01:43 Kimiñ ady dakylarka? / ýumoreska | |
KIMIÑ ADY DAKYLARKA?
Satiriki hekaýalar
Bir gün işden gelsem, aýdym-saza kän bir imrinip ýörmeýän aýalym bütin durky bilen gulaga öwrülipdir-de, oglumyñ magnitofonyny zowladyp otyr. Maña-da ne geldiñmi bar, ne gitdiñmi. Gaýtam "çüş-ş" edip, eliniñ hereketi bilen ýuwaş oturmagymy yşarat edýär. "Keýwana bu gün-ä bir döw çalypdyr, hernä, oñuna bolawersin!.." diýip içimi gepletdim-de, bir çetde zöwelip durun. - Wah, sesiñe döneýin, sakgalyñy görmesem-de, sesiñ-ä iki ýüz manada degjek eken. Agzymy öweldip durşuma, çalaja üsgürindim-de: - Bä-ä, keýwany, näme toýa-zada taýýarlyk görýäñmi? Bi aýdym-saza... - diýip sakawladym. - Wah, men nirde boldukam? Bi Sakgal jany öñräl diñlemeli ekenim-ä. Sesi dagysy agynjak iki ýüz manat-da. Wah, şar gara sakgalyñdan aýlanaýyn! - O nähili sakgal, keýwany?! Näme, sakgal görmediñmi? - diýip, duran ýerimde saññyl-saññyl etdim. Gaharymyñ gelenini añar-da, biraz köşeşer öýtdüm welin, ol-a gaýtam: - Ynha, gyzyñam şoñ sakgaly bolmasa, iş etjek däl diýip, ýer depip otyr - diýip, barha beterine tutdy. - Goñşymyz Aýgözelem görüp gelipdir. Şeýle bir owadan diýýä, ýöne ýüzüne seredip, sygyryp oturybermelimiş. Hallyjemalyñ adamsam her gyzyna birini, aýalyna-da birini getiripdir. Bir kişiligi iki ýüz manatmyş. Başda depäme gan inen ýaly bolansoñ, nämäñ nämedigine entegem düşünemokdym. Bir ýerlerde iki ýüz manada sakgal satylýandyr öýtdüm. Aý, şu bazar diýseler, hemme zada garaşybermeli-how. Pul diýip, çar ýana hallan atýanlaryñ indi sakgal satyp başlan bolmagam mümkin. Birdenem kürtdürip durdum-da: "Bi, aýal-gyzlara sakgal nämä gerekkä? Baý, şularam... Ýa aýalym meni oýnap otyrmyka?.." diýip oýlandym. Onýança aýalym: - Bar, gyzyndan habar al. Duz datman ýatyşy. Şoñ sakgaly bolmasa, gapydanam seretmäñ diýýä! - diýip, tutdy ýok tükezzibana. - Kimiñ sakgaly? O nähili sakgal? - diýip, azmly gaýtalanymy özümem duýmandyryn. Aýalymyñ welin şol bir bolşy: - Ine, şu wagşyñ sakgaly. Şony alyp bermesek, başga çykalga ýok... Gaharym ýetjek derejesine ýetipdi: - Men size sakgaly görkezerin. Özüñem, ýetişen bolsa, gyzyñam çeksin ýoguny şu öýden. Ikiñiz hyşy-wyşy eden bolýadyñyz welin, bir emmajygy bar eken-dä... Näme samahyllanymy bilemok, ýöne aýalym şol ikiarada iki gezek dagy daşary çykyp geldi. Birhaýukdan soñ bolsa vyzym eli mataly gapydan girdi. Goñşulardan getiren bolmaga çemeli. Aýalym onuñ elindäki parça matany alyp, öñüme oklady. Şondan soñ, tasdanam maşgalamyzyñ agzybirligini ýele sowurjak bolan sakgalyñ nämedigine düşünip galdym. Asyl, mata bir sakgally bagşynyñ ady dakylan bolsa nätjek. Bet gazanjyñ yşkyna düşüp, öz baýlyklaryny artdyrmak ugrunda çar ýana hannas atyp ýören zandyýaman alyp-satarlar her hili nasal çykarjak eken. Gelin-gyzlary oda salmak üçin, olar indiki çykjak mata kimiñ adyny dakarlarka? Guwanç HUDAÝBERDIÝEW. "Garagum" žurnaly, 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |