08:10 Kanunyñ ýerine ýetirilişi | |
KANUNYÑ ÝERINE ÝETIRILIŞI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Mälikşa Seljuklynyñ parasatly weziri Hoja Nyzamylmülk özüniñ "Siýer-el-mülk" ("Syýasatnama") atly kitabynda şeýle bir bolan wakany gürrüñ berýär: Bir gije Ýemin-ed-döwle soltan Mahmyt Gaznawy özüniñ ýakyn adamlary bilen meýlis gurup şerap içýärler. Şol meýlisde elli müñ goşunyñ serkerdesi we örän batyr serdar bolan Aly Nuştekin hem bar eken. Meýlis gijäniñ ýaryna çenli dowam edýär. Nuştekin şerap içip mes bolýar. Şol ýagdaýda şadan rugsat sorap, öýüne gitmekçi bolýar. Soltan oña mes halatda daş çykmazlygy, şol ýerde galyp, dynç almaklygy maslahat berýär, çünki eger şu ýagdaýda şäher polisiýasy seni görse we mesligini añsa, şerigat kanuny esasynda saña çybyk urýar we abraýyñy döker, men bolsam bu barada hiç bilmerin diýýär. Özüniñ mertebesine we şan-şöhratyna buýsanýan Nuştekine bu söz örän agyr degýär we şäher polisiýasy onuñ öñüni tutmaga jürehet eder diýen oý onuñ kellesine-de gelmän, gitmäge höwes bildirýär. Soltan hernäçe galmaga razy etjek bolsa-da, peýda bermeýär. Soltan näalaç rugsat berýär. Aly Nuştekin atly nökerleri we hyzmatkärleri bilen öýüne tarap ugraýar. Tötänden, şäher polisiýasynyñ başlygy özüniñ ýüz atly we pyýada adamlary bilen oña gabat gelýär. Haçan-da, ol Nuştekini mes ýagdaýda görende; ony atdan düşürmäge buýruk berýär, özi bolsa atdan düşüp, asla çekinmän, ýañkyny oturdyp öz eli bilen çybyk urýar. Nuştekiniñ atlylary we ýoldaşlary bu ýagdaýy görýärler, emma geplemäge milt edip bilmeýärler. Şol ýagdaýda Nuştekini öýüne äkidýärler. Ýolda barşyna ol "her kim soltanyñ permanyna gulak asmasa, jezasy şudur" diýýär. Ertesi gün soltanyñ huzuryna baranda, köýnegini çykaryp, çybyk zerarly ýara bolan arkasyny soltana görkezýär. Soltan ýylgyryp: - Eger mundan beýläk şeýle derdesere duçar bolmajak bolsañ, mes halatda öýden çykmazlyga äht et - diýýär. Çünki kanun üçin uly, kiçi, baý, garyp hemmeler deñdir. Eger-de ýurtda kanunyñ öñünde emir we ýesir, baý we pakyr, uly we kiçi deñ bolmasa, adalat Gününiñ şöhlesi hiç haçan ol ýurda düşmez we ösüş nury onuñ özbaşdaklyk we asudalyk meýdanyny ýagtylandyryp bilmez. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||