10:53 Kejebe / satiriki hekaýa | |
KEJEBE
Satiriki hekaýalar
Tehniki progresiň ösäýşini! Baý-ba! «Ona çenli sanamankaň fabrikde eýýäm bir jübüt galoş taýýar» diýlip, geçen uruşdan öň başlangyç klasyň okuw kitabynda ýazylardy. Biz oňa geň galardyk. Häzir bolsa bäşe çenli sanamankaň eýýäm jübüt «Žiguli» taýýar. Hany geň galyp aňyrsyna çykyp bilseň çyk-da göreýin. Tehniki progrese biz guwanýarys. Arada biri köçämize gelip, meniň adresimi sorapdyr. Onda daşkyrak goňşymyz: ― Maşynynyň nomeri näçe? ― diýipdir. ― On bir nomer bolaýmasa ― diýip, meni sorap gelen myhman degişipdir. ― Aý, ýok, bu golaýda-ha milisiýa işgäri ýaşanok ― diýip, goňşular jogap beripdirler. ― Ýok-la, oýun edýän-le, ol diýýänim pyýadadyr ― diýip, myhman çyny bilen aýdypdyr. ― Wah, öňräkden şeýle diýmeli ekeniňiz-le, myhman. Şu kwartalda ýekeje pyýada bardyr ― diýşip, goňşular ýalňyşman adresimi salgy beripdirler. Gepiň gysgasy, indi öz adyňy aýtsaň, kän bir tanabam duranoklar. Iň oňat ygtybarly zat ― olam maşynyňyň nomeri. Şonuň üçinem gürrüňimizi şol esasda hem dowam etdirjekdiris. Hol gün obamyzda toý boldy. 18―61 bilen 19―87 guda bolupdyr. 18―61-iň ogly 60―91 13―87-niň gyzy 27―18-i tüýs ýürekden söýüpdir. Söýgä toýdan başga alaç barmy näme. Toý tutuldy. Toý diýseň, hususy maşyn eýeleriniň käbiri öýlenjek ýigitden ýüz esse beter begenýärler. Olar ýangyç, zapas şaýlar alar ýaly, öý üçin, häzirki maşynyny ulaldar ýaly pul gazanmagyň kül-külüne düşen hannaslar-da. ― A-how, hojaýyn, 18―61, toýuň gutly bolsun! 60―91, seniňem gözüň aýdyň, iki çyraň dört bolýa! ― diýip, belli hannas 48―71 öz endigi boýunça başam barmagyny süýem barmagyna taýly gezek süýkedi. ― Ho-wa-aý, hormatly toý eýesi 18-61 aga, bizem maşynlarymyzyň bilini ýazmakçy... ― diýip, meşhur hannas 50-81 barmagynda açaryny hozanak edip duran ýerinden ýaňzytdy. Umuman, maşyn eýeleri gelnalja gitmek arzuwy bilen 18-61 aga ýüzlendiler. ― Hawa, men gelnalja maşynlaryň gitmegine garşy ― diýip, 60-91 öz kakasyna ýüzlendi. ― Weý, oglum, 60-91, sen-ä morta bir zat aýdýaň-ow ― diýip, 18-61 geň galdy. ― O nähili beýle bolup bilýä? Sen jan ogul, 60-91, hokga çykarjak bolma ― diýip, belli hannas 48-71 60-91-iň alkymyna dykylyp geldi. ― Il ugruna bolarlar, 60-91 jan ― diýip, beýleki meşhur hannas 50-81 tarsa ýerinden galdy. ― Adamlar, şol diýýän zadyňyz bolmaz. Men öz gelinligim bolan 27-18-i pyýada getirjek. Ynha toý, iýiň-içiň, aýdym-saz diňläň ― diýip, 60-91 janygyp aýtdy. ― Peheý-de welin, biz seniň iýmek-içmegiňe zarmy? ― diýip, hannas № 1 48-71 öz maşynyna sümüldi. ― Dogry-da walla, aýdym-saz diňläp, näme, biziň gyzamagymyz galkman durmy diýsene ― diýip, hannas № 2 50-81 hem öz «Žigulisine» atlandy. Öýkelän hannaslar gahar bilen öwrüm edip ýörüşlerine bir-birini oňatja süsdüler. Netijede gelin, ýagny 27-18 öz maşyny bilenem däl, pyýada-da däl, kejebä münüp geldi. Jaňly inerler, bezelen bedewler, ýaýly paýtunlar toýy üýtgeşik bir toýa öwürdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |