01:46 Kowusnama: Ata-enäni sylamak hakynda | |
Bäşinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ATA-ENÄNI SYLAMAK HAKYNDA Oglum, bizi ýaradan Alla dünýäni abat saklamak üçin nesliň dowamylygyny ýola saldy we muňa haýwanlaryňky ýaly heserli duýgyny sebäpkär etdi. Diýmek, sagdyn düşünjä görä, perzent öz barlygynyň sebäpkärine hormat we sarpa goýmalydyr, ol öz aslyna hem hormat, sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa ata-enedir. Sen: “Ata-enemiň maňa näme dahyly bar? Olaryň maksady men däl-de, öz duýgularyny kanagatlandyrmakdan bolupdyr ahyryn” diýmegin. Maksady heserli duýgularyny köşeşdirmegem bolsa, olar seniň üçin ölüme gitmäge-de taýýardyrlar, bu bolsa hyjuwly duýgudan has belentdir. Ene bilen atany sylamagyň iň bärkije zerurlygy: olaryň ikisi-de sen bilen seni Ýaradanyň arasyndaky güwäçilerdir. Diýmek, sen özüňi we Ýaradany sylaýan bolsaň, öz güwäçileriňe-de hormat goýmalysyň. Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz. Allatagala öz Kitabymeçidinde şeýle diýýär: “Allatagala sygynyň, Pygambere (s.a.w.) sygynyň we emirleriňize sygynyň”. Bu süräni telim hili düşündiripdirler. Olaryň birinde men şeýle bir zada düşündim: “emirler” ene we atadyr, çünki arap dilinde emir sözüniň iş we emir diýen iki manysy bardyr, buýrukdyr ygtyýary bolan adam emirdir. Ata bilen enede bolsa ygtyýaram bardyr, buýrugam. Buýruk – iýdirip-içirmekdir, ygtyýaram – asylly gylyklary öwretmekdir. Oglum, ata-eneň göwnüne degmegin, olaryň ýüregine bitmez ýara salmagyn, çünki Ýaradan ata bilen enäni ynjydana agyr jeza berýändir. Allatagala şeý diýipdir: “Sen olara tüf diýme, olary ynjytma, olara hoş sözleri diý!”. Möminleriň emiri Alydan (goý, Alla ondan razy bolsun): “Ata bilen enäniň haky nähili bolmalydyr?” diýip soranmyşlar. Olam: “Onuň nä derejede bolmalydygyny Allatagala Pygamber (s.a.w.) aleýhyssalamyň ata-enesi öleninde görkezipdi. Çünki olar Pygamber (s.a.w.) aleýhyssalamyň pygamberlik döwrüne çenli ýaşan bolsalar, Pygamber (s.a.w.) olary hemmelerden ileri tutardy” diýip jogap beripmiş. Şonda onuň: “Men Adam atanyň perzentleriniň iň sarpalysydyryn we munda hiç bir tekepbirlik ýokdur” diýen sözi bärden gaýdardy. Diýmek, ata-eneňiň hakyny dini jähtden sylamasaň-da, akyl-paýhaslyk, ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan bir sylagyn. Ata-ene seni jan-dil bilen ösdürip ýetişdiren adamlardyr. Sen olaryň göwnüne degseň, hiç haçan ýagşylyk garasyny görmersiň. Çünki göze görnüp duran ýagşylygyň gadyryny bilmeýän adam galan ýagşylyklaryň gadyryny nireden bilsin. Gadyr bilmezek adama ýagşylyk etmek nadanlykdyr. Senem nadan adyny gazanmajak bolgun. Perzentleriň saňa nahili rakyp bolmaklaryny isleseň, senem ata-eneňe şonça rakyp bolgun! Seni dogran nämäni arzuw edýän bolsa, senden önjek hem şony arzuw eder. Perzent miwä meňzese, ata-ene daragta meňzeýändir. Daragtyň idisini ýetirdigiňçe miwesi köp we datly bolar, ata-eneňi hem näçe sylap, olara näçe hyzmat etseň, olaryň sen hakdaky doga-dilegleri şonça tiz hasyl bolar, sen Allanyň ýanynda hem, ata-eneňiň ýanynda hem ýüzli bolarsyň. Häzir bol, mirasa kowalaşyp, ata-eneň ölümini dilemegin. Ata-eneň ölmände-de, rysgalyň ýetişjekdir, çünki her kimiň öz kysmaty bardyr. Rysgalyňy artdyrjak bolup, özüňi oňa-muňa urmagyn, rysgaly çapalaň atyp, artdyryp bolmaz, şonuň üçinem: “Öz-özüňe ezýet berip ýaşama-da, zähmet çekip ýaşa!” diýipdirler. Rysgalyň barada hemişe Allatagaladan razy bolaryn diýseň, haly özüňkiden gowa däl-de, ýaramaza göz aýlagyn. Maly-döwlet jähtden garyp bolsaň-da, akyl-paýhas tarapdan baý bolmaga çalyş, çünki akyl-paýhas baýlygy mal baýlygyndan has gowudyr. Akyl bilen mal toplap bolar welin, mal bilen akyl toplap bolmaz. Nadan adam tiz garyp düşer, emma akyl-paýhasy ogry hem alyp gidip bilmez, suwdur ot hem mizedip bilmez. Şeýlelik bilen, akylyň bolsa, hünär öwrengin, çünki bilimsiz akyl lybassyz tendir ýa-da bikemal adamdyr. “Bilim akylyň aýnasydyr” diýip, dogry aýdypdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |