23:36 Jüneýit han barada hakykat: Jüneýit hanyň Eýrana geçişi | |
JÜNEÝIT HANYŇ EÝRANA GEÇIŞI
Taryhy makalalar
1927-nji ýyldan soň Sowet hökümeti güýçlenip ugraýar. Sowet hökümetiniň düzgünlerine we talaplaryna boýun bolmandan soň, ele salmak üçin, Jüneýit hany yzarlap başlaýarlar, birnäçe gezek çaknyşyklar bolup geçýär. Jüneýit han örän hüşgär, duýgur, ugur tapyjy, söweş tärlerine ökde (strateg) serkerde bolupdyr. Ýerli ilat oňa «Arkaly» (boljak-geljegi öňünden biliji) diýer ekenler hem-de ol Garagumuň içine örän belet ekeni.şonuň üçinem ol söweşlerde özi kän ýitgi çekmän, duşmanyny aldawa salyp, agyr ýitgä sezewar eder ekeni, ýöne onuň ýaragy kemterlik edýär. Her näçe öňden görüji, ugur tapyjy bolsa-da, soňabaka, kowgunçylar güýçlenip, Jüneýit han ejizläp başlaýar, gitdigiçe ätiýaçlyk oklary-da azalýar, olara ilatdan kömek barmasy-da kesilýär; üstesine-de suwsuz çölde ýaşamagyň kyn şertleri bulary barha horlap ugraýar, iň beteri-de, 1929-njy ýyldan başlap uçar (aeroplan) bilen yzarlanmagy, bulary kyn güne salýar, şonda-da bular ruhdan düşmän, mertlik bilen duşmana ýowuz gaýtawul bermegi dowam etdirýärler, hatda Eşşi 1929-njy ýylda Hojakümmetde (häzirki Daşoguzyň aeroportunyň öňündäki çägede) orusyň bir aeroplanyny-da urup gaçyrýar. Eşşiniň bu gahrymançylygy hanyň ýanyndaky adamlaryň (watançylaryň) ruhuny göterýär. Şeýle bolandan soň, Jüneýit han halkyň geljekgi ykbaly barada çuňňur oýlanyp, soňundanam, bu ýurtda galmak umydyndan elüzüp, çet ýurtda — Eýrana geçmegi ýüregine düwýär. Şeýdibem, bir gün agşam nahardan soň, töweregindäki halky ýygnap, maslahat edýär. Maslahatda Jüneýit han halka ýüzlenip, şeýle diýýär: «Eziz doganlar, meniň mähribanlarym, wepadarlarym! Orus güýçlendi, biz ejizledik, goldawsyz galdyk, bu ýurtdan el üzmeli boljak. Mundan buýana bu çölde galmak adam pidalaryna eltip, biz uly günä galarys. Şonuň üçinem men Eýrana geçmegi ýüregime düwdim, neneň görýäňiz» diýip soranda, halkyň hemmesi: «makul pikir» diýýärler. Ýene-de han: «Maňa ýowuz çölüň içinde 9 ýyldan gowrak wepaly hyzmat etdiňiz, hemmäňizden minnetdar, sizem razy boluň. Indem, ýene meniň bilen gitmäge-de, bu ýurtda galmaga-da ak ýürekden rugsat berýärin, çar tarapyňyz açyk» diýende käbirleri: «Han kaka kyn görmeseňiz, biz bu ýanda galybereli diýip soranlara: «Galyberiň, Alla ýaryňyz bolsun, size ýurt, bize-de ýol gutly bolsun» diýip, olara «Ak patyýa» berýär. Ýene-de han bulara şeýle maslahat berýär: «Baranyňyzdan soň sizden sorag ederler, şonda gepiňizi tapman durmaň, meni ýamanlaberiň, bizi gorkuzyp alyp gitdi, hyzmatyny etdirdi, gaçyp gaýtdyk diýip, meni günäkärläberiň, şeýtseňiz siziň günäňiz ýeňil bolar» diýip maslahat berýär. Ertesi daň säherde bular hany gara-görnüm ýola salyp, şol ýerde söýgüli Hany we beýlekiler bilen hem gülüşip hem aglaşyp, soňky gezek hoşlaşyp, bularam bäri — ata Watana gaýdýarlar we dogduk mekana sag-aman dolanyp gelýärler, sowet hökümetine tabyn bolýarlar. Gaýdyp gelenleriň köpüsini hossarlaryna gowşurýarlar, dörtde-bäşde günäsi bolanlaryna bolsa, 1 aý, 3 aý, 6 aý, 1 ýyl jeza berýärler. Gaýdyp gelenleriň arasynda biziň Daňryklarymyzdanam bir uly maşgala — Aşyr gojugyň maşgalasy-da bar eken. Soň olar kolhozda ak ýürek bilen işlediler, meselem, Aşyr aganyň gelni (inisiniň aýaly) Güljan ýeňňe Woroşilow adyndaky kolhozda (biziň obamyz) sagymçy bolup köp işledi (käbir adamlar bulara «basmaçy» lakamyny-da dakypdyrlar). Güljan ýeňňe gelşikli, gaýratly, şoh-şadyýan naçardy. Şonuň üçinem ol gumda bolanda beýleki zenanlardan has tapawutlanypdyr. Göwni açyk bolansoň, ol käwagt gürrüň bererdi: «Maňa hemişe bet düýeleri bererdiler, sagardymam, bakardymam, käte elime ýarag alyp, goş talaýan basmaçylar-da gaýtaran pursatlarymam az bolmady» diýip aýdardy (arman, onuň adamsy Gumda uruşda wepat bolupdyr). Şeýlelikde Jüneýit han, hanlygynyň soňky 9 ýylyny (1920-nji ýylyň tomsunda, 1929-njy ýylyň güýzi) Garagumda ýaşap, köp gowgalary başdan geçirip, ýurdy taşlap gitmek her näçe agyr bolsa-da, 1929-njy ýylyň güýz günleri Musanyň gädiginiň üsti bilen Köpetdagdan aşyp, ähli adamlary, mallary-goşlary bilen hiç hili kynçylyk, päsgelçilik görmän, Gürgen türkmenleriniň iline — Eýrana sag-salamat özüni atýar. Muňa ýazgyt diýilýär, elbetde bu ykbal ozaldan bularyň maňlaýyna ýazylan şeýle kysmatdyr-da! EÝRANDA BOLAN ÇAKNYŞYKLAR Jüneýit hanyň Eýran topragyna aralaşyşy baradaky habar Eýran şasyna ýetýänçe bir aýdan gowrak wagt geçýär, soň şadan habar gelýänçe iki aýa golaý wagt geçýär. Eýranyň şasy Ryza Pählewi: «Eýranda ýaşajak bolsa, ýaragyny tabşyryp, bize tabyn bolsun» diýip, bir onbaşyny baş edip, 10 atly ýasawullaryny iberýär. Olar gelip Jüneýit hana Ryza şanyň habaryny aýdýarlar; onda Jüneýit han olara: «ýaragymy tabşyryp, elgarama ýaşajak bolsam, öz ýurdumam bolýardy; ýaragymy tabşyrjak däl» diýip, olary ýola salýar. Bu habara Ryza şanyň gahary gelýär we üç günden soň kyrk atla baş edip, ýene bir ýüzbaşysyny ikinji gezek Jüneýit hanyň üstüne ugradýar hem-de höküm edýär: «garşylyk görkezmese zelel bermäň, eger boýun egmese, elini-aýagyny daňyp getiriň; zerurlyk ýüze çyksa, ýerli häkimlerden kömek alyň» diýip mäkäm tabşyrýar. Emma Jüneýit hanyň çäksiz pähim-paýhasy hem uzakdan görüjiligi Ryza şany aljyradýar. Şol mahallar Jüneýit hanyň Tähranda şanyň köşgünde hyzmat edýän wepaly bir dosty bar ekeni (Mämmet ahun bolsa gerek). Ol ýagdaýlary şanyňkylardan bir-iki gün öň Jüneýit hana ýetirip durýar; bu pursadam Jüneýit hana taýýarlanmaga ýeterlik bolýar, şeýdip Jüneýit han dostunyň kömegi bilen her gezek howpdan çykalga tapmaga ýetişipdir. Kyrk atlynyň gahar bilen gaýdanyny bilenden soň, Jüneýit han «myhmanlary» lezetlemek üçin obanyň çeträginde oňaýly ýerde dört sany gara öý (myhmanhana) dikdirýär, hyzmatçylar belleýär hem-de olara: «myhmanlaryň garasy görnenden her öýüň on ädim öňünde bir söwüş soýup başlaň» diýip tabşyrýar. Ýumuşlar berjaý edilýär, «myhmanlaram» gelýärler; ýasawullar bu ýagdaýa geň galýarlar. Ýasawul başy Jüneýit hana atdan düşmän şanyň buýrugyny mälim edýär, onda Jüneýit han ýasawul başa: «entek atdan düşüň, öýe giriň, myhman hezzetiňizi görüň, şanyň hökümini berjaý ederis, gerek bolsa gara kelläni-de getirdim; ýöne türkmeniň öýüne gelen myhman hezzet-hyzmatsyz boş gidýän däldir; ýadansyňyz, dynç alyň. Ýol uzak, ertir ir bilen ugrarys, saglyk bolsa» diýende ýadaw ýasawulbaşy ýumşap atdan düşýärler, her öýe ondan paýlap, ýasawul başyny bolsa, han öz öýüne alyp gaýdýar, myhmanlara hyzmat edip başlaýarlar. Ýadap gelen myhmanlar çaý-nahardan, neşeden soň uklap başlaýarlar, myhmanlar mazaly horlaşyp başlandan soň, her kim biriniň bogazyna münüp, olary jähenneme ýollaýarlar,; şeýdip, ikinji çaknyşyk hem şowly gutarýar. Indi Jüneýit han 3-nji uly çaknyşyga garaşyp, dynç alyp ýatybermeli bolýar. 3-nji çaknyşyk. Kyrk atly ýasawullaryň heläkçiligi baradaky bu ýakymsyz habary Eýran şasy eşidýänçä ýene bir aý geçýär. Bu habary eşidip Ryza şa gazabyna tutýar, Jüneýit handan ar almagyň kastyna çykýar. Iň rehimsiz sertibiň (generalyň) ýolbaşçylygynda Ryza şa Jüneýit hanyň üstüne agyr leşger sürýär. Leşgerbaşylara-da ýowuz buýruk berýär: «Jüneýit hanyň ordasyny ýok etmeli, özüni bolsa, baglap getirmeli, men ony dardan asyp içimi sowatjak » diýip höküm edýär. Bu habary Jüneýit hanyň dosty gerekli wagtynda (olaryň gelmezinden üç gün öň) ýetirýär. Jüneýit han çuňňur oýlanyp, agyr goşuny garşy alar ýaly amatly ýer gözleýär, amatly ýerem tapylýar. Duşmanyň geljek ýolunda belent dag bolup, ýol darajyk, jülge bilen geçýän ekeni. Jüneýit han duşmanlary şol ýerde, jülgäniň dar ýerinde garşylamagy makul bilýär. Nökerlerini dört bölüp, iki bölegini öňdäki sepgitde (sagda we çepde), galan iki bölegini yzky sepgitde bukyda goýýar (ol taýda buky ýerler köp). Duşmanlaryň ýaryna golaýy yzky sepgidiň derbendinden (ýoluň daralan ýeri) geçip başlanda yzky sepgitdäkiler duşmanyň üstüne ok ýagdyryp ugraýarlar. Duşmanlar aljyrap-lalawlaşyp yza gaýtmakçy bolanda özleriniňki bilenem çaknyşyp basga düşýärler. Ahyry uly kynçylyk bilen yza çekilip başlanlarynda öň sepgitdäkiler oka tutýarlar; duşmanlar öňe-de, yza-da gidip bilmän, duran ýerlerinde aljyraňňy ýagdaýda atyşyp başlaýarlar. Penalamaga zat bolman soň, duşmanyň hatary barha azalýar; onsoňam, bular belentde duşmanlaryň aşakda bolmagy-da bular üçin hasam amatly bolýar. Atyşyk erte guşlukdan tä öýle guşluga çenli dowam edýär. Bu ýagdaýy Jüneýit han çeträkde bir belent depäniň üstünde howpsuz ýerde arkaýyn synlap oturýar, öýle guşluga çenli gyzylbaşlaryň köpüsi gyrylýar, ýüze golaýy galýar, olaryň bary-ýogy 25-30 atlysyna gaçyp gutulmak başardýar; Jüneýit hanyň adamlaryndanam az mukdarda ölen, ýaralananlaram bolýar. Ertesi ir bilen ölenleri jaýlap, soň sadakalaryny (üçüni, ýedisini) sowýarlar; şondan soňam ýedi gün dynç alyp, parslaryň ok-ýaraglaryny, ýaramly ulaglaryny ýygnap alýarlar. Ondan soň Jüneýit han Owganystana geçmek üçin ýene maslahat edýär, halka ýüzlenip şeýle diýýär: «Bize indi bu ýurtda-da uzak wagt galmak bolmaýar. Owganystana barman, ynjalyp bilmeýäris, ol ýerde biz arkaýyn ýaşap bileris, ol ýerde bize garaşýarlar. Ertir daň säherde ugramaga taýynlanyň, galjagyňyza ýene-de rugsat, hak penasynda saklasyn, men hemmäňizden razy, baky minnetdar». Şonda Şaltaý dagy 30-40 atly bolup, ertesi ir bilen hormatly hanlaryny Owganystana bir menzile çenli ugradyp, onuň ak patasyny alyp, mähirli hoşlaşyp gaýdýarlar. Goşa gelibem özara maslahatlaşyp, Şaltaý batyryň serdarlygynda 20-30 atly bolup, yzyna bäri gaýdýarlar. 15-20 atly bolsa Eýranda galýarlar. Şunlukda Jüneýit han 1930-njy ýylyň fewral aýynda Eýrandan ugrap, ýarym aý çemesi ýolda eglenip, mart aýynyň başlaryna Owganystana geçýär. Bu wakalary men Jüneýit hanyň gaýduwsyz nökeri bolup, başdanaýak hyzmat eden, soňam Şaltaý dagy bilen Eýrana giden, gaýdyp gelen agamyz Mämi Abdyrahman oglundan eşidipdim, ol dädeme gürrüň berende (1940-njy ýylda) men olaryň ýanynda oturyp diňläpdim, 1942-nji ýylda Mämi aga aradan çykdy. SAPAR SOLTANMYRADOWYŇ GÜRRÜŇI Sapar aganyň gürrüň bermegine görä, Eýranyň şasy Ryza Pählewi I Staline hany tutup bermegi wada eden ekeni. Şol maksat bilenem Ryza şa gündogar welaýatlardaky leşgerleri-serbazlary jemläp, Jüneýit hanyň geçjek ýolunda Eýran—Owgan serhedinde güýçli saklaw goýan ekeni. Bu ýagdaýy dostunyň kömegi bilen wagtynda duýýar-da, Jüneýit han owgan serhedine iki menzil galanda ýoluny üýtgedýär, ýagny, SSSR-iň serhediniň üstünden Türkmenistana geçip, Tulhatynyň, Guşgunyň üsti bilen ýene-de aman-saglykda Owganystana geçýär. Ol ýerde Jüneýit han ömrüniň ahyryna çenli elinlikde-erkinlikde ýaşapdyr, häzirem onuň zürýatlary (agtyk-çowluklary) Hyratda we Eýranda ýaşap ýörler diýip, şol tarapdan gelip gidenler aýtdylar. ÝENE BIR TOSLAMA HABAR BARADA Jüneýit han ömrüniň soňky ýyllaryny Owganystanyň Hyrat bolelinde bagtyýar ýaşap, 1944-nji ýylda 88 ýaşynda dünýäden ötýär. Indi Jüneýit han hakynda ýene bir ýalňyşlygy düzetmegimiz gerek, olam Jüneýit han ölenden soň, onuň jesediniň Ysmamyt ata öwlüýäsine getirilip jaýlanmagy baradaky toslamanyň metbugatda birnäçe gezek berilmegi. Bu durşuna ýalan habar. Men muny Ysmamydyň belli şyhlary Baýram babadan, Garabaý şyhdan we başgalardan sorap gördüm (özümem şol wagt, şol obada orta mekdepde okaýardym). Olar maňa: «ol gep ýalan, myş-myşlar, bir zat bolsa biz bilýäris» diýdiler. Bu bolup biljek waka däl, sebäbi: Birinjiden, Jüneýit hanyň hemme zürýatlary Hyratda, olar atalarynyň üstüne islän wagty Ysmamyt ata zyýarata gelip biljek däller, üstüne ýadygärlik-kümmet dagam gurup biljek däller; Ikinjiden, Ysmamyt ata ýaly öwlüýalar Hyratda ýokmy näme? Ondan güýçlilerem bardyr; Üçünjiden, şol wagt (1944-nji ýyl) uruş döwri serhet nähili berk saklanýardy, hatda guşlaram arkaýyn geçip bilmeýärdiler. Bir topar adam bolup, serhedi bozup, öli geçirmegiň nä derejede gorkulydygyny düşündirmek kyn. Bu akyla sygjak zat däl; Dördünjiden, Jüneýit hanyň şeýle bimany, bipeýda, yzyndakylary bisogap, närazy edýän wesýet etjegine men-ä ynanamok. Han agamyzyň akyl-paýhasy bu zatlardan aňyrlara-da ýetipdir; Bäşinjiden, 1978-nji ýylda Hyratdan Jüneýit hanyň ýakynlaryndan Agamyrat ata ogly gelip gitdi. Men ondan ilki bilen şu gürrüňi soradym, şonda ol aýtdy: «Jüneýit han Hyradyň golaýynda bir uly öwlüýäde bir çetde özbaşdak gonambaşy edilip jaýlanan, üstüniň gümmezi-de bar. Nebereleri zyýarata baryp durlar, ýeke nebereleri däl, hemmeler-de oňa zyýarata barýarlar. Onuň özi-de öwlüýä derejesine ýetdi; el-aýagy agyran, gözi, gulagy, dişi agyrýanlar, kellesi aýlanýanlar ondan peýdalanyp ýörler». Ine, adam ykbalynyň bu-da bir görnüşi. Şeýlelikde ol habar bütinleý ýalan toslama bolýar. 21.06.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |