17:44 Jerhet | |
JERHET
Goşgular
Indi sen özüñe aklawjy bolma. Gadagan-a edip bilmerin... ýöne Zaryn aýdymlary aýdyjy bolma... Dutaram çalma. Bar zady bolşy ýaly aýdyp, aý, ýok... Aýdansyrap Gyýyldyrjak bolma ili özüñe. Barybir diñleýji tapmarsyñ ýigrim ýyllap çalyp gelen sazyña. Öýüñe gaýdañda kanikul wagty Bermäge gysganyp bäş-on manady Taksistleriñ gujagyndan çykmazdyñ... Düzüw bolsañ maşgalaly erkegiñ Aýalyny iş ýerine getirip, Durmuşyny bir zarbada ýykmazdyñ... Beýtme ahyryn! "Olam meni söýýä, bulam meni söýýä... Pylanam maña söz aýtdy, Pysmydanam maña süýkendi... Ýene-de birine ugratdym habar, Ýöne habarymy almady kezzap. Diýmek, olam meni söýmeýän eken, Meni aldap-ogşap, oýnaýan eken... Gyzyletene guşkam erkeksöýerdim, Hem islärdim olañ meni söýmegni..." diýip, öz-özüñi güýmemegiñi. Ybarat däl durmuş diñe söýmekden, Adamlarñam başga aladasy kän. Birsellem ýanyñda bolanlar üçin Sen ýöne bir geçip giden gury san! Aý hawa-da... kime gerek ömürlik Sen ýaly manysyz, saldamsyz beýan... Puluna, çinine, derejesine, seredip erkekleñ otyrýerine... Utanmadyñ atañ ýaly adamlañ Kiriñ bilen öñem kirli düşegne Girmäge!.. Sebäbi namysdan başga Satara zadyñ ýok... Äden ädimleñ Tüýsüñi obanyñ maçy eşegne Öwrüpdir... ýüzüñden gidipdir ýalkym. Säher Ženewada, Öýle Maltada Ikindin Nýu-Ýorkuñ alleýasynda Ogşalmaga dözülmedik leb bilen Öñýeteniñ ýeten ýerin ogşañda... Umyt etme bärde - Türkmenistanda Bardyr öýdüp seni söýýän gözli kör. Ýadyña düşýämi... öñem diýipdim: "Git! Mara git Lebaba git Balha git! Töwrize git Gazmine git Parhy ýok! Guşluk Stambulda bir bardak çay iç Giçlik Andalusda şamlygñy edin". Menden-ä daşda bol, Hudaýa ýakyn, Öz aýbyñy özüñ ýaýmaga çekin... Il seni tanaýar, A señ özüñ kim? Özüñi tanasañ gowy bolar... ýöne, Hyýal bilen, hile bilen, gep bilen Tapdyrmajak bolsañ janyma jaýy Biçygyr sözlerim böwser serhedi! Herhal men dymaryn... (Parhymam şunda!) Sen näçe garalap, saýsañam gende. Ýülünen ruhum bar, Täze dünýäm bar. A bu sözler bolsa... Awunan kalbyñ Iñ soñkuja syzlyp çykan jerhedi!... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |