23:22 Kasas / powest | |
KASAS
Powestler
(başdan geçirmeler powesti) Uzakly gün howry bilen ýakyp-ýandyran kuýaş günbatarda mazaly ýitip, iňrik garalyp ugranda, Aşgabada gitmeli otly Mary wokzalynda daýandy. Perronda duran mähelle öýjügi gozgalan arylara dönüp, gozgalaň tapdy. Gybyrdyklaşyp, ýaşyl wagonlara sümýän-de ýetikdi, düşýänler-de. Menem waglap duran adam siliniň arasy bilen öz ornuma howlukdym. Degişli küpäni gözläp tapdym. Küpedäki adam sanyna gözüm düşende, bialaç kürtdürmeli boldum. Kelläme her hili pikir gelip, prowodnigi nebsine “haý” diýip bilmezlikde aýypladym. “Dört adamlyk orna-da şunça kişini ýerleşdirmek bormy!” diýen jümleleri hyýalymda gaýtaladym. Küpede alty adam bardy. Bir ýaşuly, bir garry aýal, dört sany hem daýaw ýigit. Ýigitleriň “palta çapmaz” diýilýän murtlary bardy. Dördüsem diýseň meňzeşdi. Olaryň dogandygyny soraman biläýmelidi. Ýaşy ýigrimi bäş bilen otuz aralygyndadyr diýdirýän ýaş ýigitleriň üçüsi aşaky gatyň sag tarapynda seteran bolup otyrdylar. Biri bolsa çep tarapda, ýaşulynyň gapdalynda otyrdy. Ýaşulynyň gapdalynda oturan ýigidiň gapy tarapyndaky çüňkde garry aýal otyrdy. Ýaşuly äpişgä tarap gysmyljyrap, ezilen towuk kimin busurylypdy. Ýigitlerdir garry aýal pikire batypdylar. Nämedir bir wajyp gürrüňiň bolany bildirýärdi. Meniň gapyda peýda bolmagym bilen gürrüň galyp, küpedäkileriň bary maňa tarap ýüz öwürdiler. Men “Prowodnigi çagyrsammykam ýa-da öz ornuma geçip, sessiz ýatybersemmikäm?” diýip içimi gepletdim. “Ýa eýýäm meniň ornum hem satyldymyka?” Garry aýal maňa ýüzlendi: —Gel, gyzym, gel. Giriber. Bi üç oglan...—Şeý diýip ol sag tarapdaky orunda seteran oturan üç ýigide tarap seredip goýberdi.—Gider häzir. Olaryň goňşy küpede orny bar. Ýöne meň ýanyma oturmaga geldiler. Ogullam olar meniň. Aýal şeý diýenden, ýigitler ýerlerinden galyp, maňa orunlaryny görkezdiler-de, daşaryk çykmaga hyýallandylar: —Geçiň, geçiň. —Oturyberiň, meniň ornum ýokarda—diýip, men ýigitlere jogap berdim. Şeý diýsem-de, olar daşaryk çykar ýaly, bir çete çekilip, geçere ýol açdym. Sebäbi ýigitler içerde otursa, men özümiň ýokarky gatdaky ýerime geçibem biljek däldim. Ýokaryk münmek üçin aşaky gata aýak basmak gerekdi. Ýaşuly hem agajet göwresini agraslyk bilen galdyryp, daşaryk çykmaga hyýallandy hem maňa ýüzlendi: —Saglykmy, keýgim, manlykmy? Gel, geç. Goşlaryňy hem, ine, şu ýerde goýaý! Ol agras süýşüp, ýigitleriň oturan ornunyň üstki agajyny galdyrmaga çemlendi. Goş-golam goýmak üçin ýörite gurnalan boşluga meniň zatlarymy goýmaga kömekleşdi. Men ýaşula minnetdarlyk bildirip, prowodniklden düşekdir ýassykdaşy alyp, ornuma geçdim. Iş saparym sebäpli bozulan tomus günleriniň gündizki ukusy üçin kirpiklerimiň tapyşasy gelip durdy. Şoňa görä men ýerime geçenimden uklamak niýeti bilen süýndüm. Hut meniň ornaşaryma garaşan ýaly, başymy ýassyga goýanymdan otly hem yranyp ugrady. Açyk äpişgeden urýan agşam howasy içeriniň petişligini aýryp, ýüreklere birneme aram berdi. Meniň ýatanymy görensoň, ýigitler-de yzlaryna gaýdyp gelip, öňki orunlarynda ornaşdylar. Ýaşuly-da. Şondan soň olaryň bary hümürdeşip, ýene gürrüňlerini dowam etdiler. —Sen, dogan,meni köşeşdirjek bolýaň—diýip, aýal sesi eşidildi. Men ýüzüni görmesem-de, onuň ýaşula ýüzlenenini aňdym.—Gyzjagazymy uranlary owarram diýsem-de, üstesine-de kellesini-de ýaryp goýberipdirler. Indi men olardan ar alman goýman. Şu zatlar sebäp bolup, gyzjagazymyň göwresindäki wagty ýeten çagasy-da aýryldy. Ine, şu dört oglumy gudamyň maňlaýyny ýardyrmak üçin alyp barýan. Özem jebir çekip görsün şonuň. Ajymy-süýjümi, göreli bakaly. —Bu diýýäniň-ä makullajak däl—diýip, ýaşuly aýala jogap berdi.—Seň bularyň ýaş. Güýçli. Gaharlaryna bir bolmasy iş goparsalar, giderler aýaklaryny sallap. Eger sen Aşgabada diňe gudaňdan ar almak üçin barýan bolsaň, indiki duralgada düş-de, göni yzyňa gaýdaý. Günäsiz çagaňy urup-ýenjen bolsalar, ol adamlara Allatagalanyň özi göz görkezer. Gylyksyz bir kişi gapysyndan barar-da, gowy adam bilen oňuşmadygyna puşman etdirer. “Kasas kyýamata galmaz” diýýändirler köneler. —Kasas näme, atam?—diýip, ýigitleriň biri seslendi. —Kasasmy?—Ýaşuly birneme sözüne dyngy berdi.—Her kim dünýeden gitmänkä, özüniň eden ýagşy-ýaman işleriniň netijesini görüp, hasabatyny berip gidýär. Ana, şoňa-da “kasas” diýýärler, ogul. Has dogrusy, adam ömründe näme ýagşy-ýaman iş etse, ahyr bir gün onuň ýagşylygy-da, ýamanlygy-da öz başyndan inýär. Ötenlerimiziň aýtmadyk zady ýok. Garry aýal gaharyny goýup, birneme peseldi. Geplände sesi öňküden rahat hem pessaý çykdy: —Onyňam-a dogry, dogan... Bizem käteler gaharymyza howlugaýýas öýdýän... Hudaý janam göz görkezýändir özün-ä... —Ýo-o-k, daýy! Men-ä seň bilen ylalaşmakçy däl!—diýip, ýigitleriň biri özüne göwni ýetip gepledi.—Uýamyzyň aryny almaga barmasak, olar bize gorkandyr öýderler. Onsoňam günä gazanýanlaram görüp ýörüs, adamlara jebir berip ýörenlerem. Şolara-ha Allatagalanyň näme göz görkezýäninem göremzok biz-ä. —“Allatagalanyň ýoly uzakdyr, inçedir” diýipdir bizden öň ötenler.. Sen onuň kimi öz gazanan günä-sogaby bilen nirede, haçan gabatlaşdyrjagyny bilmersiň. Her kim bu zatlary diňe başyna düşende duýup galýandyr... Ýigit ýene ýaşuly bilen ylalaşmady: —Ýer ýüzünde adam kän. Alla biziň haýsy birimizi görsün! Haýsy birimiziň etmişimize jogap bersin! —Sen-ä birhili gepe düşmezräk ýigit ekeniň—diýip, ýaşuly nägile hüňürdedi. Uludan dem aldy.—Sen kesirligiň bilen meni geçen ömrümiň ýeke pursadynda-da ýadymdan çykmajak wakamy, ýöne şeýle-de bolsa, hiç wagt ýatlamak hem islemeýän wakamy dile getirmeli etdiň. Diňle. Men saňa özümiň başymdan geçiren bir wakamy gürrüň bereýin. Sen şondan soň Allatagalanyň biziň ählimizi görýändigine, her bir adamyň öz ömründe eden ýagşy işleriniň-de, ýaman işleriniň-de ahyr bir gün öz başyna gaýdyp barýandygyna göz ýetirersiň... ...Bu durmuşy, bu ýaşaýşy, aňyrsy görünmeýän bu dünýäni bizden kän-kän ýyllar öň ýaşap geçen ata-babalarymyz bize: “Kasas kyýamata galmaz. Allanyň ýoly juda uzakdyr, inçedir. Sen öz etmişleriňe ol ýolda haçan, nähili ýagdaýda duşjagyňy bilmersiň. Ýöne duşjagyň welin hakdyr. Baka şaýlanmankaň, sen öz eden ýagşylyklaryň hem ýamanlyklaryň bilen hökman ýüzbe-ýüz bolup gitmelisiň” diýen parasatly ündewleri galdyryp gidipdirler. Biziň bolsa köpimiz ýaşlykda bu sözlere pitiwa etmän gezýäris. Menem şeýle adamlaryň hilindendim. Näçe akyl berseler-de, gulagymyň deňinden ýel kimin geçirer goýbererdim. Iň gowy görýän kärim milisioner bolmakdy. Goşun gullugyndan soň etrabymyzyň içeri işler bölümine işe bardym. Bu ugurdan gerekli bilimem aldym. Milisiýanyň sülçüsi boldum. Işim bilen bolup ýördüm... Bu waka 1961-nji ýylyň güýzüniň aýaklarynda bolupdy. Bir gün sakçysyny öldürip, dükana talaň salan bir näkesi ele saldyk. Onuň işi suda geçýänçä, maňa tabşyryldy. Jenaýatkäri gije-gündiz soraga çagyrýardym. Ogurlan zatlaryny nirä tabşyranyny, ýoldaşlaryny anyklamalydy. Jenaýatkärler soraga köplenç gijelerine çekilýär. Sebäbi şeýle ýagdaýda olaryň köpüsi ukusyzlyga çydap bilmän, syrlaryny açyp dynanlaryny gowy görýärler. Menem ele salan näkesimiz bilen gijelerini yrman sorag-jogap geçirýärdim. Günleriň bir günem sapy sakçysy kömek etdimi ýa başga bir sebäp boldumy, jenaýatkär gaçypdyr. Işgärleriň bary aýaga galdyrylyp, şäheriň dökülmedik ýeri galmady. Näçe gün gözlesegem, ony tapmadyk. Obama-oba, öýme-öý aýlandyk. Netije bolmady. Ony ýa-ha tapaýmalydy, ýa-da iş bilen hoşlaşaýmalydy. —Işiňden başyň dik kowulsaň, razy bolarsyň!—diýip, bölüm naçalnigimiz meni gaşynda dikeldip, üstüme gaplaň bolup arlady.—Eger tapmasaň, onuň ýerine özüň gidersiň. Atylmaly bolsaň-da, basylmaly bolsaň-da, ähli jeza seň boýnuňa. Sebäbi ony, belki, seniň özüň goýberensiň. Belki, soraga çagyraňda, elini jynjyrlan dälsiň, belki, soň çözdürensiň! “Jenaýatkäre gaçmaga hemaýat eden” diýägede ugradarys özüňi oň ýerine! “Jenaýatkäriň hemaýatçysy!”. Üstüme atyljak bolunýan günä helemhüjik däldi. Çekip-çydarly däldi. Naçalnigiň sözleri meniň dilimi baglady. Geplemäge ýagdaýym ýokdy. Üstümden sowuk suw guýlan ýaly bolup, galpyldap durdum. —Ony hökman taparyn, ýoldaş naçalnik!—diýmekden başga söz dilime gelenokdy. —Akmak diýerler saňa! Nireden tapjak ony! Sowet Soýuzynyň territoriýasy ataň mellegi däl-ä!—diýip, naçalnik sesine bat berip, stoly şeýle bir ýuwruklap goýberdi welin, onuň üstündäki kagyzmydyr ruçka uçup gidip, pola paýrap düşdi. Özem gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup, agzyndan ak köpük saçdy.—Häziriň özünde komandirowka al-da, ugra! Asmana uç! Ýer gaz! Bütin dünýäni aýlan. Ýöne şony tapman geläýseň, oň ýerine özüň gidersiň. Şony bilip goý! Sebäbi men hökümete “Jenaýatkäri gaçyrdyk, indem tapamzok” diýip, hasabat berip bilmen! Onuň ýerine özüm-de gidip bilmen! Seni gidirerin! Seni! Komandirowka hatymy düzedip, ýüzümi ak tam edip, hoşlaşmak üçin öýe bardym. Bolan wakany aýdanymda, kakam-da, aýalym Bossantäç-de özlerini ýere goýberdiler. Aýalym gözlerini ýaşlap başlady. Özem agyraýakdy. Bu gün-erte aý-gününiň hasaby ýetip durdy... —Bu ýagdaýdakam gitseň, meniň halym niçik bor? Bir topar çül-çaga. Meni kim bäbekhana elter?—diýip, Bossantäç agy gatyşykly sesi bilen nalady.—Näçe günlük gidýäň? Naçalnigimiziň “Sowet Soýuzy ataň mellegi däl! Eger ony tapmasaň, ýerine özüň gidersiň!” diýýän sözleri ýene hakydama ornady. Uludan dem alyp, aýalyma jogap berdim: —Bilmedim... Tä ony tapýançam aýlanmaly bor... ...Ýaşulynyň gürrüňleri meniň ünsümi çekdi. Hernäçe ýadaw bolsam-da, ukymdan aýňalyp, onuň söhbetine imrindim. “Bu zatlaryň soňy nähili bolduka?” diýen sowal meni bilesigelijilik bilen tirsegime daýanmaga mejbur etdi. Durkum bilen gulaga öwrülip, ýaşulyny diňläp ugradym. Ýaşuly gürrüňini dowam etdi: —Aglansa-da, eňrelse-de, ýola çykmalydy. Goşumy, egin-eşigimi ykjamlap, öýdäkiler bilen hoşlaşdym. Biri-birinden ýekeje ýaş bilen tapawutlanýan, iň ulujasy dört ýaşly bolan üç gyzymyň ýaňajyklaryndan ogşap, kakamdyr aýalym bilen hoşlaşyp, köçä çykdym. Işe baryp, jenaýatkäri tutup getirmäge hemaýat etmeli iki sany gözegçi milisioner ýigidi-de ýanyma alyp, wokzala ugradym. Jenaýatkär Alyýewiň gaçanlygy hakdaky habar eýýäm ähli ýere ýetirilipdir. Wokzalyň perronynda hem onuň takyr keller suraty bilen ol hakdaky gysgaça maglumat ýazylan kagyz ýelmengi durdy. “Nirä gitmeli? Nireden gözlemeli?” diýip, öz-özüme sowal berýärin. Naçalnigiň: “Sowet Soýuzy ataň mellegi däl!” diýip gygyrýan sesi gulagymda ýaňlanyp-ýaňlanyp gidýär. Uly ýurt. Şäher kän. Oba kän. Haýsy tarapdan başlap, nirede aýak çekmeli?! Kawkazy sökmelimi? Pribaltikanymy? Ýa gazak sähralarynymy? Orsýediň sansyz şäherlerini dörüp çykyp boljakmy? Belki, ol meniň hut gapdaljygymda, türkmen oba-şäherleriniň birinde gizlenendir?! Näme diýjegiňi bilen ýaly däldi. Jenaýatkär islän ýerine gidip biljekdi. Sebäbi günüň-güni näçe samolýot, näçe otly ol şäherden-bu şähere şo-ol gatnap dur ahyry. Jenaýatkäriň ýanynda dokument düzetmek, ýol aşmak hiç zat. Otly üçin-ä dokumentem sorap duranoklar. Beýnimi gurçuk kimin iýýän ummasyz pikirler bilen başagaý bolup, Aşgabada bilet aldym. Hyýalym ilki Türkmenistanyň iri şäherlerini görüp geçmekçidim. Soň bolsa beýleki respublikalara aýlanmakçydym. Meniň bolşum deňziň düýbüne gaçan iňňäni gözlemek ýaly bir zatdy. Otla münüp, ýol baryny sökdük, şäher baryna aýlandyk. Baran ýerimizde bize jenaýat agtaryş bölümlerinp bizden gaçan jenaýatkär Alyýew hakdaky maglumatlary alandyklaryny, ony özleriniňem gözleýändiklerini habar berýärdiler. Şeýle-de bolsa, özüm hem bazarlara, dükanlara, köpçüligiň üýşýän ýerlerine aýlanýardym. Öň jenaýat edendigi üçin hasapda durýan öýleri barlaýardyk. Netije ýokdy. On bäş günde it ýaly surnukdym. Ýolbaşçylara näçe ýerde bolanymy hasabat bermek üçin Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň ençeme şäherlerine baryp geçdim. Baran ýerimde-de komandirowka dokumentlerime bellik etdirýärdim. Soňky günler kelläme taýak degene döndüm. Jenaýatkär gözlemek ikinji plana geçdi. Diňe köp şäherde bolanymy subut etjek komandirowka kagyzyma bellik etdirmek meniň üçin esasy mesele boldy. Sowet Soýuzynyň ähli respublikalaryny aýlanyp, iň soňunda Moskwa bardym. Biziň gaçyran jenaýatkärimiziň suraty Moskwa milisiýasynyň gözleýän jenaýatkärleriniň suraty ýelmenýän tagtada hem asylan eken. Myhmanhana baryp, iki günläp mazaly dynç aldyk. Ýitigimiz tapylmady. “Indi näme etmeli?” diýip, öz-özüme sowal berýärin. Sowalyma jogap tapman, yzly-yzyna çilim çekýärdim. Indi gidere ýer ýokdy. Yza dolanmalydy. Yza-da nädip dolanjagymy bilemokdym. “Onuň ýerine özüň gidersiň!” diýip gygyrýan naçalnigimiziň sesi gulagymda birsyhly ýaňlanyp durdy... Aldygyma çilim kükedip, bimany entäp ýörşüme şäheriň “Belorus” wokzalyna bardym. Bir görsem, maňa tarap ýylgyryp, jenaýatkär Alyýew gelýär. “Gaçansoň, arkaýyn iýip-içipdir öýdýän, zaluwat” diýip, içimden pikir öwürýärin. Ýüz-gözi durlanyp, birneme görklenipdir. Boýy ösen ýaly bolupdyr. Keýpi kökje. Ýylgyryp gelşi bir hezilligiň üstünden barana meňzeýär. Elinde çemodanjyk. Täzeje palto. Täzeje telpek. Aýagy ädiklije. Ol menden gaçmagyň ýerine, gaýtam, alkymyma dykylyp geldi-de, çemodanyny ýerde goýup, jübüsinden çilim çykardy. —Salowmaleýkim, agam! Diýsem-diýmesem, siz türkmen bolmaly—diýip, özem alçaksyrap, maňa gep goşýar.—Göremden bildim türkmendigiňizi. Ýüzüňizde jöwzanyň möhüri bar.—Şeý diýip, ol çilimini maňa uzatdy.—Agam oduňdan ber-le bakaly! Men oňa çilim otamaga kömek etdim. “Tanamady!” diýip, içimden pikir öwürdim. “Sorag-jogap diýip, näçe gün ýüzbe-ýüz bolduk. Bu näme üçin meni tanamadyksyran bolýarka?” diýip içimden pikir öwürýärin. “Şermendelik etjek bolýa öýdýän”. Men Alyýewe hiç hili jogap bermän, özümden bäş-alty ädim yzrakda aýlaň-çaýlaň edip ýören kömekçilerime üm bilen yşarat edip, Alyýewi tutmagy tabşyrdym. Olar şakyrdaşyp gelip, meniň garşymda duran jenaýatkäri gabyrdadyp basdylar-da, ellerini gaňryp, arkasyna daňdylar. —Bu edýäniň näme, agam?!—diýip, gygyrdy-da, Alyýew oglanlardan sypjak bolup silkinjiredi.—Boşadyň elimi! Näme üçin beýdýäňiz siz?! Güýzüň gyşa ornuny berip barýan aýazly günleriniň içimden-bagrymdan ötüp, süňňüme ýeten sowugy, nije gün bäri gaýgy-alada sebäpli alynmadyk ukular, öýde galan göwreli aýalymyň näbelli ykbaly meni basym ýola düşmäge howlukdyrdy. Gahardan ýaňa gepläsim gelenokdy. Alyýewiň çemodanyny özüm göterdim. Oglanlara onuň özüni göni aeroporta eltmegi tabşyryp, özüm hasap-hesibim üçin myhmanhana bardym. Ýaşalan günler üçin tölegi töläp, aeroporta eňdim. Ol döwürler adamlar häzirkisi ýaly, şäher söküşip, galgaşyp ýörmänsoňlar, bilet ýagdaýy aňsatdy. Agşamky reýsleriň biri bilen Aşgabada geldik. Ol ýerdenem öz etrabymyza. Alyýew ýolboýy nadaralyk baryny edip gelýärdi. “Näme üçin meni tutýaňyz?” diýip gygyrýardy. “Arz ederin!” diýýärdi. “Men Belorussiýa toýa barýan. Gullukdaşymyň ogly bolupdyr. Siz meni biri bilen çalyşýaňyz. Ine, goltuk jübimde dokumentlerim bar. Serediň” diýýärdi. Men onuň hiç gepine-de üns bermedim. Sebäbi jenaýatkärler munuň ýalyjak bahanalaryň, ýalanlaryň ýüz müň dürlüsini tapmaga ökde adamlar bolýar. Olar öldüreňde-de: “Men siziň gözleýän jenaýatkäriňiz” diýip, boýun aljakmy!” Özüm bilýän seniň kimdigiňi, haramzada!” diýip, oňa diňe içimden jogap gaýtardym. “Entek dykmaly ýere bir dykaýyn seni. Onsoň aýdaryn seni näme üçin tutanymy!”. Ol näçe nadaralyk etse-de, Alyýewden başga hiç kim däldi. Men onuň bilen näçe gün ýüzbe-ýüz bolupdym ahyry. Uly gözleri, biri-biri bilen bitişip duran gür gara gaşlary, göni burny, uzyn boýy..., garaz, onuň bütin durky Alyýewdi. Ýöne saçlary mazaly ösüpdir. Saçyny syrdyk. Şondan soň ol Alyýewiň hut özi boldy duruberdi. Alyýewiň jenaýat işi boýunça açylan depderi elime alyp, surtaty telim synladym. “Tutup getirenim meniň elimden gaçyp giden Alyýew” diýip, öz-özüme jogap berdim. “Ol başga hiç kim däl”. Özümi kösäp, şunça gün surnukdyrany üçin tä gaharym ýatyşýança, ony mazaly ýençdim. Içinde depip, keýpden çykdym. Ýüz-gözüni pers-ala etdim. —Näme üçin meni beýdýäň, agam? Näme üçin urýaň?—diýip, Alyýew nadaralyk edip gygyrýardy.—Hudaý tutar seni! Ynanýaňmy Hudaýa?! Ony daň atýança urup-urup keýpden çykamsoň, onuň goş-golamly çemodanyny demir seýfime atyp, öýe gitdim. Barsam, aýalymyň çagasy bolupdyr. Ogul. Üç gyzyň yzyndan Hudaý maňa ogul beripdir. Aýalym eýýäm bäbekhanadan gelen eken. Aşa şatlanmagym meniň Alyýew sebäpli ýetjek derejesine ýeten gaharymy birneme köşeşdirdi. Dünýäni bilmän uklap ýatan oguljygymy goluma alyp, onuň posalajyk ýaňaklaryndan emaý bilen öpdüm! Aýalymdan: —Näme at dakdyňyz?—diýip soradym. —At goýamzok heniz—diýip, aýalym näz-kereşme bilen pyşyrdady.—Saňa garaşdyk. Indi özüň dakaý näme at daksaň. Ilkije ogul perzendiň. Özüň goý höwes edýän adyňy! Men hiç wagt çaga at dakar ýaly at hakda pikirem edip görmändim. Meni asla bu zatlar gyzyklandyranokdy hem. Ýöne şu pursatda welin kellämde pikirler at çapdy. Jenaýatkär Alyýew sebäpli geçiren gaýgy-aladaly günlerim meni oýlanmaga mejbur etdi. “Oglum bir gaýgy-aladanyň nämedigini bilmän ulalsyn” diýip pikir öwürdim. “Gaýgysyz ulalsyn” diýip gaýtaladym. Ine, şeýle pikirler bilenem ogluma Gaýgysyz adyny goýdum. Meniň dakan adymy aýalym hem, kakam hem gowy gördüler. Çaý-suwumy içip, bäş minut irkilip, gözümiň awusyny alamsoň, işe baryp, naçalnige jenaýatkäri tutup getirendigimi habar berdim. Naçalnigiň ýüzi ýagtylyp gitdi. —Berekella, Öwezow!—diýdi—Bu işiň üçin sen hökman uly sylaga ýazylarsyň! Naçalnik bilen düşünişip, komandirowka hasabatlarymy tabşyramsoň, Alyýewiň daşyna ymykly geçdim. Ilki onuň eşiklerini, çemodanyny dörüp, ondan alan zatlarymyň hasabatyny jenaýat depderine belledim. Suraty Alyýewiňki bolan pasportyň at-familiýa ýazylmaly ýerinde “Meretliýew Muhammet” diýen ýazgy bardy. Adres hem bütinleý başgady. Respublikanyň iň çetki obalaryna degişlidi. “Şu jenaýatkär diýen haramzadalar dokument düzetmäge-hä ökde-how” diýip, öz-özüm bilen gepleşdim. Onuň goş-golamynyň, egin-eşiginiň ählisini hasaba alsam-da, pasportyny bellemedim. Pasporty öz jübime saldym. Sebäbi bu pasporty ýasap berenleri gözlemegem öz üstüme atylyp, aladam köpeler öýdüp pikir etdim. Ähli ownuk-uşak işlerimden dynamsoň, Alyýewi soraga alyp gelmeklerini tabşyrdym. Az salymdan kömekçi milisioner goly gandallanan Alyýewi öňlerine salyp getirdiler. Men milisioner oglanlara daşarda garaşmagy tabşyryp, Alyýew bilen öňki soragy dowam etdim: —“Kommunizm” uçastogyndaky oba dükanynyň garawuly Gandym Begowy öldürişiňi aýdyp ber! Alyýewiň öňem uly gözleri hanasyndan peträp çykaýjak boldy: —O nämäniň Gandymy, agam? Men onuň ýaly adamy-da tanamok, obany-da! Men ömrümde garynja öldürip görmesem näme!—diýip, ol sesine bat berip gygyrdy. Men kömekçi milisioneri çagyryp, Alyýewi äkitmegi tabşyrdym hem olara: —Munuň köp zat ýadyndan çykypdyr. Ýatladyp goýberiň—diýdim. Bu meniň milisioner oglanlara Alyýewi eden jenaýatyny boýun alýança urmagy tabşyrdygymdy. Ertesi gün Alyýewi ýene soraga çagyrdym. Onuň mazaly eýiniň ýetirilýäni görnüp durdy. Ýüz-gözüniň gögi köpelip, dodaklary çişipdi. Ol bu günki soragda-da hiç zady boýun almady. Diňe özüniň Muhammet Meretliýewdigini, Belorussiýa toýa barýandygyny nygtaýardy. Elbetde, men bu zatlary protokola bellemeýärdim. Sebäbi bu sözleriň derňew ikilenç gaýtalanaýan ýagdaýynda ýa-da sud prosesinde meniň ähli eden işimi puja çykaryp, üstesine-de, başymyň töhmet kerebine çolaşdyrylmagy mümkindi. Hamala, haýsydyr bir toýa barýan arassa adamy jenaýatkäriň ýerine getiren hökmünde özümi garalamaga tutaryk boljakdy. Şunuň ýalyjak iş tapylsa, milisiýa işgäriniň arly ýyllap derňän işini püçege çykaryp goýberýän sud proseslerinden men habarlydym. Men indi bir bu işimiň çig bolmazlygyny, indi bir bu işiň başymdan basym sowlaryny isleýärdim. Şonuň üçin oňa täze faktlar goşup, uzaklaşmagyny islemeýärdim. Alyýew menden aklawjy çagyrmagy talap etdi. Geçen gezek tutulanda, ony aklamagy hiç bir aklawjy boýun almandy. Men oňa şol ýagdaýy ýatlatdym: —Ýadyňdan çykardyňmy? Seniň eden işiňi aklamaga synanyşmagy geçen gezek hiç bir aklawjy boýun almand-a! —Birinjiden-ä, men seni ilkinji gezek görýän diýip, saňa näçe aýtdym!—diýip, Alyýew ýene meniň üstüme gygyrdy.—Ikinjidenem, sen aklawjyny Alyýew familiýaly üçin däl-de, Muhammet Meretliýew üçin çagyr! —Bizde Muhammet Meretliýew diýen adamyň adyna açylan jenaýat işi ýok. Şonuň üçin aklawjy tutmaly bolsa, ol Alyýewiň adyna tutulmaly bor—diýip, men Alyýewe jogap berdim.—Alyýew üçinem hiç bir aklawjy bu ýere gelmek islemeýär! —Eger sen meni bu ýerde saklajak bolsaň, Muhammet Meretliýewiň adyna jenaýat işini gozgamaly borsuň-a, “Muhammet Meretliýew Alyýew diýilýäniň ýerine sorag edilýär diýip”—diýdi-de, ýigit kesirlik bilen dawasyny dowam etdi.—Ýogsa-da meni naçalnigiňiz bilen ýüzbe-ýüz ediň! —Men seni naçalnik bilen ýüzbe-ýüz etmen! Sebäbi her bir tutulan jenaýatkär bilen ýüzleşip ýörmäge naçalnikde wagt ýok. Seniň adyňa täze jenaýat işinem açman!—diýip, men onuň üstüne gygyrdym.—Sen etmişiňi boýun alarsyň! Men seni bilbil kimin saýradaryn! Şeýdip, onuň bilen juda köp çekeleşdik. Onuň dikdüşdüligi meniň gaharymy ýetjek derejesine ýetirdi. Bir gün men onuň kamerasyna aç gaplaň bolup girdim. Gaharyň adama nähili güýç berýänine men şonda göz ýetirdim. Nije gün bäri ölmez-ödi bilen saklanýan, üstesine-de, urlup, güýji alnan Alyýew meniň kimin doýa garna iýip-iýip, güýjüni nämä sarp etjegini bilmän ýören epeý pyýadanyň ýanynda asgyn geldi. Men ony şeýle bir urdum welin, ol ahyry dat edip: —Agam, näme diýseň, boýun alaýyn! Indi çydamok, degme maňa!—diýip bögüriberdi. Ol sözünde-de tapyldy. Soraga getirilende, maňa şeýle diýdi: —Agam, sen şol protokolyňa näme isleýän bolsaň, şony hem ýaz. Men ähli zady boýun alýandygyma gol çekeýin. Sebäbi men, hakykatdan-da, Alyýew däl. Jenaýat hem edemok. Şonuň üçin seniň ol kagyzlaryňa näme ýazmalydygyny-da bilemok. Gandym aga diýýäniň öldürilişindenem habarym bolmansoň, ol wakany-da men saňa isleýşiň ýaly gürrüň berip bilmen. Ýöne men seniň urgularyňa çydamok. Bu urşuňyz bilen men ahyr bir gün ölerin. Beýdip, urlup oturanymdan, seniň bilen ylalaşaýyn. Belki, sud meni aklar. Bu meniň ýazgydymdyr. Maňlaýymda näme bolsa, şony hem görmeli bor... Men onuň geplerine üns bermän, protokoly ýazgydan doldurdym. Alyýewiň öňki görkezmeleri boýunça dükanyň garawuly Gandym aganyň öldürilişini suratlandyrdym. Ähli ýazjagymy ýazyp, içimi sowadamsoň, jenaýat işiniň depderini Alyýewiň öňünde goýdum: —Gol çek. Ähli sahypasyna çek. Alyýew protokolyň ähli sahypalaryna ýazylan zatlary boýun alýandygyny tassyklap, gol goýup çykdy. Soň hem: —Hemme zat seniň islegiň boýunça boldy, agam. Ýöne sudda soralanda, özümiň näme jenaýat edendigimi biler ýaly, bu iş depderini maňa başdan aýak okamaga ber. Men oňa rugsat berdim. Şu ýerde-de men özümiň telek iş edendigime, garşymda oturan eli gandally ýigidiň, dogrudan-da, biziň gözleýän jenaýatkärimiz düldigine göz ýetirdim. Ýigit diýseň akylly hem sowatly eken. Ol Alyýewiň adyna açylan jenaýat işiniň depderini başdan aýak okandan, pessaý ses bilen maňa ýüzlendi: —Agam, sen gaharlanma-da, maňa gulak as. Siz ol, Alyýew diýýäniňizi tutup getireniňizde, onuň on iki synasyny, geýýän eşiklerini mazaly barladyňyzmy? —O zatlar saňa nämä gerek?!—diýip, men onuň üstüne gygyrdym. —Ine, şu ýerde siziň Alyýew diýýäniňiziň dişleri hakda “Azy dişleriniň ikisi ýok” diýlip ýazylypdyr. Ine, seret, meniň bolsa otuz iki dişimem ýerinde!—Şeý diýip, ýigit agzyny açdy.—Seret, agam! Meniň depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Endam-janym bir sowady, bir gyzdy. Bu gezek maňa aralaşan gorky Alyýewiň gaçan pursadyndakynyň-da çeni bolmady. Gözlerimiň alny garaňkyrap, üşütmeden dişlerim şakyrdady. “Indi meni näme ederler?!” diýen aýylganç sowal beýnimde at saldy. Naçalnigimiziň: “Alyýewiň ýerine özüň gidersiň!” diýýän sesi gulaklarymda ýaňlanyp gitdi. Günäsiz adamy bütin bir hepdeläp urup-ýenjip, bu ýerde bikanun saklamagymyň jezasy-da üstesine. Kellämi ellerim bilen tutup, ýigidiň hatap ýaly açylyp duran agzyny synlamaga düwdenekledim. Onuň ýüzüni ýokaryk galdyryp, dişlerini ýeke-ýekeden gözden geçirdim. Ýigidiň diýýänleri dogrudy. Onuň ähli dişleri abatdy. Alyýewiň synasy hakdaky bellikleri-de özüm ýazypdym. Onuň “altynjy” diýlip hasaplanýan aşaky işi azysynyň ýoguny-da özüm gözlerim bilen görüpdim. “Indi nädeýin? Indi nädeýin?” diýen sowaly kellämde birsyhly aýlaýardym. Ýerime geçýänçäm, der basyp, maňlaýym suw sepilen ýaly boldy. Maňlaýymy ýeňlerim bilen süpürip, uludan dem aldym. Onýança ýigit pessaý gepläp, ýene meniň ýüregime pyçak urdy: —Siziň Alyýewiňiz köwşüň-de kyrk birinji razmerini geýýän eken. Men bolsam kyrk üç geýýän. Kyrk bir meniň aýagyma-da ilmeýär. Gyşyň güni galyňja jorap bilen kyrk bäşinji razmerem geýäýýän! “Ine, indi gaýratyň bolsa, asyl-da ölüber!” diýip, öz-özüme käýeýärin. “Bu ýigidiň diýýän faktlaryny barlamak öň näme üçin meniň kelläme gelmedikä?!”. Men şol pursatda özümiň işine bek, ederini bilýän adamlaryň hilinden däldigimi duýdum. Akyl ýetiriş derejämiň belli bir çäkden geçmeýän adamdygymy duýdum. Hem şol pursatda men özümiň mert adamlardan hem däldigime-de göz ýetirdim. Men hiç hili jeza çekmek islemeýärdim. Hiç kimiň ýerine türmä-de, ölüme-de gitmek islemeýärdim. Gorky mende namart-namart pikirleri oýardy. Gabadymda oturan bigünä ýigidi halas etmek hakda ol pursatda men birjik-de oýlanmadym. Bar aladam öz ýalňyşlygymy gömmegiň gaýgysydy. Bu ýigidi boşatmak hakda däl-de, ondan üstün çykyp, ony ýeňmek, onuň Alyýewdigini hemmelere ynandyrmak hakda oýlanýardym. Diňe şol hakda oýlanýardym. “Munuň Alyýew däldigini hiç kim duýmaz ýaly edip bilsedim” diýip pikir edýärdim. Kelebiň ujuny ýitirdim. Näme etjegimi bilemokdym. Garşymdaky ýigit pessaý ses bilen sözüni dowam etdi: —Men bu zatlary sudda aýdaryn... Sen meni bigünä saklanyň üçinem jogap bermeli borsuň... Özüňem meni getireniňden aklawjy hem çagyrmadyň... Kän ýalňyşlyk goýberdiň sen! Seň ýalyň eline menden başga musulman bir düşmesin, agam! —Lal bol!—diýip, men beýnimi ýaryp barýan pikirlere çydaman, ýigidiň üstüne sesimiň ýetdiginden gygyryp, stola ýumruk saldym. Nobatçy milisioneri çagyryp, ýigidi äkitmegi tabşyrdym. Diş bilen köwüşli mesele ýüze çykmadyk bolsa, häzir işi göni suda geçiräýmelidi. Ähli zat tamamlanypdy. Sorag-jogap gutarypdy. Ýigit Gandym aganyň öldürilenligi hakdaky işleriň ählisini boýun alyp, gol goýupdy ahyry! Men ýüregimden daş asylan ýaly bolup öýe bardym. Gorkymdan işdämem tutulypdy. Bir bigünä ýigidi saklap oturanymyň üsti açylaýsa, özümiň duran ýerimde atyljakdygymy bilýärdim. “Näme etmeli? Näme etmeli?” diýip, kellämi tutup oýlanýardym. Bir içerik girýärdim, bir daşaryk çykýardym. Diş bilen köwşe degişli sözleri üstünden düzetsem, bilinjek. Özümiň milisiýa işe geçenime käýinýärdim. “Milisiýada işlemek daşyndan gören ýaly däl eken” diýip, zol gaýtalaýardym. Ahyr içerik girip, bagrymy ýere berdim. Oglum oýanyp, naşyja sesi bilen aglaýardy. Onuň sesine aýalym geldi. Çagany gujagyna alyp diňdirdi. Soň onuň arlyklaryny çalyşdy. “Çalşaýar ýaly ol arlyk däl” diýip, men ýene içimden jenaýat işiniň ýazgy depderi hakda pikir öwürdim. Her sahypasy yzygiderli san bilen belgilenen. Her sahypa gol goýlan!”. Gol çekmek hakda oýlananymda, ýene bir ýalňyşlyk goýberenim ýadyma düşdi. “Eýho!” diýip, böküp ýerimden turdum. “Alyýew bilen soňky tutulanyň gol çekişem meňzeş däl-ä-how! Bu zatlary sudýa duýaýsa, ähli pyrryldagymyň üsti arkaýyn açyljak! Men gönüje türmä gidibermeli!”. Özümiň milisiýada işläre heniz juda gögeledigimi, tejribesizligimi duýdum. Indi islesem-islemesem, çekilen gollary birmeňzeş etmek üçin jenaýat iş depderiniň köp sahypalaryny täzelemelidigimi duýdum. “Alyýewiňkä meňzeş gol çek” diýsem-ä, kesir ýigidiň etmejekdigini duýýardym. Şonuň üçin öň Alyýew bilen doldurylan sahypalary-da täzeläp, olara-da täze gol goýduryp çykmalydy. Men çala garbanyp, ýene işe howlukdym. Jenaýat işiniň depderi her zadam bolsa, kitap ýaly biri-birine ýelimlenen däldi. Aralykdaky demirjigi ýazdyryp, onuň sahypalaryny çalyşsa boljak eken. Eger ýerine goýmaga meňzeş kagyz hem täzeden ýazanyň bildirmez ýaly syýa tapsaň. Alla maňa kömek etdi. Bagtyma bu zatlar tapyldy. Men kabinetimiň gapysyny içinden berk ýapyp, işe girişdim. Gijäniň bir wagtyna çenli öňki ýazylan ýazgylary täzeden göçürdim. Alyýewiň gopan dişleri hakdaky ýazgylary bütinleý üýtgedip, “Jenaýatkäriň ähli dişleri abat” diýip ýazdym. Köwşüň razmerine degişli sanlary-da üýtgetdim. Täzelän sahypalarymy öňki tertibi bilen belgiläp, demirjige berkitdim. Entek begenerden irdi. Täzelenen sahypalara soňky tutulana gol goýdurmalydy. “Syýalar birneme gurasyn. Goly ertir goýduraryn” diýip pikir etdim-de, zatlarymy ýygnaşdyryp, seýfe saldym. Jenaýat işiniň depderinden goparan kagyzlarymy düýrläp, goltuk jübime saldym. Öýe gaýtdym. “Ol täzelenen sahypalara gol goýarmyka, goýmazmyka?” diýen pikirler meniň ukyma päsgel berýärdi. Alada bilen iki tarapa agdarylyp ýatyşyma daňdanlar irkilipdirin. Irden işe baryp, Alyýewiň ýerine tutulan ýigidi kabinetime getirtdim. Oňa täzelenen sahypalar hakda hiç zat diýmän, öňüne jenaýat işiniň depderini goýdum: —Düýn birki sany sahypa gol çekilmän eken. Şolara gol goýup goýber. Ýigit juda ýadawdy. Uklamandygy çişen gabaklary aýdyp durdy. Ol ähli zatdan bizar bolupdy. Şonuň üçin sesini çykarman, meniň görkezen ýerime go çekişdirip çykdy. Men onuň täzelän sahypalaryma gol goýmasyna şeýle bir begendim welin, tas ony gujaklapdym. Şol halatdan meniň üçin şatlykly pursatlar başlandy. Ýigidi kamera ugradyp, jenaýat işiniň depderini alyp, naçalnigiň ýanyna bardym. Naçalnigimiziň ýüzi ýagtydy. Ol meni ýylgyryp garşylady: —Hä... Öwezow! Gel, gel... Işiňi nädýäň-ow? Naçalnigiň hoşgylaw garşylamagy keýpimi göterdi. —Alyýewiň işini tamamladym, ýoldaş naçalnik!—diýip, men ýyrşarylyp, onuň stolunyň üstünde Alyýewiň adyna açylan jenaýat işiniň depderini goýdum.—Siz rugsat goluny goýsaňyz, muny suda geçirmekçi. (Dowamy bar).. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |