14:14 Kärendençiniň ýandepderçesinden / satiriki hekaýa | |
KÄRENDEÇINIÑ ÝANDEPDERÇESINDEN
Satiriki hekaýalar
Öwf! Kärendesine birgiden ýerem-ä alnandyr öz-ä, görmeli-dä, bagty synap! Kärende, depäň deger kä ýerde. Maşgala potratçylygyndan bir ädim öňe gadam urlandyr. Potrat eýgerene hormat, jübiňe gudrat, ýalta kyýamat, ýekellä musallat diýlen günler başdan geçdi. Indi has kyn karkaşa baş goşulandyr. Başa gelenini göz görer, zähmet çeken hez görer, belki, durmuşym özgerer! Hoş gal, daňdanky meýmirediji, melhem, süýji uky. Arkam, gijän bolup azara-da galma, barybir, indi seni gaşamaga elim degmez. Gowaçamyň düýbüni «gaşaryn». Magtymgulynyň «Dyrnak bilen daglar gazan Benijan» diýýäni indi men bolmaly. Indi dyrnak kesmeli bolmasa gerek. Guşluk çaglary piliňi egniňe atyp atyza baraga-da, brigadire görnüp gaýtsaň üç manat hak ýazylýan döwür ötdi. Gaty görme, guşluk çaýy, meni buza dönderdiň — diýip, men indi kärendeçi. Sen indi termosda çaýkanyp, bilimde hallan atyp keşlere aýlanarsyň, syýahat edersiň. Mähriban ýeke tut, günortanky goýry kölegäme häli-şindi gelmediň — diýip öýke-kine etme. Seni guşlara bagyş etdim. Razy bol. Ýüzüne gök ýaglyk ýapyp tä öýlän alta çenli uklamady — diýip nägile bolma. Gazanmagyň kül-külüne düşülendir, herne abraý bersin. Pilim, oragym, kätmenim! Indi poslamarsyňyz. Gün-günden ýülmenip iglemek bilen borsuňyz. Berk duruň. Ekinimiň käýeriniň reňkini halamok-la. Sarylatma bolanyň ýüzi ýaly-la. Agranomy tapsam öýdýän. Olam mugt hak alyp söw-söw syryp ýörmesin. Bir ýerden azot tapmaly boljag-ow. Puluna tapsam hem aljak. Fosfor, kaliý dökünlerini satyn almak gerek. Bahasyndan gaçmaly däl. Gara ýatakdan ders getir — diýip bir şofýora pul beripdim. Gidişi-gidişi bolaýdy-la, jähenneme gitmişiň. Beýleki ogullaryma-da tizräk gelin alyp bermeli. Maňa arzan işçi güýji köpräk gerek boljak. Meýdan düşelgämdäki kümäni ýyksam öýdýän. Käbir bikärler gelseler wagty bilen turanoklar. Ýaňralaryň agzyna gurşun guýup bolsa bolmaýamy. Özümiňkilerem köp oturýarlar. Jaň kakmak düzgünini ulansam näderkä?! Suw tutmak üçin kolhozdan maýyşgak turbajyklary almaýyn. Ummasyz pula durýar. Gargy gamyşdan ýasanaýyn. Mugt düşýär, Hanhowuzy gamyş basany gowy bolaýypdyr. Eşek arabasyny edinsemmikäm ýa-da at arabasyny? Eşek ejiz hem-de haýal. Emma körpe ýorunja ýa bolmasa bede, arpa küýsäp, hokranyp duranok. Näme gabat gelse «bissimillasyz» başlaberýär. At daýaw hem çalasyn. Ýöne weli, idegi kyn. Kärendeçä haýsy amatly bolarka?! Kolhozyň baş ykdysatçysyndan maslahat soramaly bolaryn. Ol mugt aýlyk alyp oturmasyn. Ýa bolmasa eşek bilen aty çakyşdyryp, aralyk bir mahluk döretsemmikä? Gatyram-a güýçli zat. Eý, Badhyzdan gulan tutaýsammykam?! Ol gymmatdyr. Gyzyl kitaba ýazylandyr-ow. Gelinlerim menden, aýalymdan, ejemden ýaşynýarlar. Bu zyýanly galyndy işe päsgel berýär. Ýüzüňizi açyň. Ýaşmagy aýryň. Jinsi geýseňiz, has ykjam borsuňyz diýeýin. Agtyjaklaram işde aýak bagy bolýarlar. Emedekläp baryp ekini ýolýarlar. Olara aýratyn okuw geçeýin, gowaça bilen haşal otuň tapawudyny öwredeýin. Wah, kengurunyň garnyndaky haltasy bize gerek. Ýapon, wýetnam, koreýa oňarýa: çagajyklaryny arkasyna daňýan ekeni. Torba tiksem öýdýän. Gowy işleýän maşgala çlenlerimiň hormatyna baýdak galdyrsam öýdýän. Sowgat berenden ol has peýdaly, arzan. Meň ekinime kimdir bir görip kerepmi, sary çyrmaşykmy oklapdyr-ow. Ýezitiçegesi bütin ekini bogar. Maňa çakrap giden kelle süňki gerek. Elbetde, adamyňky däl, malyňky. Gektarymyň içinde dikip goýjak. Garagy gapylmyş käbir adamyň gözi ýaman. Ekiniňi süllerdäýýär. «Ir turan işden dynar» diýen şygary aýraýyn. Onuň ýerine «Ýatmadyk ýagly külçe iýer» diýip ýazdyraýyn. Bir ýerde akmaklyk etdim-ow. Bir düýp gowaçany gyşardany üçin mehanizator görgülini kesek bilen urmaly däldim. Görejine şikest ýetipdir. Indi ol tutuş hatary gypyrdyp gider. Mehanizator meni suda ýazyp berdi. Jerime tölemeli bolaryn-ow. Suddan çakylyk haty geldi. Işi taşlap telim sapar raýona gatnamaly bolar. Ikinji gruppa inwolid edilse işim gaýdar, pensiýany maňa tölederler. Gowaça sowkasy we karadrina garşy zolotoglazka we gabrabrakaň ýaly möjejikleri öz öýümde ýetişdireýin. Biolaboratoriýadan almak gymmat düşýär. «Gowaçaňa elli müň sany gabrabrakan, otuz müň zolotoglazka goýberdim. Ber kyrk müň manat» diýseler näderin. Alajyň ýok, töläýmeli borsuň, kör bolup. Gurçuk üçin jüýjeli towuk edinsemmikäm? Oh, men ýaňrap oturypdyryn-ow. Ekinimde iki-ýeke gurçuk görünýär-le, hany meniň jübtegim. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |