09:57 Jyn uranda nähili urýar? | |
JYN URANDA NÄHILI URÝAR?
Geň-taňsy wakalar
• Jynlar nädip we nämüçin zyýan ýetirýär? Gurhan bu boýunça onçakly uly jikme-jiklige girmän, diñe bir aýatynda yşarat bermek bilen çäklenipdir. Süýthorçylyk bilen baglanyşykly şol aýata seredip geçeliñ: "Şeýtan uran adamlar nädip ýerinden turýan bolsa, süýthorçylyk eden adamlaram şeýdip turarlar..." Aýatda agzalýan "urma" sözüniñ nämedigi barada "Hülasatül-Beýan" tefsirinde şeýle maglumat bar: "Şeýtanyñ mesti bilen mejnun bolmak we şeýtanyñ adamy zabt etmegi bilen tutgaýa (epilepsiýa) ýolukmak". Bu bolsa bedende bolup geçýän birnäçe näsazlyklardyr. Gurhanyñ "Felak" we "Nas" sürelerine seredilende, bu barada käbir zatlar aýdylýar: “(Doga-jady etmek üçin) düwünlere üfleýän aýallaryñ (we her jadygöýüñ) şerinden…” aýaty jadygöýleriñ käbir zyýanlary berip biljekdigini görkezýär. Beýik yslam alymlaryndan Fahreddin er-Razydyr Ebussud ependiniñ aýtmaklaryna görä, şu iki süräniñ inmeginiñ sebäbi-de, Lebid ibn Asam atly jöhidiñ Resulallaha (s.a.w) eden doga-jadysydyr. Bu jadynyñ täsiri bilen pygamberimiz (s.a.w) näsaglapdyr we keseli gün geçdigiçe beterläpdir. Jebraýyl perişdäniñ gelip habar bermegi we şu iki süräni getirmegi bilen edilen jadynyñ täsirinden emele gelen näsaglygyñ soñuna çykylypdyr. Bular Gurhandan görüp bilen zatlarymyz. Yslam dininiñ ikinji çeşmesi bolan Hadyslar öwrenilende, meseläni dini nukdaýnazardan hasam aýdyñlaşdyryp bolýar. Ebu Said Hudri (r.a) pygamberimiziñ "Felak" we "Nas" süreleri bilen jynlardan we göz degmelerden goranandygyny aýdypdyr. Mejnun (dälirän, aklyndan azaşan -t.b.) we tutgaýly kişilere doga-dileg edendigi we şonda "çyk, eý Allanyñ duşmany!" diýip, şeýtana ýüzlenendigi barada ygtybarly dini çeşmelerde aýdylýar. Şeýle-de, ýene bir sahaba Ebu Düjaneniñ (r.a) başyna gelenlerem diýseñ täsindir. Ol şeýle gürrüñ beripdir: - Ýatyrdym. Degirmeniñ we agaç ýapraklarynyñ sesi ýaly ses eşitdim Ýyldyrym ýaly ýalpyldap giden zat gördüm. Kellämi galdyryp seretsem, otagyñ ortasynda gara bir zat ýokaryk galýardy. Elimi degrip gördüm, kirpiniñ derisi pisint bir zatdy. Ol ýüzüme uçguna meñzeş bir zatlar pürkmäge başlady. Ebu Düjane (r.a) mundan soñ ýagdaýy Allanyñ Resulyna (s.a.w) gürrüñ berendigini we onuñ: "Ýa Ebu Düjane, öýñüze gelen gorkunç mahlukdyr, maña kagyz-galam getiriñ" diýop, Hezreti Ala (r.a) hat ýazdyrandygyny we şol haty öýden asyp goýup halas bolandygyny aýdypdyr. Temanyñ üstünde has giñ gerimde durup geçip bolýanam bolsa, bularyñ barsy yslam dininde käbir ruhy we bedeni simptomlaryñ şeýtana ýöñkelendigini görkezýär. Elbetde, biz bärde hiç wagtam halk arasynda giñden ýaýraýşy ýaly ähli ruhy näsaglyklaryñ şeýdip döreýändigini öñe süremzok. • Haýsy keseller jynlaryñ täsiri bilen bolýar? Muhammet ibnul Haj el-Tilmisany şu ugurda birnäçe barlaglary geçiren marokkoly dini alymdyr. Ol geçiren barlaglaryny 1329-njy hijri ýylynda Müsürde çapdan çykan "Şümüsül-Enwar" atly kitabynyñ “Enwâü-Ilâjâtil-Jin” bölüminde jemläp, jynlardan gelip çykandygyny öñe sürýän kesellerini we bularyñ garşysyna etmeli işleri agzapdyr. Bu mahluklar ýetmiş topara bölünýär, bularyñ kyrk üçüsiniñ tutgaýa ýolukdyrýandygy aýdylýar. Tutgaý keselinden başga keseller, görmeden-eşitmeden mahrum ysmazlara, çaga düşürmeden däliremä, hatda endamda çybanlar çykarmaga çenli uzaýar. • Jynlar nädip we nämüçin zyýan ýetirýär? Tema bilen baglanyşykly çeşmeler şu sebäpleriñ we ýagdaýlaryñ gürrüñini edýärler: 1). Harabalyklarda we şoña meñzeş ýerlerde, aýratynam zir-zibilliklerde meýdan etmek. Gije dagy bolsa has howpludyr. Beýtmek bilen olara azar berilýändigine ynanylýar. 2). Hiç hili sebäp bolmasa-da, sa:p erbet niýetleriniñ bardygy sebäpli sataşyp bilinjek we munuñ üçin nerwisi gowşak adamlary saýlap alýandyklary aýdylýar. 3). Spiritizmaçylaryñam aýdyşy ýaly, ruhany mahluklar adam (operator) tarapyndan zeper ýetirmegi üçin başga biriniñ üstüne ýollanyp bilinýär. Könekiler muña "irsali-hatif" diýipdirler. 4). Kämil ýolgörkeziji bolmasa, köp sanly esma okamagyñam jyna duşmaga sebäp bolup biljekdigi tasawwuf kitaplarynda ýazylypdyr. 5). Ruh çagyrma seanslarynda al-arwaha sataşma howpunyñ elmydama bolýandygy, mollalar tarapyndanam, spiritizmaçylar tarapyndanam kabul edilen hakykatdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |