19:32 Jynlar we şeýtanlar nirede ýaşaýar? | |
JYNLAR we ŞEÝTANLAR NIREDE ÝAŞAÝAR?
Geň-taňsy wakalar
Jynlaryñ öý we mesgen eden ýerleri köplenç zir-zibillik ýaly hapa ýerlerdigi, olary şular ýaly ýerde bolýandygy öñden aýdylyp gelinýär. Hezreti Pygamberimizem (s.a.w) öýlerde üýşen zibilleriñ jynlaryñ üýşýän ýeri boljakdygyny aýdypdyr Yslama görä, jynlar akyl-huş, añlama, erk-erada ukybyna eýe mahluklardyr. Şonuñ üçin olara-da Hudaýa iman etmek, Onuñ buýruklaryna boýun egmek we ybadat etmek parz buýrulypdyr. Bu barada Gurhanyñ "Jyn" süresinde we beýleki aýatlarda, hadyslarda hem aýdylýar.¹ Şeýle-de Pygamberimiz (s.a.w) hem-de Hezreti Musa pygamber (a.s) we beýleki pygamberler bilen gabatlaşyp, olaryñ hak ýola çagyryşlaryny diñläpdirler we bir bölegi imana gelip, bir bölegi-de inkär edipdir.² • Öýlenip köpelmekleri we ömürleri Jynlar erkek-urkaçylygy bolan we Gurhanda jynsy taraplaryna yşarat edilşi ýaly-da, edil adamlar ýaly nika ýoly bilen öýlenýän,³ adamlar ýaly köpelýän, doglup ulalýan we ölýän jandarlardyr.⁴ Ýöne olaryñ ömri adamlaryñkydan has uzyn bolýar. Şu boýunça jynkaryñ 1000 ýyldan 1500 ýyla çenli ýaşap bilýändikleri aýdylýar.⁵ Çünki jynlar üýtgeşik wagt ölçrginde ýaşaýarlar. Olarda wagtyñ geçişi-de üýtgeşik. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda jynlaryñ üsti bilen alynandygy aýdylýan habarlaryñ gaýypdan alyndan däl-de, ýaşa we tejribä esaslanýan maglumatlardygy belli bolýar. Sebäp bize ýapyk bolan gaýyp älem olara-da ýapykdyr. • Iman we küpür taýdan ýagdaýlary Mömini, mynapygy, kapyry bolan jynlaryñ kapyryna şeýtan diýilýär.³ Jynlaram edil adamlar ýaly şu dünýäde synalyp, ahyretde hasaba çekilip, jennete ýa-da dowzaha gitmeli. Adamlarda bolşy ýaly iman edip, salyh amallardyr ýagşy işleri edenler jennete girmeli, inkär edip kapyr bolanlary we imana gelip toba etmekleri-de dowzaha gitmeli hem-de jezalaryny çekmeli. Gurhanda hem munuñ şeýle boljakdygy aýdylýar: "Ant bolsun ki, jähennem üçinem birnäçe jyn we adam ýaratdyk. Olaryñ kalplary bar - añlamazlar, gözleri bar - görmezler, gulaklary bar - eşitmezler. Ine, bular haýwankar ýaly, hatda ýol taýdan has azgyndyrlar. Ine, bular gapyllaryñ hut özleridir".⁷ Başga bir aýatda hem şeýle setirler bar: "Alla hemmesini bir ýere üýşüren güni, "Eý jyn jemagaty, adamlaryñ birnäçesini ýoldan çykardyñyz!" diýer. Adamlardan olara eýerenler "Rebbimiz! Biz bölegimiz bir bölegimizden peýdalandyk we bize beren möhletiñ soñuna geldik" diýerler. Alla hem şeýle buýrar: "Jähennem Allanyñ islegine baglylykda düýpli galjak duralgañyzdyr". Dogrisy Rebbiñ Häkimdir, Bilendir".⁸ • Jynlar ýer ýüzüniñ ýaşaýjylarydyr Ýokarda getirilen aýatdan we beýleki aýatlardan hem görnüşi ýaly, gerek bolsa kapyr jynlardan bolan şeýtanlar, gerek bolsa-da jynlar göze görünmezden adammary synlap bilýär. Sagdan-çepden, yzyndan, öñünden çolaşyp, olary was-wasa düşürip ýolda çykaryp we ýalñyş ýollara salyp bilýärler.⁹ Ýöne jynlaryñam adamlar ýaly ýer ýüzüniñ ýaşaýjylary bolandygy we Gurhandyr Hadyslarda aýdylandygy üçin olaryñ bardygyny inkär etmek küpür saýylýar.¹⁰ Adamlaryñ olary görüp bilmezligi ýokduklaryna delil bolup bilmez. Çünki adam diñe jynlary däl, başga-da köp zady görüp bilmeýär. Adamyñ görýän, bilýän, eşidýän, düşünýän zatlary çäkli bolýar. Aýratynam, ýaradylanlaryñ milliondan bäşini diñe görüp bilýändigimiz we agyry-yza, mähir-söýgi, ýigrenç, gorky, akyl-huş, elektrik togy, ýel-şemal... ýaly görmeýän zatlarymyzyñ köpüsiniñ bardygyna ynanyşymyz pikir edilende gürrüñimize has gowy düşünse bolar. • Jynlar ýalançymy? Gurhanda we Hadyslarda jynlaryñ ýalançydygy we Hudaýa garşy ýalan-ýaşryklary toslaýandyklary aýdylýar.¹¹ Emma şeýle-de bolsa, munuñ iman we takwalyk bilen dahyly bolmaly. Çünki mömine ýalan sözlemek gadagan bolşy ýaly, jynlaryñ möminlerine-de şeýle ýagdaýda bolmagy talap edilýär. Şonuñ üçinem ýalançylary ýa kapyr, ýa-da mynapyk jynlar bolmaly, ýa-da imany gowşak jynlara mahsus bolmaly. • Her ýurtda we her şäherde ýaşaýarlar Jynlar adamlaryñ ýaşaýan ýerinde ýaşaýyşlary ýaly ýer ýüzüniñ beýleki ýerlerinde-de ýaşap bilerler. Aziýada, Ýewropada, Amerikada, Arabystanda, Türküstanda, Russiýada we beýleki ýerlerde ýaşaýyşlary ýaly, şol ýurtlaryñ şäherlerinde-de ýaşap, şol ýerlerde gezip bilýärler. Meselem, Aşgabatly, Maryly, Daşkentli, Maşatly, Töwrizli, Ankaraly, Stambully, Moskwaly, Parižli we ş.m. diýip atlandyrylyp bilner. Resulallany (s.a.w) diñlemäge gelen bir bölek jynlaryñ häzirki Türkiýäniñ Diýarbekir welaýatynyñ töweregindäki Nusaýbinden gelendikleri aýdylypdyr.¹² Şeýle-de, Hezreti Pygambere (s.a.w) gelen başga bir jyn toparynyñ Jezirelidigi¹³ we Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) Medinede bir topar jynyñ musulman bolandygyny¹⁴ habar berendigi-de hadyslarsa aýdylan zatlardyr. Şol sanda Hezreti Pygamberi (s.a.w) diñlemäge gelen käbir jynlaryñam Ýemenli we şol töwerekdäki Nasibinli (ýa-da Nusaýbinli) jynlardygy-da aýdylýar.¹⁵ • Her adamyñ bir jyny bolýar Jynlaryñ adamlar bilen bile ýaşaýandyklary-da öñden bäri mälim zat. Şoña laýyklykda olaryñam adamlar ýaly guramaçylygy, harby edaralary, polisiýasy we bularyñ harby çinleriniñ bolmagy, her dürli yslamy we yslamy däl sosial, syýasy toparlaryñ we partiýalarynyñ bolmagy, adamlarda bolan añ-düşünjäniñ olarda-da ýeñmegi ýa-da ýeñilmegi, öñdebaryjylygyñ we yzagalaklygyñ bolmagy mümkindir. Ýagny olardaky durmuş düzgüni we adminstratoe sistemasynyñam adamlaryñka belli bir derejede meñzeýän bolmagy mümkin. Müslimiñ rowaýat eden bir hadysynda "Her adamyñ perişdelerden we jynlardan bir ýoldaşynyñ bardygy" habar berilýär.¹⁶ Jabire salgylanylýan başga bir hadysda pygamberimiz (s.a.w): "Ýanynda äri ýok aýallaryñ ýanyna barmañ. Çünki şeýran ikiñizden biriniñ damarynda gan nähili aýlanýan bolsa, şolar ýaly aýlanýandyr" diýipdir. Şonda sahabalar ondan: "Seniñemmi?" diýip sorapdyrlar. Hezreti Pygamber (s.a.w): "Hawa, meniñem, ýöne Alla şeýtana garşy maña ýardam etdi-den ol maña boýun boldy (ýa-da musulman boldy)" diýipdir.¹⁷ Hadysda ýaýyñ içine alynan "musulman boldy" diýen söz başga many berýär. Emma hadysşynas alymlar şeýtanyñ musulman bolmagynyñ mümkin däldigini aýdyp, "boýun egdi, boýun boldy" manysynda ulanmagyñ has dogry boljakdygyny aýdypdyrlar.¹⁸ Bu ýerde göz öñüne tutulanyñ kapyr jyndygyny pikir etmek meseläni çözýär. Sebäp jynlaryñ kapyryna şeýtan diýilýändigini ýokarda aýdypdyk. • Jynlaryñ mesgenleri Jynlaryñ öý we mesgen eden ýerleri köplenç zir-zibillik ýaly hapa ýerlerdigi, olary şular ýaly ýerde bolýandygy öñden aýdylyp gelinýär. Hezreti Pygamberimizem (s.a.w) öýlerde üýşen zibilleriñ jynlaryñ üýşýän ýeri boljakdygyny aýdypdyr.¹⁹ Ýöne mömin adam her hili bolanda-da, hapysalygy halamaýar. Munuñ adamlaryñ hapysalygy gowy görýän ýa-da dinu taýdan hapa saýylýan zatlary edýänler ýaly düşünilmegi we mundan jynlaryñam hapysalarynyñ we erbetleriniñ diñe şeýle ýerlerde ýaşaýandyklary we hapalykdan lezzet alýandyklaryny ýada salmalydyr. Munuñ bilen birlikde Hezreti Pygamberimiziñem (s.a.w) yslamdaky arassaçylyga ünsi çekendigini, göze görünmeýän jynlar ýaly göze görünmeýän mikroplaryñam çalt köpelip, dürli kesellere sebäp bolup biljekdigini beýan edipdirler. Çünki käbir hadyslarda jyn düşünjesi bilen mikroplaryñ göz öñüne tutulandygy aýdylypdyr.²⁰ Şol sanda sahabalaryñ we tabygynlaryñ döwründe jynlaryñ köwek ýerlerde ýaşaýandygyna ynanylypdyr. Munuñ bilen baglanyşykly şeýle hadysy-şerif bar: "Abdylla ibn Serjis (r.a) aýdypdyr: "Resulalla (s.a.w) Ýer ýüzündäki hapa-haşal ýerleriñ köwegine (çukur, hin, oýuk ýerler we ş.m. -t.b.) buşukmagy gadagan etdi". Munuñ sebäbi Katadeden soralanda "Bu köwek ýerlere buşukmak nämüçin mekru kylyndy" diýip soralanda, ol şeýle jogap beripdir: "Bularyñ jynlara degişli mesgenlerdigi aýdylýardy".²¹ • Dipnotlar: (1) Ýazyr, "Hak dini", VIII, 360; "Engam" süresi, 6/130; Zariýat, 51/56 (2) "Engam" süresi, 6/130; Ahkâf, 46/29-30; Cin, 72/1-2; Buhary, "Tefsir", 72/1; "Azan", 105; Müslim, "Salat", 149-150, 153; Tirmizi, "Tefsir", 72/2-3, No: 3323-3324; A.H. "Müsned", I, 252. (3) "Rahman" süresi, 55/56; Ebu Ýala el-Ferra, el-Mutemed, s. 174. Ateş (4) Buhary, "Töwhid", 7; "Zikir", 67; Karş. A.H. "Müsned", I, 302. (5) Ymam Şibli, "Jynlaryñ esrary", s. 32. (6) Kehf, 18/50; I.Malik, "Muwatta", "Şaar", 4/10; A.H. "Müsned", III, 419; Ibn Jewzi, "Telbis", s. 35-36; Müslim, "Münafikin", 69. (7) "Araf" süresi, 7/179; "Jyn" süresi, 72/5. (8) "Engam" süresi, 6/128. (9) "Araf" süresi, 7/27; "Zuhruf" süresi, 43/36-39; "Nisa" süresi, 4/38; "Kaf" süresi, 50/27. (10) A.Naim, "Tejridi-Sarih" Terj., II, 403. (11) "Araf" süresi, 7/27; "Jyn" süresi, 72/5; Tirmizi, "S.Kuran" 3, (2883); Ýazyr, A.g.e., IV, 29. (12) Buhary, "Menakybul-Ensar", 32. (13) Müslim, "Salat"" 150. (14) Müslim, "Salam", 141; I.Malik, "Muwatta", "Istizan", 13/33. (15) Tirmizi, "Taharet", 14/18. "Jynn", 72/6; Ýazyr, A.g.e., VII, 118; VIII, 369-371. (16) Müslim, "Münafikin", 69. (17) Tirmizi, "Rada", 17/1172; A.H. "Müsned", III, 309; Darimi, "Sünen", II, 320, "Rikak", 66. (18) Tirmizi, "Rada", 17/1172; I.Jewzi, "Telbisü Iblis", s. 34. (19) Abdyrrezak, "Musannaf", XI, 32. (20) Ateş, "Jynlar-jady", 49. (21) Ebu Dawut, "Taharet", 16, (29); Nesaýy, "Taharet" 30; (1, 33, 34); A.H. "Müsned", V, 82. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |