11:27 Kowusnama: Pygamberlere sygynmak hakynda | |
Ikinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
PYGAMBERLERE SYGYNMAK HAKYNDA Eý, oglum, bilip goýgun, hökümi güýçli Ýaradan bu dünýäni maksatly ýaradypdyr, ol ony biderek ýaratmandyr, adalat hem parasatlylyk esasyna gurupdyr, çünki Ol barlygyň ýoklukdan, haýryň şerden, bolçulygyň gahatlykdan has gowudygyny bilipdir. Ol bulary goşalabam ýaradyp biljek ekeni, ýöne Ol olaryň diňe gowularyny ýaradypdyr, şeýdibem, Ol bileninden galmandyr, her zady wagtynda, adalat esasynda ýaradypdyr, tötänlik, galplyk we nadanlyk esasynda ýaratmandyr. Şeýlelikde, dünýäniň binýady parasada esaslanandyr, Biribar näme ajap bolsa, şony hem ýaradypdyr. Elbetde, Ol güneşsiz nur saçyp, bulutsyz ýagyş hem ýagdyryp bilerdi, synasyz göwre döredip, ýyldyzsyz-zatsyz äleme ýagşydyr ýaman täsirem edip bilerdi, emma dünýä parasatlylyk esasyna gurlansoň, ol sebäpsiz hiç bir zat ýaratmandyr we şol sebäpleri barlykdyr ýoklugyň esasy edip goýupdyr. Çünki ol sebäpler bolmasa, tertip-düzgün hem bolmaýar, tertip-düzgündir sylag-hormat bolmasa hem saýhallylyk bolmaýar, ýogsa saýhallylyk her bir işde gerek zatdyr. Ol bu sebäpleri biriniň häkim, beýlekisiniň hem sadyk gul, biriniň ýallaýjy, beýlekisiniň hem ýallanýan bolmagy üçin döredipdir, bu ikilik bolsa hökümi güýçli Allanyň birliginiň alamatydyr. Seniň ýalňyz sebäbi görüp, maksady görmezligiň mümkindir, şonuň üçin sen onuň köplügine ýa azlygyna baş galdyrmagyn, ol sebäp zerarly däldir, çünki sebäbi ýaradan hem Alladyr. Eger toprak hasyl bermese, ýyldyzlar adyllyk eçilmese, sen muny olardan görmegin, çünki ýyldyzlaryň adalatdyr zulmatdan habarly bolşy ýaly, ýeriňem hasyl getirmekden şonça habary bardyr. Topragyň datly miweler öndürmeli ýerde zäher öndürip bilmeýşi ýaly, ýyldyzlar hem öz göwünlerine gelşi ýaly edip bilmezler, olar ýagşylyk etmegiň deregine ýamanlyga baş urmazlar. Dünýe akyldyr paýhasa ýugrulansoň, oňa ýaraşyk hem gerekdir. Üns berip syn etseň, şol ýaraşygy özüňem görüp bilersiň. Ol ýaraşyk dürli ösümliklerden, mal-garalardan, iýmek-içmekden, geýim-gejimlerden we nygmatlardan ybaratdyr. Olaryň bary akyl-paýhas esasynda ýaradylandyr, bu barada onuň özi şeýle diýýär: “Biz asman-zemini, olaryň arasyndaky barça zatlary biderek ýere ýaratmadyk, biz olary akyldyr paýhas bilen ýaratdyk” . Ynha, sen Allanyň dünýäni biderek ýaratmandygyny gördüň, bu halal nygmatlaryň kimedir birine nesip etmedik halatynda munuň bimany bir zat boljakdygyny hem sen bilip goýmalysyň. Halal hem derwaýys çörek diýibem seniň mätäje eçilýän, onuň hem iýýän çöregine diýilýändir. Ine, muňa hem adalat diýilýändir. Diýmek, dünýäniň ýaradylyşy şeýle: ol ynsanlary sadaka bersin diýip ýaradypdyr, rast ynsan hem dünýä inen bolsa, ähli eşretler onuňky bolmalydyr. Ynsanlara döwlet we kada-kanun gerekdir, serdar bolmasa, döwlet hem, kada-kanun hem kämil däldir, çünki kada-kanun, adalatlylyk bolmadyk ýerde sadakany kabul edýän adam sadaka berýän adamyň gadyr-gymmatyny bilýän däldir. Bu bolsa sadakasyny nadana hem gadyr bilmeze beren adamyň aýybydyr. Sadaka beren adam nogsansyz bolansoň, ol sadakadan iýenleri nadanlykda goýýan däldir. Ol Gurhanda şeýle diýýär: “Ynsanlaryň bilmeýän zatlaryny olara öwretdi. Adamlaryň üstüne bolsa ol adalatlylyk, bilim öwrensinler, iýjek çöreklerini gazanmagyň tärlerini bilsinler, özlerine sadaka berýäniň sarpasyny saklamaga endik etsinler, çünki dünýäniň ýaradylyşy adalatlylyga, adalatyň kämilligi akyl-paýhasa, akyl-paýhasyň özeni eşrete, eşretiň bütewiligi sadaka kabul edýänlere, sadaka kabul edýänleriň kämilligi ýol görkeziji pygamberlere daýanýandyr” diýip, pygamberleri ýollapdyr. Şu düzgünden bir zat hem kemmek bolýan däldir, çünki beýtmeklik hakykatdan daş düşürýändir. Ýol görkeziji pygamberleriň sadaka alýanlardan käbir artykmaçlyklary bardyr, olar sadaka berýänleriň gadyrlaryny bilmegi öwredýändirler. Eger akylly-başly bolansoň, agzy aşa ýeten adam iýýän aşy üçin, ýeten eşreti üçin, arzuw-islegleriniň hasyl bolmagynyň hatyrasy üçin öz serdarynyň hukugyny ykrar etmäge, aş berene minnetdarlygyny bildirmäge borçludyr. Diýmek, pygamberleriň mamladygyna ynanmalysyň, olardan medet dilemelisiň. Adam atadan (aleýhyssalam) başlap, Muhammet pygambere (s.a.w.) çenli hemme pygamberi päk saýyp, olara uýmalysyň, diniň parzlaryny berjaý etmelisiň, edenine şükür kylyp, sabyrlylyk görkezmelisiň, Hakyň buýruklaryna tabyn bolmalysyň. Şeýdibem, ýagşy ada eýe bolup, tarypyň dilden-dile geçmelidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |