18:41 Kagyzdan serkerdebaşy | |
KAGYZDAN SERKERDEBAŞY
Taryhy makalalar
Biri özüne hakykatdanam serkerdebaşydyryn öýdýärmikä? Diýmek... Prezident bolsañ, Serkerdebaşy bolubermeli-dä, şeýlemi? Bilenokmyka... Şeýdip alnan serkerdebaşylygyñ diñe kagyz ýüzünde galýandygyny! "Kagyzda ýazylan" diýip, serkerdebaşy bolunmaýar! "Kagyzda ýazylan" diýlip, serkerdebaşylyk edilmeýär! Kagyz näme - Konstitusiýa. Kagyz näme - kanun. "Konstitusiýada, kanunda şeýle ýazylan" diýip serkerdebaşy bolup bolmaýar. Serkerdebaşy bolmak üçin başga şertler gerek. Ýazaýyn... 1922-nji ýylyñ tomsy. Ankara. Mustapa Kemal aýgytly kararyñ öñüsyrasynda dur, emma gelen kararyny hiç kim oñlanok. Goranmak ministri "Ýeterlik ýarag ýok" diýýär. Içeri işler ministri "Içerki gapma-garşylyklaryñ we talañçylyklaryñ soñuna çykmazdan bular ýaly uly harby herekete başlamak ýalñyş bolar" diýýär. Maliýe ministri "Gazna boş, ýeke teññe pulum ýok" diýýär. Belli karara gelen Mustapa Kemal ýeke ädim yza tesmeýär. Ýakyn egindeşleri bilen maslahatlaşýar. Aly Fuat (Jebesoý) paşadan goşun bölümleriniñ birine ýolbaşçylyk etmegi haýyş edýär. Emma ol "Meniñ häzire deñiç frontda serkerdelik etmedik ýerim ýok" diýip teklipden ýüz dönderýär. Mustapa Kemal şol teklibi Refet (Bele) paşa hem edýär. Olam garşylyklaýyn hüjümiñ şowly boljagyna ynanmaýar. Kinaýaly "Örän möhüm bir zat bolaýjakmyka?" diýýär. Mustapa Kemal "Hawa, bolar!" diýip jogap berýär. Refet paşa morta "Men ynanamok" diýip teklipden ýüz öwürýär. Şol güne çenli hiç bir pidakärlikden gaýtmadyk ýakyn egindeşleri Mustapa Kemaly iñ aýgytly pursatda ýeke goýýar... Diñe şolarmy? Serediñ, ýene kimler bar?.. • "Ynanmaýan öz islegi bilen ýerini boşatsyn!" 1922-nji ýylyñ tomsy. Akşehir. Mustapa Kemal harby serkerdeleri bilen garşylyklaýyn uly hüjüm boýunça ýygnak geçirýär. Ýakup Şewki (Subaşy) paşa harby mekdepde Mustapa Kemaly okadan adam. Şindi ol ikinji goşun birikmesiniñ serkerdesi. Ol garşylyklaýyn hüjüme garşy çykyp: "Halkyñ güýjüni humar oýnunda daş atan ýaly harçlamak uly jenaýatdyr" diýýär. Mustapa Kemal "Halkyñ güýji şunçamy, paşam?" diýip soraýar. Ýakup Şewki paşa şol öñki ses tony bilen "Hawa!" diýip sözüni soñlaýar. Kemaletdin (Gökçen) Sami paşa-da şoña meñzeş sözleri aýdyp, ätiýaçdaky güýçleriñ gowşakdygyny aýdýar. Ismet (İnönü) paşa we Fewzi (Çakmak) paşa-da ýaraglaryñ pesliginden zeýrenip, garşylyklaýyn hüjüme garşy çykýarlar. Mysal üçin, grek goşunynyñ elli sany istrebiteli bolsa, muña derek türk goşunynyñ on sany istrebiteli bar eken. Mustapa Kemal özüni diýseñ sowukganly alyp barýar we "Kim garşylyklaýyn hüjümiñ şowly boljagyna ynanmaýan bolsa, öz islegi bilen ýerini boşatsyn. Ähli jogapkärçiligi men öz boýnuma alýaryn!" diýýär. Paşalar geñ galýar. Ismet paşa ýuwmarlamaga çalyşýar: "Paşam, siz pikirimizi soradyñyz, bizem aýtdyk. Ýöne emir berseñiz, biz muny hökman ýerine ýetireris." 1922-nji ýylyñ 26-njy awgustynda garşylyklaýyn hüjüm başlaýar. Hüjüme Mustapa Kemalyñ hut özi ýolbaşçylyk edýär. Beýik ýeñiş gazanylýar, duşman deñize gapgarylýar. Elbetde, ýeñişde gahryman mehmetjiklerimiziñ çäksiz uly paýy bar. Emma... Serkerdebaşylyk diýilýänem, ine, şeýle çindir. Şol sebäpli bu söweşe "Baş serkerdelik meýdan söweşi" ady berilýär! Ýagny... Serkerdebaşylyk diýilýän zat kagyzdan däl, dostjan! Hakyky Serkerdebaşy... söweş meýdanlaryndaky ýeñişlerden çykýar. • Pöwheligi 1683-nji ýylyñ 13-nji sentýabry. Türk goşunynyñ Wenanyñ eteginden bäri yza çekilip başlamagy 238 ýyllap dowam edýär. Yza çekilme ýene bir sentýabr aýynda togtaýar. 1921-nji ýylyñ 5-nji awgusty. Yzagalak çöññeleriñ garşylygyna garamazdan Mustapa Kemal serkerdebaşy bolýar. 1921-nji ýylyñ 13-nji sentýabry. Sakarýa meýdan söweşi bilen türk goşuny "şowsuzlyk guşunyñ" ganatyny gyrkýar. Türk goşunlarynyñ yza çekilişi soñlanýar. Öñe gidişlik başlaýar... Yzyndan... Hataý we Kipr gelýär. Maksat - "Misaky-Milli" çäkleriniñ içindäki Mosuldyr Kerkugy almak. Bularyñ alynmagy Atatürküñ wesýetidir. Ismet Inönü alyp bilmese-de, bu wesýeti Bülent Ejewide goýup gidýär. Soñra... soñra häkimiýete AKP gelýär. Mosulda, Kerkukda türkmenler öldürilýär, ilat ýazuwy baradaky resmi maglumatlar ýakylýar, "Kürdüstan" yglan edilýär. YŞYD Mosulda şerigat döwletini gurýar. Türk goşunyndan başga bu ýerlere aýagyny basmadyk galmaýar. Bulam az bolýan ýaly... Kagyzdan serkerdebaşynyñ buýrugy esasynda türk goşuny gijeýarymdan soñ ýörite operasiýa bilen Siriýadaky Süleýman şa kümmediniñ goragyndan çekilýär! Bu hereket türk goşunynyñ 1921-nji ýyldan soñky ilkinji yza çekilmesidir. 238 ýyl dowam eden yza çekilme garabasmasy ýene başlady, ine! Yzyndan näme bolar öýdýärsiñiz? Jogabyny hemmämiz bilýäris... Kagyzdan serkerdebaşy başymyzda durjak bolsa, türk goşunynyñ yza çekilişi dowam eder! Kagyzdan serkerdebaşy başymyzda durjak bolsa, mehmetjigimiziñ kellesine halta geýdirilmegi dowam eder! Kagyzdan serkerdebaşy başymyzda durjak bolsa, Egeý deñzindäki adalarymyzyñ basylyp alynmagy dowam eder! Kagyzdan serkerdebaşy başymyzda durjak bolsa, F-16 uçarlarymyzyñ serhet ýakalarynda urulyp düşürilmegi dowam eder! Kagyzdan serkerdebaşy başymyzda durjak bolsa, mehmetjiklerimiziñ şehit bolmagy dowam eder! Bütin bularyñ barsy hiç bolmadyk ýaly... Kagyzdan Serkerdebaşynyñ diline bat bermegi - pöwheligi dowam eder… Hususanam... Uruşlarda üstün çykan bir geniniñ - Serkerdebaşy Mustapa Kemal Atatürküñ adyny tutmaz. Hamana şeýdip Atatürküñ adyny ýatdan çykardaryn öýdýär! Bilenog-a... Taryh kagyz serkerdebaşylaryñ adynam agzamaýar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.09.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |