09:13 "Kazanga geldi bir babaý" | |
8. “KAZANGA GELDI BIR BABAÝ”
Ýatlamalar
Üns beriň, türkmen ýazyjylarynyň eserlerinde söýgi temanyň beýany olaryň şahsy durmuşyndaky wakalaryň özboluşlylygy bilen gabatlaşýan däldir, meselem aýdaly, ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň eserlerini okap, awtoryň gyz-gelinlere gatnaşygy barada il arasyna ýaýran rowaýata, legenda meňzeýän gep-gürrüňlerdäki ahwalaty, häsiýeti aňmak başartmasa gerek. Wah, Berdi Kerbabaýew gahrymanlarynyň gyz-gelinlere duýgusyny-da öz ýüreginiň duýşy, şol duýgudan ýaňa mejnunlyga maýyl bolşy ýaly tutunýerlilik bilen ýazan bolsady, türkmen edebiýatynda-da Mopassan döräýjek ekeni-dä diýersňiz. Ýok, bu bolmajak töwekgellikdi. Biziň häsiýetimiz eserlerimize geçmeýärdi, şeýle bolmalydyr hem öýdülmeýärdi. Biz söýgi duýgusyny, söýgi gatnaşygyny-da sosialistik realizm usulynyň ündeýän ahlak normasynyň belli çägine görä beýan edýärdik. Eger şol çäkden çykan halatynda gahrymandan haýsydyr bir ahlaksyzlyk gözläp, ony ýazgarmalydyk, jezalandyrmalydyk. Emma öz şahsy durmuşymyzda welin, owadan zenany pynhan gatnaşyga yryp bilsek, monça bolardyk, hakyky erkege mynasyp iş bitirýän ýaly beýlekileriň ýanynda magtanýan pursatymyz hem bolýardy. Berdi Kerbabaýewiň don-juanlygyny ahlak taýdan derňäp, moral okamaga meýilli adama duşmak kyndy, ony ýaramaz etmişdir hem öýdülmezdi, gaýta buýsanç äheňde gürrüň berlerdi. Bu ýagdaý ýazyjynyň il arasyndaky meşhurlygyna goşantdy. Onuň eserleriniň mynasybetini dile getirýänler köplenç ol eserlere döwlet tarapyndan berlen baýraklary nygtaýardylar. Çeperçiligiň özboluşly aýratynlyklar bilen parhlanýandygyny çintgäp durmazdylar, sosialistik realizm usulynyň ähli eserlerine mahsus umumylyga ýüz urardylar. Gelin-gyzlara pynhan gatnaşyk babatda welin, Berdi Kerbabaýewiň bolşy galamdaşlaryndan parhlydy, ýaýraýan gep-gürrüňleriň äheňi şuny tassyklaýardy. Men SSSR zamanynda dürli halkyň ýazyjylary bilen döredijilik duşuşyklarynda, gezelençlerde bolýardym. Baran ýeriňde köplenç ilki Kerbabaýewi sorardylar, häzir nähili eser ýazýar diýip soraýan azdy, ýa-da pylan eserini okap, haýran galdyk diýmezdiler, gelinler bilen häzir arasy neneň diýerdiler, bu sowal bilen bagly gören ýa-da eşiden wakasy hakynda aýdyp başlardylar. “Berdi Kerbabaýew sowet edebiýatynyň aksakaly” diýen sözüň gapdalyna “Berdi Kerbabaýew sowet ýazyjylarynyň don-Juany” diýilse, has jüpüne düşäýjek ýalydy. Kazanga geldi bir babaý, Onuň ady Kerbabaý, Prezidiumda oturyp, Diýdi: “Munda kyz dabaý!” Kazandan gitdi bir babaý, Kazanda galdy bir malaý. Men bu setirleri ilki gyrgyz şahyryndan eşidipdim. Berdi aganyň ýigit gujuryna biz hem monça bolýardyk, onuň bu ugurdan ýeserligi, hamala, ähli türkmene mahsus ýaly gabarylýardyk, magtanýan ýerimiz hem bolýardy. Bir gezek men hem magtandym, ýöne ýerini bilmän magtananyma ökünmeli bolupdym. Ýetmişinji ýyllaryň başynda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň organy “Literaturnaýa gazeta” Gruziýada tegelek stol başynda pikir alyşma geçirdi. Moskwadan hem soýuz respublikalaryndan on bäş adam gatnaşdy. Meni Tbilisiniň aeroportunda garşylan gara “Wolga” ýazyjylar soýuzynyň jaýyna baryp durdy. Soýuzyň başlygy Grigol Abaşidzäniň kabinetine alyp bardylar. Abaşidze prozaçydy, onuň “Uzaga çeken tümlük” atly romany türkmen dilinde-de çykypdy, höwes bilen okalypdy. Başlygyň kabineti ýazyjydan doly, biri girýär, biri çykýar, hiç hili resmilik duýmadym. Bizde islän mahalyň birugsat başlygyň ýanyna barmak bolmaýardy. Meni güler ýüz bilen garşyladylar. Grigol Abaşidze bada-bat Berdi Kerbabaýewi sorady, soňam onuň don-juanlygyndan söz açdy, beýlekiler hem goşuldy, gülüşdiler. Hernä, sen näme aýtjak diýmediler, şoňa-da şükür. Şükür edenimiň sebäbine häzir düşünersiňiz. Maslahat iki güne çekdi. Soňra Kahetiýa uçduk. Ol ýerde meşhur gruzin şeraplarynyň taýýarlanýan ýerzeminlerine aýladylar, onuň umumy uzynlygy on kilometre ýetýär diýdiler. Alazan jülgesinde kabul edişlik guradylar. Dag gaýasyny oýup salnan restoran täsindi. Gruzinleriň dünýä belli tagamlary, şeraplary gözüňi doýundyrsa, ýakymly ysy işdäňi açýardy. Nähili şerap içjek: bir ýyllygyndan, iki ýyllygyndan, üç ýyllygyndan dadyp görjekmi, diliň geplemänkä, islegiňi seredişiňden aňýan şerap guýýanlar bulguryňy doldurýardylar. Meniň ýaly içgä öwrenişmedik adamyň seriniň dumana gaplanmagy üçin iki bulguram ýeterlikdi. Üstesine-de stol başyna çagyrlan erkek aýdymçylaryň süýndürip aýdýan gussa gaplanan sesleri kalbyňy lerzana getirýär, şerabyň güýjüne täsin ýakym berýär. Edilýän hezzete ýüregiňdäki minnetdarlygyňy duýdurmaga jaýdar delil gözleýärsiň. Maňa-da söz berdiler. Men tostumy Berdi Kerbabaýew bilen baglamakçy boldum, oturanlaryň arasynda ony tanaýanlar bardy. Bize-de myhman geliň diýdim. Aşgabadyň salkyn saýaly köçesinde kalby açyk, saçagy bereketli Berdi aganyň jaýy bar. Sapaly jaýda sizi şa zenan Tamara meňzäp duran, Tamara atly owadan, güler ýüzli gruzin zenany saçak açyp garşylar diýdim. Begenerler öýtdüm, şowhunly el çarpma garaşdym, oňa derek ýakymsyz dymyşlyk dowam etdi. Säwlik goýberenimi bada-bat duýdum, serim durlanaýdy. Ýogsa, kellämiň gyzgynyna bir mahal türkmen begleriniň Gürjüstana gelip, patyşa Tamaranyň köşgünde keýp çekendiklerini aýdyp magtanaýan bolsam nähili bolardy?! Köwek türkmen, sen şu günüňden gep otar, Gruziýa gelip magtanara sende näme bar! diýip, özümi kötekledim. Beýnim başga bir fakty şol bada dilime ýetirdi. Gruzinleriň ruhy sütüni bolan şahyr Şota Rusteweliniň adyny tutdum. Türkmenistanda ýeke-täk çeperçilik uçilişesi bar. Şuny aýdyp durkam uçilişäniň Aşgabadyň merkezinden sowaşyk, ýer titremesinden soň howul-hara salnan wagtlaýyn, gözgyny jaýy göz öňümdedi. Gruziýada Çeperçilik akademiýasy bar! Men welin, çeperçilik uçilişesiniň bardygyna şükür edýärin. “Biziň uçilişämiz siziň beýik şahyryňyz Şota Rusaweliniň adyny göterýär. Biz uçilişäniň ýerleşýän köçesine-de Şota Rustaweliniň adyny dakdyk. Tbilisiniň Şota Rustaweli prospektiniň gadyr-gymmaty siziň üçin çäksizdir, aşgabatlylaram öz şäherlerindäki Şota Rustaweli köçesine şonça guwanýarlar. Bu iki fakt türkmenleriň gruzin halkynyň beýik medeniýetine söýgüsiniň, hormatynyň belentligini aňladýar” diýdim. Bu sözüme el çarpdylar. Mundan: “Ine, soňuny düzetdiň” diýen many aldym. Hakykatda welin, uçilişä, onuň köçesine gruzin şahyrynyň, onda-da türkmen köpçüligine ol diýen belli bolmadyk gadymy şahyryň adynyň dakylmagy uçilişäniň ilkinji direktory gruzin adamynyň tagallasy bilen bolan zat diýýärdiler, ýogsam bolmasa, çeperçilik uçilişesine hudožnigiň ady dakylsa, has ýerine düşäýjek ýalydy. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |