08:35 Maral Gulmämmedowa | |
MARAL GULMÄMMEDOWA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1926-2020) Maral Gulmämmedowa 1926-njy ýylyň ýanwar aýynyň 2-sinde Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Ol opera artisti, (soprano). Türkmenistanyň at gazanan artisti (1964), Türkmenistanyň halk artisti (1976). Ol 1940-njy ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna okuwa girýär. Emma uruş zerarly okuwynyň arasy kesilýär. Şunlukda, M.Gulmämmedowa Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyny aýdymçylary taýýarlaýan wokal bölümini tamamlaýar (1950). Şol ýyl Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işe başlaýar. Ilkinji halypasy režissýor M.Kepbanow bolýar. Ilkinji ynanylan keşp kompozitorlar Daňatar Öwezow bilen Ýuliý Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operasynda baş gahryman Leýliniň ejesiniň keşbi bolýar. Keşp şowly çykýar, opera tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Şeýdibem biri-birine meňzemeýän keşpler, olary janlandyrmak üçin çekilýän irginsiz zähmet öz oňyn netijesini berip başlaýar. Ol “Ganly sakada” Çaryýaryň ejesiniň, “Abadanda” Abadanyň ejesiniň, “Şa gelinliginde” Sabyrowna, “Şadyýan myhmanda” Ogulbike, “Kemine we kazyda” Nabat, “Şasenem-Garypda” Garybyň ejesi, «Zöhre-Tahyrda» Mahym, “Aýnada” Mahym ýaly ençeme ajaýyp keşpleri janlandyrýar. Ussat aýdymçy diňe bir türkmen kompozitorlarynyň operalarynda däl, eýsem, doganlyk halklaryň kompozitorlarynyň döreden eserlerinde hem çykyş edip, ol keşpleri şeýle owadan, ajaýyp janlandyrandygy üçin türkmen tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanýar. Onuň ruslaryň “Ýewgeniý Oneginin” operasynda Larinanyň, “Sygan baronynda” Mirabellanyň, italýanlaryň “Iolanta” operasynda Lauranyň, azerbeýjanlaryň «Кörogly» operasynda janlandyran köşk aýdymçysynyň, «Arşyn mal alanda» Jahan halanyň, özbekleriň «Maýsarasynda» baş gahryman Maýsaranyň, ukrainleriň «Odarkasynda» Odarkanyň we ýene-de birnäçe keşpler tomaşaçylaryň aňyna berk ornan keşplerdir. 1957-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaşlaryň we talyplaryň Bütindünýä Halkara festiwalyna Türkmenistandan gatnaşmak M.Gulmämmedowanyň paýyna düşýär. Ol festiwalda üstünlikli çykyş edip, laureat diýen hormatly ada eýe bolýar. M.Gulmämmedowa özüniň mylaýym hoş owazy bilen ýerine ýetiren «Ilki söýgüm, nirde sen?», «Ýadyňdamy?», «Serhetçiniň aýdymy» we ýene-de ençeme aýdymlary bilen tomaşaçylaryň kalbynda orun alan aýdymçydyr. Ol bu aýdymlary bilen daşary ýurtlaryň birnäçesinde çykyş etdi we elçarpmalara mynasyp boldy. Ol döwlet sylaglary we Hormat hatlary bilen sylaglandy. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/166. 06.09.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||