16:47 Köýen arzuw | |
KÖÝEN ARZUW
Goşgular
![]() Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym, Geçip gitdi, hyýal bolup deñimden. Kyrk ýaşy sermeläp, ýörse-de ýaşym, Arzuwlar çykanok, şindem serimden. Ýüregimde besläp, talyp bolmagy, Arzuwlarym bardy, beýikden-beýik. Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri, Köýen arzuwlarym, tutanok seýik. Geçdi ýaşlyk ýyllam, dalaşgärlikde, Her ýyl uniwersitet, gapysyn kakyp. Nesibesiz gursagymy kötekläp, Dolandym yzyma gözýaşym döküp. Žurnalist bolmakdy, maksadym meniñ, Ýöne, täleý ýazylypdyr başgaça. Tersine öwrülen, täleýim bilen, Tikin-tikip, ekleýärin maşgala. Ýazyp-ýazyp şygyrlaryñ ýagşysyn, Meñ arzuwym, ynsan kalbyn bezemek. Emma, munda meñ bijäme düşüpdir, Köýnek tikip, ynsan üstün düzemek. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |