15:29 Kowusnama: Dini berjaý etmekligi, mümkin boldugyça, artdyrmak hakynda | |
Dördünji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
DINI BERJAÝ ETMEKLIGI, MÜMKIN BOLDUGYÇA, ARTDYRMAK HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, Allatagala barlylaryň we saýlantgy bendeleriniň öňünde iki sany wezipe goýupdyr: olaryň biri haja gitmek bolsa, beýlekisi zekat bermekdir, özi-de kimiň mümkinçiligi bolan bendesine zyýarat etmegi, mümkinçiligi bolmadyk bendesine bolsa zyýarat etmezligi buýrupdyr. Eýsem sen bu dünýäde şa saraýynyň gapylarynyň hem diňe döwletli adamlar üçin açykdygyny görmeýärmiň näme? Hajyň şerti Mekgä gitmekdir, ýoksullara sapara çykmagy emr etmek bolsa paýhaslylyk däldir, çünki serişdesiz sapara çykmak howpludyr. Eger-de serişdäň bolup, Mekgä gitmeseň welin, dünýäniň keýp-sapasy seniň üçin doly bolmaz. Dünýäniň bar keýpi-sapasy öň görmedik zatlaryňy görmekde, öň iýmedik zatlaryňy iýmekde, öň tapmadyk zatlaryňy tapmakdadyr, bularyň baryna bolsa zyýarata gitmezden ýetmek mümkin däldir. Mekgä zyýarat edýän adamlar dünýä görýärler, tejribeli, akylly, hoşbagt kişiler hasap edilýärler, çünki olar heniz eşitmedik sözlerini eşidip, görmedik zatlaryny görýärler... “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýip ýerlikli aýdypdyrlar. Hiç kim jahankeşde adamy ýurt görmedik adamlar bilen bir derejede tutup bilmez. Şoňa görä: Jahany keşt eden akylly ynsan Ýurt görmedik kişä diýer “gury san” Şonuň üçinem, Ýaradan barlylara eçilen nygmatlarynyň gadyryny bilsinler, şol nygmatlary lezzet bilen iýip, Allanyň emrini berjaý kylsynlar we haja zyýarata barsynlar diýip syýahat etmäni buýrupdyr. Emma Ol ýoksullara, serişdesiz eli ýuka adamlara beýle diýip buýurmandyr. Bu barada menem aşakdaky iki beýtde şeýle diýendirin: Ýar meni çagyrmady, ýer bermedi ýanyndan. “Sen ýoksul sen, gelme” diýip, goýmady il sanynda Onda näme ýazyk bar, hökmürowan Alla-da Çagyranok ol Käbä, ynsan ýoksul bolanda. Ýoksul haja gitse, özüni heläkçilige salar, çünki barlylaryň işine baş goşan ýoksul, saglaryň işine baş goşan hassa meňzär, onsoň onuň bolşy baý bilen garybyň haja gidişi baradaky ahwalaty ýada salar. Ahwalat. Günlerde bir gün Buhara emiri haja gitmegi ýüregine düwüpmiş. Ol şeýle bir tüçjar bolup, kerwende ondan baýy ýok ekeni. Ýüzden gowrak ýükli düýesi bolan bu emir bezemen kejebede gaýşarylyp oturyşyna gözlerini süzüp, sähranyň üsti bilen gidip barýarmyş. Onuň ýanynda gerek-ýarak zatlarynyň bary barmyş. Ýany bilen haja barýanlaryň arasynda baýu-garyp köp adam bar diýýär. Olar Arafata ýetenlerinde, aýakýalaň, başaçyk, aç-suwsyz, dabanlary gan-gabarçak bolan bir derwüş emiri beýle elpe-şelpelikde görüp, oňa şeýle diýip ýüzlenipdir: “Kyýamat güni seniňem, meniňem sylagymyz bir bolmaly, ýöne, gör, sen nähili naz-nygmat içre barýarsyň, men nähili jebri-azap içre!” Buhara emiri oňa şeýle jogap beripmiş: “Ahyrýetde meniňem, seniňem sylagymyzyň bir bolmagyndan Hudaý saklasyn, eger men ikimizem deň tutjakdyklaryny bilen bolsam, ömrüme sähra çykmazdym”. Derwüş: “Näme üçin?” diýip soranmyş. Emir: “Men hökümi güýçliniň buýrugyny berjaý edýärin, sen bolsaň ony bozýarsyň. Meni o ýere çagyrdylar, men myhman, sen bolsaň ýalýagysy. Onsoň, çagyrylan myhman bilen çagyrylmadyk myhmanyň heý hormaty bir bolarmy? Allatagala barlylary çagyryp, ýoksullara-da şeýle diýipdir: “Öz-özüňizi heläkçiligiň üstünden eltmäň”. Sen ýoksul, Alladan bidin aç-ýalaňaç, çöl-beýewana çykyp, özüňi heläkçilige urupsyň, Allanyň buýrugyna gulak asmansyň, şundan soň sen neneň edip özüňi Allanyň buýrugyna sygynýanlar bilen deňeýäň? Emlägi bolup Haja gidýän adam Allanyň buýrugyny berjaý edýändir, onuň dilegi-de kabul bolup, dogasy-da ýerine gowuşýandyr” diýipmiş. Oglum, seniňem haja gitmek mümkinçiligiň bolsa, husytlyk etmegin. Haja gitmek üçin bäş sany şert gerekdir: güýç, gurp, wagt, hormat, ähtibarlyk ýaly şertlerdir. Eger bu şertler saňa ýar bolsa, sen olary peýdalanmaga çalyşmalysyň. Sen haja diňe gurbuň çatan mahaly gitmekligiň maslahat berilýändigini bilip goýmalysyň, ony geljek ýyla goýmagyň hem aýyby ýokdur. Ýöne esasy borçlaryň biri bolan zekaty gurp bolan halatynda yza çekmek bolmaz, ony bermezlik aklanyp bilinmez. Allatagala zekat berýänleri özüne ýakyn hasap edýändir. Ile zekat berýän raýatyň içindäki patyşa ýalydyr, ol ile sadaka berýäne, ilem sadaka iýýäne meňzeýändir. Allatagala adamlaryň käbirini ýoksul, käbirini hem barly edip ýaradypdyr. Elbetde, ol barçany hem baý edip ýaradyp biljek ekeni, emma Ol olary iki gatlaga bölüpdir, özi hem muny bendeleriniň hormatdyr sarpasynyň aýan bolmagy, beýikleriň peslerden tapawutlanmagy üçin şeýdipdir. Patyşa-da öz hyzmatkärleriniň birini güýçli hem elaçyk adam edip biler, ýöne şol hyzmatkär ile sadaka bermegiň deregine tapanyny özi iýip, hiç kime hiç zat bermese, ol patyşanyň gazabyndan gutulyp bilmez. Zekat barada aýdylanda bolsa, ony ýylda bir sapar bermegiň hökmanydygyny ýatlamak gerek. Sadaka hökmany bolmasa-da, ol asyllylyk hem ynsanperwerlik üçin berilýändir, şonuň üçin, senem başardygyňça ony berjek bolgun, husytlyk etmegin, çünki sadaka berýänler hemişe Allanyň hemaýaty astynda bolýandyr, hemaýatyny bolsa uly bagt hasap etmek zerurdyr. Oglum, seresap bolgun, ýüregiňde Haj barada şek-şübhelere orun bermegin, ony biderek zat hasap edip, “ylgap barýarkaň ýalaňaçlanmak, dyrnagy ösdürip, saç goýbermek nämä gerek? Näme üçin men her ýigrimi dinardan ýarym dinar bermelimişim, onsoň bu nähili zekat bolýar, goýun bilen düýedenem bir zekat bolarmy, näme üçin men goýuny gurban etmelimişim?” diýmegin. Şeýle ýagdaýlarda kalbyňy päk saklajak bolgun. Öz bilmeýän zadyň peýdasyzdyr öýdüp güman etmegin, onuň peýdasyny biz bilmesek-de, il biler, sen Allanyň buýruklaryny berjaý etgin, “näme üçin beýle bolýanlygy”, “näme üçin beýle edilýändigi” bilen işiň bolmasyn. Bu nesihatlary berjaý edeniňden soň, sen ata-enäni hormatlamagyň hem hökümi güýçliniň buýruklarynyň biridigini bilip goýgun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |