23:13 Jynsy terbiýe: Bilene maza, bilmedige jeza... | |
JYNSY TERBIÝE: BILENE MAZA, BILMEDIGE JEZA
Medisina
Ýetginjeklige girip ugran döwürlerim (15 ýyl mundan ozal), joralarym bilen ýetginjeklikde bolup geçýän üýtgeşmeler (aýbaşy, göwüsleriň ulalmagy, kämillik tüýleri) barada gizlinlikde gürrüň ederdik. Her kim öz bedeninde bolup geçýän zatlary we ululardan eşdenlerini paýlaşardy. Bir gezek jynsy gatnaşyk barada gürrüň açyldy. Her kim öz bilenini orta atdy: – toýuň ilkinji gijesinde (ilkinji jynsy gatnaşykda) gan akýarmyş, şonda gyzlygyň gidýärmiş we ondan soň sen gyz däl hasaplanýarsyň; – ilkinji jynsy gatnaşyk erbet agyryly bolýarmyş; – ilkinji gijede çagada galyp bilýärmiş; – anha, pylanynyň birinji çagasy toýunyň ilkinji gijesinde galypdyr; – hawa, meniň hem daýzamyň gyzynyňky şeýle boldy. Biz üçin jynsy terbiýäniň esasy çeşmesi ulularyň we deň-duşlarymyzyň paýlaşýan gürrüňleridir tejribeleridi. Ol wagtlar ne internet bardy, ne muňa degişli mekdep sapaklary. Jynsy terbiýe gizlin saklanylmalydy we nikalaşmadyk ýaşlaryň bir-birine dost hökmünde ýakynlaşmagy hem ýazgarylýardy. Şonuň üçinem jynsy gatnaşyklardan saklanýan ýaşlar kändi we jynsy terbiýesi ýetikler örän azdy. Indi bolsa döwür üýtgäp barýar. Tehnologiýanyň şeýle ösen döwründe, maglumatlaryň elimiziň aşagynda bolan döwründe ýaşlar has köp we has ygtybarly maglumatlary bilýändir diýip pikir edýärdim. Emma, gün-günden eşidýän habarlarym, şaýat bolýan wakalarym meniň pikirimi inkär edýärler. Goňşymyzyň 18 ýaşly gyzy içi agyryp, ejesi bilen hassahana gidýär. Lukmanlar gyzyň göwrelidiginiň üstüni açýarlar. Gyzam, ejesem şol ýerde şokdan özlerinden gidýärler: ejä beýle zadyň ýatsa-tursa kellesine gelmejekdigi üçin, gyz bolsa ýekeje jynsy gatnaşygyň göwrelilige eltip bilýändiginden habarsyz bolany üçin. Ýene bir hadysa: Daýzamyň 20 ýaşly öýlenmedik ogly keýpi-sapany halaýar, şol sanda jynsy gatnaşykdan hem lezzet alýandygy hakynda öwünýär. Ol elmydama özüne taý bolasy gelýän gyzyň "gyzdygyny" barlamak isleýär. Ol şeýlelik bilen 2-3 sany gyzy barlaýar we olaň gyz däldigi üçin olardan ýüz dönderýär. Ýakynda ol ýene bir gyzy "barlap", onuň gyzdygyna göz ýetirýär we onuň bilen romantik gatnaşyga başlaýar. Aradan 1-2 aý geçensoň, gyz göwrelidigini bilip galýar we gyzam, oglanam indi basymrak "ile gürrüň" bolmankalar durmuş gurmak üçin maşgalalaryny gyssaýarlar. Bulaň ikisi hem goragsyz jynsy gatnaşygyň berjek netijelerinden habarsyz ekenler. Bular diňe meniň töweregimde bolup geçýän zatlar, ýöne bütin ýurduň içinde şeýle wakalaryň ýaýgyndygyna şübhelenmeýärin. Çünki aljak gyzlarynyň "gyzdygyny barlaýan" oglanlar hakynda kän eşidýärin. Durmuş gurmadyk ýaşlaryň jynsy gatnaşyk etmekleri barha ýaýbaňlaşsa-da, esasy mesele heniz hem çözülmän galýar – müňlerçe türkmenistanly ýaşlaryň jynsy bilim derejesi örän pes. Basan ýerimiziň maglumat bolup ýatan XXI asyrynda ýaşlarymyz näme üçin öz bedenleri we fiziki gatnaşyklar barada ýönekeý zatlary bilmeýärler? Mümkin hemmelerde meniňki ýaly bilýänini paýlaşýan we maslahatlaşýan joralar/dostlar ýokdur, emma jynsy bilim barada ýönekeý maglumatlary kitaplar, telewideniýe, we internet hem berip bilýär ahyry. Ýene bir uly mesele hem jynsy terbiýe barada açyk gürrüňdeşligiň henizem tabu hasaplanýandygy bolup durýar. Mugallymlaryň ýa ene-atalaryň çagalaryň/ýetginjekleriň öňünde bu gürrüňlerden gaça durýandygy hemmelere mälimdir. Emma olar dymmak bilen meseläniň çözülmegine däl-de, tersine has ulalmagyna sebäp bolýarlar. Olaryň dymmagy sebäpli ýüzlerçe islenilmedik göwrelilikler bolup geçýär, ýüzlerçe adam jynsy ýokançlyklardan ejir çekýär, we ýüzlerçe maşgala dargaýar. Men saglygymyzyň möhüm bölegi bolan jynsy terbiýe barada açyk gürrüňdeşlikleriň köpelmegini şeýle betbagtçylyklaryň öňüni almagyň ilkinji ýoly hökmünde görýärin. Çünki açyk söhbetdeşlikler, hasam internetde edilende, ygtybarly maglumatlaryň ýaýramagyna we tabularyň azalmagyna iterýär. Günüň soňunda köne asyrlardan galan tabulardan ýa däp-dessurlardan, adam saglygy has möhümdir. Meniň pikirimçe, siziň pikirleriňiz we tejribeleriňiz bu mowzuga has hem many goşar. Okyjylar, ýaş adamlar jynsy terbiýäni nireden, nädip alandygy barada, döwrebap bilimiň ýetmezçiligi we ony düzeltmek barada pikirlerini paýlaşsalar aramyzda saglyk meseleleriniň birini çözmäge ullakan goşant bolar. # saglyk.org | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||