15:50 Köne ertekiniñ täze beýany | |
KÖNE ERTEKINIŇ TÄZE BEÝANY
Edebi makalalar
Akylyňy haýran edýän bir zat bar: Şekspir, Magtymguly, Serwantes, Baýron, Gýugo, Gýote, Al-Maary, Petrarka ýaly genileriň eseri bolaýmasa, «men-men» diýen awtoryň dünýäni heýjana getiren eserleri hem ýyllar geçdigisaýy könelmek bilen... Emma genial eserlere wagt tagam berýär, şugla berýär, täze öwüşgin berýär, galan eserler bolsa köýnek-balak ýaly göwşülleýär, tagamyndan aýrylýar, öçügsilenýär. Dünýäde baky eserler – ertekiler, rowaýatlar, tymsallar, mifler. Okap-okap haýran galýarsyň, olar şeýle sada, şeýle çypdyrma, emma real eserlerden has ynandyryjy. Real eserlere ynanmaýarsyň, emma çypdyrmadan ýasalan eserler bolsa ýaşap ýör. Gadym-gadym zamanlardan, baryp-ha Ahikar zamanyndan galan bir erteki bar, şonda çypdyrmanyň üsti bilen beýan edilen çyna, hakykata haýran galýaryn. Ahikar gadymy Ninewiýa şasynyň beýik weziri. Bir ýarlykly garyp bolupdyr, aýaly hem diýseň iňirdi eken. Hamana ol bende garyplygy Hudaýdan diläp alan ýaly, bolsa-bolmasa garyp gününden zeýrenip, onuň ýarasyny duzlar ýörer eken. Şol garyp günleriň bir güni gonamçylygyň içinden geçip gelýärkä, bir kitap tapaýýar. Ol tapyndysyny aýalyna görkezýär. Aýaly: – Alla saňa bermeli zadyny bilipdir, sen kitap açyp palçylyk edip ugra, nädersiň «pul» diýeniň depäňden ýagyp dursa – diýen. – Men kitap okap bilmesem näme... – Saňa: «Kitap oka!» diýýän ýok, saňa: «Palçylyk et!» diýilýär... Aýaly buýransoň, gürrüň gutarýar, oňa «ýok» diýip garşy çykyp bolmajakdygy düşnükli zat. Garyp palçylyk edip ugraýar. Ýigidiň bagty ýörese, oňa böwet bolýarmy? Onuň atan paly şowlap, rysky açylyp ugraýar. Ine, şeýdip onuň ady ile zahyr bolýar. Günleriň bir güni bir patyşanyň hazynasy urulýar. Köşgüň müneçjimleri, gurrandazlary, palmanlary hazyna ogrularyny tapyp bilmeýärler. Ahyry täze palçyny hem köşkde dikýärler. Garyp palçy şadan kyrk dirhem bilen kyrk gün puryja alyp, gama batyp, bazara sowlup kyrk sany hoz alyp öýüne gelýär. Patyşanyň ýanynda kyrk günde taparyn diýip gaty göwnüýetijilik bilen aýdan hem bolsa, palçy pahyr tapyp bilmejegini bilip dur. Ogrular atly palçydan heder edip, bir ogryny onuň öýüne gapy diňlemäge iberýärler. Ogry gulagyny gapa tutup öý diňleýär, garyp palçy bolsa patyşadan puryja alnan kyrk günüň bir gününiň geçip barýandygyna gynanyp: – Heleý han, biri-hä geldi – diýip, bir hozy alyp, çekiç gözläp, gapa ýönelýär. Ogry ýazzyny berýär. Ertesi ogrular ýaňky ogrynyň ýanyna ýene birini goşup gapy diňlemäge iberýärler. Palçy: – Ikinjisem geldi, heleý han – diýýär. Muny eşiden ogrularyň ýüregi ýarylara gelýär. Olar dessine ogrularbaşa bolan wakany ýetirýärler. Ogrular jem bolup gijäniň bir wagty palçynyň öýüne gelip: – Kellämizi etegimize salyp geldik. Biz hazynany kanda gömenimizi aýdaly, ýöne sen bizi ölümden gutar – diýip, gulluk aýdyp galpyldap durmuşlar. Palçy olary satmajagyna wada berip, hazynanyň gömlen ýeriniň salgyny alyp, kyrk günden soň patyşanyň dergähinde peýda bolýar. Hazynanyň gömlen ýerini aýdýar. Hazyna tapylýar. Palçynyň şöhraty dünýä ýaýraýar. Wagt geçýär. Günlerde bir gün goňşy patyşanyň çapary gelýär. Ol patyşa ýedi yklymy sorap oturan patyşa bolup, hatda hazynasy ogurlanan patyşa hem oňa paç-hyraç töleýän eken. Ýaňky patyşanyň çapary şeýle habar getirýär: – Biziň patyşamyz bir düýş gördi, birinjiden, patyşanyň näme düýş görenini aýdyp bermeli, ikinjiden, rast ýormaly! Senden başga palçy, gurrandaz ugry patyşanyň näme düýş görendigini aýdyp bilmedi, şonuň üçinem olaryň kellesi hendekde ýatyr... Garyp palçy neýlesin? Gitseňem ölüm, gitmeseňem! Herhal, şol ýurduň patyşasynyň ýanyna ýola rowana bolýar. Ol başyny aşak salyp gidip otyr, gidip otyr, onuň ýoly ahyry bir harabalygyň içinden geçýär. Bir harabanyň deňine ýeteninde bir goňur ýylan onuň öňünden çykyp: – Ýeri, ynsan, niräk barýaň gama batyp? – diýip soraýar. Palçy başyna düşen işleri bir-bir beýan edýär. – Päh-eý, onuň ýaly ýumuş üçin gama batyp ýörmezler! Men patyşanyň gören düýşünem, ýorgudynam aýdaýyn, ýöne sen patyşanyň beren aklygynyň gylla ýaryny maňa getirip ber! – Wah, baryny bereýin, ýöne kelläm egnimde galsa bolýar maňa... – Ýaryny berseň hem bolar – diýip, goňur ýylan oňa aýtmaly zatlaryny öwredýär. Düýşem, ýorgudam bilýän kişi barýar şanyň dergähine hondan bärsi bolup. – Patyşam, sen bir düýş görüpsiň, ol maňa oraşan. Seniň düýşüňde asmandan tilki ýagýarmyş... Munuň ýorgudy şeýledir: seniň daş-töweregiňi mekir adamlar alýar. Sen wezir-wekilleriňi täzeläp, bir ýyl tagtyňa gaty bek bol – diýýär. Patyşa düýşüni rast bileni üçin oňa aklyk baryny berip ýola salýar. Teňňe-tylladan ýüki ýeten garyp gelýärkä birden ýadyna goňur ýylan düşýär: – Oh-ow, munuň ýaryny ýylana-da bermelidir! Zadam bir gowy, oýlana-oýlana ol ýylanly harabadan sowlup geçmegi müwessa bilýär. Öýüne gelip, aýaly bilen agaýana ýaşap başlaýar. Günleriň bir güni ýene çapar gelýär. Ýene düýş görmän geçmiş patyşa düýş görüpdir, şertem örän ýowuz. Düýşi bilip, ýorgudyny aýdyp bermeseň, kelläň hendekde ýatjak... Garyp ýola düşýär. Harabadan sowlup geçse, patyşanyň düýşüni biljek däl, ýylanyň ýanyna barmaga-da ýüzi ýok. Garaz, ýokuş görse-de, harabalyga barýar. Ýene goňur ýylan öňünden çykýar. Ol adam bilen deň bolup durman, patyşanyň gören düýşüni hem ýorgudyny aýdyp: – Öňkiň ýaly, üstümden sowlup geçme, aklygyň gylla ýaryny goýup gitgin – diýip sargaýar. Garyp palçy barýar köşge hondanbärsi bolup: – Şahym, sen düýş görüpsiň, ol maňa oraşan, düýşüňde asmandan oklukirpi ýagýar. Bu gowulygyň alamaty däl. Dessine iliň içinden goşuna ýarar ýalylary çagyryp ummasyz uly goşun topla, goşunyňy ykjam ýaraglandyr. Uly uruş bolýar... Patyşa ýene muňa aklyk baryny berip ýola salýar. Palçy haraba golaýlabereninde goňur ýylan ýadyna düşýär. Sowlup geçeýin hem diýýär-de: – Aý, ýylandyr-da, ýeke daş haky bar – diýip, topaz ýaly daşy goltugyna gysdyryp göni ýylanyň üstünden ýol salýar. Aklyk hantama ýylan öňünden çykyp: – Hä, aklyjagymy bereýin diýip bu sapar göni geläýdiňmi? – diýip, kellesini göterýär. – Ine, saňa aklyk! – diýip, palçy daşy zybyrdadyp zyňýar. Ýylan görgüli ganyny akdyryp zordan sürenine özüni atyp, janyny gutarýar. Palçy uly baý bolup ýaşap ýör. Aý geçýär, ýene bir gün şol şanyň çapary gelýär. Şol çapar, şol şert. Palçy biçäre bolup ýene ýola düşýär. «Binamyslykdan ölen ýok» diýip ýylanyň üstünden barýar. Ýylan bu gezek hem göýä hiç zat bolmadyk ýaly palçynyň öňünden çykyp, oňa hemme zady öwredýär. Palçy hoş bolup şanyň dergähine baryp: – Şahym, sen düýş görüpsiň, düşüňde asmandan tylla ýagýar... Mundan buýana seniň ýurduňda yrsgally-döwletli, abadan ýyllar başlaýar. Goýun bilen gurt bir güzerden suw içýär... Palçynyň ýorgudyna göwni galkan patyşa oňa berip bilen tylla-teňňesini berip ýola salýar. Palçy aýdyma hiňlenip gelşine, bolan-goýanlary aňynda aýlap: – Men bir gadyrbilmez akmak ekenim. Ýylan meni ölümden gutaryp, uly baýlyga eýe etdi, men bolsa ol görgüliniň kelleçanagyny pytratdym... Ol işlerim telek eken. Şu gezek ähli baýlygymy ýylana goýup ötünç soraýyn, az görse öýümdäki baýlygymdan hem bereýin – diýip göwnüne düwüp, göni ýylanyň ýanyna gelip tyllalary onuň öňünde goýýar. – Ýylan aga, men çig süýt emeni bagyşla. Seniň arkaňdan men patyşanyň düýşüni ýorup şunça mal-mülk aldym, emma birinji gezek üstüňden sowlup geçdim. Sen meniň bilen deň bolman, ikinji gezek hem maňa kömek etdiň. Men bolsa ýagşylyga ýamanlyk edip, seni daşladym. Meniň günämi geç, ynha, bar baýlygym seňki. – Aý, adam, men bir ýylan, men baýlygy başyma ýapaýynmy! Onsoňam sende günä ýok, sen birinji gezek sowlup geçdiň, sebäbi ol gezek dünýä tilki ýagypdy, zamana hem, adamlar hem tilkilenipdi. Sen hem tilkilik etdiň. Ikinji sapar oklukirpi ýagypdy, adamlar hem, sen hem wagşylaşdyň. Ynha, indi bolsa asmandan bereket ýagyp, abadan zamana başlady. Sen hem eden işleriňe puşeýman edip, meniň ýanyma geldiň. Döwür üýtgäninde adam hem üýtgeýär. Günä sende däl, günä döwürde... Onlarça halkda parasadyň simwoly bolan ýylan mamla: döwür, heňňam üýtgese, adam hem üýtgemek bilen. Niçe müň ýyllyklar içinde beýik türkmenligini kemala getirip şeýle ýowuz, şeýle pis zamanalarda hem türkmenligini goran halkymyz geçmişde nä güne düşdi?! Eý, Hudaý! Hernä ol elhenç ýyllaryň geçdigi ebedilik bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |