10:00 Keýmir kör | |
KEÝMIR KÖR
Goşgular
Türkmen halkynyň bu, söýgüli gahrymanynyň hakyky adyna, durmuş ýoly baradaky maglumata taryh sahypalarynda henize çenli duş gelnenok. Çetindir taryhyň gaňysyn açmak, Oňa girip bolmaz jandaňam geçip. Emma bu söýgüli gahryman üçin Taryhyň gapysy açykdyr-açyk: Islese adyny altyn-zer bilen, Polat bilen ýazdyrybam bilerdi Arman, onuň aladasy başgady, Başgady oň çekýän hupbaty-derdi. Ýagy dökülip dur dumly-duşundan, Kepdirenbk türkmenleriň gözýaşyn. Göreşmäge bolsa güýç-gaýrat gerek. Aňsat däl jemlemek ilatyň başyn. Her tiräň öz hany, öz ýaşulysy bar. Her hanyň, ýaşulyň bar öz permany. Ýöne bütin halkyň göwnünden turjak Tapmak kyn akylly-başly bir hany. Ýekäň çaňy çykmaz... Batyr ýigitler Urunýar, kösenýär– hersi bir, ýerde. Depelenýär halkyň namysy – ary, Ine şu agyr dert bardy Keýmirde. Ine şu agyr dert ýolgany üçin, Duşmanlar ätiýaç ederdi ondan. Ak ýürekli adamlaryň içinde. Barýardy şöhraty artyp gün-günden. Ak ýürekli adamlara ol mydam Bagyşlady paýhasyny, ýüregin. Ili gereklese. Ili idese. Taşlap gitdi elindäki çöregni. Göreşdi ol akyl bilen, aň bilen, Pikiri duşmana ok bolup uçdy. Jeň gününde nökerlere baş bolup, Gylyç bilen, hyrly bilen göreşdi. Göreşdi... Bir günem... Onuň weseti Geçdi hakykata... Nädersiň ýeri! Duşman müň ölenni duýmasyn diýlip, Tekizlendi Keýmir körüň mazary. Tekizlendi... Hawa, ölenden soňam Duşman heder etdi oňuň adyndan, ...Bu batyr ýigdini, gahrymanyny Halkym ömür çykarmady ýadyndan. Ýaşatdy namysy, wyždany bilen, Gurdy ýüreginde beýik ýadygär... Bäri gel, gadyrdan, Taryhçy alym, Indi bolsa seniň bilen gürrüň bar. Gürrüň bar... Agtar sen, agtar baryny Taryha degişli dokumentleriň, Dogry, seň özüňem bilýänsiň kemsiz, Oňa mätäçligi ýokdur Keýmiriň. Onsuzam ol ýüreklerde ýaşaýar, Ýüreklerde oň ýüregi urup dur. Emma Keýmir ýaly gerçekleň ady Taryh üçin welin zerurdyr, zerur. Zerurdyr... Müň tüýsli lybas geýse-de, Onuň ornun tutup bilmez başgalar. Agtar sen, ýogsa-da goja taryhyň Bir mukaddes sahypasy boş galar. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |