11:18 Kömek Kulyýewiň döredijiligi hakda kelam agyz | |
KÖMEK KULYÝEWIŇ DÖREDIJILIGI HAKDA KELAM AGYZ
Edebiýaty öwreniş
“Bizde edebiýat ýok” diýmäge howlugýanlara, Kömek agany (Kömek Kulyýewi), Osman agany (Osman Ödäýewi), Agageldi agany (Agageldi Allanazarowy), Hydyr Amangeldiniň “Gören kim görünen kim” powestini, Juma Hudaýgulyň, Kakamyrat Ataýewiň, Esen Ataýewiň eserlerini okap çykmagy maslahat berip bolar. Mysal üçin, Hydyr agaň (Hydyr Amangeldiň) “Gören kim görünen kim” powesti, öz döwrüniň keşbini görkezýän, iňňän ussatlyk hem çeperçilik bilen ýazylan, örän güýçli powest. Din, durmuş, ylahy ýoly agtarmak we ýasamalyk, köre-körlük we ylahy yşk bilen ynsana bolan mähiriň utgaşmagy, soraglar we gözleg, bu powestiň özenini düzýär. Diňe, Mario Wargas Lýosa, Paulo Koelo ýa-da Oe Kendzoburo aşyk bolup, özümiziňkini kör edip ýörmänem, özümizde-de öwrenmäge, nusgalyk edinere zat bardygyny aýtjak boldum. Elbetde, “Wargas Lýosanam, Kobo Abenem, Oşonam okamagyň hajaty ýok” diýen pikire gulluk etmeli däl. Hemmesini okamaly. Eliňe ilen ýerinden, tapan ýeriňden okamaly. Ýöne ilki bilen öz gelip çykan topragyňa düşünmän özgeleriň dünýäsine aralaşmak mümkinmikä? Ine sorag şunda. Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň) döredijiligi edebiýaty öwreniş ylmynda özboluşly bir fenomen hökmünde garamaga hem düýpli öwrenilmäge örän mynasyp. “Hiç zatdan hiç zat döremeýär” diýilýär. Edebiýatda-da haýsydyr bir täzeligiň emele gelmegi üçin oňa nähilem bolsa bir itergi gerek. Ýöne öň “tapylan” üýtgeşik edebi tilsimiňem ajaýyp zehiniň eline düşende täze, öňküsine garanyňda tanalmaz derejede özgerip, ajaýyp keşbe girýän ýagdaýlary hem bolýar. Biziň edebiýatymyzda, meniň pikirimçe, şygryýetde täze tapyndylar Gurbannazar Ezizowda has köp. Ýöne, onuň özem Lermontowyň, Puşkiniň, Baýronyň, Maýakowskiýniň hem Ýeseniniň we Blogyň sintezini amala aşyrmaga çalyşýandygyny inkär etmeýän ekeni. Kyssada bolsa, şeýle tapyndylaryň hazynasy hökmünde Kömek Kulyýewiň döredijiligini görkezmek bolar. Ýöne, bu diňe, Puşkiniň aýdyşy ýaly: “nämedir bir zatlary eýdip-beýdip” öwrenen kişi bolmagyň hötdesinden gelen diletantyň pikiri. “Dile geldi, bile geldi”, ýene-de bir zady aýdyp galaýyn: Hakyky çeper eserlere, ol köpçülige ýaýranyndan ýüz ýyl soň baha berilýändigi hakynda bolsa, edebiýatymyzda 20-nji asyryň ahyrynyň hem-de 21-nji asyryň başynyň iň ajaýyp kyssaçysy hökmünde Kömek Kulyýew ykrar ediler diýip pikir edýärin. Kömek aganyň eserlerine ýekeje ýetmeýän zat, ýörgünli dünýä dillerine olary ähli şirinligi bilen terjime edip biljek terjimeçi. *** “Düşündirilmegini talap edýän düşündiriş zerurmy?” diýip sorag berilýär... Hemmesem gerek. Sebäbi edebiýat juda köpgyraňly hadysa. Ol hadysany her bir ýazýan adam özüçe görýär. Kim adaty durmuşy wakalaryň üsti bilen adaty dil öwrümleriniň kömegi bilen, kim üýtgeşik bir geň galdyryjy hadysalary beýan edýän täsin, çeper söz aýlawlary bilen... Kömek aganyň eserleriniň birinde: “Bu dünýäde adamyň hordasam gerek, gowusam” diýen manydaky pikir öňe sürülýär. Hakykatdanam, ýeriň ýüzünde bihuda ýaradylan jandaram, zadam ýok bolmaly. Sebäbi bihudalyk – bu Älemiň duşmany... *** Hakyky kitaplar okanyňdan soň göwnüňi ýuwlan ýaly edýär. Kalbyň ähli jerhetden saplanana dönýär. Edil teniň bug hammamyna (sauna) girip-çykyp, soňam ökde massažçynyň elinden geçenden soň bolşy ýaly. Mysal üçin, Kömek aganyň eserleri, Harper Liniň romany, Jerom K.Jeromyň, Ýanuş Korçagyň eserleri, Puşkiniň eserleri, Gurbannazar Ezizowyň, Agageldi Allanazarowyň eserleri, umuman sanasaň sogaby bar. Men-ä okamasyz kitap ýok, ýöne her kitaby okamaly wagty bar diýip hasap edýärin. Mysal üçin, “içi boş” diýilýän kitaplar, ýazýan üçin-ä şeýle ýazmaly däldigini öwredýär, okaýan üçinem şeýle kitaplary gaýdyp okamaly däldigini öwredýär. “Içi porsap duran” diýilýän kitaplary okamak barada aýdylanda bolsa, öz duşmanyňy bilseň ýagşy. Ýöne, şeýle kitaplary okamaly wagty, ýagny belli bir ýaşa ýetip, agy-garany saýgarmak ukybyna eýe bolanyňdan soň okamasaň beýniňe täsir edýär. Içki immunitetiň güýçli bolmasa kelläňi “terslikgän ýöredýän” kitaplar kän. *** Meniň pikirimçe, edebiýatyň haýsy žanrynda bolsun, tapawudy ýok, okyjyny aglatmakdan aňsat zat ýok. Duýgy gyjyklaýjy sözleri ulanmak hünärini çala eline alan islendik şahyr, ýazyjy, dramaturg okyjynyň gözüne ýaş aýlamagyň hötdesinden gelýär. Güldürmek ondan has kyn. Ýöne ony hem birnemejik zehiniň we azda-kän-de durmuşy tejribäň hem okumyşlygyň bolsa başaryp bolýar. Oýlandyrmak ol ikisine görä, çetinräk. Hasam okyja özüň şol eseri ýazýançydygyň berýän artykmaçlygyndan peýdalanyp, öz pikiriňi, dünýägaraýşyňy dakman, özüňi güberçekledip öňe çykarman, seniň nähili akyllydygyňy, köp bilýändigiňi, inçe duýgulydygyňy sereşläp oturman. Iň kynam okyjynyň ýüreginde ýumşak hem kinaýaly gussa döredip, öz isleýän pikiriňe (meseläňe) onuň ünsüni çekmek, şol meselä düşünmäge oňa ýardam bermek we onuň özüniň şol mesele boýunça adamçylyk kowahatyna sygýan netijäni çykarmagyna mümkinçilik döretmek. Şol bir wagtda-da okyjynyň ýüregine düşmezlik. Muny, ine, Kömek Kulyýew ýokary ussatlyk bilen başarýar. Rus edebiýatynda Puşkin, Turgenew, Çehow, Ilf we Petrow dagylaryň eserleri şeýle. Ýene-de Agageldi Allanazarowyň eserlerinde şu şertler berjaý edilýär. Gepiň kelte ýeri, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary hem şeýle. *** Durmuşy ýumşak henegiň (ýumoryň) üsti bilen görkezip, adamlarda gahar-gazaby däl-de mähiri oýaryp bilýän eserler juda täsirli bolýar. Kömek aga (Kömek Kulyýew) şeýle eserleriň ýek-täk, gaýtalanmajak ussady. Çaga döwürlemmiz, öte göwnünden turýan bir zady görseler deň-duşlarymyz: “Haýtjan-a! Gör-le, munuň ediberşini!” diýşip gygyryşardylar. Kömek aga-da “Garry oýnasa…” atly hekaýasy bilen kelläňde telpegiň bolsa telpegiňi çykardyp, “Haýtjan-a! Gör-ä muny ediberşini!” diýdirýär. Hekaýa-da däl-de aýdym bu! “Hyh janawer!”-li ýerini dagy müň ýyllap pikirlenip ýatsaňam oýlap tapar ýaly däl. Wah, şeýle hekaýalary bir şu öz dilindäki şireliligi, ýitiligi bilen başga dillere-de terjime edip biljek adam tapylsady, onsoň görerdiler, biziň edebiýatymyzyň nähilidigini!!! Özem bijaý durmuşy. Gär teke yhlas bilen iýýär diýip, öňünden çykan çöpi alyp iýiberşini dagy diýsene. Okap, lezzet aldym! Göwnüm edil, Pöwrizäň çeşmesinde suwa düşüp çykan ýaly boldy. Bir demde okalýar. Özem Kömek aganyň her bir ýazan zady ýaly, göräýmege henekli-teýeneli bir çaklaňja zat welin, aňyrsynda birje adamyň ömrüniň sähelçejik pursatlarynyň üsti bilen görkezilen millionlarçalaryň ykballary, taryhyň ep-esli oýtagy görnüp gidýär. *** Edebi eseriň esasy özenini - söz, ýazyş usuly (sözlem düzüş tärleri) emele getirýär. Her ýazyjynyňam öz söz sözleýiş, ýazyş usuly bolýar. Mysal üçin, Juma aganyň (Juma Hudaýgulyýewiň), Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň) prozasy liriki proza degişli bolsa, Osman aganyň (Osman Ödäýewiň), Orazguly aganyň (Orazguly Annaýewiň) kyssasy gunt düşen ýaly agyr, saldamly, agras proza, Agageldi aganyň (Agageldi Allanazarowyň) kyssasy agyr hem-de liriki prozanyň çatrygynda ýerleşýän kyssa görnüşine degişlimikä diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe agras (agyr) prozada çeper eser ýazmak has kyn. Sebäbi ýazyjy aglaba köp ýagdaýda ýazuw düzgünlerine doly diýen ýaly laýyk gelýän “dogry (dürs)” sözlemleri düzmek bilen özüniň beýan etmekçi bolýan pikirleriniň duýgulara täsirlilik mümkinçiliklerini özi aň ýetirip, belli bir derejede çäklendirýär. Liriki prozada welin tersine okyjynyň duýgusyna täsir etmek birneme aňsadrak ýaly. Ýöne edebiýatşynaslaryň aglaba köpüsiniň pikiri liriki prozada eser ýazmak agras (saldamly) prozada ýazandan has kynmyş. Sebäbi liriki prozanyň her setiri diýen ýaly duýgulardan ýaňa dyňzap durmaly, agras proza bolsa tersine endigan beýan ediş akymyny saklamaga has amatlymyş. Bilmedim. Haýsynyň-a telekdigini, haýsynyňam gerekdigini... *** Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň) “Jomart” atly hekaýasy ýiti täsir etdi. Şonuň bilen bagly käbir pikirlerim bar. “Biriniň 100 işini bitir, 101-nji sapar işi bitmese senden erbet adam ýokdur (Kömek Kulyýewiň “Jomart” atly hekaýasyndan bir jümle)”... Birhili şu düşünje şu wagtyň adamlarynyň esasy ýörelgesi bolaýan ýaly... Öňem-ä adamlar ýaşaýardy, öňem her kimde gün-güzeran aýlamak zerurlygam bardy, artyk-kemligem, ýeter-ýetmezçiligem, ýöne adamlar bilen toý-tomguda, ýas-sadakada ýa-da köçede gabatlaşanyňda keýpine, mesawy söhbet etmek gyzyklydy. Indi bolsa, bäş ýyllap görüşmedik köne gadyrdanyň bilen gabatlaşýarsyň welin, hal-ahwaldan soňky birinji sowaly: “Nirede işleýärsiň?” bolýar. Daýhançylykdan başga haýsydyr bir ýerde işleýäniňi eşitdiklerem, onsoň başlaýar... Gelşiksizligem ýadyna düşmeýär hiç zadam... *** Özüňe hünär saýlamaga bolsa, gaty seresaply hem mümkin boldugyndan jogapkärçilikli çemeleşmelimikä diýýärin. Elbetde, “hünäri öwren-de ýigren” diýipdirler, ýöne, hünär bilen köňül utgaşanda, sazlaşanda ol hiç haçanam ýigrendirmezmikä diýýärin. Ýöne, “ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýlen bir nakylam bar. Elbetde, hemme kişä çagalygyndan öz saýlap alan hünäri bilen kesellemek hem berilmeýär. Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň) bir hekaýasynda (haýsy hekaýasydyg-a anyk ýadyma düşmeýär welin,) bir ýazyjy hakynda agzalyp geçilýär, şonda, eger-de, şol “ýazyjynyň” çöle gidip çopan bolsa beýdip galam hakyndan aýlyga çenli el-hal bolup ýörmän, depseň yranmaz döwlete eýe boljakdygyny bilmeýändigi, şol sebäpli-de özünem, okyjylaram kösäp ýörendigi hakda aýdylýar. Kömek aganyň şol hekaýasyndaky ýaly özümiziň hakykatda şol hünär bilen meşgullanmak üçin dünýä inendigimizden bihabar, özümize sütem berýän hünär bilen mesgullanyp özüni-de, ili-de kösäp ýörenler hem aramyzda köp bolmaly. *** Milli döredijiligiň önümleriniň ähisinem (kyssa we şygyr eserleri, ylmy eserler, publisistika, kino, dokumental önümler, aýdymlar, sungat eserleri we ş.m.) reklama hökman etmeli. Gaýta, mundanam beter, maksatnamalaýyn we yzygiderli mahabat etmeli. Hut şonuň hasabyna, Günbataryň birtopar bolar-bolgusyz ýazyjylaryndan “fetiş” (“Fe tiş” gadymy müsür dilinde dini taýdan tagzym edilýän aýakbasarly sütüni aňladypdyr) ýasap, olaryň ýazan zir-zibillerini “Adamzadyň altyn hazynasyna” salýarlar-da. Biz bolsa özümiziňkini reklama etmäge utanýarysmy nämemi, şonuň üçinem Kömek Kulyýewi, Gurbannazar Ezizowy hem-de beýlekileri dünýä ýaýratmagyň hötdesinden gelmeýäris. *** Kömek Kulyýewiň “Garlawajyň gaýy” powesti – neşekeşlik, bikanun neşe söwdasy we oňa garşy göreşmek temasyndan ýazylan eserleriň içinde naýbaşysy diýip hasaplaýaryn. 2008-nji ýylda “Garagum” žurnalynda çykanda okap, haýranym hekgeripdi. “Bäý-bä, muny edäýşini!” diýip. Soň-soňlaram Kömek aganyň her ýazan zadyny okap, özlemmizden göwnüm geçmämiz aýrylman geçäýdi. “Bäh, şunuň ýaly zatlar ýazylyp ýatyrka, bizler ýalylaram klawişaň kellesini agyrdyp, ýazan bolup ýörmäge utanmaýaram-uýalmaýaram-aýt!” diýip, öz-özüňe gyjalat berip... Ýöne, näme, Gurbannazarymyzyň aýdyşy ýaly: “Ýazmak keselini tapypsyň nirden...”. Bu “kesele” uçranyňdan soň: “Goýaýyn şuny, bular ýaly hakdan içen zatlar ýazylyp ýatyrka, il güldürip, bolar-bolgusyz zatlary çyrşan bolup ýörmäýin...” diýip, özüňe näçe dişiňi gyjyrdatsaň-da, barybir, ýazmany bes edip bolmaýar-da... *** Bu dünýä şü: “çürt-kesiklik” diýilýän zady ýaman ýokuş görýär! Mundan ýigrimi ýyl ozal bir ýazyjy tanşym maňa: “Golsuorsiniň “Forsaýtlar hakynda saga (aýdym-dessan)”-syny okamadykdan adam bolmaz!” diýipdi. Meniň pikirimç-ä, kimdir birini okamanam edebiýaty söýmek ýa-da diňe birje ýazyjyny ýa-da şahyry okabam edebiýatyň muşdagy bolmak bolarmyka diýýärin. Onsoňam: “Все в этом мире относительно...” diýen bir aýtgy bar. Kim üçin “Garri Potter” edebiýat, kim üçin Tolkiýeniň eserleri, kim üçin anekdotlar, kim üçin Bunin, Çehow, Hemingueý, Orazguly Annaýew, Gurbannazar Ezizow, Kömek Kulyýew... Şol tanşymyň Golsuorsi hakyndaky sözlerinden soň ýaman erbet utandym we “adam” boljak bolup, Forsaýtlaryň buržuaz maşgalasy barada okamaga çytraşdym. Bolmady. Adam däl ekenim. Birinji jildiniň başky sahypalaryndan aňryk geçip bilmedim. Oňa derek Edgar Berrouzyň “Tarzanynyň” nobatdaky kitaplaryny okanymy gowy gördüm. *** Her döwür täze edebiýat usullaryny döredýär. Şoňa-da şükür. Ýaşlaryň dyzmaçlygy, eksperimentlere ýaltanmazlygy, esasanam şoňa ukyplylyklary begendirýär. Orazguly aga (Orazguly Annaýew), edebiýat ylmynyň beýleki ylymlardan esasy tapawutlygy hökmünde, ylymlaryň aglaba köpüsinde nazary açyşlaryň amaly usullardan öň emele gelýändigini, amalyýetiň nazaryýete eýgerýändigini, edebiýatda bolsa, ilki amaly açyşyň, ýagny eseriň emele gelip, soň edebiýat nazaryýetiniň şol täze eseriň döreden usulyny, akymyny öwrenmäge we özleşdirmäge başlaýandygyny ýazýar. Elli ýyl mundan ozal, Gurbannazar Ezizow açyşdy, barypýatan täzeçillikdi. Şonuň üçinem onuň kapyýalary, setirleriniň ritmi (sazlaşygy), beýan edýän pikirleri, duýgulary özünden öňki nesle “gödeksi, prozalaç, tagaşyksyz” bolup görünýärdi. Emma, wagt geçdi, jemgyýetem, türkmen edebiýat ylmy hem Gurbannazar bilen bir (belki, ençeme) basgançak öňe ätdi. Indi, eýýäm Gurbannazaryň usuly özleşdirilen we endik edilen boldy. Ondan has öň, Magtymguly bilenem şeýle bolan ekeni. Magtymgulydan öň şygyrlar, dessanlar arap, pars dilleriniň garnuwyndan emele gelen çylşyrymly-ylmy dilde ýazylýar ekeni. Halk köpçüligine şahyrlaryň aýdýan zatlaryny düşündirmek üçin ýörite “terjimeçiler” (meddahlar, bagşylar, ylymly, okumyş, gürrüňçil, suhangöý adamlar) gerek bolupdyr. Emma Magtymguly ilkinji bolup halkyň dilinde şygyr bilen geplemäge başlapdyr. Elbetde, ondan öňem Garajaoglanyň sada dil bilen ýazylan şygyrlary bar. Emma, Garajaoglan türkmen halkynyň agramly böleginden üzňelikde ýaşandygy, üstesine-de onuň şygyrlary Magtymguly Pyragynyňky ýaly halkyň ähli derdeserini açyp görkezmekden ejizräk gelendigi sebäpli, milletiň ruhy aýdymlaryna öwrülip bilmändir. Türkmen prozasynda-da şonuň ýaly. Ýazýanlaryň, gözlegdäkileriň täze nesli bar. Umyt Küle, Maksat Bäşim, Seýran Otuz, Has Türkmen, Merdan Baýat, Nejep Baýat, Begli Gowşak (tahallusy Rahman Zulfikarow) we ş.m.. Ýaş ýazyjy-şahyrlar bilen söhbetdeşlikleriň bolsa peýdasy juda uly: 1. Köpçüligi täze edebi garaýyşlar we şol garaýyşlaryň awtorlary bilen tanyş edýär; 2. Täze awtorlara özlerini gozgaýan pikirlerini köpçüligiň dykgatyna ýetirmäge ýardam berýär. Türkmen kyssasynyň diliniň ösüşini synlamak üçin bolsa, Berdi Kerbabaýew bilen Hydyr Derýaýewden öňki türkmen dessanlarynyň dilini öwrenmek bolar. Ondan soň Nurmyrat Saryhanowyň dili bilen Berdinazar Hudaýnazarowyň, Kaýum Taňrygulyýewiň dilini deňeşdirip bolar. Ondan soň geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň prozasynyň dili bilen 90-njy ýyllaryň Orazguly Annaýewiniň, Tirkiş Jumageldiýewiniň, Nargylyç Hojageldiýewiniň, Atageldi Garaýewiniň, Kömek Kulyýewiniň hem-de beýlekileriň dilini deňeşdirmek bolar. Ondan soň bolsa, iki müňünji ýyldan bärdäki Kömek Kulyýewiň, Agageldi Allanazarowyň, Annageldi Nurgeldiýewiň, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň, Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň, Öwezdurdy Nepesowyň, Kakamyrat Ataýewiň, Osman Ödäýewiň, Gurbannazar Orazgulyýewiň, Nobatguly Rejepowyň, Jumageldi Mülkiýewiň, Juma Hudaýgulyýewiň, Maksat Hudaýgulyýewiň, Hemra Hudaýgulyýewiň we beýlekileň dillerini ýokarda agzan hem-de agzamadyk türkmen kyssasynyň täze nesliniň dili bilen deňeşdirmek bolar. *** Hydyr aganyň (Hydyr Amangeldiýew) “Gören kim, görünen kim?” eserini takmynan 2014-2015-nji ýyllar töwereklerinde okadym. Şonda eseriň awtoryna bijaý ýerine düşen zähmeti üçin tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýtmak isläpdim. Elbetde, minnetdarlyk bildirmek nesibesi soňa goýlandyr-da... Eser bolsa maňa biçak täsir edipdi. Şol bir wagtda-da Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň), Agageldi aganyň (Agageldi Allanazarowyň), Atajan aganyň (Atajan Taganyň), Orazguly aganyň (Orazguly Annaýewiň), Osman aganyň (Osman Ödäniň), Nobatguly aganyň (Nobatguly Rejepowyň), Nurmyrat aganyň (Nurmyrat Saryhanowyň) eserleri bilen bir hatarda şeýle täsirli eserleriň henizem topragymyzda döreýändigi ynjaldyrdy... Ýöne bir içiňi ýakýan zat, häzirki döwürde ýaşlaryň Ahmet Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly: “adamlary özgerdýän” eserleri adamlaryň aglaba köpüsiniň okamaýandyklary... Äý asla, soňkular özgerdýän-özgertmeýän hiç hili eserem okamaýanlar ýaly... “Aýfon eýýamynyň perzentleri”... Onsoň kelläňi şol bir sowally pikir yzygiderli gorjalap dur: “Tehnologiýalaryň ösmegi bilen ýazylan sözüň bahasy gara şaýa düşen ýalymy?!”... “Dile geldi, bile geldi”, maddy dünýäniň ser-sepili bolunýandygy hakynda aýdylanda...Atajan aga (Atajan Tagan) “Kyrk ýylda ýazylan kitap”-da “edebiýatyň wezipesi güýmemekmi?” diýen sowaly goýýar... L.Tolstoý bolsa hemme ahlak kadalaryny sünnäläp beýan edýän ýöne hiç kimiň okamajak eserini ýazmaga birje pursadynam sarp etmän, ýigrimi ýylyň dowamynda okaljak başdan geçirmeli güýmenje-eseri ýazmaga ömrüni sarp etmäge taýyndygyny ýazypdyr... Meniň pikirimç-ä edebiýat, asla sungatyň islendik görnüşi hem ilki bilen “güýmäp”, ýagny gyzykdyryp, özüne çekip öwreden ýagdaýynda sungat bolýarmyka diýýärin... Edil Dostoýewskiýniň eserleriniň, Kafkanyň, Zolýanyň, Sweýgiň, O.Annaýewiň, Kömek aganyň, Osman aganyň eserleriniň öz ýeriniň bolşy ýaly, Žýul Werniň, Bussenaryň, Jek Londonyň, Dýumanyň, Mark Tweniň, O.Genriniň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Esen Ataýewiň, W.Ýanyň, Edgar Berrouzyň, R.Kiplingiň hem eserleriniň adama we jemgyýetçilik aň ýetirişine täsir etmekde öz orny we ähmiýeti barmyka diýýärin... Ýöne dogrusy, “Jenaýat we Jezany”, “Doganlar Karamazowlary”, “Anna Kareninany”, “Ussat we Margaritany”, “Prosessi”, şol sanda “Gören kim, görünen kim?”-i ýa-da Agageldi aganyň “Ojak” romanyny hem kimdir biriniň “güýmenmek” üçin okaýandygyny göz öňüme getirip bilemok... Tehnologiýanyň ösüşiniň kitap “okalmagyna” täsiri hakda aýdylanda bolsa, kompýuter oýunlarynyň, kinofilmleriň speseffektleriniň ösen bu zamanasynda ak kagyzyň ýüzüne geçirilen gara reňkli şekillere haýran galdyryjy kinolar bilen bäsleşmek kyn düşýän ýaly... *** Kitapcy.com saýtynda maňa sorag berildi: “Diýeli, siz ömürboýy okan kitaplaryňyzyň hiçisini okamadyk, ýöne kitap okamaly. Haýsy kitaby ilkinji bolup okardyňyz?”. Menem şol soraga uzynragam bolsa, şeýle jogap berdim: 1.Imanly bolaýyn diýseň – Kurany Kerimi, Pygamberimiziň hadyslar ýygyndysyny (Sünneti); 2.Äleme, Adamzada, Haka düşünmek üçin – Kysasyl Enbiýany (Ýöne, munuň üçinem, meniň şahsy tejribäme görä-hä, öňünçäsi Älemiň gurluşy, Adamyň emele gelşi, Ylahyýet baradaky dini-ylmy taglymatlary azda-kände bilip, setirarasyndan okamaga ukyply bolsaň, has ýiti täsir edýär); 3.Şygryýete düşünmek üçin – ilk-ä Magtymgulyny, soň Gurbannazary, soňam Orazguly Annaýewiň “Kerwensaraýyny”; 4.Kyssa düşünmek üçin – Puşkiniň “Belkiniň powestlerini”, Çehowyň hekaýalaryny, Hemingueýiň “Okeandaky adalar”-y bilen “Goja we deňiz”-ini, ahyrynda-da Kömek Kulyýewiň “Ýetimleriň baýramy” powesti bilen soňky ýyllarda ýazan hekaýalaryny; 5.Adamlaryň arasyndaky hem-de maşgalaňdaky gündelik gatnaşyklarda kämilleşeýin diýseň – Deýl Karnegini, “Kowusnama”-ny, soňundanam Artyknur we Aşgabat Nohurowlaryň “Söýgi, maşgala, durmuş” atly kitabyny; 6.Döwlet bilen adamyň gatnaşygyny öwreneýin diýseň – Nyzam-al-Mülküň “Syýasatnama”-syny, Makkiýewelli Nikkolo di Bernardiniň “Hökümdar”-yny (Государь - Italýança: Il Principe). Onsoň ilki haýsyny okamalydygyny, şularyň içinden şahsy dünýägaraýşyňa görä saýlabermelimikä diýýän. Deýl Karnegini okamak bolsa, edil durmuşy öwretmese-de, towşantüý hem-de mymyjak, ýumşajyk oýnawaç pisint bolmany-ha öwredýär:-). Megerem, durmuşda geregem şo bolamasa... Çünki “kirpitiken” bolsaň halamaýalar. “Uçammyka, uçmammyka?” diýýäler-de, depýäler göwerýäler, duýman durkaň syrtyňdan:-). Uçsaňam, uçmasaňam, iň bolmanna, depilib-ä galýaň (ýa-da görýäň). Negatiw tejribe bolsa-da, olam bir tejribe :-). *** German Gesseň bir sözi bar: “Okamak – göwün açmak üçin güýmenje bolman, tersine, bizi oýlanmaga itermelidir, durmuşyň nogsanlyklaryndan ünsümizi sowmaly däldir, kalbymyzy hoş owaz bilen meýmiretmän, belent hem asylly idealar ugrunda göreşmegimize ýardam bermelidir.” Wah, edebiýat görgüliň (men köplenç “okamak” düşünjesini edebiýat bilen baglanyşdyrýan) etmeli zady kän welin, daýhan mellegini arassalamak islemese, dogabitdi ýaltalygy, bikärligi sebäpli ony haşal ota basdyrsa, piliň günäsi näme?! «История учит человека тому, что человек ничему не учится из истории» diýýär, Gegel. Ýöne, bir zady erkek ýaly boýun almaly, indi, grek antik klassikasyny, hindi eposlaryny, gadymy hytaý we babyl tekstlerini, inklerdir, maýýa-astekleriň miflerini, şeýle-de orta asyr we Ýewropa Renessans döwrüniň eserlerini, hatda L.Tolstoýdyr, Dostoýewskiýnem, hatda Orhan Pamukdyr, Koelýonam, Markesem dynnym ýalyjagam okasyň gelmeýär. O zatlary, okasyň gelmeýän zatlary özüňe zor salyp ahyryna çenli okamagy jahyllyk (nadanlygy däl-de, ýetginjekligi göz öňünde tutýan) göterýän ekeni. Netije: Pikirlenesi gelmeýän adamy okatmagam, pikirlendirmegem mümkin däl-e ýakyn müşgil iş. Şu wagt, Balzagyň “Şagren deri”-sini ýa-da Dostoýewskiň “Doganlar Karamazowlar”-yny ýa-da Tolstoýyň “Anna Karenina”-syny ýa-da Miltonyň “Ýitirilen jennnet”-ini ýa-da Floberiň “Hanym Bowari”-sini ýa-da Emil Zolýaň “Pul”-uny ýa-da Lope de Wegaň “Fuento Owehuna”-syny ýa-da Korneliň “Sid”-ini ýa-da Pamugyň “Päklik muzeý”-ini ýa-da Harper Liň “Bilbili öldürmek”-ini “oka” diýseler, edil ýaga depjek ýaly. Hem-ä howpurgadýar, hemem ýüregiňi gysdyrýar. Onsoň agyr, dini tekste eýlenen “Mahabrahata” ýa-da “Iliada” bilen “Odisseýa” hakda gürrüňem ýok. Ýöne, onuň tersine Çehow, Bunin, Puşkin, Kömek Kulyýew, O'Genri, Zahar Prilepin henizem aňsatlyk bilen okalýar. Bu ýerde, ýene-de edebiýatyň (şol sanda sungatyňam) barypýatan subýektiw hadysadygyna göz ýetirýäň. “Kim gaýkyny söýer, kim küýkini”. 100% sagdynlary bolsa söýýän ýok :-). Şoň üçinem azak-tenek, sähel-mähel ýeter-ýetmezräk bolanyň kem däl ýaly :-). *** Şahsy pikirim (kimdir biri pikirimi özüne dakjak bolýandyr öýdüp wirtual harçaňlaşma başlaýmasyn, üýşenip oturypmen :-)): Kömek aga meň pikirimçe 20-nji asyr türkmen prozasynyň soňky onýyllygynyň hem-de 21-nji asyr türkmen prozasynyň ägirt uly fenomeni. Öňem birnäçe gezek ýazypdym, häzirem Kömek aga agzaldygy gaýtalasym gelip dur. Kömek agaň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda, hasam türki dilli, mentalitetli, dünýägaraýyşly edebiýatda özüne mynasyp, naýbaşy orunlaryň biriniň almazlygynyň ýekeje sebäbi bar: Ol eserleri ýörgünli dünýä dillerine terjime edýän mynasyp terjimeçi ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |