01:11 Kimiñ taryhy? | |
KIMIÑ TARYHY?
Taryhy makalalar
Taryhy barlaglarda möhüm usullaryñ biri deñeşdirmeli taryhdyr. Ýurdumyzda bu usul añsat ulanylmaýar! Mysal üçin, Palestinadaky mülk ýerleriñ satuwyny diñe musulmanlaryñ dili bilen dogry beýan edip bilmersiñiz, jöhit taryhynyñam näme ýazýandygyny bilmek gerek. Taryhy deñeşdirip öwrenmezden kesgitleme berseñiz, ýalñyşarsyñyz. Geçen makalamda şeýle diýipdim: "Ýurdumyzda "palestinalylar ýer satdy-satmady" çekişmesi bar. Emma hiç kimse "Tanzimat" döwrüniñ jedelli meselesi - 1858-nji ýylda çykarylan "Ýer hakyndaky kanunnamany" agzanok?" Osmanly "Tanzimat" arkaly döwlet eýeçiligindäki ýerleriñ bir bölegini baýlara satyp, ýerleri hususylaşdyrdy we strukturalaýyn sistemany bozdy. Düýp maksat girdeji gazanmakdy. Agalar-aýanlar bergi batgalygyndaky Osmanlynyñ Palestinadaky bol hasylly ýerlerini şeýdip aldy. Süýthorlaryñ zulumy astynda maýrylan palestin daýhanynyñ ýeri, mellegi el ýaljakdy. Birem fonduñ ýerleri bardy. Taşlanan ýerler bardy we ş.m. 1861-nji ýyl. Angliýada jöhitler "Arazi-Mukaddese", ýagny Palestinany watanlaşdyrmak maksady bilen "London ibrany guramasyny" gurdy. Şol ýyl Fransiýada palestin jöhitlerini goramagy, galkyndyrmagy maksat edinýän "Internasional Ysraýyl jemgyýeti" guruldy. Gurama Palestinany jöhit ýurduna öwürmek ugrunda hereket etmelidi. Jemgyýet ilkinji nobatda jöhitler üçin Palestinada "Ekerançylyk mekdebini" açdy... Ah, bu tötänlikleri diýsene! Osmanly kese ýerlilere ýer satmagy kanunylaşdyrýan "Istimlak nyzamnamasyny" 1868-nji ýylda güýje girizdi! * * * 1881-nji ýylyñ 13-nji marty. Arasynda Leniniñ dogany Aleksandr Ulýanowyñam bolan çepçi "Народная вольна" topary rus patyşasy Aleksandr II-ni öldürdi. Teraktda ulanylan bombalaryñ bir jöhidiñ öýünde gizlenendigi ýüze çykdy. Bu bolsa, Russiýada jöhitler üçin agyr günleriñ başlamagyna sebäp boldy. Russiýadan gaçan üç müñe golaý jöhit Palestina gelip, ýer satyn alyp “Rişon Lozýon” posýologyny gurdy. Birinji gelenler Palestinada sosialistik düzgünli jemgyýet gurmagyñ pikirindedi. Şonsuzam ysraýyl ykdysadyýeti ýetmişinji ýyllaryñ soñuna çenli "sosialistdi"! Soñra neoliberaoizme ýeñildiler. Ýeri bolýa... Osmanlynyñ ymykly bergä batandygyny gören jöhitler daşardan kredit almak mümkinçiligini döredip, Palestinadan ýer satyn almagyñ kül-külüne düşdüler... Palestinada "Garaşsyz Ysraýyl döwleti" pikirini birinji bolup agzan iñlis işewüri Edward Kazalet boldy. 1878-nji ýyl. Şu maksat bilen 1898-nji ýylda "Jöhit Istimlak oblastlary" bankyny we şol ýylyñ içinde "Palestinany watanlaşdyrmak" guramasyny, 1901-nji ýylda "Milli Jöhit" bankyny gurup, maýa topladylar. Birinji tapgyrda 50 müñ sterling jemlediler... Osmanly döwletiniñ nukdaýnazarynda birinji synanyşyk iñlis işewüri Lorens Olifant tarapyndan edildi. Olifantyñ möhüm goldawçysy bardy: Angliýanyñ asly jöhit premýer-ministri Benjamin Disraeli... Üstesine Rotşild, Montefiore, Goldsmit, Warburg ýaly bankirlerem ara giripdi. Tegelek stoluñ başynda Osmanlynyñ bergileri bilen birlikde Ysraýyl döwletiniñ gurulmagy meselesine-de seredilýärdi! * * * Patyşa we mejlisi-wukela (ministrler soweti) jöhitleriñ Osmanla göçüp gelmeklerine garşy däldiler, şol sanda olar jöhitleriñ palestin topraklaryna ornaşmagynyñ oñşukşyzlyga sebäp boljagyny bilýärdiler. Ýöne jöhitleriñem synanyşygy gutarar ýerde gutarmady. Häzirkizaman sionizmiñ düýbüni tutujy žurnalist Teodor Gerzl köşk bilen duşuşyklary dowam etdirip, ýene bäş gezek gepleşik geçirdi. Olar maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin iki million sterling teklip etdiler. Uzatmaýyn, 1897-nji ýylda gurlan Bütindünýä sionistik guramasynyñ ýeke-täk maksady garaşsyz Ysraýyl döwletini gurmakdy. Pikir ediñ, muña iñ köp garşy çykan Abdylhamyt II-niñ tagtda oturan 33 ýylynyñ dowamynda Palestina göçüp gelen jöhitleriñ sany 80 müñe ýetdi. 219 müñ gektar ýer ellerine geçdi, 33 posýolok gurdular... Döwletiñ özi islemese-de, import önümlere bakna edilen feodal han-begler, süýthorlara ýeñilen daýhanlar we beýlekiler ýerlerini lomaý pula satdylar... Soñunam özüñiz bilýärsiñiz: Osmanly Birinji jahan urşundan ýeñlip çykdy. Iñlisler jöhitleriñ Palestinada ýurt edinmegini oñlady. Şol günlerdenem şu güne geldik: Kim pul berse, tüýdügi-de şol çalýar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |