19:07 Jynlar haýsy ýerleri has gowy görýär? | |
JYNLAR HAÝSY ÝERLERI HAS GOWY GÖRÝÄR?
Geň-taňsy wakalar
Bilal ibn Harisden şeýle rowaýat edilýär: "Bir ýolagçylyk wagtynda Resulalla (s.a.w) bilen bir ýerde düşledik, aýakýoluna gitmek üçin ýanymdan aýryldy. Yzyndan kündük äkitdim. Ýanyna baranymda käbir kişileriñ agyz dalaşyna meñzeş şekilde biri-birlerine bagyrýandyklaryny eşitdim. gaýdyp geldi. Men ondan: - Ýa Resulalla, seniñ ýanyñda käbir kişileriñ galmagal seslerini eşitdim, emma agzyndan gürleýän hiç kimi görmedim - diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): - Musulman jynlar biri-birleri bilen gohlaşdylar, meni-de aralaryna emin bellediler we özleruni bir ýere ýerleşdirmegimi soradylar. Menem (olaryñ) musulman taýpalaryny obalara we daglara, müşriklerini-de deñizler bilen daglaryñ arasyna ýerleşdirdim - diýdi. Şol sanda jynlar hammamlarda, gonamçylyklarda, hapa we çola ýerlerde, agyllarda, zir-zibilliklerde, agaçlaryñ köweginde, diwarlaryñ deşiginde ýaşaýarlar. Pygamberimiz (s.a.w) maña: - Maña jynlardan bir topar geldi, olar gowy jynlardy. Menden iýmäge zat soradylar, menem Allaha doga etdim. Gabat gelen tezekdir süñkleri olaryñ iýmiti bolsun. Tezekdir süñk bilen täret alaýmañ, çünki olar jyn doganlarymyzyñ azygydyr - diýdi". Kethudalary we sopulary bilen jynlaryñam edil biziñki ýaly sosial durmuşlarynyñ bardygy subut edilen. Toýlary, belli günleri, ýygnanşyklary, jemgyýetçilik durmuşlary bar. Iýip-içmeleri ys alma duýgusy bilen amala aşýar. Şeýle-de jynlaryñ puly guey soganyñ we sarymsagyñ gabygydyr. Bulary ýakmazlyk ündelýär. Eger bu aýdylanyñ tersine hereket etseñiz, onda jynlaryñ gazabyna uçrap bilersiñiz. Arasynda musulmanlary-da, ynançlylary-da ýa-da ateistleri-de bolup bilýär. Ifritler bolsa şeýtany jynlar taýpasynyñ iñ güýçlüleri hasap edilýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |