17:43 Jynlar adaty durmuşynda näme edýärler? | |
JYNLAR ADATY DURMUŞYNDA NÄME EDÝÄRLER?
Geň-taňsy wakalar
Dünýäde ýaşaýan janly-jandarlaryñ adamlardan we sany belli däl haýwankardan ybaratdyr öýdýän bolsañyz, ullakan ÝALÑYŞÝARSYÑYZ! Jynlaryñ bardygy mukaddes kitabymyz Gurhan we Hadyslar bilen subut edilendir. Olaryñ bardygyny inkär etmek dinden çykmaga sebäp bolup biler. Dünýäde biziñ gözümize görünmeýän mahluklaryñ birem jynlardyr. Eýsem-de bolsa, jynlar nähili ýaşaýar we näme iýip-içýärler? Gündelik durmuşlarynda näme edýärler? Heý, bu barada gyzyklanyp gördüñizmi? Eger gyzyklanan bolsañyz, aşakda bular barada gerekli maglumatlary okap bilersiñiz. Jynlar hem edil adamlar ýaly iýip-içýärler we durmuş gurýarlar. Bir gezek jynlar Pygamberimizden (s.a.w) näme iýip biljekdiklerini sorapdyrlar. Olam: - Eliñize geçen, üstüne Allanyñ ady zikir edilen süñk, mümkin boldugyndan etlisi bolsa siziñki bolsun. Düýäniñ we atyñ peşewi-de haýwanlaryñyzyñ iýmidir" diýipdir. Şundan ugur alyp pygamberimiz (s.a.w): - Birden şu iki zat (süñk we haýwan peşewi) bilen täretiñuz bozulandan soñ synja alyjy bolaýmañ, çünki olar (jyn) din doganlaryñyzyñ azygydyr - diýip, sahabalaryna duýdurypdyr. Emma pygamberimiziñ (s.a.w) hadysdaky "Bissimillasyz süñk" (ýagny Allanyñ ady zikir edilmedik -t.b.) sözi bilen baglanyşykly alymlar "bissimillaly süñküñ" mömin jynlaryñ, "bissimillasyz süñkleriñem" kapyr jynlaryñ azygydygy hakda netijä gelipdirler. Tezegiñ, ýagny haýsan nejasadynyñ jynlaryñ iýmiti däl-de, olara degişli haýwanlaryñ iýmitdigi Müslimiñ "Sahyhynda" açyk düşündirilipdir. Şol rowaýatda jynlar bilen görüşen gijesinde jynlaryñ iýýän zatlary barada Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) olara: - Allanyñ adynyñ tutulan, doly, mümkin boldugyndan etli süñklerden eliñize ilenler siziñ azygyñyzdyr. Haýwanlaryñ tersu (tezegi) hem siziñ haýwanlaryñyzyñ iýmitidir - diýip, yzyndanam: - Şu ikisi bilen synja alaýmañ, täret kylaýmañ, çünki bular doganlaryñyzyñ (jynlaryñ) azygydyr - diýipdir. Hadysdan açyk görlüşi ýaly pygamberimiziñ (s.a.w) aýdan sözüniñ soñky böleginde ýer alan "bular doganlaryñyzyñ (jynlaryñ) azygydyr" diýende "azyk" sözi umumy manyda gelýär we jynlara süñk, olaryñ haýwanlaryna bolsa tezek beriljekdigi göz öñüne tutulypdyr. Şeýle düşündirişlerden soñ hadyslarda agzalan "kemik" (süñk) jynlaryñ, "tezek" bolsa jynlara degişli haýwanlaryñ azygydygy belli bolýar. Müñ ýyla çenli ýaşap bilýän jynlaryñ biziñkä meñzeş sosial durmuşlary we jemgyýetleri bar. Üýşmeleñleri, toýlary, ýygnanyşyklary, hatda gurultaýlary, maslahat-geñeşleri bar. Köpelip, ösüp-örñäp bilýärler. Iýip-içmeleri ys alyjylyk duýgusy arkaly amala aşýandygy üçin nebsany taýdan garynlary doýýar. Käbir ynançlarda jynlaryñ gury soganyñ we sarymsagyñ gabygyny pul ýerine ulanýandyklaryna ynanylýar. Şonuñ üçin bularyñ ýakylmazlygyna üns berilýär. Ýogsam bolmasa, jynlaryñ gözüne düşüp, olardan zyýan çekmegiñiz ahmal. "Ilkinji nobatda et iýen wagtyñyzda elleriñizi öñündenem, soñundanam hökman ýuwuñ, ýogsam olar ýagly elleri ýalaýarlar". "Tüssäni juda gowy görýärler". "Kapyr jynkar gan-iriñiñ, haýwan nejasadynyñ ysyny halaýar" diýen ýaly ynançlaram bar. • Çeşmeler: - Ymam Şibli "Jynlaryñ esrary", Takdim bölümi: 94; - M.Abdylfettah Şahin "Ynanjyñ kölegesinde": 1/146; - Ymam Şibli "Jynlaryñ esrary", 107; - Müslim, "Salawat", 150 (450) - Tirmizi, "Tefsir", Ahkâf (3254) - Professor Ybraýym Janan, "K. Sitte": 4/244 - Ymam Şibli "Jynlaryñ esrary", 96; - Professor Ybraýym Janan, "K. Sitte": 4/244 (Müslim, "Salawat", 150). | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |