11:28 Kuran aşygy Gýotäni täsirlendiren şahs: Abul Taýýyp | |
KURAN AŞYGY GÝOTÄNI TÄSIRLENDIREN ŞAHS: ABUL TAÝÝYP
Edebi makalalar
Putiniñ, Mahmud Abbasyñ we Erdoganyñ gatnaşmagynda Moskwada Merkezi metjidiñ dabaraly açylyşy boldy. Günbataryñ yslama bolan sowuklygyny hemmeler bilýär. Munda günbatarly döredijilik we sungat işgärleriniñ hyzmaty az-uçuk däl. Nemes suratkeşi Albreht Dýureriñ çeken "Türk hökümdar" grawýurasy Ýewropada emele gelmäge başlan "despotik" düşünjäniñ birinji görkezijisidi. Şekspir öz Otellosyny "başy sarykly, iññän howply türk" diýip gepletdi. "Don Kihotyñ" awtory Serwantesiñ Inebahty, Nawarin, Modon söweşlerinde ýaralanandygyny, türkleriñ zalym bolýandyklaryny ýazman bilmedi. Rus ýazyjysy I.Turgenew "Arefe" eserinde türklere görnetin duşmançylygyny bildirdi. Ýewropada bize bolan "ýaramaz garaýyşyñ" döremeginde Martin Lýuteriñem tagallasynyñam az bolmandygyny aýtmak gerek. Netijede Makiawelliden Monteskýä çenli birnäçe ýewropaly akyldarlar Gündogar despotizminiñ medeniýetiñ ganym duşmandygyny ýazdylar durdular! Emma... Günbataryñ iñ beýik danasy Gýote ýaly şahslaram az däldi... Günbatarda VII asyrdan bäri yslama duşmançylykly garaldy. 1143-nji ýylda Klýuniniñ baş ýepiskopy Pýotr Dostopoçtennynyñ, 1616-njy ýylda Nýurnbergde işlän ruhany Solomon Şwaýgeriñ eden terjimelerinde yslam we Hezreti Muhammediñ (s.a.w) durmuşy barada hetden aşyjy duşmançylykly pikirler bardy. Bular ýaly propoganda maksatly terjimeler-ýazgylar sebäpli Ýewropada yslama garşy meýiller örç alyp ýaýrady. Adamkärçilikli nukdaýnazardan Kuranyñ birinji terjimesi 1647-nji ýylda neşir edildi. Arap dilinden fransuz diline edilen bu terjime Stambuldaky fransuz maslahatgüzeri (konsuly), Andre dýu Rýe tarapyndan edildi. Orta asyr tümlügini ýykan Renessans galkynyşy bilen yslama bolan garaýyşam üýtgeýärdi. Munda iñ uly hyzmat Gýotä degişlidi. 1770-nji ýyl. Gýote hukuk ugrundan doktorlyk dissertasiýasyny goramak üçin Strasburg uniwersitetine gatnap ýören günlerinde teolog Iogann Gotfrid Gerderem Strasburga geldi. Gýote özünden bäş ýaş uly Gerder bilen dostlaşdy. Bu dostluk beýik şahyry Kurany-Kerim bilen tanyşdyrdy. Gýote özara gürrüñde Gerdere "Şeýle bir hikmetli, şeýle bir saldamly sözler ulanýarsyñyz welin, meni munuñ çeşmesi gyzyklandyrýar?" diýdi. Gerder "Ine, meniñ hikmetli sözlerimiñ çeşmesi" diýip, arap dilinde ýazylan bir kitaby uzatdy. Bu kitap Kurany-Kerimdi. Şol bir wagtyñ özünde şahyr we ýazyjy bolan Gerder "Eger nemes halkynyñ şular ýaly gollanma kitaby bolsady, onda kim bilýär, bizde neneñsi beýik akyldarlar we şahyrlar dörärdi" diýip, Kuranyñ durmuş we edebiýat üçin ähmiýetine ünsi çekdi. Gerder mukaddes kitabymyz bilen filosof Immanuel Kantyñ söhbetlerinde tanşypdy. ... Köp wagt geçmänkä Kurany okamaga we agtarmaga başlan Gýotäniñ ruhuny Hezreti Muhammede (s.a.w) we yslama bolan ymtylyş gaplap aldy. Çünki tolerantlykdan we göni karara gelmelerden daşda pikirlenesi gelýärdi... Gerdere ýazan hatynda şeýle diýdi: "Kurany Kerimde Hezreti Musanyñ (a.s) doga edişi ýaly doga edesim gelýär." Ol doga şudy: "Ýa Rebbim, şu dar göwsümi giñelt!" Bu doga Kuranyñ 20-nji süresiniñ 26-njy aýatydy. Kuranyñ nemes dilindäki terjimeleri göwnüne ýaramadyk Gýote bulary Kuranyñ tefsiri bolmaga-da laýyk görmedi, düýpli kemçilikli saýdy. Her niçik-de bolsa... Kurany-Kerimiñ ýalñyşlyklardan we kemçiliklerden doly terjimesini okandygyna garamazdan, "sözüñ beýikliginiñ, saldamlylygynyñ öñünde haýran galdym" diýmekden saklanyp bilmedi: "Kitaplaryñ kitaby Kuran hakynda kim näme diýse şony diýsin, men olara gulagymy ýapýaryb. Musulman hökmünde maña parz boluşy ýaly Kitaplaryñ kitabydygyna ynanýaryn..." Gýote "Gündogar-Günbatar diwany" eserinde Andre dýu Rýeniñ 1770-nji ýyla çenli sekiz gezek çap edilen Kuran terjimesinden peýdalandy. Ylham alan we jikme-jik öwrenen terjimesi bolsa 1698-nji ýylda Lýudowiko Maraççiniñ latyn diline terjime eden filologiki wersiýasydy. “Faustdan” soñ iñ esasy eserlerinden hasaplanýan "Gündogar-Günbatar diwanyny" 1816-njy ýylda okyjylaryna hödürlände şeýle diýdi: "Gündogar-Günbatar diwanynyñ" awtory özüniñem musulmandygy barada aýdylýan gürrüñleri inkär edip bilmez!" Gýote bu eseriniñ "Muhammet" bölüminde Kuranyñ stiliniñ ajaýypdygyny şeýle sözler bilen öwdi: "Kuranyñ stili kesgitli, beýik, ajaýyp we belent pafosdadyr." Gýote fanatizme (yñdarmalyga), ýobazlyga we diýdimzorluga garşy giden beýik gündogarlylar bilen hemişe gyzyklandy. Beýik şahyr Gýotäniñ dilinden Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ady setirlere döküldi. Aşakdaky bentde adamzadyñ magnawy şamçyragy bolan Hezreti Muhammediñ (s.a.w) güýjüni daglardan atylyp çykan dury suw metaforasy bilen taryp etdi: “Söýünç, söýünç durnagöz, Hem parlak ýyldyz deýin Bir dag çeşmesi…” Gýotäniñ yslama ýakynlaşmagyny diñe Gotfrid Gerder bilen tanyşlygyna baglanyşdyrmak ýalñyş bolar. Ýene bir geniý bardy: Abul-Taýýyb! Ýagny, Mütennebi... Gýote şol wagt ýañy on alty ýaşyndady... • PROGRESSIW MUSULMAN ŞAHYR 1765-nji ýyl... Leýpsigde bolan kitap sergisinde nemes alymy Iogann Ýakob Reýske “Arap şygryýetinden nusgalar. Mütennebiniñ aşykhanasy we gynançly goşgulary" atly kitaby arap we nemes dillerinde neşir etdirdi. Gýote on alty ýaşyndady we ol durmuşyny düýpgöter üýtgedip taşlajak Mütennebi bilen bu kitap arkaly tanyşdy. Ady - Abul Taýýyp (915-965)… Kufe şäheriniñ Kenda obasynyñ dünýä indi. Asly ýemenli Juf taýpasyndandy. Kakasy hammaldy. Heniz çagaka uçursyz zehini, güýçli ýatkeşligi bilen ünsi çekdi. Ýaşlyk ýyllarynda Şamda ýaşady. Çeper edebiýat we sungatyñ dürli ugurlary bilen gyzyklandy. Arap şygryýetinde şeýle bir kämillige ýetdi welin, hatda käbirleri ony şol döwrüñ meşhur şahyry Abu Tammamdanam ileri gördüler. Al-Djofi, Al-Kendi, Al-Kufi we ahyrynda "pygamberlige ýeten" manysyny berýän Mütennebi tahallusyny berdiler. Munuñ sebäbi, beýleki arap şahyrlaryñ ony pes görüp, kemsidiji sözleri aýtmaklarydy. Mütennebi lapykeçlige düşmedi, arap edebiýatynyñ we filosofiýasynyñ iñ ösen döwrüniñ iñ meşhur şahyrlaryndan biri bolup ýetişdi. Apbasy dinastiýasynyñ yslam dünýäsiniñ agalygyny eýelän wagtlary täze paýtagt Bagdat edebiýatyñ we sungatyñ merkezine öwrülipdi. Şahyr halanan şygyrlary arkaly uly baýlyk toplady. Garyp-gasarlaryñ tarapyny çalýan, progressiw pikirleri bilen halk köpçüliginiñ söýgüsini gazandy. Yslam dünýäsindäki sosial-adalatçy hereket bolan karmatileri goldady. Hemişe bolşy ýaly ýobazlar tarapyndan "täze din döretjek bolmakda" aýyplanyp, zyndana salyndy. Iki ýyldan soñ boşadyldy. Şamyñ häkimi Bedr el-Harşani ony köşk şahyry edip ýanyna aldy. Bu ýagdaý bir ýarym ýyl dowam etdi. Garamaýaklaryñ tarapyny çalýandygy üçin bu ýerdenem oñuşman aýrylmaly boldy. Halabyñ hamdani emiri Seýfuddöwläniñ şahyry boldy. Emiriñ köşgünde dokuz ýyllap ýaşady we iñ gowy goşgularyny şu ýerde ýazdy. Seýfuddöwpe bilenem arasyna tow düşensoñ, özüni ynjalyksyz duýdy. Bütin maşgalasy bilen bile ilki Şama, ol ýerdenem Müsüre göçdi. Bu ýerden Eýrana çenli uzaýan göçhä-göçlüginde ýerini zol üýtgetdi durdy. Maddy we ruhy taýdan agyr kynçylyklara uçrady. Aýakýalañaçlar hereketi karmatiler bilen gatnaşygy sebäpli häkimiýetler bilenem oñşugy kynlaşdy. Mundan beýläk hiç ýazasy gelmedik odalaryny gaýtadan ýazmaga başlady. 955-nji ýylda (käbir çeşmelerde 965-nji ýyl) Eýrandan Bagdada gidende bir bedewiniñ (beduin, çarwa arap) talañyna uçrady. Beýik şahyr talañçy betpäliñ elinden öldi. Arasynda golýazma "Diwanynyñam" bolan ähli goş-golamy dagady, ýitirim boldy. Ölüminden nijeme ýyllar geçensoñ arap talyplary Mütennebiniñ "Diwanyny" köpçülige ýaýdy. Emma... Gýotäniñ döwründe ýewropalylara Mütennebiniñ ady nätanyşdy. Olar Mütennebiniñ adyny Gýotäniñ "Gündogar-Günbatar diwanyndan" soñ eşitdiler. Gýote diwanynyñ şygyr bilen ýazylan bölümini heniz doly ýazyp gutarmanka, 1816-njy ýylda Ýozef fon Hammer-Purgştal şahyryñ ýaşlykda ýazan goşgularyndan dokuz sanysyny "Mütennebiden nusgalar" ady bilen çap etdi. Sözbaşyda Hammer şeýle diýýärdi: "Hezreti Muhammet (s.a.w) nähili pygamberleriñ iñ soñkusy we täji bolýan bolsa, Mütennebi-de yslam şahyrlarynyñ ilkinjisi we täjidir." Abul Taýýyp öz ýaşan döwründe-de, ölüminden soñky döwürde-de arap poeziýasynyñ öçmejek yz galdyran şahyrlarynyñ arasynda ýer aldy. Biziñ günlerimizde-de Demirgazyk Afrikada goşgulary iñ köp okalýan şahyrlaryñ başyny Abul Taýýyp çekýär. Gýotäni Gýote eden çeşmeleriñ arasynda diñe Mütennebi ýokdy: Abulkasym Ferdöwsi, Hoja Hapyz, Ibn Tufeyl, Feridüddin Attar, Kaýs, Abdyrahman Jamy, Möwlana Jelaleddin Rumy, Kanuny Soltan Süleýmanyñ şeýhulyslamy Ebussuud ependi ýaly gündogarlylar bardy. Gynansak-da... Gündogaryñ ýobazlary (fanatikleri) Gýotäniñ gollanan medeniýetini görmezlige saldylar, hatda ellerine geçen pursatynda progressiw musulmanlary bogdular, hamyny ýüzdüler, ýakdylar... • SADYK SELIMIÑ NESLI: GÝOTE! Latyn, grek, italýan, iñlis, fransuz, ibrany dillerini bilýän, şekillendiriş sungatynda, saz sungatynda, çeper edebiýatda, botanika we matematika ugurlarynda özüni özi taýýarlan Gýote kim bolupdyr?.. 1749-njy ýylyñ 28-nji awgusty. Germaniýanyñ Frankfurt şäherinde aristokrat aklawjy Ýohann Kaspar Gýote bilen şol wagtyñ Frankfurt munisipialetiniñ başlygynyñ gyzy Katarina Elizabet Tekstoryñ maşgalasynda dünýä indi. Professor Robert Sommers, Karl Kneç, Bernt Engelmann ýaly taryhçylaryñ aýtmagyna görä, Gýotäniñ ata-babasy seljukly-(türkmen) beglerinden Sadyk Selim Soltana baryp direýär. Ýohan ady berilen Sadyk Selim Soltan polkownik çinini aldy we aristokrat maşgalanyñ gyzy Rebekka Bergman bilen maşgala gurdy. Bularyñ nikasyndan üç ogul dünýä indi. Ogullary kakasy aradan çykanda Brankenheýmde türk stilinde bir kümmet gurdurdylar. Üç doganyñ üçüsem şu ýerde jaýlanan. Bu kümmet häzirem bar we "Soltanlar kilisesi" diýilýär!.. Ýene bir uruş on ýaşlyja Gýotäniñ durmuşyny özgertdi. Awstriýa-Fransiýa bileleşigi Frankfurty basyp alanda, Gýotäniñ öýi ştab-kwartira bolup hyzmat etdi. Sungat eserleriniñ muşdagy bolan serkerdäniñ üstünden Gýote fransuz sungaty bilen tanyşdy. Iki ýarym ýyllyk okkupasiýa döwründe şol öýde geçirilen üýşmeleñlerde birnäçe sungat işgäri bilen tanyşlyk açdy. Gastrolýor teatr jemgyýetiniñ Racinedir Molýeriñ pýesalaryndan sahnalaşdyrýan spektakllaryna tomaşa etdi. Injili okamaga başlady. Halamaýan zady - buthana gitmekdi. Hristianlygyñ taryhyny halanokdy, diýdimzorluklaryñ we ýalñyşlyklaryñ dürüşdesi hökmünde görýärdi. On alty ýaşynda Leýpsig uniwersitetinde hukuk ugrundan okamaga başlady. Ilkinji goşgy setirlerini birinji gezek aşyk bolan gyzybAnna Katarina Kethen Şenkopfa bagyşlap ýazdy. Ýazan “The Lover's Caprice” pýesasyny okanda nähili söýgi derdini çekendigini bilse bolýar. “Annette” atly ilkinji goşgular kitabyny neşir etdirdi. Ýurist bolup Darmstadt sudunda işlemäge başlady. “Frankfurter Gelehrte Anzeige” atly meşhur medeni-sungat gazetinde kinofilmler, spektakllar we kitaplar boýunça tankydy synlary ýazdy. 1774-nji ýylda ýazan “Ýaş Werteriñ hasratlary" atly eseri oña meşhurlyk getirdi. Ýazyjy hristianlykdan ýüz öwürýändigini mälim etdi. Meşhur edebiýatçy Şiller oña ”Die Horen” edebi žurnalynda çykyş etmegi teklip etdi. Şol döwrüñ iñ meşhur baletlerinden "Hazynalar awçysy" we "Jadyly nala" eserlerini ýazdy. Kristiana Wulpius bilen nikalaşdy. 1806-njy ýyl. Ogly Karl Awgust dünýä indi. "Faust" eserini ýazmaga başlanda ýene bir uruş onuñ durmuşyny üýtgetdi: Napoleonyñ ýörişleri döwründe fransuzlara garşy söweşen ruslar Weýmar şäherine girýär... Rus goşunlarynyñ arasynda musulmanlar bardy. Olar başgyt türkleridi. Gýoteniñ ýatlama depderinden görnüşine görä, olar Weýmar protestant buthanasynyñ liseýiniñ zalyny mesjide öwürip bilelikde namaz okapdyrlar. Gýote başgyrtlaryñ sowgat beren "ok-ýaýyny" alyp, kamininiñ (pejiniñ) üstünden asyp goýdy. 1810-njy ýylda "Reñkler teoriýasy" kitabyny neşir etdirdi. 1816-njy ýylda aýaly aradan çykdy. Soñ ol on dokuz ýaşly gyz Ulrike von Levetzow'a aşyk boldy. Onuñ yzyna düşüp Marienbaddan Karlsbada çenli gidenem bolsa, lapykeç halda Weýmara dolandy. Ol bu söýgüsi bilen ýanyp-tutaşyp ýazan “The Marienbad” elegiýasy şahyryñ uly ýaşda ýazan iñ gowy eseri boldy. Şondan bir ýyl soñ edebi şahsyýetiniñ kämilleşmegine uly täsiri bolan Frau fon Ştaýn we ogly aradan çykdy. 1832-nji ýylyñ 22-nji martynda iñ beýik nemes şahyry Gýote Weýmarda aradan çykdy. Onuñ ömrüniñ soñky on ýylynda mukaddes Gadyr gijesini baýram edip geçirendigi aýdylýar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.09.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |