23:06 Jüneýit han barada hakykat: Hanlykda Yslam hojanyň roly | |
HANLYKDA YSLAM HOJANYŇ ROLY
Taryhy makalalar
Hywa hanlygyndaky bolup geçýän wakalar gös-göni Yslam hoja bilen baglanyşykly bolýar. Ilki bilen-ä, onuň asly arap (pygamber öwlady) bolany üçin, ýerli halka garanda artykmaç hukuklardan peýdalanypdyr. Ol keramatly (dili dogaly) hasaplanypdyr; şonuň üçin onuň adynyň yzyna «hoja» lakamyny goşar ekenler. Ol juda sowatly alym kişi bolupdyr; özi-de türk dillerinden başga-da, arap, pars, ors, nemes, iňlis, fransuz dillerini-de bilipdir. Petrogradda, Gamburgda okapdyr. Ýiti akylly, pähimli, öz döwrüniň öňde baryjy medeniýetli adamy bolupdyr hem-de Yslam dininiň ynamdar baýdak göterijisi hasaplanypdyr. Hywada oňa «Horezimde Yslamyň sütüni» diýer ekenler, bular onuň şahsy taraplary. Ikinjiden, ol Mäderim hanyň guda-garyndaşy. Mäderim hanyň kiçi ogly Isfendiýaryň aýaly Yslam hojanyň gyzy bolan. Şol sebäpli ol Mäderim hanyň iň ynamly adamy bolupdyr. Mäderim han ömrüniň soňky döwürlerinde juda gojalýar (98 ýaşap ölýär), gözi çöňňelip, gulagy hasam agralýar, gepleşmek juda kyn bolýar. Hanlygy dolandyrmaga gurbaty ýetmänsoň, köp işleri (soňabaka ähli ýolbaşçylygy) Yslam hoja ynanýar. Yslam hoja ozalam hanlygyň daşary işler, içeri işler, gurluşyk wezirliklerine hem-de din işlerine ýolbaşçylyk edýär ekeni. Muňa bolsa köşgüň beýleki emeldarlary görüplik edip başlaýarlar; hakykatda bolsa Mäderim hanyň ynamyny ödemek üçin Yslam hoja yhlas bilen hanlygy dolandyrýar. Onuň ýolbaşçylygynda birnäçe medreseler, ýollar, suwaryş ýaplary, Hojamgulydaky köle gömük (hanyň gömügi) we başga-da köp desgalar gurulýar. Hywadaky belent ýaşyl minara hem-de kerwen saraýyň ýanyndaky medrese Yslam hojanyň öz serişdesiniň hasabyna gurduran ymaratlary ömürlik ýadygärlik bolup galypdyrlar. Hywanyň soňky erk galasy Nurulla baýy bejertmek üçin Yslam hoja Petrogaddan, Germaniýadan ors hem-de nemes ussalaryny getirip işledipdir. Bu işler bolsa, köp harajat talap edipdir; şonuň üçin salgydy az-kem artdyrmaly bolupdyr. Şu maksat bilen, ýagny, salgydyň artdyrylýandygy baradaky permana gol çekdirmäge baranlarynda, garry han kän sapar nägilelik bildirer ekeni: «Hoja, sen meni Hudaýyň eldinde günäkär eterseň, ile şermende, dowzahy kylar sen, bu işleri koý» diýip, zeýrener ekeni; uly kynlyk bilen düşündirilenden soň, sandyrap gol çeker ekeni. Şol Germaniýadan getirilen nemes ussalary Hywanyň ýurduny halap, bu ýurtda mydamalyk ýaşamaga galýarlar. Ak metjit diýen ýerde oba tutunyp, häzirem ýaşap ýörler. Muhammetrahym han ölenden soň hanlygy dolandyryş işleri bütinleý Yslam hojanyň ygtyýaryna geçýär. Beýleki emeldarlarynyň abraýy peselip, olar hojany ýigrenip başlaýarlar hem-de onuň garşysyna gizlin herekede geçýärler, Isfendiýar hanyň daşynda-da hile duzagyny gurup ugraýarlar. ISFENDIÝAR BARADA GYSGA SÖHBET Seýit Isfendiýar Bahadur han Muhammetrahym Bahadur hanyň gyrnak aýalyndan bolan kiçi ogly. Yslam hojanyň körekeni Isfendiýar han Hywanyň doly ygtyýarly hany bolsa-da, gaýyn atasynyň aýdanyndan çykyp bilmändir; ol şeýle-de bolaýmaly, sebäbi ol çagylykda erke ösen, aşa läliksiredilen (gyrnakdan bolany üçin az-kem ünsden düşürilen bolmagy mümkin). Şonuň üçinem ol doly akylly bolup ýetişmeýär, tentegräk bolýar, üstesine-de, gaýyn atasy ähli döwlet işlerini özi dolandyryp ýörensoň, ol köplenç keýp-sapada boluberýär. Isfendiýaryň bu ýagdaýy soňra Yslam hojanyň duşmanlary üçin peýdaly gural bolup hyzmat edýär. YSLAM HOJANYŇ ÖLÜMI Yslam hojanyň duşmanlary Isfendiýar hana hojany ýamanlap başlaýarlar. Toslama deliller bilen ýamanlawy barha kämilleşdirip, hanyň ýüregini gorkudan doldurýarlar; hatda olar «degerli» deliller bilen; «ol seni bir oňaýynda öldürip, ýeriňe han boljak bolup ýör» diýip ynandyrýarlar. Ahyry duşmanlar Isfendiýar hany gaýyn atasynyň (Yslam hojanyň) öldürilmegine razy edýärler. Indiki mesele – bu işi kim bitirmeli – Yslam hojany kim öldürmeli, nädip öldürmeli? Bu Beýik adamy öldürmäge özbeklerden hiç kim ýürek edip bilmeýär, ahyry-da çykalga tapylýar. Şol wagtda ýomudyň iki batyry hanyň zyndanynda ýatan ekeni; muny bir garry wezir salgy berýär: «Ýomudyň iki batyry (Begbala bilen Şammy kel) häzir zyndanda ýatyrlar, şolary boşatsaňyz, bu işi şolar bitirerler” diýýär, soň şeýlede bolýar. Soňra Yslam hojanyň duşmanlary ýomudyň batyrlary bilen gepleşýärler; ýagny «hanyň buýrugy boýunça Yslam hojany öldürmeli, ýöne bu iş şerigatda bize dogry gelmedi lekin, günaýyny öz boýnumyza alýarys, kyýamatda jogabyny özümiz beremiz» diýip, Kurandan aht içip, olary ynandyrýarlar, çünki hojalar Muhammet pygamberiň öwlady bolany üçin, olary öldürmek günäniň iň agyry hasaplanypdyr. Bu günäni eden adamyň tohumy gutarýar eken. Türkmenler Yslamyň bu kanunyna ýürekden ynanýarlar, emma özbeklerde ynanmaýanlaram bolupdyr. Şonuň üçin türkmenler ömrüni sallah geçirse-de, öwlatdan öýlenip bilmändirler. Ahyry ýomudyň batyrlary Yslam hojany öldürmäge boýun bolýarlar. Adaty günler geçip durýar. Her gün kada boýunça köşk emeldarlary gündelik işden soň Nurullabaýa (köşge) ýygnanyp, ertirki işleri maslahatlaşyp, ýassy namazyndan soň öýlerine gaýdýar ekenler. Emma Yslam hoja galyp, han bilen ýene ýarym sagatlyk aýratyn gürrüň geçirip, nesihat berip gaýdýar ekeni. Onuň gaýdýan ýolunda şol wagt janly-jandar bolmaz ekeni. Onuň ýoly Nurullabaýdan çykyp günbatar-ileri (kybla) tarapa- galanyň Şahymerdan derwezesine baka dogry ýol bilen gidýär ekeni; bu ýol bir mazarystanlygyň içinden geçýär, galadan çykybam, ýol göni Yslam hojanyň galanyň daşyndaky howlusyna barýar ekeni. Galanyň daşyndaky Yslam hojanyň bu haşamly, owadan syrçaly howlusy uzak ýyllaryň dowamynda Hywanyň oba hojalyk tehnikumynyň jaýy bolup, halka bibaha hyzmat etdi; soňam taryhy-arhitektura ýadygärligi bolup galjakdy, arman, olam durgunlyk ýyllaryndaky pöwhe ýolbaşçylaryň pidasy boldy. Ana, ýomudyň batyrlary Yslam hojanyň öýüne gaýdýan ýoluny öwrenip, hojany şol gonamçylykda «garşylaýarlar»; Şammy kel eli gylyçly dor (gara-goňur) atly ýoluň üstünde keserip durýar, Beg bala bolsa, Şammydan 5-6 ädim öňde (Hojanyň geljek tarapynda) eli gylyçly ýola ýakyn bir mazaryň aňyrsyna ýaplanyp oturyp garaşýar. Yslam hoajnyň geler wagty (has dogrusy, öler wagty) ýakynlap, paýtunyň düwmeleriniň sesi (jyňňyrdysy) eşidilip başlaýar, batyrlar ykjamlanýarlar. Hojanyň paýtunçysy ýolda duran garany daşdan saýgaryp, haýkyryp başlaýar: «Heý, kim bu ýolda duran betbagt? Han hezretleriniň ýolunda durmaga nä hakyň bar? Kaç ýoldan!» diýip gygyrýar, emma, ýoldaky gara sarsmaýaram. Paýtunçy ýene: «kaçasanmy ýa ölesenmi? Kaç diýdim men saňa!» diýip, ýakynlap gelip, paýtun Beg balanyň deňinde saklanýar. Şol wagt mazarystandan atylyp çykyp bir adam (Beg bala) Yslam hojanyň boýnuny çapýar. Yslam hoja bir «ah» çekip, paýtunyň içine ýykylýar. Paýtunçy bolsa muny görüp, paýtunyndan başy aşak ýykylýar-da, süýrenip baryp, bir ýykylan mazaryň içine girip ýatýar. Batyrlar hojanyň ölenini anyklap, paýtunçyny çagyrýarlar, emma paýtunçy gelmeýär; «saňa degjek däl, gel, hojany äkit!» diýselerem gelmeýär. Soň batyrlar paýtunçy ýabyny ýoluna dogrulap, jylawyny paýtuna berkidip, sargysyna gamçylap ugradýarlar. Ýaby janawer, adam ýaly, öňki ýoly bilen gaýdyp, Yslam hojanyň ölüsini öýüne getirýär. Batyrlary bolsa, ozaldan şertleşik boýunça bir arabanyň içine ýatyryp, menjireden ýokary üstüne, öňüne, yzyna ot basyp, bazar güni ir namaz wagty Gazawatdan geçirip, Ak saraýa eltip gaýdýarlar. Ine şeýdip, Yslam hojanyň duşmanlary hojadan dynyp, uly «ýeňiş» gazanýarlar (bu waka takmynan 1914-15 ý. töwereginde bolup geçýär). ESFENDIÝAR HANYŇ PETROGRADA SOŇKY SAPARY Yslam hojanyň öldürilmegi hanlyga agyr ýitgi bolýar. Isfendiýar han döwleti dolandyrmakdan baş çykaryp bilmeýär. Oňa Yslam hoja ýaly wepaly hyzmat etjek akylly kömekçi adam bolmaýar, şeýdip bir-iki ýyl geçýär. Indi Yslam hojanyň duşmanlary Isfendiýar handan dynmagy maksat edinýärler, ony ýoklap, hanlygy özlerine almagyň inçe ýollaryny gözläp ugraýarlar. Hywa hany ýanynyň emeldarlary bilen ýylda 1 ýa 2 gezek salama hem-de möhüm döwlet meselelerini çözmäge Petrograda Ak patyşanyň (Nikolaý II-niň) huzuryna gider ekenler. Ýene-de nobatdaky gidişlige taýýarlyk görlüp başlanýar. Bu gezekki gidişlikde Isfendiýar han bilen onuň maslahatçy-hyzmatçysy edilip, öňünden taýýarlanýan hilegär dilewar adamlar goşulýar; olar Isfendiýar hanyň ynamyna girýärler, birem hanyň dilmaýaçy bolýar. Paýtagta baryp, daşary ýurtdan gelen myhmanlaryň ýaşaýan köşgünde (Gostynyý dworda) ýerleşýärler. Pursatdan peýdalanyp Isfendiýar hanyň «ynamdar» maslahatçylary-da «işe» girişýärler; oruslaryň gyz-gelinleriniň owadanlygyny, mylaýymlygyny, erkek adamy kabul edişleriniň üýtgeşikligini öwüp arşa çykarýarlar. Ak patyşa bulary birnäçe gezek kabul edýär, paýtagtda köp gün bolýarlar. Şonda bular (hanyň ýanyndakylar) her gün agşam myhmanhanada gören perizatlary, keýpleşen gyzlary barada agyz suwardyjy, duýguňy oýaryjy çeper sözler bilen hanyňam zenana bolan duýgy-höwesini oýandyrýarlar; ahyry hanam göwni isläp, bulara käýinip başlaýar: «siziň hanym diýgeniňiz ýalgan eken, işiňizi bitirgende size han gerek, keýpleşgende gerek emesmenmi?» diýip, niýetini mälim edýär. Onda maslahatçylaram oňa: «han hezretleri, biz size aýtmaga gorkup ýöriberdik, indi bu aýtganyňyz ýagşy boldy, ol işiň kynlygy ýok, ertirki kabul edişligiň soňunda «näme ýetmezçiligiňiz bar?» diýip, patyşa soraganda aýdagoýmaly» diýýärler, şeýle-de bolýar. Ertirki kabul edişlik gutaranda Nikolaý patyşa Isfendiýar handan: «Gowy dynç alýaňyzmy, paýtagt göwnüňize ýaraýamy, näme ýetmez zadyňyz bar?» diýip soraýar. Onda Isfendiýar han: «Patyşaýy älem! Hiç kemçiligimiz ýok, ýöne ýurtdan gaýdanymyza köp wagt boldy, siziň merjenleriňiz ýetenok» diýýär. Onda Ak patyşa oňa: «Siz musulman, biz hristian, dinimiz başga, ol iş siziň şerihatyňyza dogry gelermikä?» diýýär. Onda Isfendiýar han maslahatçylarynyň öwredişi boýunça, «uzak wagtlaýyn daş ýola sapara gidilende zerurlykda şerihat rugsat berýär” diýýär (bu sözleri aýtmaga maslahatçylar hany ýeterlik taýýarlap barýarlar). Ak patyşa-da «şeýle bolsa bolýar, onda baryň, myhmanyň hyzmatyny bitiriň» diýip, bir düşbi hyzmatça aýdyp iberýär. Olaram paýtagtyň şol işde «at gazanan» perizatlaryndan birini getirip, Isfendiýar hanyň hyzmatynda goýup gidýärler. Isfendiýar bir gijeki haram mesçilikden soň ertesi keýpi gaçyp başlaýar, oňa «şol perizatdan» bejerip bolmajak ýaman kesel ýokaşýar. Şeýdip, Isfendiýar han akmaklygy sebäpli Petrograddan uwlyp gaýdýar. Bu habary özleri gelmänkä Hywa ýetirýärler. Muny bilip, Isfendiýar hanyň Hywadaky duşmanlary täzeden aýaga galýarlar. Olar ilki bilen Isfendiýar hanyň janyny ynanýan tebibini ele salýarlar, oňa berk tabşyrýarlar. Olar tebibe: «Han şeýle ýagdaýa duşupdyr, ol hökman saňa ýüz tutar, sen bolsa oňa: «kyrk gyzyň ýüzüni açsaň, bu keselden gutularsyň-açylarsyň, ýogsa-da ölersiň diýip aýtmaly» diýýärler, özüne-de: «şuny etmeseň, sen-de ölersiň» diýip gorkuzýarlar. Soňundanam hanyň duşmanlary haýal etmän hanyň garşysyna aýaga galýarlar. Halkyň arasyna çykyp: «Han azypdyr, dinden çykypdyr, Ak patyşanyň ýanyndan wejere-masgara bolup gaýdypdyr» diýip wagyz ýaýradýarlar, halky hanyň garşysyna öjükdirýärler Isfendiýar han il içinde abraýdan gaçjagyndan gorkup, bu syry hiç kime aýtman, hemme dert-azaryna çydap, zordan Hywa gelip ýetýär, gelibem öz şahsy tebibini çagyryp, oňa ýagdaýyny aýdýar hem-de halas etmegini soraýar. Tebibem öz gezeginde hana agyr derde uçrandygyny, bu dertden gutulmagyň örän agyrdygyny, munuň üçin kyrk gyzyň ýüzüni açmalydygyny, şony etmese-de ölmelidigini mälim edýär. Şondan soň Isfendiýar han, köşkde hyzmat etmek üçin diýen bahana bilen, ilki Hywanyň içinden, soňam daşky obalardan her kentden bir ýaşajyk gyz getirmegi kethudalara buýurýar, ine, gyz salgydy hem şundan gelip çykýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |