň , erenleriň, tämiz ärleriň çalyşmasy, jan etmesi munuň üçindi, muny gözleýärlerdi. Bütin älem bir kişidedir. Ynsan özüni bildimi, her zady biler diýmekdir... Käbe dünýäniň ortasyndadyr. Bütin älem halky ýüzlerini oňa baka öwürýär. Onsoň şu Käbäni ortadan aýyrsaňyz, bir–birleriniň köňüllerine sejde edilýändigi görner. Onuň sejdesi munuň köňlüne, munuň sejdesi onuň köňlüne. "Ýa–da "Men kapyr, sen musulmansyň. Emma musulman kapyryň içinde. Älemde kapyr hany? Görkez, oňa sejde edeýin. "Kapyr men" diýseň, seni öpeýin..." Şemseddin Töwrizi özüniň pikir we garaýyşlaryna düşünmekde özgeleriň kyn güne galýandygyny duýýar:"Meniň şu sözüm örän agyr we müşgildir. Ýüz gezek sözlesem–de her gezek başga bir many aňlarlar, emma asyl manysy ýene–de şol öňki gyzlygyna galar, hiç kim düşünmez." Ynha Möwlana Jelaleddin Rumynyň ýanyna gelen Şems(Gün, Güneş) şeýle pikirdäki ýa–da şeýle pikirlenmäge öwrenişen ynsan. Onuň bütin pikir kerwenini doly aňlatmak üçin ýassyk ýaly bir kitap ýazmaly bolardy. Onuň öz ýazan kitaby deňiz ýaly giň we çuň pikirleriniň bir damjasy ýaly görlüp bilner. Beýik türk alymy Abdylbaky Gölpinarly Şems hakda:"Ol bütin dinleriň, bütin mezhepleriň üstüne çykypdyr... Şems, hakykatdan joşgun bir deňizdi." diýýär. Ynha, şol joşgunly deňiz dolup–daşyp, ahyry, Möwlana Jelaleddin Rumyny öz girdabyna aldy. Şems:"Memleketimden çykanym bäri Möwlanadan başga şeýh görmedim" diýýär. Sipehsalar bolsa öz kitabynda:"Şemsiň syryna Möwlanadan başga öňde–soňda düşünen bolmady" diýip ýazýar. Jelaleddin Rumy Şems bile medresä gelen pursatyndan başlap jadylanan ýaly bolýar. Ol, hakykatda–da, Şemsiň pikir–duýgulary sebäpli jadylanýar, bu dünýäden geçýär. Şemsiň atan pikir däneleri Rumynyň köňül topragynda ösüp başlaýar. Şems Ruma kitap okama diýýär. kitap bilen belli bir derejä çenli baryp bolýar, soňra pikir–duýgulara atlanyp, kötel ýola düşýäň, ýagny öz geçmeli menziliňi geçmeli. Rumy bilen Şems otagyndan çykman syr alyşýarlar. Rumy okuwçy okatmasyny, juma günleri wagyz etmesini goýýar. Onsoň bu waka bütin şahere uly şowhun berýär. Rumynyň ogullary, deň–duşlary, halaýyk munuň sebäbini öwrenip, Rumynyň öňde durmagyny, ýagny baş ymamlyk borjuny berjaý etmesini isleýär. Ýok, o haýyşlar berjaý edilmeýär. Şondan soň, ähli zadyň günäkäri hökmünde Şemseddiniň başyndan inip başlaýarlar. Sebäbi diniň uly wekili hökmünde Rumynyň abraýy sarsyp başlasa, gelşikli bolmaz. Konýada diňe Jelaleddin Rumy we uly ogly Soltan Weled Şemsiň tarapynda bolaýmasa, bütin şäher Şemse garşy we Şemsiň pikirlerini kabul etmeýärler. Rumy bilen Şems bolsa naý we rebap çalyp, onuň gamly sazynyň täsiri bilen pyrlanyp, sag aýasyny asmana açyp, çep aýasyny aşak açyp tans edýär. Bu nämäniň alamaty? Hany öňki haýal, äwmezek hereketli Jelaleddin Rumy? Dogabitdi süňklek, etlek göwre hany? O tanslara semaa(asman) tanslary diýilýär. Bu tanslar soňra Möwlewi tarykatynyň bir bölegi hökmünde ulanylar. Häzirki wagtda–da o tanslar ýerine ýetirilýär. Beýik türkmen–türk klassygy Hajy Bekdaş Weliniň adyna gurlan Bekdaşy tarykatynda–da semaa tanslary başgaça görnüşde ýerine ýetirilip gelinýär. Şemse garşylyk barha güýçlenýär. Rumy Şemse, Şems Ruma barha jebisleşýär. Soltan Weled o günler hakda şeýle ýazýar:"Ol(Jelaleddin) onuň (Şemsiň) deňizinde ýüzýän balyga döndi. Jandan, köňülden oňa gul boldy." Rumy bolsa Şemsi öwüp ýadanok:"Özi serdar, özi leşger–Güneş we Aýdyňlyk leşgeri bolan patyşadyr." Rumynyň ikinji ogly Alaeddin bolsa Şemse garşy duranlaryň öňünde barýar. Şemsi gorkuzyp, oňa haýbat atyp, onuň şäherden gitmegini isleýärler. "Şemseddini gördükleri gylyja el ýetirýärler, ýüzüne bakyp oňa sögýärler. Hemmeler Şemsiň Konýadan gitmesini ýa–da ölmesini isleýärdi" diýip gadymy ýazgy habar berýär. Üstesine–de, halaýygy geň galdyrýan bir zat bar:Şeýle hormatly, şeýle akyl–paýhasly, şeýle mertebeli Möwlana Jelaleddin Rumy Şemsiň nämesine baş egýärkä? Şems nädip ony özüne gul–köle bolar ýaly edip bilýärkä? Ýa jadylaýjy bir güýçmükä? Möwlana asmandaky Aýa, Güneşe bakman, diňe Şemse bakýar, Şems meniň Aýym, Şems meniň Güneşim diýýär weli, ýa Möwlananyň akly üýtgäp ýörmükä? Bu sowallaryna jogap tapmadyk halk Şemse garşy barha beter gaharlanýar. Şems hem "Maňa garşylyk barow" diýip çekiljeklerden däl. Onda–da gahar güýçli. Olam Möwlanany elden berjege meňzänok. Ol Möwlananyň gapysynda gul–garawul ýaly bolýar. Gelene:"Möwlana näme getirdiň, göwnüňden çykaryp näme bermekçi?" diýýär. Gelenleriň biri gaharlanyp:"Özüň näme getirdiň?" diýipdir weli, Şems:"Men özümi getirdim, başymy onuň ýoluna pida etdim." diýip jogap beripdir. Ol şäheriň din wekilleriniň bir söhbetdeşligine gatnaşyp, bir burçda gürrüň diňläp oturypdyr. Biri:pylan pir şeý diýdi diýipdir, ýene biri: pylan şeýh şeý diýdi diýipdir, başga biri:pylan sopy şeý diýdi diýipdir weli, Şems dymyp oturyp bilmändir, syçrap turup, ýaňkylaryň sözüni kesipdir: ––Siz haçana çenli onuň, munuň sözüni aýdyp wagt geçirip ýörjeksiňiz?! Haçan:"Kalbym hudaýymdan söhbet edýär" diýerkäňiz?! Siziň öz sözleriňiz nirede? Şemsiň dartyk damarlygy, aşa açyk, aşa gönümel we hiç bir jylawa girmejek sarç pikirliligi ony ýyllarboýy partlajak–partlajak bolup duran hala getiripdir. Bu dünýä oňa dar gelýär, diňe Jelaleddin Rumynyň dünýäsinde orun tapyp, rahatlyk tapyp bildi. Muny hem oňa köp gördüler. Däli göwün göterildi gitdi. Möwlana Jelaleddin Rumy bir gün irden tursa Şems ýok. O gün 1246–njy ýylyň 15–nji fewral günüdi. Jelaleddin Rumy o güni Gün dogmady diýip hasaplady. Konýanyň bütin halky bolsa Möwlana öňki halyna geler, ýene dersler berer, ýene wagyz eder, ýene halaýygy töweregine üýşürip şirin–şirin söhbetler eder öýtdi. O halk Şems gidende eli boş gidendir öýtdi. Emma Şems Möwlana Jelaleddin Rumynyň kalbyny goparyp alyp gidipdi, onuň erk–hyýallarynyň ählisini özüne baglaý–baglaý gidipdi. Görüň, dostuny, syrdaşyny, gözüne aýdyňlyk beren Aýyny, Güneşini ýitiren Jelaleddin Rumy ne hallara düşdi! Muny onuň özi şeýle aňladýar:"Başymda şeýle bir höwes bar, beýle höwes hiç kimde ýok. Men ynsan däl ýaly, gözüme hiç kim görünmeýär, ynsanlardan ap–aýry men. Bu habar zerarly şeýle bir hala geldim, özümden habarym ýok. Yşk patyşasy her wagt müňlerçe soltanlyk, müňlerçe ülke bagyşlaýardy...Gijeden–de geçdim, gündizden–de..." Ol indi öňki Jelaleddin Rumy däl. Ol birmahallar özünde–pikirlerinde dörän birahatlygy, bir zat gözleýjiligi, özünden kanagat tapman kösençlikleri, dünýädäki ýüz müň serhedi, çyzyklary, diwarlary, beýik–beýik bentleri, gadaganlyklary, haram–halallary, süýji–ajylary we ýene şuňa meňzeş millionlarça şertlilikleri ho–ol aýak astyna taşlap, täze bir pikir–duýgy Älemine aralaşdy. Ol Äleme ony Şems, diňe Şems we diňe ol alyp bardy. Şemsiň diňe özi ýalňyzlykda o Äleme aralaşyp bilmejekdi. Gyzykly tarapy Şems aýdan–düşündiren Älemine ýol tapman kösense, Rumy o ýoly tapdy we ikisi hem täze Älemiň eýesi boldular. Şems Jelaleddin boldy, Jelaleddin Şems boldy. Ýönekeý halk bu syrlardan örän–örän uzakdady. Şoňa görä Jelaleddin Rumy we Şems Töwrizi öz asyryndan we şondan soňky asyrlardan öň, has öň, ýagny wagtyndan gaty ir dünýä inipdirler. Şems:"Öz dilimde sözläp başlasam gülerler, kapyr diýerler." Olaryň darajyk hüjrede oturyp, gije–gündiz alşan syrlary asyrlaryň şasy hasaplanan ýigriminji asyrda–da açylman ýa–da halka ýetmän galdy. Biz şu mahal diňe syr barlygyna göz ýetirdik, şoňa görä o iki gerçegiň adamzat üçin sowgat goýup giden syrlary ýigrimi birinji asyrda–da syrlygyna galsa gerek. Onsoňam o beýikleri haýsydyr bir asyrlar bilen ölçejek bolmak olaryň ne derejede giň we çuň pikirlidigine düşünmezlikden gelip çykýar. Adamzat başga ýüz müň mesele bilen gyzyklanyp ýetişýär, emma özüne wagty ýok, özüni tanamaga az synanyşýar. Ähli umydyny gelejekden gözleýär, ýöne gelejegi hem getirmek gerek ahyry. Biz häzir şeýle bir howply burça dykyldyk weli, gelejek gelmez hala düşdük. Mundan çykalga nirede? Gelejegiň özünden–ä sorap bilmersiň. Biz geçmişe ulumsylyk bilen baka–baka şu günümiziň neneňsiligini hem seljerip bilmez hala geldik. Bakyň, on üçünji asyrda aýdylan pikirler–syrlar köpimiz tarapyndan unudylyberipdir. Beýikden beýik Rumyny köpbilmiş günbatar diňe on dokuzynjy asyrda az–kem tanap galdy. Nämemiş, günbatar o derejede ösenmiş, has medeniýetlimiş, gündogara mätäçlik ýokmuş. Dogrudyr. Ýöne Günüň gündogardan dogýanyny bir inkär etmeli däl ahyry. Eýsem, Paýhasly Gün adamzady günbatar, gündogar diýip şertli, manysyz böleklere bölenok. Eger Rumy günbataryň bir ýerinde dörän bolsady. O–ho–ho–how! Bu dünýäde Adamzady ýok bolup gitmek howpuna diräp goýan şol bölünişik dälmi?! Ony öz syrlarynyň biri hökmünde gören Rumyny okaň, näme diýýär? Zamanasynyň zalymlygyndan, garalyklaryndan howatyrlanyp, açyk aýdyp bilmän, özümiziň çuňlaşyp düşünmegimize goýlan pikirleri hakda–da oýlanyberiň. Hristian günbatarda haçly ýörişler mukaddes söweşler hökmünde öňe sürülýärkä, özge dindäkilere öz dinini tutmaga ygtyýar bermeýärkäler, beýik–beýik ylym, magaryf adamlaryny dardan asyp, oda ýakyp ýörkäler Şems bilen Jelaleddin ilden gizlenip, gaýtalanmajak pikirler dükanynda işleý–işleý birleşmek, geçirimlilik hem umytlylyk hakda belent duýgulary başdan geçirýärdiler. Seniň üstüňe gylyç gezäp gelýärler, sen bolsa eliň Güne meňzeş çörekli olaryň öňünden çykmalymy? Jelaleddin din, millet, dil, jyns, maddy baýlyk meselesinde hiç bir tapawut goýmaly däldigini diňe öz eserlerindäki pikirler arkaly däl, eýsem hut gündelik hereketleri bilenem görkezdi. Onuň ermeni, grek, jöhit we beýleki milletlerden dostlary gaty kändi. Alaeddin Sirýanus diýen bir gregi dar agajyndan alyp gaýdan Rumydy. Şemse dolanalyň. Onuň ýitmegi bilen Jelaleddin Rumy öňki halyna gelmedi. Bar arzuwy Şemsi tapmak boldy. Gelen–geçen kerwenlerden, derwüş–sopylardan dört hat–habar ýollap, Şemsden bir habar bilesi geldi. Atasy bilen pikirdeş we dost bolan ogly Soltan Weled hem Şemsiň ýitenine az gynanmaýar. Olam Şemsiň tarapdary. Uzak gözlegleriň, intizarlyklaryň ahyrynda Damaskdan bir hat gelýär. Şems özüniň diriligini bildirýär. Jelaleddin Ruma täze jan girýär. "Şemseddin geläýse, hoş bolup şu başymy bereýin. Eýsem, şu başymdan başga berere zadymam ýok." Möwlana Jelaleddin Rumy öz halyny uzak gije ýana–ýana, ereý–ereý daňa, sähere, Güneşe garaşan şeme meňzedýär. Ol Şemsden gelen haty maňlaýyna sylyp, elinden düşürmeýär, gaýtalap–gaýtalap okaýar. Edil çaga ýaly begenýär. Ony synlaýan ogly Soltan Weled:"Leýli bilen Mejnunam bir–birege munça yhlasly bolan däldir" diýen netijä gelýär. Rumy haýal etmän Şemse bir hat taýýarlaýar, soň Soltan Weledi çagyryp Damaska gitmegi, Şemse şu haty gowşurmagy, Şemsi göwnedip alyp gelmegi haýyş edýär. Soltan Weled bu hyzmaty bitirmäge hoş bolup ýola düşýär. Damaskda Şems ýok. Onuň Halapdalygyny bilip, tapyp Damaska getirýarler. Rumynyň hatyny gowşurýarlar. Şems begenýär. Soltan Weled ony Konýa gitmäge göwnetmek üçin şeýle bir täsirli,şeýle bir ýumşak sözler tapýar, ýalbarýar. Rumynyň halyny aňladýar. Şems Konýa gitmäge razy bolýar. Ol soňra öz "Makalaat" kitabynda:"Möwlana üçin bolmasa Halapdan çykmazdym. Ataň mazardan çykdy... gel gör... diýselerem, ilki Möwlana baka giderdim" diýen manyda ýazýar. Olar Damaskda uly semaa tanslaryny guraýarlar, märekäni akly haýran edýärler. Gaýdyşyny Soltan Weled Şemse hormat üçin hem–de çaksyz begenjine çydap bilmän pyýada gaýdýar. Şemsiň ýalbar–ýakarynada bakmaýar. Şems atly, beýlekiler pyýada."Patyşa–da at münse, gulam at münse bolmaz. Men pyýadadan beter, başymda ýöremeli" diýýär. Olar Konýa golaýlanlarynda Soltan Weled öňden çapar ýollap, Ruma buşlamagy buýrupdyr. Buşlukçy habary aýdanda, Rumy bütin baryny–ýoguny, hatda donuny, ýapynjasyny, sellesine çenli sowgat beripdir. "Ýollara suw serpiň, häzir söýgüli gelýär. Baga–bakja buşluk iberiň: baharyň ysy gelýär... Nurlar bagyşlaýan ýüzünden nurlar saçyp gelýär." 1247–nji ýylyň 8–nji maý güni başda Möwlana Jelaleddin Rumy bolmak bilen derwüş–sopylar, baýlar–begler, ahylar, ogullar–gyzlar, garyndaşlar–bary ýol ýakasyna çykyp garaşdylar. Şems uzakdan görnenden atdan düşüp ýöräp gaýtdy. Rumyny görenden gyssanmaç gelip garsa gujaklaşdylar. "Haýsynyň jan, haýsynyň bedenligi belli bolmady" diýip gadymy ýazgylar habar berýär. Halaýyk öňki duşmançylyk üçin toba etdi, Şemsem ählisini bagyşlady. Şol günden Rumy bilen Şems bilelikde semaa tansyny edip başladylar. Her kim olary myhmançylyga çagyryp başlaýar. Jelaleddin Rumy Şemsiň Konýada kök urmasy üçin ýol gözleýär, onuň sergezdan kalbyny Konýa baglasy gelýär. Onsoň Rumy Şemsi öz terbiýeläp ýetişdiren Kimýa atly gyzlygyna öýlendirýär. Olara medresäniň bir otagyny berýärler. Şu arada Rumynyň ikinji ogly Alaeddin yrsarap başlaýar. Töwerekden oňa meçew berýänler tapylýar. Az wagtdan Şemsiň öýlenen Kimýa diýen gelini aradan çykýar. Käbir ýazgyda Kimýa zäherlenip öldürildi hem diýilýär. Konýada ýene Şemse garşy hyşy–wyşylar başlanýar. Şems muny gaty gowy duýýar hem–de Soltan Welede birküç ýola aýdýar:"Men bu sapar şeýle bir ýitjek weli, hiç kim yzymy tapmaz ýaly etjek. Şeýle bir ýitjek, asyl demler, döwranlar geçer. Ahyry:"Ony hökman bir duşman öldürendir" diýerler." Şemsiň bu duýduryşyndan az wagtdan soň Şems ýitýär. Ir bilen Şemse salama gelen Rumy ony tapmaýar. Derrew Soltan Weledi çagyrýar, gözläp başlaýarlar. Rumy Şemseddiniň ýene Damaska gidenini güman edýär. O hakdaky gürrüňlere ynanman ýaşaýar. Özi ýola şaýlanyp, Damaska barýar. Medrese baryny, metjit baryny, kerwensaraýlary gözläp Şemsi ideýär. Ýok. Bazar–dükanlara sorag salýar. Ýok. Rumy gamly halda Konýa dolanyp gelýär. Günleriň birinde bir kişi gelip, köçede Şemsi görenini aýdýar. Rumy oňa halat–serpaýlar berýär. Töweregindäkiler o geleniň ýalan sözlänini aýdýarlar. Şonda Rumy şeýle diýýär: ––Wah, ýalan sözläni üçin zadymy berdim, çyny bolsa janymy bererdim. Onuň bu günlerdäki haly harap durmuşyny görenleriň gözünden ganly ýaş akýar. Emma çäre ýok. Şemsden birje nyşan tapyp bilmän kösenýär. Onsoň Rumynyň sabyr käsesi dolup, ýene Damaska baka ýola rowana bolýar. Ol Damaskda töweregindäki derwüşler bilen semaa tanslaryny edýär. Sebäbi Şems şeýle tanslary söýýär. O tanslary görse, özüni görkezmän bilmez diýip oýlanýar. Bagrym saňa kebap bolsun. Gözýaşlarym şerap bolsun. Şonda–da Şems gara bermeýär. Göwniçökgün ýagdaýda ýene Konýa gaýdyp gelen Ruma ogly Soltan Weled ähli hakykaty aýtmaga mejbur bolýar. Ýöne bu aralykda gaty köp rowaýat, ýalan–ýaşryk gep bary orta çykýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |