09:15 Jelepleriñ oteli!.. | |
JELEPLERIÑ OTELI!..
Publisistika
Halkyñ puly bilen ýöreýän TRT-niñ (Türkiýäniñ döwlet teleradioýaýlymy) reýtingde hiç hili ýer almaýan teleseriallary we beýleki hili pes telegepleşikleri üçin tarapdar kişilerine we edaralaryna töleýän pullaryny görenimde agzym uçuklaýar, näme diýjegimi bilemok. Bizi ýetişdiren we köp zatlary özüne borçly eden bu öñdebaryjy edaranyñ nämynasyp ellerde gadrynyñ gaçýandygyna gynanýan. Islesem-islemesem, şu günki güni bilen geçmişi deñeşdirip görýärin we her dürli ýeter-ýetmezçilikleriñ, kynçylyklaryñ içinde çyrpynsa-da belent sepgitlere ýeten TRT weteranlarynyñ başdan geçiren kynçylyklaryny ýatlaýaryn. Mysal üçin, gyş günleriniñ birinde Anadoluda wideokameraçy topar bilen işleýärkäm, artykmaç çykdajy bolmasyn diýip, birnäçe günläp gyzgyn suwy akmaýan, umumy myhmanhanada bolup, iñ soñky gijämizde-de suwa düşmek üçin oñat şertli myhmanhalaryñ birinde bolupdyk. Şonda endamymyza suw degirmän gezen birnäçe günümizden soñ hammamda hezil edinip ýuwunmagyñ bize beren lezzetini hiç wagt undamok!.. TRT-niñ birje kanaldan ak-gara (чёрныбелая) ýaýlyma başlan ýetmişinji ýyllary… Şol ýyllarda edaramyzyñ özüne degişli ýeke ýatakhanasy we şertnamaly oteli ýokdy. Çünki bulara harçlajak puly ýokdy!.. Ankaradan Stambula gelen wideokameraçylar topary bäş-üç teññelik harç pullaryny ýetirinjek bolup, birnäçe günläp daşyndan işlemeli bolýardylar. Hem-ä gülkünç hasap ediljek norma berilýän hurş bilen garynlaryny doýurýardylar, hemem ýatar ýaly sümelge gözleýärdiler. Şonuñ üçin ýatyljak otelleriñem iñ arzan bahalysy gerek bolýardy… Ynha, şular ýaly şertlerde bir telegepleşik taýýarlamak üçin Stambula gelen TRT-niñ baýry kameraçylaryndan merhum Aýtaç Şenel we prodýuser kärdeşi Beýogly-Asmalymesjitde iñ arzan oteliñ bardygyny eşidýärler. Horaşaja otele ýerleşen topar uzakly gün işlänsoñ, ýadaw halda uka gidýärler. Ynha, birden gijäñ ýary gapyny ýumruklap başlaýarlar. Galmagala zähresi ýarylan kärdeşlerim zompa ýerlerinden galýarlar. Gapyny açýarlar welin, görseler polisiýa işgärleri! Otaga kürsäp giren polisiýa işgärleri şkafy açyp görýärler we krowatlaryñ aşagyna seredýärler. Aýtaç Şenel gorkudan ýaña sandyr-sandyr edip: - Eýgilikmi, ýoldaş polisiýa işgärleri? Näme gözleýäñiz? - diýýär. Polisiýa işgärlerine baş bolup gelen işgär diýseñ agras ýüzli, gazaply biri eken: - Jelepler boýunça reýd geçirýäris! Hany aýallary nirde bukduñyz?.. - O nämäñ jelebi, ýoldaş polisiýa! Biz TRT-niñ işgärleri. Ynanmasañyz, ynha, gulluk şahadatnamalarymyza seredip görüñ. Kamera we tehniki üpjünçilik boýunça toparymyzyñ ählisi şu ýerde!.. Ol polisiýa işgäri şahadatnamalara göz gezdirip kamera enjamlarymyza hem bir seretdi-de: - Gardaşym, bu otelde näme nä körüñiz bar? Bärsi jelepleriñ bolýan oteli ahyryn! Uly şäherde şundan başga ýer tapmadyñyzmy? - diýdi. Aýtaç neresse bu söze diýseñ duýgulanyp, ýüzüne ajy gülümsireme çaýylyp gidipdir. Hamala, şowagt polisiýa işgäri barmagyny batyrsa aglaýjak ýalydy. Özüni dürsänden soñ: - Dagy näme edeli, gardaş? Bizem siziñ ýaly döwlete gulluk edýäs. Harçlyk pulumyz diñe şu taýda ýatmaga ýetýär. On bäş gün ýatyp gidýäs barybir- diýip, zordan dili öwrüldi. Aýtajyñ perişan haly polisiýanyñ şefine-de ýiti täsir eden bolarly, ol agras ýüzüni biraz ýumşadypdy. Ol: - Seret, gardaşym! - diýdi. - Biz bärik şeýdip zol-zol geler durarys. Şonuñ üçin siz bir ak kagyza uly harplar bilen "TRT" diýip ýazyñ-da, gapyñyzyñ daş ýüz ýüzüne ýelmäñ. Biziñ oglanlarymyz reýd üçin gelenlerinde, siziñ TRT-dendigiñizi bilip, gapyñyzy kakmazlar!.. Aýtaç dergal bir kagyza uly harplar bilen TRT ýazyp gapa ýelmedi! Olar şondan soñ arkaýyn ýatyp-turýardylar. Aradan üç-dört gün geçensoñ ýene gijäñ ýarysy gapylary döwlere getirip, kakylmaga başlandy. Aýtaç bu grzek ýangyn bolandyr öýdüp, krowadyndan böküp, gapyny açanda, ýene polisiýa işgärlerine gözi düşýär! Otaga kürsäp giren poliseýleriñ sag-soly gözläp başlandygyny gören Aýtaç biraz gatyrganyp: - Ýoldaş polisiýa işgärleri, biz TRT-niñ işgärleri. Ynha şahsyýetnamalarymyz, ynha kamera enjamlarymyz... Gapydaky "TRT" ýazgyny görmediñiz öýdýän?.. - diýdi. Polisiýa işgärlerine baş bolup gelen işgär gülüp, ony soñuna çenli diñledi. Soñ onuñ golundan tutup, zala çykardy: - Gel, gardaşym, saña bir zat görkezeýin! Şu gapylara bir seret! - diýdi. Aýtajyñ gören zadyny diýsene! Ähli otaglaryñ gapysynyñ daş ýüzüne “TRT” ýazgyly kagyzlar ýelmenen bolsa näme? Hatda iñ pesdäki otagyñ kir-kimirden ýaña garalyp giren gapysyna pomada bilen “TRT” yazylypdyr! Diýmek, gijäniñ bir wagty kagyz-ruçka tapmadyk jelepleriñ biri polisiýanyñ güpbasdysyndan sypjak bolup, gapa pomada bilen TRT ýazan bolmaly!.. Nireden nirä geldik!.. TRT-niñ işe başlan şol ilkinji ýyllarynda belki-de puly ýokdy, emma il-halkyñ arasynda sylag-hormaty bardy. Häzir hut şol TRT-niñ birnäçe kanaly, ýatakhanalary, şertnamaly otelleri we puluñ suw ýaly akyp duran býužeti bar! Emma halkyñ sylag-hormatynyñ we ynamynyñ ýok ýerinde bütin bular nämä ýaraýar?.. - Ähli kakalaryñ we kaka bolmaga talaşgärleriñ "Kakalar gününi" tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Ugur DÜNDAR. "Sözcü" gazeti, 21.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |