12:21 Kempudyň täsin görnüşi / satiriki hekaýa | |
KEMPUDUÑ TÄSIN GÖRNÜŞI
Satiriki hekaýalar
Şäherimizde ýerleşen «Asal» konditer fabriginiň işiginde pensionerler bilen üýşüp otyrys. Bu ýerde, aramyzda konditer ugrundan juda ussat kişilerem bardy. Olar köp ýyllap şu fabrikde işläp, abraý bilen pensiýa çykan adamlardy. Aramyzda işleýänlerem bardy. Kimiň näme alyp çykýanyny bilýärdiler. Oturanlardan biri, öňki ussat konditer, häzir pensiýada dynç alýan Ýunus aga şeýle diýdi: — Biskwite, karamele we «Guş süýdüne» wiçjik diýdirip biläýjek kempudyň täsin bir görnüşini oýlap tapyp bolmazmyka?! Millet halys irdi şu süýjülerden. Käsi daşa daýy diýýär, käsi eräp ýelmeşip ýatyr. Yrgyldaýan dişiň bolsa, edil stomotolog ýaly sogrup eliňe berýär. Bu pikiri başga biri, öňki ökde tehnolog Gulam aga garbap aldy-da, oňa öz pikirini goşdy. — Dogry aýdýaň, Ýunus. Ilat täze-täze konditer önümlerine garaşýar. Bize peýdaly maslahat beren tapylmazmyka? — diýip, Gulam aga gobsundy. Ussat konditerler esli salym köpüň pikirini diňläp oýlanyşyp oturdylar. Ahyry biri dillendi. Oňa Küren aga diýýärdiler. — Oýlap tapyp bolar. Bolman näme. Edil häziriň özünde men size şeýle bir zat oýlap tapyp bereýin. Geregiň peýdaly maslahat bolsun. — Hawa, Küren aýdyber, gulagymyz sizde — diýip, çeträkde oturan ýaşuly işçi gürrüňe goşuldy. — Azajyk tagapyl et. Smena gutarsyn. Işgärler öýli-öýlerine gaýdyp başlasynlar bakaly — diýip, ussat konditer Küren aga parahat gürledi. Hemmäniň nazary bu ejizje goja gönükdi. Smena gutardy. Işgärler ondan-on bäşden çykyp başladylar. Ussat konditer Küren aga oňa çenli eýýäm resept taýýarlapdy. Ol indi smenany tamamlap öýlerine gaýdýanlaryň käbirini ýanyna çagyrýardy. Olaryň iki-ýekesi kynlyk bilen gelýärdi. Ýadaw halda aýak çekýärdiler. Ýaýdanýanlary-da bardy. Sag goltugyňda ogurlyk zat bolsa çepiňde howp bolýar-da garaz. — Aly kişi, a-how, Aly kişi, daýan, gel bura! — diýip, ussat konditer Küren aga bir işgäri ýanyna çagyrdy. — Meni nätjek? Azaryň ýetmesin. Men ýadadym. Öýe howlugýan — diýip, Aly aňyrrakda aýak çekdi. — Saňa iş buýurjak däl. Öýüňe alyp barýan goýy süýdüňden ýekeje bankasyny goýup git, gardaş. Haýyş edýän. Bize lazym. Biz konditer önüminiň täze bir görnüşini taýýarlajak bolýarys — diýip, Küren aga ýerinden turdy. — Gerek bolsa hemmesinem goýup gideýin, Küren aga — diýip, Aly jomartsyrady. — Gerek däl. Bize seniň alyp barýan bäş bankaň däl-de, ýekeje bankaň gerek — diýip, Küren aga düşündirdi. — A-how, Oraşow, bir minutlykça bäri geliň — diýip, Küren aga ýene birini ýanyna çagyrdy. — Kellämi agyrtmaň. Iş gutardy. Tizräk öýe ýetjek. Men siz ýaly pensioner däl, işleýän — diýip, Oraşow pert jogap berdi. — Gel diýlende adam ýaly geläý-dä! — Kellämi agyrtmaň diýdim-ä. — Seniň kelläň bilen işimiz ýok. Seniň kelläň gyzan bazarda bäş köpüge-de geçenok. Alyp barýan 5 kilogram unuňa-da degjek däl. Goltugyňdaky 2 kilogram irisiňden bäş-älty düwür goýup git. Oraşow aýak çekmedi. Gaty-gaty ýöräp gitdi. — Bolýa sag bol, gidiber. Tizräk öýüňe ýet. Tamdyr sowamanka alyp barýan unuňdan çörek ýapdyrt. Çöregem bir manatdan satdyr — diýip, Küren aga ýaňsyly gürledi. — Bisenowa! A gyz, ýekeje minut aýak çekiň. Alyp barýan hozuňdan... Ýok, ýok hemmesi gerek däl. Bize 200 gramjygyny goýaýyň. Şonda-da saňa 1,5 kilogramy galýar. Besdir. Ýa gynansaň aljagam däl — diýip, Küren aga gazak gelni Aksyrgany ýanyna çagyrdy. — Alyň, alyň, men ertir işe gelemde ýene-de alaýaryn — diýip, Aksyrga edep bilen hoz berdi. Gürrüňi edilýän fabrikde ýok millet ýok. — A-how, Indýukow, towakga edýäs, ýekeje minut bize saýaňyzy salyp geçiň-dä. Haýyş edýäs, nemnožko marmelad eçiliň-dä?! — diýip, Küren aga Wasiliý Iwanowiçi saklady. — Ýaşuly, hoz gerek dälmi? — diýip, W.I.Indýukow alyp barýan hozuny görkezdi. — Ýok, hozuň özüňde dursun. Hozy ýaňy o gyzdan, Bisenowadan aldyk. Bize marmeladyňdan az-awlak goýup gitseň bolýar — diýip, Küren aga Wasiliý Iwanowiçiň arkasyna kakdy. — Indi bize mesge gerek. Aýu, Şirinowa, dört kilogram mesge size köpräk bolmazmyka?! Bize 150 gram ýalyjak goýup gidiň-dä?! — diýip, goja mylakatlylyk bilen Şöwkete ýüzlendi. — Näçe alsaňyz tizräk alyň. Eräp köýnegimiň daşyna çykyp barýar. Öýe ýeteýin — diýip, gözi sürmeli owadan azerbaýjan gelni Şöwket gyzyl dişlerini lowurdadyp ýylgyrdy. — Munça mesgäni nädip iýip gutaryp bilýäňiz, gyzym?! — diýip, Küren aga sowal berdi. — Wah, iýilýän däldir-le. Munça mesge nireden iýilsin. Il alansoň nätjek-dä, köpüň ugruna ýöremeli-dä. Almasaň kollektiwe sygybam bolanok. — Mannapowa, marmeladyňyzdan?! Ýok, ýok, gerek däl, marmelady ýaňy Indýukowadan alan ekenik. — Tüf-tüf, ýüregim-ä ýardyňyz! — diýip, Sadat Mannapowa ýakasyna tüýkürdi. — Gyzym, ýakaňdaky mesgäňe-de tüýküräýdiň-le?! Indi bize ýumurtga gerek. Alyp barýan ýumurtgaňdan bäş-alty sanysyny goýup gidiň-dä. Şonda-da özüňe 20-si galýar. Bu gün sen heýgenek iýjeg-ow?! — diýip, Küren aga Sadata sowal berdi. — Ýumurtgadan börek iýjek. Şujagaz döwlenjänem alyp galyň-da, köýnegimi weýran eder bi. — Ä-hä, indi näme gerek? — diýip goja pikir etdi. — Oh, şeker gerek boljag-ow, täs «pesok» ýatdan çykan eken-ow. Onsuz biz kempudyň täsin görnüşini ýasap bilmeris. A-how, adamlar, kim-de-kim fabrigiň geçelgesinden şeker alyp çykan bolsa, bärik gelsin, bize «pesok» gerek — diýip, Küren aga gygyrdy. — Ine, biz geldik — diýşip iki adam bäri sowuldy. — Hä, Gurbanowa, senmi? Aýgubow, berekella, senem geldiňmi?! Birneme şeker gerek boljak. — Meniň goltugymda 7 kilogram şeker-ä bar. Az bolsa ýene getirip bereýin — diýip, Toty Gurbanowa ýük ýazdyrdy. — Mende-de ep-eslije bar — diýip, Andreý Aýgubow dillendi. — Ýok, bize 500 gram besdir. Şekeri köp garsak süýji keseli diýenem bir bejerip bolmaýan äteňet dert döredýär — diýip, Küren aga düşündirdi. Şol wagt üýşmeleňe Lobaçýowa bilen Gerasimowa geldi. — Gyzlam, Lida, Larisa, sizde näme bar? — diýip, Küren aga mylaýymlyk bilen sowal berdi. — Mende limon kislotasy bar — diýdi. Şol wagt Petrosýan ylgap geldi: — Näme bu ýerde almaly zat barmy? — diýdi. Oňa oturanlar gülüşdiler. — «Asal» fabrigin-ä ýyldyrym urana dönderdiňiz. Goltugyňdakylary az görýämiň, zaluwat Aşot? Hany, sende näme bar? — Mende «Guş süýdi» bar — diýip, Aşot dogrusyny aýtdy. — Birki dänesini ber-dä?! — diýip, Küren aga elini uzatdy. — Berjek däl. Men azap çekip alýan. Geçelgeden ölümiň öýünde derläp çykýan. Geçelgäň bäş-alty metr ýoly bäş kilometre dönýär. — Mesge alyp çykýanlar derleýän däldir öýdýäňmi?! — diýip, Aşoda düşündirdiler. — Derlemese köýnek-balagynyň daşyna ýag nireden çyksyn?! — Petrosýan, sag bol, sen gaýdyber — diýip, Küren aga Aşoda rugsat berdi. «Asal» konditer fabriginiň ussalary ogurlanyp alnyp çykylan önümlerden bir täsin, täze bir kemput işläp bejermekçi bolýarlar. Onuň adyna «Perestroýka» dakmagy niýet edinýärler! «Asalyň» ýolbaşçylary näme oýlap tapýarkalar? Olar hem gol gowşuryp oturanoklar. Buýruk ýazýarlar. Meselem: Buýruk № 79 «k»: Ýyllyk synagdan geçmändikleri üçin ýyllyk sylagdan şu adamlary binesip etmeli (üç adam). Ogry-jümrüligi üçin sylaga ýüzi düşmeli däller (5 adam). Ýyllyk baýragynyň gylla ýaryny şarta kesmeli (1 adam). Ogurlyga synanyşyp, emma bihepbelik edip oňarmandyklary üçin ele düşüp, baýragynyň 20 prosentini şarpa kesdirenler (14 adam). Häli-şindi progul edip baýrakdan gaty umyt bolanlar (3 adam). Gaýry nogsanlara ýol berip, baýragynyň 10 prosentini gyrkmaly adamlar (24 sany). Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |