13:53 Jelaletdin Rumy / dowamy | |
Rumynyň ikinji ogly Alaeddin we onuň bilen bile birnäçe adam Şems biçäräni 1247–nji ýylyň 5–nji dekabr güni pyçaklap öldürip, beýle ýandaky gurruk guýa taşlaýarlar. Muny az wagtdan soň tötänden duýýarlar. Birnäçe kişi Soltan Welediň ýolbaşçylygynda meýidi guýudan çykaryp, medresäniň gizlin bir ýerinde jaýlaýarlar. Muny soň–soň eşiden Rumy Alaeddin diýen ogly bilen gatnaşygy çürt–kesik kesýär. Hatda şo ogly 1262–nji ýylda ölende onuň jynaza namazyna–da gatnaşmaýar. Möwlana Jelaleddin ol oglunyň Şemse garşylygyny öňden duýýardy, bu mesele bilen bagly ogluna ýazan iki sany haty häzire çenli saklanyp galypdyr. Emma oglunyň adam öldürmäge çenli ýetjegini Rumy hiç–hiç güman etmeýärdi. Şu taýda ýene bir pikir hem aýtmak zerur. Şemsiň şehit edilmesi onuň ömrüni kesen sebäp bolsa–da, Şems bu dünýä gelip etmeli işini bitiripdi, ýagny beýnidäki we köňüldäki ömriboýy döräp, toplanyp, ýaryljak–ýaryljak bolup duran syrlary Möwlananyň kalbyna guýdy. Şems boşap galdy, durmuşda maksat galmady. Şoňa görä, ol öldürilmedik bolsa–da uzak ýaşamazdy diýip güman etmek bolar. Ölüm ony almadyk bolsa, onuň ýene bir ýana sergezdanlyga gitjekdigi weli ikuçsuzdy. Oňa:"Uçan Şems" diýlip ýönelige lakam goýulmandygy belli. Şemsiň mazary hem näçe asyrlar gizlin galyp, diňe ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda tötänden belli boldy. Onuň ylmy, tejribe derejesini özünden–de ýokarda tutan, şonuň üçinem ähli halaýygy geň galdyran Möwlana Jelaleddin Rumy Şems bolmadyk bolsa häzirkisi ýaly şeýle mertebeli, şeýle populýar we hiç mahal könelmejek klassyk bolup bilermidi? Meniň pikirimçe, bolup bilmezdi. Şemsiň Jelaleddine berenini hiç kim berip bilmejekdi, üstesine–de Şemsiň beren hazynasyny diňe Jelaleddin almagy we öz gazanynda gaýnadyp bişirmegi başardy. Şu taýda müňlerçe sowalyň içinden bir sowala has köp ünsüňizi çekesim gelýär. Eger Rumynyň Rumy bolmagynda Şems Töwrizi baş rol oýnan bolsa, näme üçin öz hazynasyny onuň özi peýdalanmak islemedikä? Başgaça aýtsak, Şems Töwrizi Rumy bilen bir basgançakda durmak meýlinde bolmadymyka? Edebiýat taryhyna bakylsa, Şemsiň populýarlygy, meşhurlygy ýok. Munuň sebäpleri köp bolsa gerek. Ähli sebäbini aýtmaga biziň güýjümiz ýeterli bolmaz. Emma käbirlerini aydyp geçeliň: Birinjiden,Şems örän gaharly, nerwleri çyrpynyp dur. Bilşiňiz ýaly, gahar ähli zady ýakýar, ozaly bilen şol gahary göterip ýöreni ýakýar. Il içindäki abraýyňa çirk ýetirýär. Basalykly oturyp işlemäge, dogrusy, ýazmaga münkinçilik bermeýär, sebäbi sabyry gamçylap kowýar. Gadymy ýazgylaryň aýdyşyça, Şems bir ýerde okuwçy okadýan wagty dersi özleşdirmedik bir çagany ökjesinden asyp goýupdyr. Ikinjiden, Şems uly alym bolsa–da onuň ýazyjylyk, şahyrlyk zehini o diýen ösmändir. Ýogsa, Şemsiň pikir öwrüp bilşi, duýgyny pikir bilen ýugrup bilşi gaýtalanmajak derejede. Üçünjiden, Şems öz yzyna eýerijileri, dogrusy, özüni goldaýjylary döredip, gurap bilmedi. Muňa onuň ýetim ýaly görünmesi, ýagny aslyny halaýyga tanadyp bilmeýşi hem–de maddy ýagdaýynyň gaty pesligi–pukaralygy sebäp bolupdyr. Dördünjiden, ol halk, maşgala meselesinde kök urup bilmedik, kök urjak hem bolmadyk ynsan. Bäşinjiden, edebinde, özüni alyp barşynda hiç bir çeýeligiň ýoklugy, ony her ädimde büdredipdir. Beýleki sebäpleri bilelikde oýlanybereliň. Möwlana Jelaleddin Ruma bolsa kämilligiň iň ýokary derejesine çykmak üçin diňe Şems ýetmezlik edýärdi. Alla olary bir–birine gowşurdy. Soňra Rumyda şeýle setirler dörär: "Her zady ýitirmek–tapmakdyr. Her zady tapmak–ýitirmekdir." Öz ogly we beýlekiler tarapyndan Şemseddin Töwriziniň wagşylarça öldürilmegi Möwlana Jelaleddin Ruma iň uly urgy boldy. Ol çaga ýaly möňňürip aglap gezdi. Dostlugyň–ýoldaşlygyň, ynsana söýginiň iň ýokary nusgasyny görkezýän Rumyny synlanlar:"Adam ata döräli bäri beýle dostluk, beýle söýgi görlen däldir" diýlen netijä geldiler. Rumy bilen Şems pynhanlyklar hüjresinde otyrkalar olaryň pikir–duýgulary kämil ynsan arzuwlary bilen joşýardy. Şemsiň " Kämil Töwrizi" lakamy ýönelige däl. Olar "Kämil ynsan düşünjesine örän uly hem täp–täze many berdiler. Köňül dünýäsini döredýän söýgi ähli sebäpleriň başynda durýar. Söýgili köňül kämil ynsany döredýän esasy güýçdir. Kämil ynsan bolsa, ynsana bagly ähli meselelere çözgüt tapyljakdygyna olar pugta ynanýardylar. Rumy bu hakda oýlananda genial bir pikir aýdypdyr: "Öz köňül dünýäňe akyl ýetirmek we oňa häkimlik etmek birmahallar Aleksandr Makedonskiniň bu dünýäni basyp alyşyndan has kyndyr. Ýöne iň müşgili soň başlanýar: "Ähli zady bilip, oňa akyl ýetirip, dünýäniň panylygyny görseňem hiç bir zady üýtgetmäge kuwwatyň ýetmezlik. Ine, Synaglaryň iň kyny şudur." Şemsiň ölenine ynansa–da, köňül Şemsden dönenok. Rumy pyrlanyp–pyrlanyp semaa tanslaryny edýär. Gan aglap tans edýär. Rebabyny, naýyny çalýar: rebabam, naýam Rumy bile aglaýar. Halk Ruma göwündeşlik üçin, onuň derdini ýeňletmek üçin semaa tanslaryna goşulýar. Rumy mahal–mahal wulkan kimin atylyp–joşup şygyr aýdýar: "Söýgüli! O garyplyk ýurdunda näme üçin munça wagtlap eglendiň galdyň? Ýat illerden dön, ýene gel! Bu aýralyk haçana çenli dowam etjek? Ýüzlerçe hat ýolladym, ýüzlerçe ýol görkezdim. Ýa ýollary bilmeýärsiň, ýa hatlary okamaýarsyň. Ýene gel, o tussaghanada hiç kim seniň gadryňy bilmez. Daş ýurekliler bilen oturma, sen bu magdanyň göwherisiň ahyry. Eý, köňülden, jandan gutulan, ey köňülden, jandan el ýuwan, eý jahan duzagyndan azat bolan! Ýene gel, sen dostlardansyň." Möwlana: "Meniň bilen Şemsiň arasynda parh ýok. Men–ol, ol–men. Men Şemsi özümde görüp bilerin" diýip oýlanýar. Şo günlerden soň ol köne dosty Selahaddine köp üns berip başlaýar. Selahaddini özüne iş dolandyryjy edinýär. Selahaddin öz bolşy, işi bilen Rumynyň göwnünden turýar. Rumynyň köňlündäki ýalňyzlyk oduny öçürmäge dyzaýar. Ol Ruma on ýyl hyzmat edýär we 1258–nji ýylda aradan çykýar. Bu ýyllar semaa tanslary , rebap–naý çalmak bilen geçýär. bu diňe daşdan görene şeýle görünýär. Aslynda, içki pikir leşgeri çar yana ýörişler edýär. Şems pahyr bilen edilen söhbetler, pikirler, netijeler ýaňadan seljerilýär, çuňlaşdyrylýar. Şygyrlar has üýtgeşik ýazylýar. "Şygyr hakda aýdar ýaly o nämemiş? Mende goşgy goşýanyň ussatlygyndan has ähmiýetli ussatlyk bar." Bu ýyllar mongollar söweş baryny edip, Anadoly şäherlerini, ýagny seljuk imperatorlygynyň hakimlik eden ýerlerini basyp alan ýyllary boldy. Olaryň köpüsi mongol wassallygyna geçip, örän namysa degiji durmuşda galdylar. Dogan–dogany öldürýän bir ýagdaý halkyň başyna düşdi. "Mongollardan gaçmaly däl" diýip, Rumy maslahat berýärdi. Gaýta, olaryň içine girmeli, olar musulmanlygyň öň ýanyndaky adamlar, olary öz ojagymyzyň başyna çagyrmaly diýýärdi. Ol mongollaryň medeniýetiniň pesligini synlap, olaryň iru–giç öz yzlaryna düşjegini aýdýardy. Soňra Möwlananyň ogly Soltan Weled we agtygy Uly Aryf Çelebi mongollaryň serdarlarynyn hormat goýmagyny gazanypdyr. Mongol hany Gazan Mahmyt han Rumynyň täsiri arkaly musulman bolýar we Rumynyň şygyryndan setirleri altyn sapak bilen öz hyrkasyna ýazdyrypdyr. Başga bir mongol hany Ilhan Keýhatu düýşünde Möwlanany görüp, Konýany talaňçylyga bermekden el çekipdir. "Süriniň çopany şo sürä laýyk kişidir." Mongollara ýapjalyk edip, ýerli adamlary, han–begleri öldürip ýören soltan Rukneddin Perwana bir gün Jelaleddin Rumydan öwüt almakçy bolupdyr. Rumy–Kurany ýat tutanyňy, Şeýh Sadreddinden Jamy al–usul okaýanyňy eşitdim. Soltan Perwana–Hawa, hawa. Rumy–Taňry bile Pygamberiň sözüni ýerine ýetyirmäňsoň hem–de halka zulum edeňsoň, men saňa näme diýeýin?! Olary diňlemän, meniň sözümi diňlejek bolýaňmy? Halk aç–hor ýaşaýarka, Rumy olardan üýtgeşik ýaşamak islemändir. Soltan Rukneddin bäş käse altyny Ruma iberipdir weli Rumy o altynlary hendege taşladypdyr. "Köňli aýdyň bir kişä gul bolmak–patyşalaryň başlaryna täç bolmakdan has gowudyr." Ýene bir nakyl kimin söz: "Akyldaryň ýamany–begleriňkä baranlardyr, begleriň gowusy–akyldaryňka baranlardyr." Rumy bütin ömründe patyşalaryň, soltanlaryň, han–begleriň ýa puldarlaryň öňünde bir gezegem kiçelen adam däl. Onuň bu durnuklylygy hakda gadymy ýazgylarda örän köp rowaýatlar, hekaýatlar sözlenýär. Onuň özi hem bu häsiýetinden lezzet alypdyr: "Tamakinligiň arkasyny gaşamadym." Bu ýyllarda Rumy kömekçisi Selahaddiniň hereketlerinden Şemseddiniň sypatlaryny gözläp ýaşaýar. Ol hernäçe özge işlere güýmense–de Şems hiç–hiç unudylanok, edil şu gün aradan çykan ýaly duýguda ýaşaýar. Şemsiň ruhy tutuşlygyna Jelaleddin Ruma siňipdir. Rumy Güni batan bir kişi ýaly ýaşaýar. Emma şo garaňkylykda–da Şemsiň ruhy Ruma yşyk berýär. Selahaddin ony hernäçe açmak, matamdan saklamak islese–de bolmaýar. Selahaddiniň öňe geçmesi beýleki müridleriň, şeýhleriň we din adamlarynyň köpüsi tarapyndan garşylyga uçraýar. Sebäbi Selahaddini sowatsyz hasaplaýarlar. Emma Selahaddiniň tebigy paýhasy, durmuş tejribesi, üşükliligi we manylara teşneligi kitapdan diwar ýasaşyp, ortasynda oturanlardan üstün gelýär. "Medresede alan bilmiň başga iş, ýşk bolsa büs–bütin başga bir iş." Selahaddiniň özüni tutuşyndan Möwlana hoş bolýar. Onsoň onuň gyzyny öz ogluna, ömürlik dost bolan ogluna, Rumynyň beýikligine döz gelip bilen ogluna, ýagny Soltan Welede gelin etmek teklibini aýdýar. Taraplar razy, ogul razy, gyz razy. Şeýdip, Möwlana Selahaddin bilen garyndaş bolýar. Şu taýda Rümynyň häsiýetiniň özboluşlylygy hakda ýatladasym gelýär. Ol bütin ömriboýy öz beýikligini orta atan, dile alan adam däl, ýa–da öz beýik abraýyny öz peýdasyna ulanan ynsan däl. Onuň ýanyna iň köp gelýän kimler, o kimleriň ýanyna köp barýar? Ynha, olar: işçi, senetkär, dellek, agaç ussasy, dokmaçy, suratçy, rebapçy, kassap, täjir, naýçy, arhitektor we şuňa meňzeşler. Elbetde, döwrüniň alymlary Rumydan uzakda däl. Olaryň köpüsi Rumynyň eserlerinden täsirlenipdirler, Rumy bilen bir döwürde ýaşaýandyklary üçin özlerini bagtyýar hasaplapdyrlar. Ýene bir gyzykly fakt: Rumystana baran üç sany beýigiň üçisi hem horasanly. Olar Rumy, Hajy Bekdaş Weli, Ýunuz Emre. Bu üçüsi ilki Seljuk döwletiniň, soňra Osman imperiýasynyň, has soňrak bolsa täze Türkiýe döwletiniň ruhy sütünleri bolup hyzmat etdiler. Bu üç beýigiň bir–birek bilen gatnaşyklary, Rumynyň Hajy Bekdaş Welä, Ýunus Emrä täsiri hakda doly aýtmak üçin uly bir kitap ýazmaly boljak. Diňe esasy pursatlar hakda söhbet edip kanagatlanalyň. Hajy Bekdaş Weli 1209–10–njy ýylda Nyşapurda şo ýeriň soltany Seýit Muhammet Ybrahym Saniniň maşgalasynda dünýä inip, 1270–71–nji ýylda häzirki Türkiýäniň Bekdaş şäherinde dünýäden ötüpdir. Bekdaşyýa tarykaty bar. Bekdaş–ýer ady we tire adydyr. Balkan welaýatynda Bekdaş şäherçesi bar. Gazanjykda bekdaş tiresi oturýar, nohur obalarynda–da bekdaş ady, lakamy örän ýörgünlidir. Rumy we Hajy Bekdaş Weli ýogalandan soň ýazylan kitaplarda olar bilen bagly gürrüňler, rowaýatlar getirilýär. Ýöne olaryň hakykata ne derejede ýakynlygyny aýtmak kyn.Olaryň durmuşa, hadysalara bakyşy hem örän parhly. Rumy keramat diýlen düşünjä özboluşly garaýar. Bir kişi uçupdyr, biri pylan zat edipdir diýseler, ol geň görmändir. Ony keramat hasaplamandyr. Ol keramat diňe ynsan ruhunda bolup biler diýip ynanypdyr. "Kämil ynsany görmek keramat diýipdir" diýip, beýik alym A.Gölpinarly ýazýar. Rumy eserlerinde dürli keramatlar hakda gürrüň etse–de, ony edebi däbe görä ýazýar. Bir rowaýatda Hajy Bekdaş Weliniň suwy gana öwrüşi hakda Ruma aýdypdyrlar weli, ol: "Tämiz zady pislemek ýeňil iş, pisligi tämizlemek hünärdir" diýenmiş. Ýene bir rowaýatda Hajy Bekdaş Weli müridleriniň birini Konýa, Möwlananyňka ugradýar. Mürid barsa Möwlana şäher yakasyna çykyp, garaşyp durmyş. Ol mürid bilen gürrüňçilikde: "Hajy Bekdaşa baka her gün ýedi deňiz, sekiz derýa akýar" diyenmiş. Hajy Bekdaşyň ömri, durmuşy hakdaky köne kitaplarda–da ony başdan aýaga rowaýatlara, keramatlara çumürip görkezýärler. Möwlana ýogalandan soň döredilen Mewlewiýa tarykaty hem–de Hajy Bekdaş ýogalansoň döredilen Bekdaşyýa tarykaty arasyndaky baglanyşyklar, täsirler hem aýratyn bir söhbetiň temasydyr. Jelaleddin Rumynyň beýik türkmen–türk klassygy Ýunus Emre bilen örän ýakyn we ýurekdeş gatnaşykda bolanlygyny deliller bilen aýdyp bolar. Ýunus Emre takmyn 1240–41–nji ýylda, ýagny Rumynyň doglan ýylyndan 33–34 ýyl soň Horasanda dünýä inip, 1320–21–nji ýylda dunýäden ötüpdir. Ýunus ähli şygyrlaryny türki dilde ýazan ilkinji şahyrlaryň biridir. Şeýle kiçigöwünli şahyr Rumynyň beýikligine, onuň bilen dostlygyna guwanyp ýaşäpdyr. Konýada köp–köp gezek bolup, Rumynyň söhbetlerini diňläp, naý çalyşyny, semaa tanslaryny ýerine ýetirişini gana–gana synlapdyr. Möwlana Hudawendgär bize nazar kylaly, Onuň görkli nazary köňlümiz aýnasydyr. ýa–da: Fakih Ahmet Kutbeddin, Soltan Seýit Nejmettin, Möwlana Jelaleddin–ol kutby jahan hany?! ýa–da: Möwlana söhbetinde saz bile eşret boldy. Arif manyga çümdi, çün biledir perişde. ýaly setirler bilen Ýunus Ruma hormatyny görkezýär. Möwlana Jelaleddin Rumyny jahanyň kutby, ýagny jahanyň akyldar, bilimdarlarynyň, şahyrlarynyň iň beýigi, gupbasy diýýär. Ýadyňyzdadyr, Magtymguly Jelaleddin Rumyny manylar jamyna meňzedipdi. Magtymgulynyň öz atasy Döwletmämmet Azadydan başga, iň köp täsir alany Jelaleddin Rumy bolsa gerek. 1819–20–nji ýylda aradan çykan şeýh Süleýman"Bahr–al–Wilaya"diýen kitabynda Ruma degişli edip bir hekaýat getirýär:"Ilahy ylymlaryň her bir basgançagyna gadam goýamda bir beýik türkmeniň yzyny gördüm we ondan öňe geçebilmedim." Ýokardaky hekaýat türkmen edebiýat taryhyna degişli işlerde gysgaldylyp, beýik–– gojaman sözi goja diýlip ýalňyş alynýar hem–de kitapdan kitaba göçüp ýör. Bu tekstde gojaman sözi beýik, uly manysyndadyr. Goja sözi bu yere hiç gelişmez. Sebäbi Rumy Ýunusdan has uly ahyry. Rumy bu ýyllar, töwereginiň köplügine şowhunyna bakman, Şemsiň goýup giden derdi bilen ýaşaýar. O dert nämedi: bu dünýäni, o dünýäni däl, eýsem başga dünýä gözlegidi. Özem şeýle dünýäni ynsan köňlünde tapasy gelýär. "Nirede başlangyjymyz, tamamlanýan ýerimiz nirede?" Rumy bu soragyna özi jogap berýär: "Yşk, yşk, yşk." Ýöne bu yşka, örän köp manyny özünde jemleýän yşka ýetmegiň ýollary çylşyrymly. Yşk köňülde. Şo köňli açmakda, kämil görnüşe ýetirmekde iş bar. Şeýle bir iş bar! "Biziň döwrümiziň alymlary öz ylmy bilen bir gyljagazy kyrk tara bölüp bilýärler, özleri üçin nämäniň möhümligini welin bilmeýärler." Rumy dinler, mezhepler, tarykatlar hakda oýlanýar. Oýlandygyça has üýtgeşik pikirleriň üstünden barýar.O dinleri, mezhepleri, tarykatlary bir–birine garşy goýup, halklary agzala edýänlere çäre gözleýär. Bu dünýä agzala bolup ýaşardan gazaply dünýä. Reňkiňe, milletiňe, diniňe, diliňe, baýlygyňa, yaşaýan yeriňe görä bölüşdirip –aýyryp ýörmegiň manysyzlygyny Rumy örän ir duýupdyr. "Barymyzy birleşdirer ýaly hem–de tapawutly öýdülýän galp görnüşi süpürip taşlar ýaly, bize agzybirlik şerabyndan dadyr. Birleşeliň. Özümizden geçsek, suw bilen reňkdeş bolarys. Ählimiz bir agajyň şahalary, ählimiz bir goşunyň esgerleri." Gel, gel! Ne bolsan bol, ýene gel! Kapyr, butparaz, otparaz bolsaň–da, ýene gel! Biziň dergahymyz umytsyzlyk dergahy däldir, Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaň–da gel! Möwlana Jelaleddin Rumynyň dinde ýa–da dinlerde reforma geçirmek hyýalynda bolandygyny aýdýarlar. Emma on üçünji asyryň şertlerinde bu işe başlamagyň hem mümkin bolmandygy belli. Dürli şertlilikler, gadaganlyklar, çaklendirmeler, galypa salmak, ýoluňy baglamak, yza çekmek, çar tarapa itelemek we şuňa meňzeş köňle azar bermeler Rumynyň islemeýän zatlary. Ol ynsan hakda oýlanmalara çuňlaşanda bireýýämler gara topraga duwlanan garyndaşlary, dost–ýarlary göz öňünde janlandy. Balh, Samarkant, Buhara, Merw, Horezm ýaly köne şäherler, okan medreseleri, metjitleri ýada düşdi. Şu çaka çenli ürç edip okaýan kitaby bolan goja Ferideddin Attaryň "Syrlar kitabyna" gamly bakdy. Hany patyşalaryň, soltanlaryň haýbatyny ýatyran atasy Bahaeddin Weled? Hany, mährem enesi? Balhda galan naçar dogany Patma ne günlerdekä? Ilkinji söýgüsi–Göwher hany? Hany, ata ornuny tutup, dürli ylymlardan çuň ders beren goja mugallymy Seýit Burhaneddin Termezi? Şems! Şems! O Güne meňzeş Şems! Jelaleddiniň bagryny para–para edip gitdi ahyry. Ýok, ýatlamazlyk gowy. Köňül partlara gelýär. Şeýle ahwallarda 1257–nji ýyl geldi. Bu ýyl Rumy 50 ýaşynda. Gojalyk her deşikden jyklaýar. Agaran sakgalyň her taryna ömür taryhy ýazylyar. Günleriň bir güni Husameddin atly bir kişi, Rumynyň okuwçysy, pikirdeşi hem ýakyn dosty Ruma bir haýyş bilen ýüz tutýar. Husameddin her hili kynçylyga döz gelmäge, her hili ýardama taýýarlygyny aýdyp, Möwlananyň ähli syrlaryny, pikirlerini kagyza geçirmekçidigini duýdurýar. Muny özüne iş–wezipe edinjekdigini aýdýar. Möwlana oýlanýar. Dogry,öňlerem ol şygyr aýdanda ýazýanlar kändi. Rumy şygyry joşup–joşup aydýar. Setirler akyp–akyp gelýär. Ol gaty ses bilen –esräp–gygyryp okaýar. Hamana taýýar şygyrlary kimdir biri onuň gulagyna pyşyrdaýan ýaly, olam o goşgulary ile eşitdirýän ýaly duýgy bar. Jelaleddin hiç mahal şygyrdan ejiz gelmedi, gaýta mydama şygyr jylawyny, gamçysyny elde saklap, rüstem tutup şygyra eýelik etdi. Ynha, Husameddiniň teklibi ony täze bir joşguna saldy. Başynda möwç urup, mahal–mahal joşup–daşyp duran syrly pikir–duýgulary şemala berip goýbermek aýp boljak. Kagyza geçse ýagşy. Şonda Jelaleddin Rumy ýazgyly bir bölek kagyzy Husameddine uzatdy: onda on sekiz beýtlik şygyr ýazylgydy. Bu on sekiz beýt gelejekki alty jiltlik "Mesnewi" kitabynyň Rumy tarapyndan öz eli bilen ýazylan bölegi bolup galdy. Şondan özgesini Rumy ýatdan aýtdy, Husameddinem ýazyp aldy. Dogrusy, Husameddin Rumynyň kölegesine öwrüldi, kölege gije ýitse, Husameddin gijeleri hem Rumynyň ýanyndan aýrylmady. Onuň hammamda hem Rumynyň sözlerini ýazyp alanlygyny alymlar ýazýar.Rumy Husameddini öz ogly ýaly gowy görýär, özi hem Husameddin bolmasa ýekesiräberýär. Rumy bu eserine düýpden başgaça bakýar. "Kapyýalary, sözleri we owazlary bir–birine uraly–goý, olar kül bolsun gitsin! Biz ikimiz ol üçlügi ara alman, ikiçäk söhbet ederis." Ýatdan aýdylyp başlanan "Mesnewiniň" on dokuzynjy setiri örän simwolik. "Eý, ogul! Bagy çöz, azat bol!.." Bu setir Rumynyň baş ideýasyna, Birlik–Agzybirlik we Kämil adam ideýasyna örän laýyk gelýär. Birleşmek, kämil adam bolmak üçin özüňi baglaýan baglary çözmeli, ýolmaly, zynjyrlary gyrmaly, özüňi özüňden azat etmeli. Munuň üçin uklamaly däl. Sebäbi dünýä düşünmek islemeýän–uklaýan hasap edilýär. Hiç bir zat ynsana we onuň köňlüne azar bermeli däl. Bu azatlyk bolsa birlik we kämillik esasynda bolmaly. Ösüş bir–birege bagly hereket dialektiki esasda bolup geçmeli. "Mesnewini" başdan–aýaga bezeýän şo dialektika on dokuzynjy asyryň beýik filosofy, dialektikany ylmy esasda kämilleşdiren Gegeliň ünsüni çekipdir. Ol Rumyny: "...Söze ajaýyp häkimlik edýän..." ýa–da "...ägirt beýik..." diýip häsiýetlendirýär. Kitabyň birinji jildi ýazylyp tamamlananda Husameddiniň aýaly ýogalýar. Rumynyň iş dolandyryjysy, dosty Selahaddin ýogalyar. Onsoň bäş ýyllap "Mesnewi" dowam etmeýär. Günleriň bir güni ýene beýik poema Jelaleddin Rumynyň dilinden akyp başlaýar. Hawa, ol gaýmak, bal akan ýaly akýar. Rumy indi Husameddine şeýle bir öwrenişýär, öňa şeýle bir hormat goýýar, ondan şeýle bir minnetdar bolýar. Şo döwür ol ikisini görenler geň galýar: Beýik goja Möwlana Jelaleddin Rumy, patyşalaryň, soltanlaryň başyny egýän Rumusy özüni Husameddiniň müridi, okuwçysy ýaly alyp barýar. Ol bütinleý çaga öwrülip gidipdir. Ol Husameddine şeýhler şeýhi, Hakykat güneşi, Arş hazynalarynyň eýesi, kalblaryň emini diýen ýaly sözler bilen ýüzlenýär. Husameddini iş dolandyryjy edip bellänsoň, Rumy has hem onuň täsirinde bolýar. Käwagtlar olar şeýle bir uzak işleşýärler, şemler ýanyp tükenýär, daň agaranda surnugyp ýykylýarlar. Ikisi hem bagtyýar. Rumy: maňa şeýle gözel "Mesnewi" ýazdyrýar diýip, Husameddinden razy, Husameddinem şeýle beýik işe şäriklik edýänine guwanýar. Ol irmän–arman ýazylanlary ýaňadan Ruma okap berýär. Düzedişler, sünnälemeler, goşmaçälar girizilýär. Ahyrda, Möwlananyň ölüminiň öň ýany iş togtaýar. Altynjy tom tamamlanyberipdir. 25618 beýtlik ýa–da 51236 setirlik, dünýäde özüne meňzeşi bolmadyk genial eser "Mesnewi" nesillere galýar. Bu ýatdan ýazdyrylan ýeke–täk uly eserdir. Emma bu eserden öňem Rumy örän köp zähmetler çekipdi. "Beýik diwan" (Diwany Kebir) 2703 gazaly , 1790 rubagyny özünde jemläp, elli müňe ýakyn setirlik kitap bolupdy. Rumy grekçe, arapça, italýança, parsça, türkçe yazypdyr. Onuň "Mejalisi Seba", "Mektubat", "Fihi mafih" ýaly eserleri hem bar. Bu eserler kämillik taýdan ýokary bolsa–da, ähmiýeti ägirt bolsa–da, bularyň bary genial "Mesnewi" üçin taýýarlyk eserleri boldy. Rumynyň gowgaly, gamly, joşgunly we ömründe toplan beýik tejribesi "Mesnewide" jemlendi. "Şoňa görä "Mesnewi" näme hakdaky eser?" diýlen sowala bir söz bilen jogap berip bolmaz. Dünýä klassyk poeziýasynyň genji–hazynasyna giren, günbataryň ägirtleriniň biri, "Beýik Nemes" diýen lakama eýe bolan Iogann Wolfgang Gýöte on dokuzynjy asyryň başynda "Günbatar–Gündogar Diwany"diýen kitabynda Jelaleddin Rumy, onuň eserleri, aýratynam "Mesnewi" hakda örän öwgüli sözler aýdýar. Ol Ruma ýürekden ýakynlyk görkezýär. Oňa: "päk ahlakly", "beýik akylly", "asyl şahyr" diýip ýüzlenýär: "...Eger ol (Rumy) dumanly gözýetimlere ýüz öwüren bolsa, bu beýik akylla hiç kim närazylyk bildirmez." "Bu dünýäniň gümanly–sypjyk ýagdaýy Jelaleddin Rumynyň köňlüne laýýk gelmändir, ol içki we daşky wakalaryň syryny ruhy manyda çozmäge, olary ýiti akyl arkaly çozmäge dyzaýar. Şoňa görä–de onuň eserleri täze syrlary orta atýar. O täze syrlar hem, öz gezeginde, çözgüt we düşündiriş talap edýär." "Gündogarly bir adamyň gowy saklanan we owadan jiltlenen Mesnewiniň golýazmasyny, hamana, ol Kuranyň özi ýaly, şeýle bir hormat bilen ele alanyny biziň özümizem gördük." Möwlana Jelaleddin Rumyny dünýä tanatmakda, aýratynam rus dilli okyjylara tanatmakda örän uly işler eden, gündogary öwreniji, ýazyjy Radiý Fiş "Mesnewi" hakda şeýle diýipdir: "Mesnewi" ýaly eser dünýä edebiýatynda bolmandy we häzirem ýokdur. Onuň şahyr tarapyndan ýazylman, dilden aýdylandygyny ozaly bilen aýtmak gerek. Bu okamak üçin däl–de dilden heňli aýtmak üçin poeziýa. ХХ asyryň şahyrlarynyň adyna berilýän täzeçilligi Jelaleddin baryp on üçünji asyrda amala aşyrdy." Şonuň üçin bolsa gerek, "Mesnewini" düşündirýän kitaplaryň sany ýüzlerçedir. On bäşinji asyryň beýik pars şahyry Abdyrahman Jamy Ruma özboluşly baha beripdir: "Ol pygamber–ä däl, emma elinde ýokardan inmiş Kitaby bar." Türkiýede tä ýigriminji asyryň başlaryna çenli "Mesnewi" okalýan ýörite ymaratlar bolandygyny professor O. F. Akimuşkin habar berýär. "Mesnewi" kitaby dünýäniň tas ähli diline terjime edilen ýeke–täk kitapdyr. Özüniň ölmez–ýitmez eseri arkaly Möwlana Jelaleddin Rumy şygyrýet minarasynyň çür başyna çykdy we ondan ýokarda meşhurlyk görünmeýär. Bu onuň poeziýasy hakda. Emma onuň akyldarlyk mertebesi hem poeziýasyndan hiç–hiç aşakda däl. Gaýta poeziýa bilen belent akyl, bal bilen ýag ýaly gatyşyp, bir–biregi beýgeltdiler. Möwlananyň akyl hazynasyna ters düşünip, ony hudaýsyzlykda, yslama hormatsyzlykda aýplaýanlar o dirikä–de, şu wagtlaram bar. Rumynyň her bir sözüniň çuňlugyna, sözüň kölegesine, syrlaryna we esasan, örän giň dialektikasyna üns bermezden, gyssagly netijä gelmek bolmaz. Rumy–beýik dialektik. Käbir mysallary okap, oýlanyp görüň, bakaly: Muhammet pygamberiň bir hadysynda: "Maňa bu dünýäde üç zat söýdürildi: ýakymly ys, hatynlar we namaz" diýilýän bolsa, Möwlana hem açyk ýüregini orta goýýar: "Men hammam, şerbet we semaa söýýän" diýipdir. Bir mysal: "Eý, haja gidenler! Nirä gidýäňiz, nirdesiňiz? Söýgüli bärde. Geliň, bäri geliň! Söygüliňiz diwar–diwara bitişip oturan goňşyňyzdyr. Ýagdaý seýlekä, siz o çöllerde sergezdan halda, ne pikirlere uýup gezýäňiz?! Söýgüliniň suratsyz suratyny gören bolsaňyz, hajy–da sizsiňiz, Käbe–de sizsiňiz, öý eýesi–de sizsiňiz..." Bir mysal: "Hakykatdan–da bir alamaty, bir simwoly bolan Hallajy halk dara çekdi, ýöne meniň syrlarymy duýsa, Hallajyň özi meni dara çeker." Ýene bir mysal: "Medrese bile minara ýýkylmasa, galandarlyk hallary düzgüne girmez. Iman küpür, küpür–de iman bolýança, Taňrynyň hiç bir guly hakyky musulman bolmaz." Ýene bir mysal: "Elbetde, yşk ozaldyr. Kapyrlyk bilen Musulmanlyk bolsa has soňradan ýüze çykan bir zatdyr." Dünýäden habarym bar diýýärsiň, özüňden habaryň ýok. Ýa bolşuň ýaly görün! Ýa görnüşiň ýaly bol! Biz üç döwüm çörek üçin ýaşaýanlardan däldiris. Gylyç ärlerindendiris biz. Ýamanlary awlaýandyrys, ýamanlara aw bolmarys, zynjyrlardan syçrar–gutularys. Dünýä baglanan däldiris biz. ...Umytsyzlykda–da umytlar kän. Öňdebaryjynyň aýaklaryna toprak bolup sürtülmeseň, ynsan ordasynyň baştutany bolup bilmersiň. Bilimli adam älemlere rehmetdir. Bütin älem jesetdir, bilim jandyr. Yşk hem bilimiň netijesidir. Men–menlikden gutulanlara gögem sežde eder, aýam, güneşem. Adalat–her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr. Aýakgap–aýagyňky, telpek–başyňkydyr. Reňkleriň asly–reňksizlikdir, söweşleriň asly–ylalaşykdyr. Gözleriňi ýörme, goý, köňül göz bolsun! Möwlana Jelaleddin Rumy ähli eserleriniň düýp maksady hökmünde kämil ynsan ýetişdirmek wezipesini öňde goýupdyr. Munuň üçin bolsa Yşk zerur. Örän–örän köp many ýüklenen Yşk. Beýle Yşka ýetmek üçin çuň pikirlenmäni öwrenmeli. Ol: "...Yşk hem bilimiň netijesidir" diýip ýönelige aýtmandyr. Ynha, Jelaleddin Rumy, kalbynda, aňynda gaýnada–gaýnada Adamzada goýan mirasy arkaly ynsanyň çuň pikirlenip bilmesini, şo ýol arkaly Yşka eýe bolmagyny isläpdir. Yşky bar adam–Kämil Ynsandyr. Bu belent pikir Jelaleddin Rumy dirikä–de uly gyzyklanma döredipdir. Rumynyň gatnaşmagynda uly–uly mejlis–söhbetler gurlupdyr. Naý, rebap çälnypdyr, semaa tanslary ýerine ýetirilipdir. Oňa aýal–gyzlar hem, aýratyn–da beg–soltanlaryň aýallary köp gatnaşypdyrlar. Bilşiňiz ýaly Rumy aýal–gyzlaryň erkekler bilen deň hukuklydygyny yhlasly aýdyp gelen adam, ol aýal–gyzlaryň gözden özge ýerini ýapyp bürenip ýörmesini hem ýalňyş hasaplapdyr. Şol duşuşyklara yzygiderli gatnaşýanlaryň arasynda uly wezir Müineddin Perwananyň aýaly Gürji hatyn hem bar. Ol Rumynyň paýhasyna örän uly hormat goýýanlaryň biri. Gürji hatyn meşhur patyşa Tamaranyň gyzy. Belki–de ol öz ejesi Tamara hakynda, Tamarany mahabatlandyran, "Gaplaň derisine giren pälwan" diýen poemany ýazan, gruzin klassygy Şota Rustaweli hakda köp gürrüňler beren bolmagy mümkin. Ynha, şol Gürji hatyn Rumynyň suratyny çekdirýär. Suraty Rumynyň dosty, asly grek Aýn ud–Dowle çekýär. Rumynyň Bedreddin Ýawaş, Kaloýan ýaly hudožnik dostlary hem bar. Olaram Rumynyň şeklini çeken bolmaklary mümkin. Her niçik bolsa–da Rumynyň öž döwründen galan miniatýura bize gelip ýetdi. 1273–nji ýylyň dekabr aýynda sowuk ýagyş astynda ezilen Möwlana Jelaleddin Rumy öýüne gelip, ýanyny ýere berdi. Gyzdyryp–üşüdip, işdäsi kesilip, agyr hala düşdi. Bütin halaýyk bu habary eşidip birahat boldy. Obalaryň ilaty Konýa baka akyp gaýdypdyr. Uzak–ýakynlarda adamlar pyşyrdaşyp sözleşip başlapdyrlar. Rumy bütin ömrüni ýeter–ýetmezçilikde ýaşansoň, onuň bir kişä 52 dirhem bergisi bar ekeni. Algydar o algysyny geçýändigini aýdanda, Rumy, biçäre, hassa halyna oňa zordan minnetdarlyk bildiripdir. Möwlananyň halyndan habar almaga gelenleriň biri: "Konýada ýer titreme haçan kesilerkä?" diýipdir weli, "Ýeriň garny aç. Ynha, ýaglyja bir lukma iýer weli, rahatlanar" diýip, Möwlana özüniň öljegini aýdypdyr. 1273–nji ýylyň 16–njy dekabrynda Rumynyň haly ýagşylaşypdyr. "Men gowulaşdym. Baryň, sizem ukyňyzy alyň" diýip, ýanyndan aýrylman oturan ogly Soltan Weledi hem–de şu pursatda–da galamyny häzirläp oturan gözi ýaşly Husameddini rahatlandyrmak isläpdir. Şol günuň ertesi, 1273–nji ýylyň 17–nji dekabrynda Möwlana Jelaleddin Rumy o paýhasdan doly, ynsana ýşkdan doly, dünýä syrlaryndan doly gözlerini ýumdy. Ol 66 ýaşyndady. O öldi diýmediler. Dost ýanyna gitdi, Şems bilen duşuşdy diýdiler. 18–nji dekabrda, Rumynyň özüniň wesýet edişi ýaly, ony naý, rebap, nefir, deprek çalyp, semaa tanslaryny edip ugradyp başlaýarlar. O sesler halkyň agysy bilen gatyşyp gidýär. Hristiýanlar özüçe, jöhitler özüçe, beýleki dindäkiler özüçe doga okaşyp barýar. Muňa ömürlik garşy bolan mollalar baş wezir Muineddin Perwanany muňa garşy durmaga çägyrýarlar. Mongollaryň elinde oýunjak bolan Perwana arabozar mollalaryň hem oýunjagy bolýar. Onuň buýrugy arkaly, bu sazlary, semaa tanslaryny kesmek isleýärler, musulman dälleri märekeden çykarmak isleýärler. Eli gylyçly zalymlar akyp barýan halaýygyň ortasyna kürsäp urýar. Emma hiç zady üýtgedip bilmeýärler. Şeýdip, dört gezek dargadyljak bolnan adamlar olardan rüstem gelýär. Emma şol urha–çaplykda Möwlananyň ýatan tabydy ýere gaçyp döwülýär. Şo ýerde bejerip ýene metjide baka ugraýarlar.Tabyt adamlaryň başlarynyň üştünden taýyp barýar. Deňizde akyp barýan ýalňyz gaýyk ýaly. Metjitde jynaza okalansoň, ýene tabyt adam başlarynyň üstünden akyp gidýär. Butin halaýygyň öňünden bolsa ýedi öküz sürülip barýar. Şo döwrüň adatyna görä mazar başynda ýedi öküz soýlup, garyplara paýlanyan ekeni. Ahyry, gijara atasy Soltan al–Ulemanyň–Akyldarlaryň soltanynyň ýatan ýeriniň ýanynda Rumyny topraga duwlaýarlar. Möwlana Jelaleddin Rumy bütin ömriboýy adamlary birleşdirmek, millet, din, dil, reňk parhyny hasaba alman, agzybir ýaşaşmak arzuwyny, bir gezekligem bolsa, özi ölende hasyl edip bildi. "Men dünýäden ötemsoň, mazarymy toprakdan gözlemäň, ony aryflaryň köňlünden tapyň." Beýik akyldar, beýik şahyr Möwlana Jelaleddin Rumynyň ömri hakdaky gürrüňiň soňunda iki rowaýat aýdasym gelýär. Birinji rowaýat: Möwlana Rumynyň pyýada ýöräp ýörenini gören müridler oňa bir eşek alyp beripdirler. Emma Rumy eşegi münmän, idip ýörmüş. Müridler munuň sebäbini soranda ol: "Munuň üç sebäbi bar" diýipdir. "Birinjiden, Ýaradan aýaklary ýöre diýip ýäradypdyr. Ikinjiden, men eşege münsem, halkdan beýik görünýän. Hiç kim halkdan beýik görünmeli däldir. Üçünjiden, men eşege münsem, eşek kelle adam kelleden öňde barýar. Hiç mahal eşek kelle adam kelleden öňde barmaly däldir" diýipdir. Ikinji rowaýat: Müridleriň biri bir gün Ruma: "Maňa bir söz bilen nesihat beriň!” diýipdir. Rumy hem: "Uklama" diýip, eglenmän jogap beripdir. Onsoň mürid o sözüň aňyrsynda, kölegesinde neneňsi many–syrlaryň ýatanyny öwrenip bir kitap ýazanmyş. Ölende–de: "Meni dik jaýlaň.Birden Möwlananyň ruhy gezip ýörkä, meniň ýatanymy görüp, nesihatymy tutmandyr diýmesin" diýipdir. Şu kitapçada çaklamalar, beýan etmeler, duýgular biziňkidir. Maglumatlaryň köpüsi baş çeşme hökmünde beýik türk alymy, merhum Abdylbaky Gölpynarlydan alyndy. Ruma ömrüni bagyşlan o alymyň ýatan ýeri jennet bolsun diýip dileýäris. Rumy filosofiki we edebi akyma ägirt uly täsir etdi.Biz pars dilli we türki dilli edebiýaty Rumydan öňki we Rumydan soňky edebiýat diýip iki döwre bölüp bileris. Edebiýata filosofiki, sosial–gumanistik temany ornaşdyrmakda Rumy gaýtalanmajak nusgalar miras goýdy. Ruma çenli akyldarlar täze pikir aýtjak bolup, adama akyl berjek bolup dyrjaşýardy, emma Rumy bu çemeleşmeden başga, eýsem pikirlenmäni, akyl almak ýoluny adamyň özi öwrense, özüne gerek akly özi alar diýen niýete gol beripdir. Bu usul o döwür üçin ägirt uly täzelik we özgerdişdi. Topragyň her basymynda Beýik Rumynyň yzlaryny görýäris. Dünýä ynsanlarynyň köňüllerinde–de Rumynyň yzlaryny synlamakdan kanagat tapýarys. ŶUNESCO tarapyndan 2007 ýyl–Möwlana Jelaleddin Rumynyň dünýä inenine 800 ýyl diýlip yglan edildi. Gelejekki müň ýyllar seniňkidir, eý, Dünýäniň Akyldary! Eý, beýik Jelaleddin Rumy! Akyl Däneleri Bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol. * * * Adalat- her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr. Aýakgap aýagyňky, telpek başyňkydyr. * * * Reňkleriň asly-reňksizlikdir, söweşleriň asly ylalaşykdyr. * * * Dünýäden habarym bar diýýärsiň, özüňden habaryň ýok. * * * Süýji çeşmäniň töweregi adamly bolar. * * * Gözleýän zadyňy özüňden gözle. * * * Biz gelmändiris, bu biziň kölegämiz. * * * Sen näme gözleýän bolsaň şolsuň. * * * Ynsanlar yhlas etdiklerine hökman ýeterler. * * * Umytsyzlykda-da umytlar köp. * * * Men dünýäden ötemsoň, mazarymy toprakdan gözlemäň, ony öz köňlüňizden tapyň! * * * Öňde baryjynyň aýaklaryna toprak bolup sürtülmeseň, ynsan ordasynyň baştutany bolup bilmersiň. * * * Begleriň ýagşysy-akyldarlaryň ýanyna baranlardyr, akyldarlaryň ýamany begleriň ýanyna baranlardyr. * * * Bilimli adam älemlere rahmetdir, bütin älem jesetdir, bilim jandyr. Söýgi hem bilimiň netijesidir. * * * Men- menlikden gutulanlara gögem sejde eder, aýam, günem. * * * Birkemsiz dost gözlän dostsyz galar. * * * Seniň näme diýýäniň däl-de, nähili kabul edilýäni ähmiýetli. * * * Bagrym saňa kebap bolsun, Gözýaşlarym şerap bolsun. * * * Ỳitirmek-tapmakdyr, tapmak-ýitirmekdir. * * * Allanyň aýdanyny etmän, gulunyň aýdanyny etjek bolýarmyň?! * * * Hakykaty göreniň ybadaty gazapdan-da, ýagşylykdan-da, dinsizlikden-de, imandan-da beýikdir. * * * Tamakinligiň arkasyny gaşamadym. * * * Kimden gaçýarys, özümizdenmi? Boljak zat däl! Kimden gaçyp gutulýarys, Alladanmy? Biderek zähmet ahyry! * * * Bilim, baýlyk we höküm ýaman ýaradylan kişileriň elinde ýaramazdyr. * * * Söweş, dälileriň ellerindäki gylyçlary alsynlar diýlip, möminlere parz edilipdir. * * * Kämil adam topraga el ýetirse, altyn bolar. Ýeňles altyn tutsa, toz-toprak bolar. Ỳaramaz kişi näme tutsa, ýaramaz bolar. * * * Älemiň aýbyny aýdan gaty köp wagt ýitirer.Öz aýbyny gören bagtlydyr. Kim başga biriniň aýbyny görse, ol aýby özünde hem görer. * * * Gapyl galma, gözle. Gözlemek döwletdir. * * * Yşk Hakyň sypatydyr. Emma gorky gereginden artyk isleýän guluň sypatydyr. * * * Belany dep etjek igenç däldir. Belanyň çäresi, ýagşylykdyr, geçirimlilikdir, hoşlukdyr. * * * Adamyň ýaşaýşy gözleglerden doludyr. Tapmak üçin gözlemek gerek. * * * Hakyň buýrugyndan uzaklaşan, soltan bolsa-da açgözdür. * * * Kim hantama bolsa, dili tutukdyr. * * * Kim seni Hakdan, hakykatdan sowadýan bolsa, bilgin, ol adam şeýtanlydyr. * * * Ukudan açylmadyk bilimsize öwüt bermek, çöl ýere tohum sepmekdir. * * * Sabyrsyzyň imany ýokdur. * * * Howatyr näme? Garaşman durkaň geljek belany görmekdir. * * * Älem nygmatdan doly bir bag bolsa-da, syçan we ýylan ýene toprak gemirer. * * * Zulum näme? Tikeni suwlamak. * * * Niredesiňiz, ey, zyndanyň gapysyny döwenler, bergidarlary türmeden çykaranlar? Niredesiňiz, eý, hazynanyň gapysyny açanlar? Niredesiňiz, eý, ýoksulyň bary-ýogy bolanlar? * * * Eý, başgalar üçin aglaýan göz! Gel, bir salym otur-da özüň üçin agla! Şem aglap özüni ýagtyltdy. * * * Gaçyp gutulmaga hiç bir çykalgasy bolmadyk bu dünýä zyndanynyň salgyt puly alynmaýan, türme taýagy urulmaýan bir künjegi hem ýokdur.Ynanyň, syçan hinine girseň-de pişik penjelä duşarsyň. * * * Kuwwatlary we beýiklikleri özleriniň heläk bolmagyna sebäp bolan nije patyşa bardyr. * * * Göräýmäge, şaha miwäniň aslydyr.Hakykatda welin, şaha miwe üçin ýaradylandyr. * * * Är söhbeti seni hem är eder. * * * Düýn geçdi gitdi, düýnüň sözi hem düýn bilen geçdi, bu gün täp-täze bir söz söýlemek gerek. * * * Haýsy tohum ekildi-de bitmedi?! Näme üçin ynsan tohumy hakynda ýalňyş pikir edýäň? * * * Ỳüküňi hiç kime ýükleme, özüňe ýükle. Baş boljak boluberme, ýoksullyk has gowudyr. * * * Sabyr—gamdan gutulmanyň açarydyr. * * * Teşneler älemde suw gözlärler, suwam jahanda teşne gözlär. * * * Nähoş bolmadyk hoş barmydyr? * * * Alla ýüz müňlerçe himiki derman ýaratdy, emma ynsan ogly sabyr ýaly derman gören däldir. * * * Jamyň içinde näme bolsa, dökülýänem şodur. * * * Sypata baksaň, butparazsyň. Her zadyň sypatyny taşla-da manysyna bak. * * * Kimiň yşga meýli ýok bolsa, ganatsyz guş ýalydyr. Wah-wah-eý! * * * Eşek müşderi bolsa, ýene ham gawun alar. * * * Akar suwuň baran ýeri gögerer, göz ýaşy dökülen ýere rahmet ýagar. * * * Sen görmeseň-de dünýä ýok däldir. * * * Saçagyň başynda ýüz adam oturyp iýip-içer. Emma başlyk boljak bolýan iki adam bu dünýä sygmaz. * * * Ynsana gol-ganat akyldyr. * * * Ỳylanyň guýrugyna laýyk bolan, elbetde, ýylanyň başydyr. * * * Köňli aýdyň bir kişä gul bolmak-patyşalaryň başyna täç bolmakdan has gowudyr. * * * Gözleriňi ýörme,goý, köňül göz bolsun. * * * Gözleriň reňki başga-başga bolsa-da, gözýaşlaryň reňki birdir. * * * … Hindiçe sözlesem–de aslym Türkdür. * * * Güneşiň barlygyna delil ýene Güneşdir. * * * Senet senetkärden aýrylmaz. * * * Gardaş! Sen diňe düşünceden ybaratsyň. Mundan başga bar barlygyň süňkdür, deridir. * * * Älem meniň tekkämdir. * * * Mähremlik dili düýpden başga dildir. * * * Ýere–göge sygmaýan gam iňňe gözi ýaly bir köňle sygýar. * * * Biz üç döwüm çörek üçin ýaşaýanlardan däldiris. Gylyç ärlerindendiris. Ýamanlary awlaýandyrys, ýamanlara aw bolmarys, zynjyrlardan syçrar gutularys. Biz dünýä baglanan däldiris. * * * Garynja harmany görmän, bir dänejigi süýrär gider. * * * Elbetde, yşk ozaldyr. * * * Söýgüliniň şekilsiz suratyny gören bolsaňyz, hajy–da sizsiňiz, Käbe–de sizsiňiz, öý eýesi–de sizsiňiz. * * * ------------------- Peýdalanylan edebiýatlar 1. Abdulbaki Gölpynarly. Möwlanadan soňra Mewlewilik. ikinji basgy. İnkilap kitabewi. Ystambyl.1983. 2. Abdulbaki Gölpynarly. Möwlana Jelaleddin. Dördünji basgy. İnkilap kitabewi. Ystambyl. 1985. 3. Möwlana. Mesnewi. Alty jilt. M.E.B. Ystambyl. 1990. 4. Möwlana. Diwany Kebir. Ŷedi jild. Ystambyl. 1957. 5 Möwlana. Rubagylar. Ystambyl. 1964. 6. Möwlana. Fihi Ma–fih. Ystambyl. 1959. 7. Abdulbaki Gölpynarly. 100 soragda tasawwuf. Ystambyl. 1969. 8. Fuat Köprüli. Türk edebiýatynda ilkinji mutassawwyflar. Diýanet işleri başkanlygy ýaýynlary. Ŷedinji basgy. Ankara. 1991. 9. A.Meredow. S.Ahally.Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. Aşgabat. 1988. 10. Türkmen edebiýatynyň taryhy. Aşgabat. 1975. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |