11:23 Kowusnama: Kiçigöwünlilik we bilimiňi artdyrma hakynda | |
Altynjy fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
KIÇIGÖWÜNLILIK WE BILIMIŇI ARTDYRMA HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, hünärsiz adamlar sütüni bolup, kölegesi bolmadyk mugilan agajy ýaly peýdasyz bir zatdyr, olardan ne özlerine peýda bardyr, ne-de başgalara. Asylzada kişiler hünärsiz bolaýanlarynda-da, at-owazalarynyň arkasyndan il içinde hormat-sylagdan mahrum däldirler. Ne asly, ne hünäri – hiç zady bolmadyklaryňky has-da ýamandyr. Eger sen asylly, at-owazaly adam bolsaň, öz şahsy hünäriň, şahsy şöhratyň bolmagyny hem gazangyn, çünki şahsy şöhrat miras düşen at-owazadan has gowudyr. “Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir” diýip, öňküler dogry aýdypdyrlar. Beýiklik aslyň kimliginde, gelip çykyşyňda däl-de, akyl-paýhasyňda, başarnygyňdadyr. Bilip goýgun, sen ata-eneň şöhratyna buýsanmaly dälsiň, çünki ol daşky bir bezegdir. Hakyky at-owaza öz zehiniň, ukybyň bilen gazanylýan zatdyr, şonda seniň adyňy “Zeýt”, “Jepbar”, “Muhammet”, “Ahmet” ýa-da “agam”, “agam jan” diýip tutman, “ussat”, “alym”, “fägih” diýip tutup ugrarlar. Eger asylzada kişiniň öz ukyby, öz abraýy bolmasa, ol hiç kimiň derdine ýaramaz. Emma sen kimdir birinde bu iki häsiýeti görseň, oňa berk ýapyşgyn, sypdyrmagyn, çünki ol uly ile gerekdir. Ýene bir zady bilip goýgun, senetler içinde iň ajaby dilewarlykdyr. Hökümi güýçli ynsany ähli mahluklaryň iň gowusy edip ýaradyp, oňa on sany duýgy eçilipdir (olaryň bäşisi bedeniň içinde, bäşisi hem daşynda ýerleşýär), şeýdibem, ony ähli janly-jandarlardan belentde goýupdyr. Gizlin bäş duýgy şulardyr: pikirlenmek, huş, hyýal, seljermek we gürlemek; daşky bäş duýgy bolsa eşitmekden, görmekden, ys almakdan, tagam bilmekden, we syzmakdan ybaratdyr. Bu duýgularyň haýwanlarda duş gelýäni adamlaryňky ýaly däldir, başgadyr. Şoňa görä-de, ynsan beýleki janly-jandardan rüstemdir we olaryň üstünden hökmürowanlyk edýändir. Bulara düşünen bolsaň, indi diliňi owadan gürlemäge, ýakymly sözlemäge ram etdirgin, ýagşylykdan başga zady adat etdirmegin, çünki dile nämäni ram etdirip, nämäni öwretseň, ol hemişe şony aýdar. Bir zat bolsa: “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?” diýilýändir. Haýsy hünäriň eýesi bolsaň-da, ýerini bilip gürlemäni oňargyn. Ýersiz ýere diýlen söz, her näçe owadan bolsa-da, zoňtar geler. Peýdasyz sözlerden gaça durgun, çünki peýdasyz sözlerden hemişe zyýan geler. Ýalan kakýan, dür saçmaýan sözler aýdylmasa, has-da gowudyr. Dana kişiler sözi şeraba meňzedipdirler, ol adamy hem mes edip, hemem meslikden açyp bilýär. Gürle diýilmese gürlemegin, soralmasa maslahat bermegin, aýratyn hem nesihata gulak asmaýana öwüt beriji bolmagyn. Beýle adamyň öz-özi ýykylyp galar. Ýat adamlaryň içinde hiç kime nesihat bermegin, “adamlaň arasynda öwüt bermek gyjalata barabardyr” diýipdirler. Ýoldan çykanlary ýola saljak bolmagyn, barybir başarmarsyň! Egri biten, nädogry gol ýaýyp, nädogry ösen agajy kesip dynaýmasaň, ony dograltjak gümanyň ýokdur. Hoş söze her näçe gysyklyk etseň-de, gurbuň çatsa, zat seçmäge gysylmagyn, çünki adamlar gury söze garanyňda, pula kän ýykgyn edýändirler. Şübheli ýerlerden daşrakda durgun, betnam dostdan, ýaramaz ýola düşen ýoldaşdan arany açgyn. Aýyp işe baş goşmagyn, barýan ugruňy bilip ýöregin, birden gözlenip tapylmaly bolaýanyňda-da, ryswa bolmaly bolmasyn. Islän wagtyň tapar ýaly, zadyňy goýýan ýeriňi bilgin. Gam-gussaňa il begenmez ýaly, senem iliň gam-gussasyna begenmegin, adalatly bolsaň, saňa-da adalatly bolarlar. Hoş sözli bolsaň, senem hoş söz eşidersiň şor ýere tohum sepmegin, hasyl bermez, emgegiň reýgan bolar, namart kişä ýagşylyk etmek şor ýere tohum sepen ýalydyr. Ýagşylyk eden adamdan ýagşylygyňy gaýgyrmagyn, oňa hemişe ýagşylyk etmäni öwretgin, çünki Pygamber aleýhyssalam (s.a.w.): “Ýagşylyk öwreden adam ýagşylyk eden adam bilen deňdir” diýipdir. Ýagşylyk etgin, ýagşylyk öwretgin, çünki bular bir-birinden aýrylmaz ekiz taýlarydyr. Ýagşylyk edeniňe ökünmegin, çünki ýagşylygyň üçinem, ýamanlygyň üçinem hakyňy o dünýä gitmänkäň şu dünýede bererler. Bir adama ýagşylyk etseň, şol adam näçe hoş bolsa, senem şonça hoş bolarsyň, bir adama ýamanlyk etseň, ol näçe ynjasa, seniň hem kalbyňa şonça yza we ynjy aralaşar. Şonuň üçin, sen hiç kime ýamanlyk etmegin. Dogryňdan gelseň, birine zyýan edeniňde, özüňiň hem gyýylýandygyňa, birine ýagşylyk etseň, özüňiň hem lezzet alýandygyňa göz ýetirmek kyn däldir. Diýmek, “ýagşylyk bilen ýamanlygyň hakyny sen o dünýä gitmezden burun, bu dünýede alarsyň” diýen sözlerim durşy bilen dogrudyr. Hiç kim meniň bu aýdanlarymy ýalana çykaryp bilmez. Kimde-kim ömründe bir gezek birine ýagşylyk, ýamanlyk eden bolsa, meniň mamladygyma göz ýetirer we bu aýdýan sözlerimi tassyklar. Diýmek, başarsaň, hiç kimden ýagşylygyňy gyssanmagyn, ýagşylyk irde-giçde öz miwesini berer. Hekaýat. Eşidişime görä, Mutewakiliň Fath atly diýseň görmegeý, şadyýan, sowatly we terbiýeli bir guly bar eken. Mutewakil ony ogullyk alyp, öz çagalaryndan hem eý görýän eken. Fath ýüzmäni öwrenmegiň köýüne düşüpdir. Guwwaslar çagyrylyp, oňa Tigrde ýüzmäni öwredip başlapdyrlar. Fath juda balaja bolansoň, ýüzmäni göwün diýen öwrenip bilmändir, ýöne çaga endigine görä, ýüzüp bilýän kişi bolupdyr. Günlerde bir gün ol guwwaslara duýdurman Tigre gidipdir we bara-barmana özüni suwa urupdyr. Suw örän çasly akýan eken. Şonuň üçin, Fathyň başy aýlanyp ugrapdyr. Fath suwa hötde gelmejegine göz ýetirip, özüni onuň ygtyýaryna beripdir we tä adamlaryň gözünden ýitýänçä, akymyň ugry bilen ýüzüp gidipdir. Suw sanlyja salymyň içinde ony allowarradan çykarypdyr. Tigriň kenarynda birgiden çukanak bar eken. Fath şol çukanaklardan biriniň duşundan ýüzüp barýarka, güýjünde baryny edip, ellerini kelemenledip, özüni şol çukanagyň içine atypdyr. Ol şol ýerde oturyşyna öz-özüne: “Göreli, Alla soňuny nädýärkä, häli-häzirlikçe-hä men özümi bu ganojak suwuň penjesinden sypdyrdym” diýipdir. Ol şol ýerde ýedi günläp bolupdyr. Ilkinji gün: “Fath suwa düşüp, gark boldy” diýip, Mutewakile habar berenlerinde, ol tagtdan düşüp, özüni lampa ýere goýberipdir, guwwaslary çagyryp, olara: “Kimde-kim Fathy öli ýa diri alyp gelse, onuň müň dinar baýragy bar” diýipdir. Ol şondan soň tä Fathy alyp gelýänçäler duz datmazlyga ant içipdir. Guwwaslar Tigre gidip, özlerini suwa urupdyrlar we çen eden ýerleriniň baryny barlap çykypdyrlar. Ahyrsoňunda, ýedinji gün diýleninde, ýüzüjileriň biri hälki çukanagyň üstünden barypdyr. Ol fathy görüp, diýseň begenipdir we: “Sen bu ýerde otur, men gidip, gaýyk alyp geleýin” diýipdir. Ol şol ýerden gaýdyp, Mutewakiliň ýanyna gelipdir-de: “Ýa hökümdarym, Fathy diri alyp gelsem, sen maňa näme berersiň?” diýip sorapdyr. Mutewakil: “Nagt bäş müň dinar bererin” diýipdir. Guwwas: “Fathy diri tapyp getirerin” diýipdir. Gaýyk eltip, Fathy alyp gaýdypdyrlar. Mutewakil şol ýeriň özünde guwwasa wada berlen puly bermekligi buýrupdyr. Soňra weziri çagyryp: “Bar, gitde hazynanyň ýarsyny garyp-gasarlara paýla” diýipdir. Soňra: “Iýmek-içmek getiriň, ol ýedi günden bäri açdyr” diýip gygyrypdyr. Fath: “Eý möminleriň hökümdary, men dokduryn” diýipdir. Mutewakil: “Näme, sen Tigirň suwuny içip oňduňmy?” diýip sorapdyr. Fath: “Ýok, men bu ýedi günüň içinde bir gezegem aç bolmadym, çünki her gün suwuň ýüzi bilen içi ýigrimi sany çörekli bir tabak akyp geldi durdy. Men ugruny tapyp, şol çörekleriň birküç sanysyny tutup, şolar bilen oňdum, her çöregiň ýüzünde-de: “Muhammet ibn al-Hüseýin al-Eskaf” diýen ýazgy bardy” diýip jogap beripdir. Mutewakil: “Tigre çörek atan adam kimem bolsa, gorkmasyn-da gelsin, möminleriň hökümdary oňa bir ýagşylyk etmekçi” diýip jar çekmegi buýrupdyr. Jarçy şeýle diýibem jar çekipdir. Ertesi güni bir adam gelip: “Şol diýilýän adam-a men bolmaly” diýipdir. Mutewakil: “Sendigiňi subut et” diýipdir. Ol adam: “Her çöregiň ýüzünde: “Muhammet ibn al-Hüseýin al-Eskaf” diýip, adymyň barlygynyň özi subutnamamdyr” diýipdir. Mutewakil: “Subutnamaň-a dogry welin, indi sen näçe wagtdan bäri Tigre çörek oklaýanyňy aýt!” diýipdir. Muhammet ibn al-Hüseýin: “Bir ýyldan bäri” diýip jogap beripdir. Mutewakil: “Näme üçin beýtdiň?” diýip sorapdyr. Ol adam: “Eşidişime görä, “Ýagşylyk et-de, suwa at, balyk bilmese-de, halyk biler” diýipdirler. Meniň elimden başga ýagşylyk gelenok, şonuň üçinem, başaranja zadymy etdim we öz-özüme: “Hany göreýin, peýdasy degýärmikä?” diýdim” diýip jogap beripdir. Mutewakil: “Sen eşiden zadyňy edipsiň, eden işiňdenem haýyr tapypsyň” diýipdir. Soňra ol kişä Bagdatdan mülk bilen bäş oba bagş edipdir. Ol kişi mülküne göçüp baryp baýapdyr we hormatly adamlaryň hataryna goşulypdyr. Onuň perzentlerinden häzirem Bagdatda ýaşap ýörenleri bar. Men al-Gail Bi-amrillah döwründe haja gidip geldim, Ýaradan maňa öz öýüne zyýarat etmek mümkinçiligini berdi, şonda men onuň ogullaryny gördüm we ahwalaty Bagdadyň gojalaryndan, aksakgallaryndan eşitdim. Diýmek, sen başardygyňça ýagşylyk etmekden el çekmegin, jemagata özüňi ýagşylyk edýän adam hökmünde tanatgyn, ýöne, şeýdip tanatdyranyňdan soň, özüňi başgaça alyp barmagyn, dilde bir zat diýip, kalbyňda başga zat saklamagyn, ýogsam sen bugdaý görkezip, arpa satýana meňzärsiň. Ähli işiňde adalatly bolgun, çünki özi adalatly bolan kişiniň kaza işi düşmez. Şatlykdyr gynanjyňy diňe şatlygyňa şatlanyp, gynanjyňa gynanyp biljek adama aýtgyn. Adamlaryň ýanynda şatlykdyr gaýgyňy jar edip ýörmegin, her bir ýakymly ýa ýakymsyz iş üçin derrew şatlanyjy ýa gamlanyjy bolmagyn, çünki bu diňe çagalara gelişýän zatdyr. Her bir bolgusyz iş üçin özüňi ýitirmejek bolgun. Özüne göwni ýetýän adamlar her bir dogry ýa ýalan zat üçin öz boluşlaryny üýtgetmeýärler. Soňy şatlyga sapýan gamy gam, gama sapýan şatlygy hem şatlyk hasap etmegin. Umytsyzlyga uçranyňda umydyňy ýitirmegin, çünki umytsyzlyk umyt bilen, umyt bolsa umytsyzlyk bilen baglydyr. Dünýädäki ähli zatlaryň geldi-geçerdigini bilip goýgun. Sagkaň haky inkär etmegin, kimdir biri jedelleşjek bolsa, ony dymmak bilen ýeňgin, çünki samsyklaryň jogaby dymmaklykdyr. Ýöne hiç kimiň zähmetini köýdürmegin, hiç kimiň, onda-da kowum-garyndaşlaryň hakyny iýmegin, olara başardygyňça ýagşylyk etgin, maşgala we taýpa ýaşulylaryna sarpa goýgun. Pygamber aleýhyssalam (s.a.w.) şeýle diýýär: “Pygamber öz ymmatynyň içinde kim bolsa, aksakgal gojalar hem öz taýpasynyň içinde şoldur”. Emma gowy taraplaryny bilşiň ýaly, aýyplaryna hem aýdyň göz ýetirmek üçin, olary juda arşa-da çykarybermegin. Birinden howp abanyp ugrasa, derrew şol howpdan dynmagyň alajyny etgin. Howpa garaşýan adamyňdan “hiç zat edibilesi ýok-la” diýip arkaýyn bolmagyn, munuň özi “hiç zat edibilesi ýok-la” diýip, awuly suw içene barabardyr. Zehindir ukybyňa buýsanyp, ulumsylyk etmegin. Eklenmek üçin biakyl ýa ukypsyz bolmaly bolsa, biakyl hem ukypsyz bolgun, ýöne beýtmegi uslyp bilmeseň, onda nämedir bir hünär öwrengin, öwrenmekden hem dana söze gulak asmakdan utanmagyn, şeýtseň, hiç wagt ýüzüň gyzarmaz. Ýagşy we ýaman zatlary, ynsanlaryň kemter gaýdýan we asylly sypatlaryny üns berip synlagyn, olaryň nämeden peýda görüp, nämeden zyýan çekýändiklerini seljergin, şu zatlary birýüzli edeňsoňam, öz peýdaňa çapgyn. Adamlary zyýan çekmäge itekleýän zatlary anyklajak bolgun, anyklabam, olardan gaça durgun, adamlary peýdaly işlere imrikdirýän zatlara bolsa mydama golaý bolgun. Bedeniňi ylymdyr hünäre ram etdirgin. Bilmeýän zatlaryňy öwrenjek bolgun. Munuň iki hili peýdasy bardyr: sen ýa bilýän zatlaryňy tejribe edip görersiň ýa-da bilmeýän zatlaryňy öwrenersiň. Sokrat : “Bilimden zyýat genji-hazyna, akmak kişiden howply duşman, hünärden belent sarpa, haýadan ýakymly zynat ýokdur” diýipdir. Şonuň üçinem, oglum, sen köpräk akyl-paýhas öwrenjek bolgun, haýsy ýagdaýda bolsaň-da, bir sagadyňy dagy-da akyl-paýhas öwrenmän geçirmegin, gerek bolsa, nadanlardan hem köp zat öwrense bolar. Eger sen nadana kalbyň gözi bilen seredip, ony paýhas eleginden geçirseň, onuň edim-gylymlaryndan özüňe nämäniň ýaramaýandygyny derrew görersiň we nämeleri etmelidigini bilersiň. Isgender aýdypdyr: “Men diňe dostlarymdan däl, eýsem duşmanlarymdan hem nep görýärin. Eger men hata iş eden bolsam, dostlarym sypaýyçylyk üçin ony menden gizlemek bilen bolýarlar, duşman bolsa, duşmanlygyny edip, ony ýüzüme basýar. Şonda men ol hata işden gaça durmak bilen bolýaryn, şeýdibem, bu peýdany dostdan däl-de, duşmandan görýärin ”. Senem diňe danalardan däl, eýsem nadanlardan hem munuň ýaly paýhasy öwrengin. Isle beýik bol, isle pes, ylymdyr hünär öwrenmek hemme kişä möhümdir, çünki ynsan öz deň-duşlaryndan diňe ylym we hünär arkaly saýlanyp biler. Adam deň-duşunda bolmadyk bir ukybyň özünde barlygyny bilse, ol derrew özüni beýlekilerden tapawutly saýyp ugraýar, uly il hem ony deň-duşlaryndan rüstem görýär. Akylly-paýhasly adamlar bilim we zehinlerine görä, öz deň-duşlaryndan has parhly saýylyp ugrandyklaryny gördükleri, bilimdir zehinlerini öňküden hem kämilleşdirmäge çalyşýarlar. Diýmek, şeýde-şeýde ynsan köp wagt geçmänkä, hemmelerden belende saýlanar. Bilimdar bolmak diýmek öz deň-duşlaryňdan öňe saýlanmak diýmekdir, ylymdyr hünärden el çekmek bolsa götin gaýdyp ugramaga kaýyl bolmakdyr. Bilimli bolup senet öwrenmek bedeni ýaltalyk keselinden halas etmek babatda diýseň peýdalydyr. Ýaltalyk süňňüňi gowşadýan zatdyr. Eger bedeniň diýen etmeýän bolsa, häzirräk bol-da, muňa ýol bermegin, bilip goýgun, beden ýaltalyga we rahatlyga ram etse, seniň diýeniňi etmez. Bedenimiziň hereketi özbaşdak bolmany, onuň talap edişi ýaly däl-de, buýruk bilen işleýänlig üçin özüň erk edäýmeseň, bedeniň hiç haçan işlesem diýmez. Diýmek, sen bedeniňi diýen etmäge, özüňe tabyn bolmaga zor bilen mejbur etmelisiň, çünki öz bedenine diýen etdirip bilmeýänler başgalaryň bedenine-de erk edip bilýän däldir. Bedeniňi özüňe tabyn edeňsoň, sen hünär öwrenmek bilen, iki dünýäniň eşretine eýe bolarsyň. Iki dünýäniň eşreti bolsa, hünärde, ähli hünärleriň açary hem ylym bilen terbiýededir. Ylaýta-da nebse haý diýmeklik, kiçigöwünlilik, takwalyk, dogruçyllyk, il göwnüne degmezlik, haýaly bolmak gowy zatlardyr. Haýalylyk baradaky hadysda “Haýa imandandyr” diýilse-de, köp ýerde utanmak adama zyýan getirýär. Utanjaňlyk zerarly wezipäňde hata goýberer, işiňe zeper ýetirer ýaly derejede utanjaň hem bolmagyn. Köp halatlarda maksada ýetmek üçin utanç-haýadan geçmeli bolýar. Ýöne sen galat gürlemek, gyzmalyk etmek, haýa-şerimi unutmak ýaly häsiýetlerden utan-da, dogruçyllykdan, asylly işlerden hiç haçan utanmagyn. Köp adam utanjaňlyk zerarly maksatlaryna ýetip bilmeýärler. “Eger utanmak imandan bolsa, garyplyk hem utanjaňlykdandyr, şoňa görä, nirede utanyp, nirede utanmaly däldigini bilmelisiň, bularyň haýsysy maksada ýakyn bolsa, şoňa ýykgyn etmelisiň. “Ýagşynyň sebäpkäri hem utanjaňlykdyr, ýamanyň sebäpkäri hem utanjaňlykdyr” diýip öňküler aýdypdyrlar. Nadan adamy adam saýmagyn, emelsiz alymy hem – alym. Akylsyz başsyz telbäni galandardyr öýtmegin, nadan bilen dost bolmagyn. Ylaýta-da özlerini dana saýýan, öz-özlerinden göwnühoş nadanlar bilen oturyp-turuşmagyn. Diňe akylly-paýhasly kişiler bilen söhbetdeş bolgun, çünki asylly adamlar bilen hemsaýa bolanyň özi-de sarpaly bolar. Künjüden alynýan ýagy benewşä ýa bägüle garyp bir pursatlykça bir ýerde saklanyň üçin eýýäm oňa künji ýagy diýilmän, bägül ýagy ýa benewşe ýagy diýilýändigini eýsem özüň görmeýärmiň? Hoşgylaw adamlar bilen söhbetdeş bolmagyň gadyryny bilgin, olaryň asylly işlerini hergiz ýadyňdan çykarmagyn, özüňe mätäç adama eden ýagşylygyňy diliňe almagyn. Eden ýagşylygyňy mazamlamak ýagşylyk etmezlige deň bolýandyr. Hoşgylaw, ynsanperwer bolmany özüňe endik etdirgin, nägehdan adamlardan gaça durgun, biderek pul sowrujy bolmagyn, çünki pul sowrujylaryň soňy alada, aladanyň soňy mätäçlige, mätäçligiň soňy bolsa kemsidilmä alyp barýandyr. Seni akylly-paýhasly adamlar öwsün, nadanlar öwmesin, çünki nadanlaryň öwgüsi, eşidişime görä, danalaryň halamaýan zadymyş. Hekaýat.Gürrüň bermeklerine görä, bir gün Eflatun şäheriň atly-abraýy adamlary bilen bir ýerde oturyp, söhbet edipdir. Şonda biri onuň huzuryna gelip, salam beripdir we ýanynda oturyp, ondan-mundan gürrüň gozgapdyr, soňam: “”Eý filosof, bu gün men pylankesi gördüm, ol seniň tarypyňy ýetirip: “Eflatun juda uly filosofdyr, mundan beýläk onuň ýaly filosof ýa bolar, ýa bolmaz” diýdi. Men onuň öwgüsini özüňe-de eşitdireýin diýdim” diýipdir. Filosof bu sözi eşiden badyna başyny aşak salyp aglapdyr, keýpi bozulyp, gamgyn bolupdyr. Ol adam: “Eý filosof, men seniň göwnüňe deger ýaly, gaty-gaýram bir zat aýdaýan däldirin-dä hernä?” diýipdir. Filosof Eflatunam: “Eý hajy, seniň özüň-ä meniň göwnüme deger ýaly, hiç zat diýeňok, ýöne bir nadanyň özümi öwmesini men uly betbagtlylyk saýýaryn. Diýmek, meniň edýän işim onuň göwnünden turýan bolara çemeli. Men samsyklyk edip, onuň göwnünden turaýjak, öwgüsine mynasyp bolaýjak iş edýänimi bilen bolsam, şobada toba edip, ol işden el çekerdim. Keýpimiň bozulmagynyň sebäbi: men entekler nadan, çünki nadanlaryň öwgüsine diňe nadanlar mynasyp bolýandyr” diýipdir. Bu barada bir hekaýat ýadyma düşdi. Hekaýat. Eşidişime görä, Muhammet Zakariýýa ar-Razi bir gezek öz şägirtleri bilen gidip barýarka, bir diwana gabat gelipdir. Däli Zakariýýadan başga hiç kimiň ýüzüne seretmändir, dikanlap-dikanlap seredeninden soňam ol loh-loh edip gülüpdir. Muhammet Zakariýýa pyrra yzyna öwrülipdir-de, öýüne gaýdyp gelipdir, timian demlenip içipdir. Şägirtleri ondan: “Hä hekim, öňler siz bu oty içeňzokdyňyz-la, bu gün ony näme üçin içdiňiz?” diýip sorapdyrlar. Halypa: “Şol diwananyň güleni üçin içdim. Eger ol meniň bolşumda özüne meňzeş bir zat görmedik bolsa, ol ýüzüme seredip gülmezdi” diýip jogap beripdir. “Her guş öz taýy bilen uçýar” diýen gürrüňem bar. Dargursaklyk edip, gyzybermäni endik edinmegin, towşantüý bolgun. Ýöne onçakly ýumşak hem bolmagyn, çünki juda ýumşak, süýji dilli bolsaňam, adamlar ýuwutjak bolup durandyrlar, gaty bir gopbamam bolmagyn, sebäbi gopbam bolsaň, adamlar seniň bilen salamlaşmaga-da ýaýdanarlar. Hemme kişi bilen mylaýym bolgun, şeýtseň, dostduňdanam, duşmanyňdanam haýyr tapyp, arzuw-islegiňe tiz ýetersiň. Hiç kime ýamanlyk öwretmegin, çünki ýamanlyk öwretmek ýamanlyk etmek bilen deňdir. Günäsiz halyňa biri göwnüňe degäýeninde-de, sen onuň göwnüne degmejek bolgun, çünki özgäni ynjytmazlyk ynsanlygyň bir alamatydyr. Kişi göwnüne degmezlik ynsanlygyň gönezligidir hem diýipdirler. Diýmek, ynsan boljak bolsaň, kişi göwnüne degiji bolmagyn, adamlar bilen hoşgylaw bolgun. Adamlar aýna bakmalydyrlar, daş keşpleri hiç neneň bolmasa, olaryň boluşlary hem şonuň ýaly gowy bolmalydyr, çünki göze çirk ýaraşmaz, bugdaýdan arpa, arpadan bugdaý bitmez. Bu barada meniň bir dörtlemäm bar: Gözelim, sen bize etdiň ýamanlyk, Ýamanlykdan haýyr-yhsan gören ýok. Bar git, durma, öte düşýäň sen entek Arpa ekip, hergiz bugdaý oran ýok. Aýna bakanyňda, kaddy-kamatyň gelşiksiz görünse, sen şonda-da ýagşylyk etgin, çünki ýamanlyk etseň, gelşiksizligiňi öňküden hem beter artdyrarsyň. Bu bolsa juda gendelik bolar. Bir gelşiksizligiň üstüne ýene bir gelşiksizlik goşulyp, goşa gelşiksizlik emele geler. Söz gadyryny bilýän, synagdan geçen wepaly dostlaryň nesihatyna gulak asgyn, öz maslahatçylaryň bilen edýän maslahatlaryňy hemişe ikiçäk etgin, çünki sen olardan alyp biljek peýdaň diňe ikiçäklikde has köp bolar. Sen meniň bu diýýänlerimi okap, öwrenip bilseň, şonda sen öz kämilligiň nä derejä ýetenligine düşünersiň. Ýöne sen bu zatlara amal edeniňden soň, kämilligiňe, mürewwetiňe bil baglap, olara akylyňy aldyrmagyn. Ähli zady öwrenip, ähli zada göz ýetireniňde hem, özüňi hiç zat bilmeýän hasap etgin, çünki sen diňe nadanlygyňa göz ýetireniňden soň, parasatly kişi bolup bilersiň. Hekaýat. Eşitmişime görä, Hysrow patyşanyň häkimlik eden, Buzurgmehriň bolsa wezir bolan döwründe Rumdan bir danyşment ilçi gelipdir. Hysrow şol döwürdäki pars şalarynyň adatyna görä, ilçini tagtda oturyp kabul edipdir. Ilçi ähtibarnamasyny gowşuranyndan soň, patyşa-da özüniň Buzurgmehr kimin weziriniň bardygyny görkezjek bolup, eli ähtibarnamaly, söhbet edip otyrka wezire: “Pylankes, sen dünýädäki ähli zady bilýäň gerek...” diýip sorapdyr, şeý diýip ol, wezirinden: “Hawa, bilýärin” diýen jogaby eşidermen bolupdyr. Emma Buzurgmehr: “Ýok, hökümdarym, bilemok” diýip jogap beripdir. Hysrow lapykeç bolup, ilçiniň öňünde utanypdyr. Soňra ol: “Dünýädäki ähli zady bilýän barmydyr?” diýip sorapdyr. Buzurgmehr hem: “Hemme zady hemme bilmelidir, ýöne hemme entek enesinden dogan däldir” diýipdir. Şonuň üçinem, oglum, özüňi hemme kişiden köp bilýän hasap etmegin, tersine bilmeýän hasap etgin, hiç zat bilmeýändigini aňýan adam welidir. Sokrat şunça beýikligine garamazdan: “Özümden soňky beýik we dana kişileriň: “Sokrat birbada dünýäniň ähli bilimlerini ele alaýsam diýipdir” diýen gyjalatlaryndan çekinmeýän bolsam, onda düýpden hiç zat bilemok, bilmäge gurbubam çatanok diýerdim, ýöne beý diýibem bolanok, sebäbi beý diýsem, ýene meniň ullakan zada dalaş gurmagymyň alamaty bolup görünjek” diýipdir. Abu Şükür Balhy özüniň juda beýik adamdygyny taryplap bir bentde şeýle diýipdir: Bilimim ýetip men şeýle derejä: Bilýän nadanlygymy, danalyk küje? Oglum, her näçe beýik alym bolsaň-da, muny diliňe çolamagyn. Hötdesinden gelip biläýjek işleriňde-de öz pikiriňi mamla etjek bolup hötjetlik etmegin, özlerini hondanbärisi saýýan adamlar hemişe iliň öňünde ryswadyrlar. Il bilen maslahatlaşmany özüňe egsiklik bilmegin, dana gojalar bilenem, çyn dostlar bilenem maslahatlaşyp durgun. Uçursyz parasatlylygyňa we pygamberlik danalygyňa, mugallymynyň hem-de işlerini ugrukdyryjynyň Allatagalanyň özüdigine garamazdan, Biribar öz-özünden göwnühoş bolmaga Muhammet aleýhyssalama (s.a.w.) ygtyýar etmänmiş we oňa “öz işleriňde olar bilen maslahat edip dur” diýip pent edipmiş. Ol: “Eý, Muhammet, ýakyn görýänleriň, dostlaryň bilen maslahatlaşyp dur, çünki hereket sizden bolsa, Alla bolanymyz üçin berekedem bizdendir” diýendir. Bilip goýgun: bir adamyň pikiri iki adamyňka deň bolup bilýän däldir, bir gözem iki gözüň görenini görüp bilýän däldir. Tebip nähoşlanda we keseli güýçlenip, bejermesi kynlaşanda, her näçe ökde tebibem bolsa, öz derdini özi dep etjek bolman, başga bir tebibi çagyrýandygyny we şonuň maslahaty bilen bolýandygyny eýsem özüň görmeýärmiň näme? Özüňe ýakyn adamyň işi düşse, oňa eliňden gelen kömegi etgin. Ol seniň duşmanyň hem bolsa, ondan yhlasdyr malyňy gaýgyrmagyn. Işi düzelse, oňa eden kömegiň özüňe bolan muhabbeti artdyrar, birwagtky duşmanyň dost bolup gidibermegi-de mümkindir. Salama gelen suhanwer dilewarlara hormat goýup, olara sylag-serpaý ýapgyn, şeýtseň, olar seniň didaryňa zar bolarlar (ýygy-ýygydan ýanyňa salama gelip durarlar). Öz ýanyna salama gelinmeýän adam, alym bolsa-da, iň betbagt kişidir. Adamlar bilen mylaýym gürleşgin. Hiç wagt ýüz-gözüňi turşutmagyn. Yzgytsyz adam gowy görülýän däldir. Adam her näçe akylly-başly bolsa-da, ýüz-gözünden gar-ýagyp dursa, onuň akylyndan-da derek bolmaz, sözüniň tagamyndan-da. Gepiň keltesi, sen gürleşmegiň nähili neneňsi kadalarynyň bardygyny bilip goýgun. _________________________ Mugilan – Arabystanyň çöllerinde bitýän tikenli agaç. Fägih – şerigat kanunlaryndan habarly ruhany, din hukukşynasy. Abbasy halyflarynyň onunjysy. 847-861-nji ýyllarda häkimiýet başynda bolupdyr. Al-Gail Bi-amrillah – Abbasylaryň ýigrimi altynjy halyfy. Sokrat – Gadymy grek filosofy. Isgender – Isgender Zülkarnaýyn göz öňünde tutlýar. Eflatun – Gadymy grek filosofy. Muhammet Zakariýýa ar-Razi – Eýranyň meşhur hekimi we filosofy (854-55 - 932-33ý.) Hysrow – Hosrow Anuşirwan göz öňünde tutulýar. Buzurgmehir – Anuşirwanyň akylly, parasatly weziri. Abu Şükür Balhy – X asyryň görnükli şahyry. Bus-Suwar – Şaddadylaryň 8-nji emiri. Piruzan Deýlem – Bus-Suwaryň ýakyn adamy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |