23:31 Jüneýit han barada hakykat: Jüneýit hanyň bitiren döwlet ähmiýetli işleri | |
JÜNEÝIT HANYŇ BITIREN DÖWLET ÄHMIÝETLI IŞLERI
Taryhy makalalar
1). Jüneýit han il içindäki tertip-düzgün ýola goýanyndan soň haýal etmän Bedirkentde özüne uly gala saldyryp başlaýar. Muny eşiden halk kömek etmäge howlukýar, galanyň gurluşygyna meýletin işeňňir gatnaşýarlar. Bu işler ählihalk ýowary görnüşinde amala aşyrylýar. Muňa uly höwes bilen kömek edýärler. Şeýlelikde Jüneýit hanyň Bedirkentdäki galasynyň gurluşygy gysga wagtda göwne makul bitirilýär. 2). Mundan soň wagt ýitirmän Jüneýit han öz galasyndan Hywa gidýän ýoly gönülemek üçin, Bedirkent bilen Şyh obasynyň arasyndaky (Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedi) Garadaşly kölüni gömdürip başlaýar. Bu gömügiň gurluşygy-da ählihalk ýowary görnüşinde edilýär; Gündogardan özbekler günbatardan türkmenler deňlikde, meýletinlikde örän adalatly bitirilýär, hiç hili gorkuzmak, mejbur etmek bolmandyr, şeýdip, gömügiň gurluşygy-da tiz bitirilýär, (soň oňa Hanyň gömügi diýilýär). Gömügiň üç ýerinde köprüsi bar eken. Men ony 1945-nji ýylda ýörite baryp gördüm. Şol wagt köprüler ýykylyp, orny bar ekeni, eşegimden düşüp suwa girip, aňyrsyna-da geçdim (men matematika mugallym bolsam-da, taryhy wakalara, ymaratlara, ýadygärliklere içgin gyzyklanýaryn). Gömügiň gurluşygy-da çalt bitirilip, iki paýtagtyň arasynda çapar atlylar, düwmeli paýtunlar we beýleki ulaglar dynuwsyz gatnap başlaýarlar. Bu iş halk üçin-de örän peýdaly bolýar, Hana çäksiz alkyş aýdýarlar. 3). Indiki mesele galany yşyklandyrmak meselesi bolýar. Munuň üçin Jüneýit han Hywadan elektrodwigatel getirip, öz galasynda elektrik çyralaryny ýakmagy ýüregine düwýär; ýöne elektodwigatel agyr bolany üçin şol döwrüň arabalary ony götermekden ejiz bolupdyr. Ony göterýän başga mehanizim-de bolmandyr. Munda-da adam paýhasy üstün çykýar. Şonda Jüneýit han şeýle maslahat berýär: «iki sany agajy (deregi) ýarysyna çenli uzaboýuna tekizläp ýonuň; ýasy tarapyny ýerde goýup, ikisiniň üstüne bir gulaçdan uzynrak kuwwatly tagta kakyň, agaçlaryň arasy-da bir gulaçdan gysga bolmasyn. Ondan soň dwigateli üstüne ýükläp, süýräp eltip bolar» diýen. Şony makul bilip, hanyň aýdyşy ýaly edenler, ýöne ony çekmek üçin uly güýç, köp adam gerek bolupdyr. Ýene-de hana gelip ýagdaýy aýdanlar, onda han: «goý, her kent (oba) öz deňinden geçirip bersin» diýipdir; gör nähili adalatlylyk, deňlik! Şeýlelikde elektrodwigatel Hywadan Bedirkentde üç günde agzybirlikde getirilýär. Dwigatel gelýänçe beýleki işler taýýar edilip goýulýar, tiz wagtdan Jüneýit hanyň Bedirkentdäki galasynda, türkmen obasynda ilkinji gezek (1918-nji ýyl) elektrik çyralary ýanýar. «Şondan soň her gün çyralar ikindi wagty ýanyp, gün dogup naýza boýy galanda öçýärdi» diýip şol obanyň adamlary guwanç bilen ýatlaýardylar. 1941-nji ýylda uruş başlananda soň, halk hor düşdi, açlyk başlandy. Şonda Özbegistanyň, Marynyň, Tejeniň, Ahalyň halky açlyk belasyny köp gördüler. Daşoguz oblastynda ilerden argyşa gelýänleriň yzy üzülmedi. Horezmden bolsa, diňe garyn çöregi üçin bize gelip talaban duranlar juda köpdi, olara «günlükçi» diýerdiler. Mäşerip eke diýen bir özbek bizde günlükçi bolup köp işledi. Ol hanyň gömüginiň gurluşygyna, elektrodwigateliň getirilişine-de gatnaşan ekeni. Men ondan: «Nädip süýräp bildiňiz» diýip soradym, onda ol: «dört ýa-da alty at goşup, özümizem ýardam berip tartaberdik» diýdi; ýene ondan: «hanyň adamlary sizi gamçylandyr, urandyr» diýemde: «ýönekeý, kaýtam berekella, gaýrat ediň diýer ediler» diýip, hoşal bolardy. Bu işleriň hemmesi iki ýylyň (1917-1918.ý) içinde bitirilipdir. 4). Şol gyssag arada (1918.ý) Jüneýit han söwda dolanşygy üçin, täze döwlet pulyny-da çykarypdyr, ýüpekden pul basdyrypdyr; oňa Jüneýit hanyň ýüpek puly diýer ekenler. Bulardan soň Jüneýit han galanyň daşynda pagta jyklaýan zawod, mata dokaýan kärhana hem gurmak maksady bar ekeni, emma ol işler arzuwlygyna galýar, çünki şol wagtlar Daşkentde, Buharada, Horezmde ýaş söwet respublikalary döräp, Orta Aziýadaky hanlyklara päsgel berip ugraýarlar. JÜNEÝIT HANYŇ GYSYLYŞY 1919-njy ýylyň ortasyna çenli ýaş sowet häkimiýetleri az-kem janlanyp, Jüneýit hanyň garşysyna gizlin garşylykdan kem-kemden açyk herekede geçip başlaýarlar. Olar Jüneýit hana ähli ýurduny, mülküni, baýlygyny tabşyryp, islän ýurduna gitmegi, ýa-da öz ýurdunda galsa-da, söwet häkimiýetine tabyn bolmagy maslahat berýärler, emma Jüneýit han muňa razy bolmaýar; geçirilen köp sanly gepleşiklerem netije bermeýär. Soňra Jüneýit hana haýbat atýarlar: «Güýç bilen boýun egdireris, soň puşman edersiň, ýöne giç bolar» diýip aýdýarlar. Jüneýit han bolsa olara: «ol öz işiňiz, meniň puşmanym bolmaz, Alla bar, beren amanadyny özi alar, kysmaty görübermeli bolar» diýen jogaby aýdýar. Şondan soň iki tarap hem ýaragly çaknyşyga taýýarlanyp başlaýar. Bedirkendiň Gyzylgum diýen obasynda Mätjik ussa diýen ady belli ökde demirçi ussa bar ekeni; Gaplaň ussa (müjewir) şol wagt 17 ýaşly berdaşly ýetginjek Mätjik ussanyň şägirdi bolup işleýän ekeni. «Bir gezek ussanyňka gaba, gür çal sakgally, orta boýly, ýogyndan gelen çakgan nurana gurgun bir adam geldi. Mätjik kakam bilen gepleşip gidenden soň, halypanyň ýüzi soluk geldi hem-de «edip oturan işleriňizi çaltrak gutaryň ertirden başlap ýarag düzetmeli, gylyç ýasamaly» diýdi. Şondan soň näsaz ýaraglar (tüpeň, gylyç) gelip ugrady. Biz gije hem gündiz haýdap işlemeli bolduk. Şol adam soňam birnäçe gezek gelip, «ussalar armaň, kelenter şägirt diýerdi» diýip, Gaplaň ussa köp gürrüň beripdi. 1919-njy ýylyň aýagynda Jüneýit han bilen sowet häkimiýetiniň arasynda (sowet otrýad komandiri Şaýdakowyň arasynda) ýaragly çaknyşyklar başlanýar. Ilki başda Jüneýit hanyňkylar şowly hereket edýärler. Şaýdakowyň komandirliginde sowet otrýady ejizläp, yza çekilip başlaýar, soňra Amyderýa doňandan soň, derýadan arka geçip, Dörtgölde saklanyp, Daşkentden kömek gelerine ýatmaga mejbur bolýar. Jüneýit hanam galasyna gelip, Ýomudyň ähli serdarlaryny, kethudalaryny ýygnap maslahat geçirýär. Maslahatda ähli güýji jemläp Şaýdakowa aýgytly zarba urmaly — ýok etmeli» diýen karara gelinýär; Serdarlara aýratyn ýumuşlar buýrulýar. Şonda Goçmät kele Daşkentden (Çärjewden) derýa bilen Şaýdakowa gelýän kömegi Düldül artlandan geçirmän, derýa gark etmeklik tabşyrylýar, emma Goçmät kel dönüklik edýär, Jüneýit hana ýalan wada berip gaýdýar, soňam 200 atlysy bilen derýadan arka geçip, Şaýdakow oňa hanlygy wada berýär: «eger Jüneýit hany ýok etmäge kömek etseň, ähli Garaýylgyn, Köneürgenç seniňki bolar» diýýär. Şondan soň Goçmät kel derýanyň arkasy bilen gaýdyp, Hojeýle gelýär; şol ýerden derýanyň öňüne (ilersine) geçip, galasyna gelýär-de ýatyberýär. Gulam bilen Şammy kel bolsa öňdenem Jüneýit hana duşman; olaryň göwni özleri han bolmakda. Şeýle ýagdaýda Jüneýit han Şaýdakowyň üstüne ýörişe başlaýar. 1920-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda bular buzuň üsti bilen derýanyň arkasyna geçýärler hem-de Şaýdakowyň garşylygyna ýeňip, öňe hereket edýärler. Şaýdakow yza çekilip, Şorahanda saklanýar, onda-da uzak durup bilmän, Dörtköle tarap, yza süýşüp ugraýar, ahyram Dörtkölde (Petroaleksandrowskide) goranyp ýatyberýär. Jüneýit hanam Goçmätden arkaýyn bolan soň, Dörtkölüň daşyny gabap ýatyberýär; ol «Şaýdakow ahyry özi elini göterip geler» diýip oýlanýar. Dogurdanam Şaýdakow güýçli gysynyp horlanýar, ätiýaçlyk ok, azyk gutaryp barýar, emma olam dek ýatmaýar. Musulmanyň-türkmeniň ynanjaňlygyndan peýdalanýar; Hanyň serdarlarynyň arasyna öz jansyzlaryny iberýär, olary öz tarapyna çekmäge hile gurýar, olara: «Eger-de Jüneýit hany tutup berseňiz, sizi öz iliňize häkim goýjak, Şamyrat bagşa bolsa, seni Tagta han etjek» diýip ýalan wada berýär; soňam: «biziň arkamyz güýçli, Jüneýit hany häzir bolmasa, soň alýas, gitjek ýeriňiz ýok, siziňki biderek, wagtyňyz barka bizlik boluň, Jüneýit hana kömek etmäň, şonda günäňizi geçýäs» diýip wagz edýärler. Şaýdakowyň bu hilesine soň Şamyrat bagşy we başgalar çolaşýar. Daşkentden Şaýdakowa iberilen harby kömek baharyň başlaryna gelip ýetişýär, Göçmädiň bolsa şol gidişi bolýar, soň gaýdyp görünmeýär, onuň aldanyny Jüneýit han şondan soň bilip galýar. Täzeden çaknyşyk başlanýar. Jüneýit hanyň nökerleri duşmana berk zarba urýarlar, emma üstünlik gazanyp bilmeýärler; orslaryň pulemýotlarynyň garşysynda uzak durup bilmeýärler, kem-kemden yza çekilmeli bolýarlar. Jüneýit han Dörtköli taşlamaly bolýar. Bular derýadan bärik geçjek bolanda köp kynçylyk çekýärler, oňa çenli howa maýlap, buz ejizlän ekeni, üstünden geçende döwülip, käbir adamlar gark bolýarlar; Jüneýit han gaýtsa-da Şaýdakowy ysgyndan gaçyryp gaýdýar. Jüneýit han galasyna gelip täzeden güýç toplamaga durýar. Şol bir wagtda-da Çerrik baýy 300 atla baş edip, Goçmät keliň üstüne iberýär, bular gelip Goçmädiň daşyny gabap ýatyberýärler. Goçmädiň bolsa bularyň garşysyna çykmaga ýagdaýy bolmaýar, galasynda-da uzak ýatyp bilmän, uly işanlary çagyryp, serpaý edip: «meni Jüneýit han bilen ýaraşdyryň» diýip ýalbarýar. Işanlar gelip Jüneýit handan Goçmädiň günäsini soranlarynda han: «galasyndan gerek zadyny alyp çyksyn, galasyny otlajak-ýykjak» diýen. Şondan soň Goçmät kel galasyny taşlap, Garawul gala diýen ýere gaçýar, galasyny bolsa Hanyň adamlary otlap weýran edýärler (bu wakany maňa Goçmät keli gabanlaryň biri düýekeş bolup baran Annagurban molla gürrüň beripdi, Annagurban molla gürrüň beripdi, Annagurban molla 10-12 ýyllykda aramyzdan gitdi). Jüneýit hanyň Goçmät kel bilen hasaplaşmagy-da şeýle gutarýar. Soň Goçmät keli ähli atlylary bilen Hywa çagyryp, araky dostlary öldürýärler. Şu ýerde Goçmät keliň daş garyndaşy garabelemlerden bolan Allaşükür aganyň söhbetini diňläliň: «Ol pälinden tapdy, Jüneýit hany ýok edip özü han bolmak üçin her hili şumlukdan gaýtmady. Öz peýdasy üçin hanyň adyndan salgyt baryny salyp, salak ilini tozdurdy, öýümizde arkaýyn oturmady: hat-da ol (Goçmät kel), orus bilen gyz alyp, gyz berişjek diýen binamysdy» diýip, janygyp gürrüň beripdi. Biziň käbir parahor taryhçy sumaklarymyz bolsa ony rewolýusioner bolupdyr diýjegem boldular. Şondan soň iki tarapam täze çaknyşyga taýýarlanýarlar. Şaýdakowa Daşkentden ýene kömekçi gelip goşulýar. Aradan bir aý geçirip, gyşyň ahyrlarynda Şaýdakow Dörtgölden çykyp, Amyderýanyň öňüne geçip başlaýar, muny eşidip, Jüneýit hanam öňünden çykýar, söweş başlanýar. Oruslaryň ýowuz ýaraglaryna çydap bilmän Jüneýit hanyň adamlary yza çekilýärler, gelibem Ürgençde saklanýarlar. Az wagt arakesmeden soň ýene uruşýarlar. Hanyňkylar ýene ejizleýärler, çekilip (Goşaköpri) aýak çekýärler. Az wagt dynç alyşdan soň, ýene çaknyşýarlar, gitdigiçe Şaýdakowyň tarapy güýçlenip, hanyňkylar asgynlaýarlar; munuň sebäbi-de hanyň käbir serdarlary yhlasly söweşmeýärler. Goşköpriden gaýdyp, Gazabatda goranyş tutýarlar; şol wagtam ilerden (tekelerden) 200-den gowrak atly kömege gelip, hanyňkylara goşulýar. Şondan soň Jüneýit hanyň özi-de gelip: «Indi oruslary Gazabatdan bäri geçirmeli däl» diýip buýruk berýär, soňra galasyna gelip, Guma göçmäge taýýarlanyp başlaýar. Şaýdakowyňkylaram gelip ýetýärler, ýene çaknyşyk başlanýar; bu gezek söweş gazaply bolýar, teke doganlar örän batyr söweşýärler, Şaýdakowyňkylaram öňe süýşip bilmeýärler, şol ýerde duşmany uzak saklaýarlar, Şaýdakowam ýadap, wagtlaýyn goranyşa geçmäge mejbur bolýar. Şondan soňra hanyň göwni bölek serdarlary öz atlylara bilen gaýdyp başlaýarlar. Indi şu ýerde Gaplaň ussanyň söhbetini diňläliň: «Halypam meni galadan habar alyp gel diýip iberdi. Gelsem galanyň arka derwezesiniň gündogaryndaky sekide (sypada) şol baýaka gelip, halypama ýumuş buýrup giden gaban çal sakgally haýbatly adam, ýanynda ýene iki adam, günbatarky sekide bolsa, kaddy göni uzyn, bili gara ýüň guşakly, teke telpekli, goňňurrak sakgally adam ýene biri bilen duran ekenler. Gündogar tarapdan topar-topar atlylar gelip gala girýärdiler. Gündogar sekide duran haýbatly ýaşuly her toparyň atly başysyndan ýagdaýy soraýardy. Birdenem Haldurdy baýy soranda: «olam gaýtdy» diýdi; ýene birinden; «teke doganlar nähili?» diýip soranda: «olar ölmese gaýdanoklar» diýdi; şonda ýaşuly goltugyndan ýaglygyny çykaryp, gözüniň ýaşyny süpürdi. Soňra daýaw gyratda ýagryny hökgüräk, goňur (sugur) silkme telpekli, agar çekmenli goja ýaşuly adam bir topar atla baş bolup geldi; Gündogar sekide duran haýbatly ýaşuly ondan: «Bagşy aga sizem gaýtdyňyzmy?» diýip sorady. Onda goja ýaşuly: «Han aga! Gaýtmasak bolmady» diýdi (haýbatly ýaşulynyň Jüneýit handygyny şonda bildim, Günbatar sekide duran teke biçüw ýaşulynyň Esenaman ýaglydygyny soň halypam aýtdy). Han ýene goja ýaşulydan: «Indiki hyýalyň näme?» diýip sorady, onda goja ýaşuly: «Han aga! Men-ä bala-çagany çölde suwsyz gyrandan obada gyrlyşaýsak nädýä diýjek bolýan» diýdi. Onda han: «Onyňyza bolmaz Bagşy aga» diýdi. Onda Bagşy aga: «Meniň goşum agyr ulagym kem» diýende haýbatly han Eşşini (öz ogluny) çagyryp: «Bagşy aga elli düýe ber» diýip buýurdy. Bagşy aga handan elli düýänem alyp gaýdyp, atlylary bilen gelip, öz galasynda goranyp ýatyberýär. Şeýdip bu-da hana dönüklik edýär, çünki oňa Şaýdakow: «Eger-de hany ýok etsek, seni Tagta han goýjak» diýip, aldan ekeni, emma Jüneýit han gumdan gelip, Bagşyny telim ýola çapýar, jaýlaryny otlaýar, mallaryny sürüp äkidýär; umuman, han Bagşy agany edenine puşman etdirýär. Soňra Bagşy agany (Şamyrat bagşyny) 1925-nji ýylda Daşoguza getirip, GPU-nyň adamlary (Şaýdakow dagy) atýarlar. Şunlukda ähli öküz-salak Jüneýit hana dönüklik edýär. Bularam uly güýç, ýomudyň ýaryndanam köpräk bolan. Eger-de ähli ýomut-ýemreli, çowdur-garadaşly, garaçuka (ýomudyň uly ogly) bary birleşip, agzybirlikde bir Jüneýit hana gulluk eden bolsalar, onda Jüneýit han hiç ýere gitmelem bolmasa bolmazdy, çünki şol wagt Sowet hökümetiniň özem zordan ekeni; onda bular Şaýdakowy bir zarbada ýok edip biljek ekenler. Owganystandan (iňlislerden) bulara uly kömek gelmeli ekeni. Şeýle bolanda Buhara, Fergana-da (Kokand) dargaman, Orta Aziýa entekler öňküligine galaýmagy juda ähtimal ekeni, emma «Agzy bire Taňry bir, agzy alany gaňry bir» diýleni bolupdyr. Görüp otursak, bu ýomut (ähli türkmenem) agzybirlik diýen «howandaryndan» ir eýýamlar juda düşüp, göriplik we ýaraňjaňlyk derdine ulaşyp, şol bagtygara bolup gelişi ekeni. Haçan bular aklyna aýlanarka? Şeýle bolansoň, Sary Hajynyň (keramatly uly pir, onuň şyhlary Daşoguzda bar); «Başyň birikse, agzyň birikmegeý, agzyň birikse, başyň birikmegeý» diýen nepesine ynanasyň gelip dur. Şonuň üçinem agzybir sylaşykly ýaşamany başarmaga çalyşmaly. Şu arzuwlara Allanyň özi ýetirsin! JÜNEÝIT HANYŇ GUMA ÇYKYŞY Öküz-salagyň dönükliginden soň, Jüneýit han özüniň wepaly uşak-orusçysy, azrak garaçuka-ýemrelisi bilen wagtlaýyn rahat ýere-Garaguma göçmegi makul bilýär; şunlukda Jüneýit han 1920-nji ýylyň Maý-Iýun aýlarynda Garaguma göçýär.Bu iş meýletin edilse-de, halkyň köpüsi göçermen bolýar, ýogsa hiç kim zorluk bilen äkidilmeýär. Hatda han gurby kemräk adamlara ýüzlenip: «Meni goldaýanyňyza minnetdar, ýöne oýlanyň, düzde ýaşamak kyndyr, öýüňdäki ýaly däldir, meniň üçin horlanmaň, galyberiň, Alla gorar» diýipdir, şondan soň käbir adamlar gitmän galýarlar, emma orusdan gorkýanlar galyp bilmändirler. Jüneýit han adamlary zorlap äkidipdir diýen gürrüňler, ýazgylar bütinleý ýalan. Jüneýit han ilki etekdäki ýakyn guýylarda bolýar, şol döwürde sowet häkimiýetiniň otrýadlary bilen kiçiräk çaknyşyklar bolup geçýär. Soň 1924-nji ýylda Jüneýit han ähli güýji jemläp, Hywa çozýar, bolşewikleri bir ýola Hywadan gaçyrýaram, emma bolşewiklere kömek ýetişip, olar güýçlenýärler. Şondan soň Jüneýit han Hywa bolan soňky umydyny üzüp gaýdýar, soň Jüneýit hanyň Sowet hökümedi bilen işi bolmandyr. Soňra Jüneýit han ähli adamlary bilen Garahojasuwy diýen ýerde köp oturýar, şol ýerde at çapdyryp, uly toýam edýär. Çagyrylan adamlaryň hemmesi toýa barýarlar. Ähli halk hany öňküsi ýaly hormatlapdyr. Jüneýit hanyň ähli ýumuşlary, buýruklary kemissiz ýerine ýetirilipdir, tä Jüneýit han Eýrana geçýänçä halk onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Sowetleriň gadagan etmegine, yzarlanmasyna garamazdan hany hemme zat bilen üpjün edipdirler, umuman halk Jüneýit hany uly mertebeli öz hany hökmünde goldapdyrlar. Hatda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly hökümet başkylary-da Jüneýit han bilen gatnaşyk saklapdyrlar, kömek edipdirler, kerwen bilen un, çaý, gant, mata ýaly zatlar iberip durupdyrlar. (muny maňa obadaşym Garataý aga gürrüň beripdir). Garahoja suwy oba golaý bolansoň, hana ol ýerde arkaýyn oturaga mümkinçilik bolmaýar, päsgelçilik köpelip ugraýar, ondan göçüp, Damla guýysynda goş basýarlar. Damla guýysy süýji suwly, töweregi öri meýdanly ýer. Bu ýer Hywadanam, Ahaldanam uzak bolany üçin, bolşewigiň adamlary ol ýere köp ýyllap barmaga gorkupdyrlar. Şonuň üçin Jüneýit han bu ýerde 3-4 ýyl arkaýyn oturypdyr. Uzakda bolsa-da, halk ýene-de Jüneýit hana öňküsi ýaly kömek etmesini, goldamasyny dowam etdiripdir. Şu ýerde hormatly halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň ýalan toslamasyny-da ýatlalyň. Ol öz eserinde («Bedirkent» romanynda bolsa gerek) Jüneýit hanyň atlylary gumda bolan wagtlary «bozgakçylyk edipdirler, zenanlary zorlaýadylar» diýip, olara garalyk sürtýär; bu çypdyrma bütinleý ýalan. Jüneýit hany, iňňän adyllygy hem-de ynsanperwerligi üçin, ýanyndakylar çäksiz sylapdyrlar, o zatlar olaryň hyýalynda-da bolmandyr, onsoňam olaryň hemmesiniň aýallary ýanynda ahyry. Munuň bilen Beki agany aýyplajak bolamok, sebäbi olam döwrüň zaňyna görä gadam urmalydyr, ýöne bilmeýänlere hakykaty ýetirmek isleýärin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |