04:27 Jynlar nähili ýaradyldy? | |
JYNLAR NÄHILI ÝARADYLDY?
Geň-taňsy wakalar
• Jynlaryñ atasy Jannyñ ýaradylyşy we kowumy Allatagala ýeri-gögi, perişdeleri, jynlary ýaratdy. Perişdeleri semada (arşda) ýerleşdirdi, jynlary-da ýer ýüzüne ýerleşdirdi. Jynlar Jannyñ nesilidir. Adam ata (a.s) adamzadyñ atasy bolşy ýaly, Jann hem jynlaryñ atasydyr. Allatagala Janny oduñ tüssesiz alawyndan ýaratdy. Sema bilen gögüñ arasy şoñkudyr. Ýyldyrymlar şol ýerden inýär. Şol ýerde bolanlarynda nesilleri köpeldi. Jannyñ ýaradylyp, ýer bilen gögüñ arasynda ýaşamagy Adam atadan altmyş müñ ýyl öñdi. Jann we onuñ kowmy bu älemde ýedi müñ ýyl çemesi uzak ömür sürdüler. Soñra olaryñ arasynda görübilmezlik, bahyllyk ýüze çykdy. Pitne-pesat çykardylar. Biri-birlerini öldürdiler. Allatagala olaryñ başyna dünýä semasynyñ perişdelerini ugratdy. Oblisi olaryñ başyna baştutan belledi. Iblisiñ (şeýtanyñ) ady şol wagt Azazyldy. Iblis jynlaryñ iñ danasydy. Olar ýer ýüzüne indiler. Perişdelee jynlary kül-peýkun edip, olary ýerden çykaryp, deñizleriñ adasyna we daglaryñ depesine, köwek ýerlerinde sürdüler. Arzda oturdylar. Boýunlaryna ýüklenen ybadat parzy ýeñiljek bolupdyr. Çünki perişdeleriñ her biri göge beýgelip bilipdir. Dünýä semasynyñ perişdeleriniñ işi ýokarky gatdakylara garanda añsat bolardy. Allatagala Iblise ýer ýüzüniñ mülküni (soltanlygyny) we jennetiñ hazynalaryny berdi. Käte ýerde Hudaýa ybadat ederdi, käte gökde, käte-de jennetde ybadat ederdi. Wagtyñ geçmegi bilen onuñ içine "gurt düşdi". Öz-özünden göwnühoş bolup başlady. Öz ýanyndan şeýle pikir etdi: "- Allatagala munça maddy we magnawy soltanlygy maña beren bolsa, onda men Allaha garşy perişdelerden has eziz we ýokarda bolýan-da!" diýdi. Şeýle-de ol, dünýäge ýönelip, oña ynanan hemmelere işini üýtgetmek buýruldy. Allatagala Iblise we onuñ goşunyna: "Men şeýtmekçi, ýaratmakçy, ýaradarynam, ýöne "ýer ýüzünde" - gökde däl, çünki azgynlyklar we zulumlar ýerde bolýar" diýdi. • "Halyf"... Halyf - Adam atadyr. Çünki Adam ata jyndan soñ geldi. Adam ata Allanyñ ýer ýüzündäki halyfydyr. Ýagny, "ýer ýüzünde siz perişdelerden üstün halyf ýaratmakçy we sizi öz ýanyma galdyrmakçy" diýdi. Olar muny halamadylar, oñlamadylar. Çünki olar ybadat jähtinden perişdeleriñ başyny çekýärdiler. Çeşme: Ysmaýyl Hakky Bursewiniñ "Ruhul-Beýan tefsiriniñ" terjimesi, 1-nji jilt. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |