05:22 Kepjebaş | |
KEPJEBAŞ
Hekaýalar
Köpbilmişligiň çoçgara çolaşdyraýýan wagtlaram bolaýýar. Bu waka altmyşynjy ýyllarda bolupdy. O döwürlerde ýolagçy otlularynyň kadaly gatnawy, häzirkiler ýaly hyzmat biziň hyýalymyza-da gelmezdi. Demirýol menziline gelip saklanan otlynyň töweregine ýolagçylar ölen kyrkaýagyň daşyna garynjalaryň üýşüşi ýaly üýşdüler. Turdy topalaň, nämäň nämedigini biler ýaly bolmady. Özlerini arkaýynyrak duýýan eli biletli ýolagçylar galyp, ýüki ýeňil, terbiýesi ondanam ýeňilräk biletsizler wagonlary hyryn-dykyn doldurdylar. Üç-dört sany daýawyň arasyna düşemsoň, baryp iň soňky wagonyň orta gürpünde aýagym ýere galtaşdy. Köwşümiň çözülen bagjygyny biri basyp duransoň, gazygyna gysga daňylan mal ýaly, asyl butnap bilemok. Böwşeňlik aralaşandyr-da diýip aşak egilenimem şoldy welin, söm duranlaryň dyzlary kellämi atagzy ýaly gapjady. Indi ör turubam bilemok, meniň gohuma gulak asýanam ýok. Gaýta meni butnatman duran daýawyň biri: — Bu dara-direlikde näme aýaga çolaşyp ýörsüň-aýt! — diýip, maňa dazaryldy. Şu ýerde meniň gysylan kelläme bir hyýal geldi. Ýaňky daýawyň dyzyna ýumruklap, çalarak eşider ýaly edip: — Eý, kepjebaş ýylan gaçyrdym, tapmaga kömekleşsene! — diýdim. Daýaw töweregindäkileri eýläk-beýläk pyzyp, aşak egildi: — Ulumy?! — Weý, uly bolmazmy! Badhyzyň mürdüni gemrip ýatan, ýuwdarha çykan ýedi ýaşar peläket-dä! „Kepjebaş gaçypdyr, wagonda ýylan bar!“ diýip, bagyryp, patanaklap göterdi ökjäni ýaňky daýaw. Wagonyň ähli ýolagçysy, asyl öňki ýatanlara çenli, hemmesi ýöne sozanguýruk bolaýandyrlar. Dem salymda wagonyň içi sygryň dili bilen ýalanan ýaly boldy. Menem boşan ýerleriň birine geçdim-de, ýatdym hezil edip. Ertir turup, gerinip ýerimden galanymda wagon hereketsiz duran eken. Diýmek, otly Aşgabada birçak gelen bolmaly.Gapa baryp seredenimde töweregi bolmalysyndan çolarak gördüm. Daşarda, esli aralykda irkiljiräp, çöp bilen ýer dyrmap oturan, şu wagona hyzmat edýän ýolhemralara ýüzlenip: — Agalar, Aşgabada geläýdikmi? — diýip soradym. — Hä-ä, gelip bolansyň, belaň sapyny! — diýip, olaryň biri azgyrlan ýaly edip jogap gaýtardy. Ýüzüme müňkürlik bilen gazaply garap durşuna — Agşam bir harramzada kepjebaşyny gaçyrdy, wagony Garybatada otludan aýryp taşladylar. Bizem uzyn gijäni syňsyraklap daşarda geçirdik. Wagona-da girip bilmedik... — diýip käýindi. Özümi lampa aşak goýberdim. Orazguly ANNAÝEW | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |