17:33 Jynazasy okalmadyk, ýasy tutulmadyk seljukly soltany kim? | |
JYNAZASY OKALMADYK, ÝASY TUTULMADYK SELJUKLY SOLTANY KIM?
Geň-taňsy wakalar
Taryhda dürli sebäpler bilen ölümi gizlenen hökümdarlar köp. Olaryñ käbiri käbir syýasy bähbitlere görä gizlenipdir. Şeýle hökümdarlaryñ biri hem beýik seljuk soltany Mälikşadyr. Munuñ bilen baglanyşykly fakty taryhçy Ekber Nejep berýär. 1092-nji ýylyñ 20-nji noýabrynda Soltan Mälikşa Bagdat ýörişine çykanda ýolda aw etinden zäherlenip aradan çykýar. Türkan hatyn Mälikşa bilen nikalaşan (bu nika 1066-1072-nji ýyllar aralygynda bolup geçipdir) wagtyndan başlap seljuk döwlet apparatynda iñ sözi ýörgünli täsirli adamlaryñ birine öwrülýär. Türkan hatyn tagta heniz kämillik ýaşyna ýetmedik ogly Mahmydy çykarjak bolup, birnäçe pyssy-pyjurlykly dildüwşikleri amala aşyrypdyr. Ilkinji nobatda Mälikşanyñ ölümini goşundan gizlän Türkan hatyn yzysüre soltanyñ meýdine jynaza çykartman gizlinlik bilen Şuniziýýada jaýlatdy. Ibn Esir soltanyñ ölümi bilen baglanyşykly geñ-tañsylygy şeýle beýan edipdir: "Mälikşa ýaly beýik soltanyñ jynaza namazynyñ okalmazlygy we yzyndan ýas tutup gözýaş dökülmezligi başga seljuk soltanlarynda ne görüldi, ne-de eşdildi..." Şeýdip, taryhyñ iñ beýik hökümdarynyñ ölümi sessiz-sedasyz bolup geçdi. Hikmet HASANOW, Azerbaýjan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |