13:14 Jümmi jerçi / satiriki hekaýa | |
JÜMMI JERÇI
Satiriki hekaýalar
Men ir bilen obadan ugrap, gün guşluga galanda, oblast merkezimizdäki aeroporta geldim. Howanyň oňat wagtyna gabat gelýän reýs bilenem paýtagta uçmalydym. Sergin howadan dem alyp durun. Keýpim diýseň kök, hiç hili alada, dynnym ýalyjagam ünji ýok. Ine, birdenem Aşgabat tarapdan samolýot geldi. Begenjimiň çeni-çaky bolmady. Samolýotsyz uçaýjak boldum. Çünki ýaňky gonan «TU―154» kysymly howa laýneri bilen gözel paýtagta gitmelidim. Ýolagçylar ýeke-ýekeden düşüp başladylar. ― Ýak, bolmady-how, keýpime sogan dograldy-how! ― diýip, gynanjymy daşyma çykaranymy duýman galypdyryn. Sebäbi samalýotdan ýeser biri düşüp gelýärdi. Özem meniň tüýs ýürekden ýigrenip, ýek görýänim-dä. Gorsene muny, hakyt obadaşym Jümmi jerçi-dä. Seret oňa, möminsirän bolup gelşini, ellerem telim düwünçekli. ― Päheý-de welin, «ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň agzynda gögär» diýleni-dä ― diýip, öz-özüm hüňürdedim. Müň ökünjiň haýry ýok. Ana, ýetip gelýär. Bir tory doly elektrik çyrasy. Bir haltada boýag. Reňki daşyna çykyp dur. Bir korzinkada üflenýän şar. Jygyllygyň donuny ýedi gat dagy edip geýipdir. Garaz, bu peýdakeşiň ýüki ýetik-dä. Ol meniň golaýyma gelip, ýük ýazdyrdy-da, uludan demini alyp: ― Essalawmaleýkim, obadaş ― diýip, meniň bilen iki elläp görüşdi. ― Obalar saglyk-amanlykmy? ― diýip, Jümmi jerçi şöhlesi öçen kiçijik gözlerini gyrp-gyrp etdi. ― Oba oňatlyk, adamlar mes, düýn komsomol toýam boldy. Hangeldiniň ogly Beki öýlendi ― diýip, men şatlykly habary oňa buşladym. ― Wah, wah, ol-a bolmandyr-ow. Ýeri, garaşaýman. Aý, meniň bagtym tüýs çeken-ow ― diýip, Jümmi jerçi kürräniň toýnagy ýalyjak kiçijik maňlaýyna ýumruklady-da, lampa aşak oturdy. Korzinkadaky şarlaryny aňryk dykyşdyrdy. ― Arman ― diýip, ol guran dodagyny dişläp, kesek gysan zamça ýalyjak kellesini ýaýkady. ― Üf! ― diýip, uludan demini aldy. ― Jümmi han, näme ah çekýäň? ― diýip, men oňa köp manyly äheňde sowal berdim. ― Beý-beý, toýda şar satyp, birneme haýyrlanaýjak ekenim-dä. Jygyllyk diýip gidip, şol nepden namut galypdyryn-da ― diýip, Jümmi jerçi korzinkasyndan bir şary alyp, ony çişirip gördi. Ilki dyňzap, tarpyldap duran şar kem-kemden myssaryp başlady. ― Beh, beh, muňa mä döw çaldyka?! ― diýip, jerçi ol şary gulagyna tutup gördi. Şaryň deşigi bar ekeni. Seslenip howa çykýardy. ― Obadaş, bu nämäň alamatyka?! ― diýip, Jümmi aljyrap, maňa sogar berenini duýman galdy. Men onuň bilen hemişe degişmä salyp, gönümel gepleşýärdim. ― Jümmi han, belki, döwletiň gaýdyp ugradygydyr ― diýip güldüm. ― Ýak, senem-äý, degişgen-äý ― diýip, jerçi şaryny derrew ýygnamak bilen boldy. ― Ýeri, bolýa-da. Bähbit bol-a. Biziň öý-içimiz saglyk-gurgunlykmydyr? ― diýip, Jümmi jerçi menden sorady. ― Oňatlyk, hemme sag-gurgun. Ýöne... ― diýip, men sözüme dyngy berdim. Samolýot duran tarapa seretdim-de, aşak bakdym. ― Näme boldy, ýönesi näme?! ― diýip, jerçi maňa golaýrak süýşdi. Onuň öňem kiçi göwresi has peseldi. ― Aý, hiç-le, näme, ýaňky, gaýgy etme, ahyry haýyr-la ― diýip, men peýdakeşiň ýüzüne seredip ýuwdundym. ― Aýdyber, biziň öýümizde birimize bir zat boldymy?! Aýtsana, eýgilikmi?! ― diýip, jerçi titredi, onuň sesi sandyrady. ― Aýtsam, itiňiz... ― diýip, aşak bakyp dymdym. ― Alabaýyma näme boldy? ― diýip, Jümmi janygyp sorady. ― Arman, ömri gysga ekeni janawaryň ― diýip, ýüzümi kese sowdum. ― Öldümi?! Ir bilen agzyňy haýyr aç, çynyňmy, ýat adam gelende üýrüp, maňa duýdurardy ― diýip, jerçi aşak oturdy, maňa soragly nazaryny aýlady. ― Hawa, çynym, itiňiz öldi ― diýip, çürt-kesik aýtdym. ― Ýeri, bolýa-da. Başymyza gelen belany sowsun ― diýip, peýdakeş birneme rahatlandy. ― Öz başyna gelen belany sowup bilmedik it eýesiniň başyna gelen belany nädip sowsun, Jümmi han, senem diýmelimiş diýilse bir zat aýdýaň-ow ― diýip, jerçiniň garşysyna çykdym. ― Obadaş, itimize näme boldy, nädip öldi? ― diýip, Jümmi mesawy äheňde sorady. ― Janawar aşa düşüp öldi ― diýip, menem gynanmak bilen jogap berdim. ― Näme iýipdir? ― Towuklaryňyzy. ― Weý-weý, towuklarymyzy ol nädip iýip bilýär?! ― diýip, jerçi elewräp başlady. ― Towuklaryňyzyň ählisi gyryldy ahyry. ― Wah, olara näme çugutma keseli degdimi?! ― Ýok, olar aç gyrlypdyrlar. Bizem baryp, iým, suw berip bilmedik, itiňiz golaýyňyza eltenok. ― Hany aýalym, uly gyzym, olar towuklara iým bermeli ahyry ― diýip, jerçi saňňyl-saňňyl edip ýerinden turdy. ― Aýalyňy geçen ýekşenbede gyzan bazaryň ortarasynda gyt harytlar bilen, gadagan edilen önümler bilen OBHSS gapjap, türmäň törüne dykdy ― diýip gaharyma pert-pert aýtdym. ― Wah-wah, weý-weý, bagtym ýatypdyr! ― diýip, jerçi maňlaýyna ýumruklady. ― Hany uly gyzym? ― diýip, ol maňa naýynjar görnüşde seretdi. ― Uly gyzyň söýüşýän ýigidi bilen gaçyp gitdi, eýýäm komsomol toýam etdiler. ― Wah, men ol Nedirler bilen guda bolup, sähedini belleşip, galyňyny, haladyny hem alypdym-da ― diýip, Jümmi ojar közüne goýlan taňka ýaly gaýnady. ― Weý-weý, indi menden gudam Nedir dagy hasap sorasa näderin ― diýip, jerçi aglady. ― Arkaýyn bolaý, Jümmi han, düýn Nedir dagy prokuraturanyň işiginde reňkini üç ýuwlan esgi ýaly edişip oturdylar. ― Wah-wah, men guraýyn, galyňly gürrüňimizi sud prokuroram eşidipmi?! ― diýip, peýdakeş müzzerilip ýumruk ýaly boldy. ― Ýogsam näme, bilinmejek zat bolmaz ― diýip, men oňa öwüt beriji äheňde aýtdym. ― Wah, onda öýüň ýykyldy diý-de gutar-da ― diýip jerçi ýarym-ýaş bolup möňňürdi. ― Jümmi han, öýüň ýykylanyny ýa ýykylmandygyny-ha bilemok welin, düýn ähli emlägiňi torga çykaryp, öý goşlaryňyzy raýon merkezindäki hojalyk harytlar satylýan magazine getirib-ä ýördüler ― diýip, men biletimi registrasiýa etdirmäge ugradym. Sesiniň baryndan gygyryp, Jümmi jerçi ýüklerini göterip, duralga ugrady. Onýança bir ýigit gelip: ― Mälikow Jümmi sizmi, ýörüň, size ýörite maşyn garaşýar ― diýip, jerçä udostowereniýe görkezdi-de, ony alyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |