08:05 Kelime | |
KELIME
Goşgular
G.A-a "...Metjide girilýär köwşüñ çykaryp, Keýgim, alyp geleweri tammanyñ!.." Nobatguly Rejepow. Şahyrlar şeýle geñ, Birtöwra dünýä. Daşyndan görmäge şeýle ajaýyp... Her günleri doly sýurpizlerden. Şahyr bar ~ ylhamy durmuşdan alar Şahyr bar ~ joş alar gelin-gyzlardan. Şahyr bar ~ nazary düşse erkege Utanç-haýasyny undup görnetin Tammanyn çykaryp (Bar bolsa olam) Ellerin galgadyp, Saçlaryn ýaýyp Söýgi, Poeziýa, Namys, Mertebe hakynda il-günüñ öñüne çykyp, Mollatorgaý kimin çöpüñ üstünde Gaşlaryn oýnadyp pelsepe satar. Soñam... birden-birden tüýsün üýtgedip Illere paýlaýan pelsepesine Eýermese özüniñem hiç haçan Hemem goşgusynyñ özünden owal Göz ýetiirip tarpa-taýyn öljegne. Gökdepäñ şehitler metjidi ýaly Tämiz hem-de süññi halal poeziýañ Ruhy dünýäsinden höwür gözläniñ Alañlara gömlen gömülgen ýaly Zäherden müñ esse ajy şyltakly Böwründen oslagsyz neşterin sanjar... Men-ä indi halys öwrenşipdirin, Zäher endamyma ýag bolup damýar. Gynansak-da, wyždanyny ýitiren Şeýle näkesleriñ guran oýnuna Señ ýaly türkana gelinler ýanýar. Tanatmak gerek däl, Özüñem bilýäñ. Şahyrly, bagşyly Türkmenistanyñ Dabbetül-arz gözli, Dili peltekli Kakasy näbelli, Ejesi belli Owazasy "dünýä belli" ozany! Öñräk adymyzy kirletjek bolup, Bir salym turzanda kürre tozany Seniñ gepe gidip yza tesmäniñ Meniñ dostluk üçin uzan elime Çomuç ýaly ak goluñy uzadyp Gelendigiñ üçin ýüregñi diñläp Kabul et! Isleseñ minnetdarlyk bil, Isleseñ zer röwüş halatly serpaý. Il-güni asuda mawy asmanyñ Watanperwer perzendiniñ kalbyndan Joşup çykan şu bäş oýnam kelime, Goý, şol gäbi azan nekgendeleri Jyzar etsin öz hüýt-gara päline!.. Has Türkmen | |
|
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |