22:48 Kelew öwünjeň / hekaýa | |
KELEW ÖWÜNJEŇ
Satiriki hekaýalar
Oba bardygym Kelew öwünjeňe duşman gaýtmazdym. Köpler-ä onuň aşa öwünmesinden ýaňa wez bolan ýaly, ony diňlemäge gaty bir döwtalap bildirýänem ýok. Men welin, tersine, ajyň çörege topulyşy ýaly, şony diňleýärkäm ähli zady unudaýma häsiýetim bar. Birhili ylhamyma ylham, güýjüme güýç goşulýan ýaly. Onsoň her gezegem şähere dolananymda, özümde galan şol täsirlere ýugrulan täze bir eserim peýda bolýar. Meniň Kelew öwünjeň diýýänim aslynda zähmetkeş, ömürboýy awçylyk bilen meşgullanyp gelen adam. Onsoň awy şowly bolan kişiniň keýpi özüňe belli. Bir ýerde oturyp karary ýokdy. Her sözüniň soňuny loh-lohlap, gaýşaryp-gaýşaryp gülegen häsiýeti bardy. Özi-de, otursa-tursa, öňi bilen arabaly towşan awlaýşyndan söhbet acar. Şol gezegem şeýle boldy. - Towşan janawar aýdylyşyndanam bäş esse gorkak eken—diýip, her bir sözüni gulak berip diňlänimi aňany üçinmi-nämemi, onçasyny-ha bilmedim welin, meniň ýüzüme bakyp, gürrüň bermäge başlady. - Birentek adamlara-da towşan ýürek diýilmesem şonuň üçin bolmaly.Bir gezek arabam bilen awa-şikara çykdym. Arabam bilen moýmul-moýmul edip barýan bir towşanyň söbügine düşäýmenmi? Araba-ha gös-göni ýol bilen barýar. Towşan bolsa, özüni çöpe-çöre urubermeli halyna, janhowluna geläge-de arabaly atyň demine düşýär. Gör-ä, muny, Onsoň men oňa "Towşan dost, bar git, men saňa zat diýmekçi däl!“ diýýän. O näme diýýär diýseňizläň! "Meni günortanlygyňa ýa agşamlygyňa ýaradarsyň, al, göter!“ diýip, sandyraklap, iki bükülip, maňa adam dilinde ýalbaryp dur. Aý, onsoň, menem bir dözümsiz, ýuka ýürek adam bolamsoň "Göni gelen keýigiň iki gözünden özge aýby ýok“ diýlenini etmeli boldum. "Baýguşyň rysgaly öz üstüne gelermişin“ diýipdirler, onuň göwnüni ýykmaýyn diýäge-de, ony alaga-da torbama atmaga mejbur boldum... Arada bir oturlyşykda gabat gelişdik, şonda-da Kelew awçynyň bir özi gepledi, özi goýdy. Ony diňlänem armanly, diňlemedigem. “Sülgündir käkilikler-hä meni gördükleri bes, uly söze toba. Ellerini galdyryp, "Meni al-da, meni al!“ bolşup, bir-birinden öňe omzaberýärler“ diýdi. “Gaýa daşlarda uçup-gonup ýören käkiliklere näme diýsene, çeşme başyndalygymy bilseler, ýörite meniň ýanyma hal-ahwal soraşmaga gelýärler. Özlerem köplük. Aý, onsoň menem men-dä! Semizinden semizini saýlaýan. Hor-hüdelerine, çülpelerine seredemok. Olar hurşuňa ýarajak däller. Kelew öwünjeňiň aýdýan zatlarynyna ynanar ýaly zatlar däl. Meniň üçin welin o gürrüňler herhal gyzykly. Näçe öwünse, şonça-da gorum köpelýärdi. “Däliniň müň gepinden bir gepi“ diýilýändir, maňa onuň ömrüniň soňky günlerinde oýlap tapan, çyna berimsiz bir gürrüňi welin, meni hakykatdanam oýlandyrdy. - Size gürrüň berer bolsam—diýip, başlan gürrüňi edil symap ýaly süýndürip gidip otyrdy. – Barmasy kyn, adam aýagy basmadyk bir ýerlerde ýabany sygyrlaryň süri bolup ýaşaýan ýerine duşdum. Janawerler menden gorkjak-çekinjek hem bolup durmadylar, Hamala, men olaryňka görme-görşe baran ýaly. Haýp, olaryň ýaşan baýyrlykary, jümle-jahan gurakçylyk, gum-gukluk bolup ýatyr eken. Men olary görenimden nämäniň-nämedigine bada-bat göz ýetirdim. Açlykdan ýaňa süňkleri sömelişip, aýak üstüne galmaga-da ýagdaýlary ýok eken. Onsoň bäriden atyma ot ýükläp daşaberdim, daşaberdim. Olar her gezek meniň geljek ýoluma garaşyp günlerini ötürerdiler. Ine, şeýdibem men olary şol ýylyň aýylganç gurakçylygyndan aman-esen alyp galdym. Soň-soňlar-a meniň bilen halys öwrenişip gitdiler. Sähel wagtyň içinde tüýleri dökülişip, derilerine sygman başladylar. Özlerem ýylyň-ýylyna köpelip gitmek Aý, garaz, gürrüňi uzaldyp nädeýin, şo wakadan soň aw etmek üçin ondan-oňa entäp ýörmeli bolmadym. Aýda bir gezek aýlanmam bar. Her gezegem boş gaýdamok. Bir sygyry soýaga-da, etini düýä ýükläp, özüm bilen alyp gaýdýan. Şol maňa bes. Arada ýene-de obama bardym. Haýp, Kelew öwünjeň ýurduny täzeläpdir eken. Men muňa gynandym. Gynanmazça-da däl, Hany, indi olar ýaly öwünip, halky agzyna bakdyryp bilýän adam barmy? Onuň orny boş dur. Oba ýeridir-dä, her kes öz işi-aladasy bilen gaý-da-gaýmalaşyk. Oturlyşykdyr mähelle ýygnanan ýerinde töweregi güldürip bilýänem ýok, güldürjek bolýanam. Çyna berimsiz gürrüňleri oýlap tapýanam ýok, tapjak bolýanam. Oňa ussatlyk gerek, Dogrusy, ol hemme kişä başardanogam. Howlusyna giräýen ýerinde Kelew awçynyň awda ulanýan gapany bar eken. Men ony aldym-da, oba mekdebinde döredilen taryh muzeýine tabşyryp gaýtdym. Soň ondan habar tutdum. Ol "Kelew öwünjeňiň gapany“ diýlen ýazgy bilen muzeýiň töründe goýlupdyr. Kelew öwünjeň, göwni açyk, ýüregi päk, herhal gowy adamdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |