23:09 Jüneýit han barada hakykat: Gurbanmämmet serdaryň ata çykyşy | |
GURBANMÄMMET SERDARYŇ ATA ÇYKYŞY
Taryhy makalalar
Gurbanmämmet öz güni özünden geçýän ýönekeý orta daýhan ekeni; öz hakyna kaýyl, Allanyň berenine şükürli-kanagatly bolan, barlynyň zadyna göz gyzdyrmandyr, zenanlara gyýa göz bilen seretmändir, kalby arassa, wyždany päk, ýokary ahlakly, örän sypaýy, hakyky ynsan bolupdyr. Özi çala sowatly bolsa-da, çuňňur düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, pespäl, pukara, ejize ýardam etmäge hemişe döwtalap (taýýar) bolupdyr. Emma onuň Hojamyrat baý diýen belent pälli, şöhratparaz, baýlygyna buýsanýan, ejize ganym, ýaramaz ahlakly ikidogan oglan agasy bar ekeni, bir seňňerde, dul-degşir goňşuçylykda ýaşaýar ekenler. Soňky döwürlerde Hojamyrat baýyň päli azyp ugraýar. Gurbanmämmediň il içindäki abraýyndan hem-de akyl-paýhasyndan ätiýaç edip, “soň maňa hezil bermez” diýen pikire uýup, Gurbanmämmediňkileri horlap başlaýar. Hojamyrat baýyň ýaş kiçileri Gurbanmämmediň oglanlaryny gören ýerinde urup horlaýarlar. Meýdandan ýygyp getirýän otlaryny eşeginden agdaryp alyp, özlerini-de urup, gana boýap göýberýärler. Bularyň goşup oturan juwaz-harazlaryny-da ellerinden alyp, özlerine-de urup kowýarlar. Agasynyň hormaty üçin hem-de oýlanyp, ahyry goýarlar diýen ýagşy niýet bilen Gurbanmämmet gowulyga köp garaşýar, emma gowulyk bolmaýar; sabyr edip näçe çydasa-da ýagdaý üýtgemeýär, tersine, zorluk barha güýçlenýär. Gurbanmämmediň çydam käsesi dolup, Hojamyrat baýyň ýanyna barýar we ýagdaýyny duýdurýar. Ýaş kiçileriň jylawyndan çekmegi haýyş edýär. Hojamyrat baý: «bolýa, oglanlara tabşyraryn» diýip, Gurbanmämmedi ugradýar. Munuň bilen ýagdaý düzelmeýär, gaýtam, ýitileşýär. Gurbanmämmet ikinji gezek gelip agasyna ýalbarýar: «agam, bu ýagdaý aga-iniçilikde ýagşy däl, sen oglanlaryňa berkiräk «haý» diýmeseň bolanok, biziňkiler öýden çykmaga gorkýarlar, munuň soňy gowulyga barmaz» diýýär. Hojamyrat baý ýene: «bolýar, gepleşerin» diýip galýar. Mundan soňam ýagdaý üýtgemeýär, sütem barha artýar. Bir günem Gurbänmämmet Hojamyrat baýyň aýmançasynyň-haýatynyň gapdalyndaky bir atsyz ýerini sürüp ýören ekeni. Şol wagt Gurbanmämmediň gelni (inisiniň aýaly) Hojamyrat baýyň gapysynyň öňünden geçip barýarka, Hojamyrat baý oňa «lak» atýar: «Ejekebaý, bu günler nä gara bereňok, seni görüp durmasam keýpim bolmaýar» Muny-da Gurbanmämmet anyk eşidýär. Ýene-de Hojamyrat baý Gurbanmämmediň inisi Weli begi aldap iberip, öz hununyň deregine öldürýär (Hojamyrat baý ýylky ogurlyk sebäpli çaknyşykda aýyplanyp, bir hun bergili bolýar). Bulardan başga-da, Hojamyrat baý öz ogullaryna Ata gök (goňşusy) diýen baýyň öküzini ogurladyp, samanhana gabap goýýar, soňam gelip göklere «siziň ogryňyz şu ýeňiýoluklar» diýýär (Hojamyrat baý Gurbanmämmediňkileri «ýeňi ýoluklar» diýip kemsider eken). Bu habardan soň gökler gahar bilen gelip, Gurbanmämmediňkilerden iki oglany äkidip, yssyda agaja sarap goýýarlar, olara suwam bermeýärler. Şol gün Ata gögüň özi ýok ekeni. Bu habary eşidip, öýüne gelende Ata gök ýaňky agaja saralgy oglanlary görüp: «bu nä ýagdaý?» diýip, özüniňkilerden soraýar, olaram: «bular biziň öküzimizi ogurlapdyrlar» diýende, Ata gök “kim aýtdy?” diýip soraýar. Onda olar: «Hojamyrat baý aýtdy» diýýärler. Şonda Ata gök: «Hä, bu şol garry melgunyň «oýunydyr», oglanlary boşadyň» diýýär weli, şol wagtam (Ikindiň ara) ogurlanan öküzüň özi samanhananyň agzyna goýlan agaçlary ýykyp, Hojamyrat baýyň howlusyndan çykyp gelýär, muny-da hemme görýär. Ata gök oglanlary boşadyp, Gurbanmämmedi çagyrýar, gelensoňam oňa aýdýar: «Sen haçana çenli munuň horlugyny çekip çydajak, munuň bellisini edip bolmaýamy, bu sizi dargatjak, isleseň kömek edeýin» diýýär. Şondan soň Gurbanmämmediň sabyr-takady gutaryp, gahar-gazap soňky derejä ýetýär. Gurbanmämmet ar-namysy berk goraýjy, namys üçin jan alyp jan bermäge taýýar adam bolan. Ol beýnä agram salyp köp oýlanýar; «nätmeli?» diýen sorag ony otdan alyp suwa salýar; urşaýyn diýse egni deň däl, oky-ýaragy kem, kömekçisi ýok; kelläni aşak salyp gezmäge-de wyždany goýmaýar. Köp oýlanyp, ahyry giçden soň gaýyn atasynyňka ugraýar. Gurbanmämmediň gaýyn atasyna Atabaý gyrymsa (Atabaý göti döwük lakamy-da bolan) diýer ekenler. Il içinde ady belli baý bolan; daşyny goraýan 20-30 atlysy-da bolan, paýhasly, düşünjeli adam; ýeri-maly ýeterlik daýhan hem çarwa ekeni; eli uzadan ýerine ýetýän, özünden minnetdar kethuda eken. Gurbanmämmet gelip salamlaşandan soň, Atabaý gyrymsa giýewsine: «Ýeri,begim, ýüzüň ýaman hyrsyz gazaply-la, eýgilikmi?» diýip soraýar. Onda Gurbanmämmet oňa: «Henizä eýgilik, ýöne bu eýgilik uzak gitjek däl, agamyz hetdinden aşdy, mundan artyk çydap biljek däl. Men bu namysyň aşagynda galyp biljek däl» diýende, Atabaý gyrymsa: «Indiki niýetiň näme?» diýip soraýar; onda Gurbanmämmet gaýyn atasyna: «Bagyşlaň, ýaşuly! Men-ä ýüzüme gara çekip, uýat-da bolsa size, gyzyňa hem agtyklaryňa eýelik-hossarlyk et diýip aýtmaga geldim; çünki men bu ýurtdan başymy alyp gitjek, haçan agam bilen deňeşip, ondan arymy alyp biler ýaly bolamda geljek, ýogsam dolanjak däl» diýýär. Atabaý gyrymsa bolsa, bu gyzgyn meseläni parahatçylyk bilen çözmegiň ýoluny gözlemän, tersine, ganly çaknyşygy salgy berýär. Ol: «eger-de men saňa ýeterlik ok-ýarag, kömekçi bersem, sen agaňdan aryňy özüň alyp biljekmi?» diýip soranda. Gurbanmämmet: «alyp biljek» diýýär. Onda Atabaý gyrymsa: «Hemme gerek zatlaryňy al, ýöne meniň özüm gidip biljek däl, sebäbi men seniň gaýyn ataň bolanym üçin, ilçilikde uýat bolar» diýip, olary ýola salýar. Şondan gelip Gurbanmämmet ýanyndaky kömekçileri bilen ýarygijeden soň Hojamyrat baýyň howlysynyň daşynda üç ýerde gürp (okop) gazyp, töweregini gabap ýatyberýärler. Daň atandan soň Hojamyrat baý namaz okamak üçin täret almaga öýden daşary çykanda atýarlar. Hojamyrat baýyň «wah» diýip ýykylan sesine, «heý-waý, näme boldy?» diýip çykan aýalyny-da atýarlar, gykylyga, tüpeň sesine aljyrap çykan ogullaryny, inilerine-de atyp, jemi gereklisinden alty adamy öldürip gaýdýarlar. Bu wakalar 1910-11-nji ýyllar töweregi bolýar. Gurbanmämmet bu işi etmäge mejbur bolany üçin, ony näletlemändirler, gaýtam, “Hojamyrat baýa geregidi» diýenler köp bolupdyr. Bu habar ýyldyrym çaltlygynda uly ile ýaýraýar. Şondan soň Gurbanmämmedi tanamaýanlaram, tanyşmaga-görüşmäge gelip başlaýarlar, onuň abraýy artyp ugraýar. Soňabaka horlananlar, garyp-pukaralar malyny, zadyny, aryny alyp bermäge kömek sorap gelýärler. Gurbanmämmediň islendik haýyşyny, ýumşuny, teklibini ikirjiňlenmän berjaý edýärler. Sebäbi ol meseläni juda adalatly çözüpdir. Bulardan soň Gurbanmämmediň abraýy hasam artyp, mertebesi-de göterilip ugraýar. Soňa baka iki-ýeke atly-ýaragly adamlaram onuň hyzmatyna meýletin gelip başlaýarlar. Meýletinleriň sany barha köpelip, gysga wagtyň içinde Gurbanmämmet onlarça atlynyň serdary bolýar. Hojamyrat baýyň şol pajygaly wakada ölmän galan nebereleri häzir Tagtada (Bedirkentde), Akdepe (Guşbegide), Köneürgençde (Kyrk gyzda) ýaşap ýörler. Hojamyrat baýyň kiçi ogly Uşak aga ýakynda 92 ýaşynda 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda aradan çykdy. Uşak aganyň dogan ýegeni, Hojamyrat baýyň Ogulbike (öwke) diýen gyzyndan bolan agtygy Eýranyň Kümmetkowus diýen ýerinde ýaşaýan Meret Mäti ogly (goýçyk) 1990-njy ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda (ölmezinden 1 ýyl öň) gelip, Uşak daýysyny görüp gitdi. Gurbanmämmet serdaryň özüniň nebereleri bolsa, häzir Owganystanda, Eýranda ýaşaýarlar; 1978-nji ýylda şolardan Agamyrat Ata ogly maşgalasy bilen ilkinji bolup gelip-gitdi, ondan öň daşary ýurda gidenlerden gelip-giden ýokdy. Ol bu ýerde 6 aýdan gowrak boldy, men onuň bilen köp söhbetdeş boldum, köp zatlary öwrendim, olar häzir Eýranda Kümmetkowusda ýaşaýarlar. Men bu gürrüňleri şol wakalar gatnaşan, gözi bilen gören gulagy bilen eşiden adamlardan hem-de şolar bilen köp söhbetdeş bolan adamlardan: Halmyrat Bekata, Rejep molla, Gaplaň ussa, Mädemin Magsym, Kaka Rejep, Kaka Bagşy dagydan we başgalardan köp gezek eşidipdim, köpüsi ýadymdan çykypdyr. GURBANMÄMMET SERDARYŇ OWGANYSTANA SAPARY Gurbanmämmet serdar gysga wagtyň içinde halk tarapyndan adyna mynasyp «Il serdary» diýlip ykrar edilýär. Şol wagt, ýagny Yslam Hoja öldürilenden soň, Hywa hanlygynda tertip-düzgün gowşaýar, Isfendiýar hanlygy dolandyrmagy başarmaýar; Ilatyň köpüsi, ylaýta-da türkmenler ähli meselede Gurbanmämmet serdara ýüz tutup ugraýarlar. Serdaram halkyň ýumşundan gaçman, il bähbidi üçin bar bolan mümkinçilikden başarnykly peýdalanypdyr, hat-da öz nökerlerine-de iliň hyzmatyndan boş wagtlary hojalyk işlerinde peýdalanypdyr, olaryň göwünlerini tapypdyr, olar yhlas bilen işläpdirler. Şeýdip Gurbanmämmet serdar hojalygyny ganymat gurplandyrýar. Şol arada Gurbänmämmet serdary hasap etmän özlerini «han» diýip hasap eden köwek-bozgaklaram tapylypdyr, meselem, Gulamaly, Şammy kel, Goçmät kel, ýene başgalar. Olar gizlinlikde Gurbanmämmet serdaryň garşysyna hereket edýärler, emma, serdaryň ýiti akyly we paýhasy olaryň hemmesinden üstün çykýar. Şol wagtda halkyň Hywa hany Isfendiýardan närazylygy güýjeýär, milletiň köpüsi haýsyna ynanjagyny bilmän, iki jahan owarrasy bolup, tolgunyşma başlanýar. Isfendiýar han näme ederini bilmän aljyraýar. Ahyrynda «dostlarynyň maslahaty bilen, halkyň handan barha atýan nägileligini zorluk bilen ýatyrmak üçin, Isfendiýar han Ak patyşadan kömek soraýar. Ak patyşa-da general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji polk iberýär. Ganhor polk 1915-nji ýylda gaýdyp, 1916-njy ýylyň başyna Hywa gelip ýetýär, gelibem Isfendiýar handan jezalandyrylyp ýok edilmeli adamlaryň, obalaryň ýazuwyny-sanawyny alyp işe başlaýar; ol (ganhor general) köp adamlardan, obalardan rehimsiz öç alypdyr; ol howlukman, obama-oba, galama-gala, öýme-öý aýlanyp, tabşyrygy berjaý edipdir, käbir adamlar ondan Garaguma gaçyp gutulypdyrlar. Bu wakalar 1916-njy ýylyň tomus-güýz aýlarynda bolýar. Şol sebäpli Horezm halky 1916-njy ýylda taryhda ýatdan çykmajak «Galkinli ýyl» diýip atlandyrylypdyr. Şol ýyl häzirem halkyň dilinden düşmän gelýär. «Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaz» diýenleri dogry ekeni. 1916-njy ýylyň aýagyndan başlap bolşewikler Petrogradda rewulusiýany tizleýän ekenler; rewolusiýanyň garşysyna peýdalanmak üçin, 1916-njy ýylyň aýagynda Galkiniň polkyny gyssagly yzyna çagyrýarlar, ýogsam ol ýene köp weýrançylyklar etmekçi ekeni. Horezm halkynyň bu gözgyny ýagdaýyny wepaly dostlary bilen maslahatlaşmak üçin, Gurbanmämmet serdar şol ýylyň güýzünde Mara, Owganystana, Tejene ugraýar. Gurbanmämmet serdar Maryda, Owganystanda Tejende 5-6 aý eglenmeli bolýar, sebäbi köp ýerlere barmaly, köp adamlar bilen duşuşmaly, maslahatlaşmaly bolýar, ol döwrüň ulagy bolsa, at bilen düýe bolan. Ähli duşuşyklarda Horezm halkynyň geljekki ykbaly maslahatlaşylýar, çykalga gözlenýär. Anyk çözlen mesele bolmasa-da, hemmetaraplaýyn goldajakdyklaryny, ok-ýarag, adam kömek etjekdiklerini wada berýärler. GURBANMÄMMET SERDARYŇ OWGANYSTANDAN GAÝDYP GELMEGI Gurbanmämmet serdar Owganystandaky dostlary bilen gepleşikleri göwnejaý tamamlap, sag-aman yzyna dolanýar. Ondan Mara, Tejene gelip, Eziz han we tekeleriň başga serdarlary bilenem gepleşip gaýdýar, hem-de 1917-nji ýylyň ýanwar aýynyň başlarynda sapardan sag-salamat Bedirkende gaýdyp gelýär. Indi Gurbanmämmet serdar Owganystana saparda ýörkä yzyndaky ýagdaýlara görä syn edeliň! Gurbanmämmet serdar Owganystanda saparda köp wagt eglenýär, pursatdan peýdalanyp, serdaryň duşmanlary (Şammy kel başlyklaýyn) Bedirkentde her dürli ýakymsyz habar ýaýradýarlar; «Owganystana baryp Gurbanmämmet serdar agyr derde ýoluganmyşyn; serdary tussag edip, zyndana salanmyşlar; serdary öldürenmişler; hullasy, «serdar indi bu ýurda gaýdyp gelmez» — diýip, köp adamlary ynandyrypdyrlar. Bu ýalan toslamalara ynanyp, käbir kemakyllar serdaryň yzyna bozuk niýet bilen garap başlanar. Iň ýamyny-da myş-myşlara çyny bilen ynanan Baba ýüzbaşy Gurbanmämmet serdaryň öň guda bolup giden gelinligini ogluna alyp, uly toý edýär. Gurbanmämmet serdar dagam edil toý güni giç öýlän wagty ýetip gelýärler. Gurbanmämmet serdaryň geljegini Şyhym sülgün gumalak atyp bilýär-de, Eşek mirabyňka gelýär hemem olaryň geljek ýoluna adam goýýar. Gurbanmämmet serdar ýanyndaky hemralary bilen sag-aman gelýärler, ýurdyň ýagdaýy bilen gysga tanyşýarlar. Gysga wagtlyk dynç alyşdan soň, Gurbanmämmet serdar ýanyndaky atlylary bilen göni toýa ugraýar. Toýuň bagşysy-da Öre şyh joşup aýdýar eken; Şammy kel bolsa bäbek jaýda ýaş özbek gyzlaryny ýarym ýalaňaç oýnadyp (özü-de içki geýimde) keýp çekýän ekeni. Gurbanmämmet serdar dagy gele-gelmäne toýy oka tutýarlar; ýüzbaşynyň toýy ýasa dönýär. Serdaryň duşmanlarynyň ýüregi ýarylýar, balaklary «päklenýär». Şammy kel bolsa, geýimlerini geýmäge-de ýetişmän, zordan çäkmenini kakyp alyp, başy-aýagy ýalaňaç pyýada gaçýar, günbatara diýip gaçany arka bolýar, Temeçden çykýar. Bütin gijesi bilen pyýada gaçyp, ýol-ýodasyz jeňňelden-jeňňele urup persala bolup Temeji, Kellelini, Çarbaglyny, Ýylgynlyny söküp, soňky deminde gün dogmazyň öň ýany zordan galasyna özüni atýar, soňam agzy uçuklap, bir aýdan gowrak öler ýaly bolup ýatýar. Ýüzbaşynyň bu etmişi üçin ogly Balhyny ölüme buýurýar, özüni-de zyndana salýar, soň il bolup, günäsini diläp boşadýarlar, «ýakma bişersiň gazma düşersiň» diýenleri bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |