10:22 Kürre we eşek | |
KÜRRE WE EŞEK
Degişmeler
"Prosentler peseldi, inflýasiýa-da peseljek öýdýän diýýärler, emma bazar bahalary keýgiñ şahyna çykypdyr, tãze-täze salgytlar we gymmatlaşyklar janyñy alyp gelýärkä, nädip pese düşüşlik bolýamyş, düşünmek kyn! Aýdaly, hemmesi dogry! Bu ýasama peselme hemişelikmi, şo ýeri gyzykly! Geçmişde bular ýaly inişleri, çykyşlary köp gördük. Bular ýaly ýagdaýlarda ýadyma hemişe şu henek düşýär: Bir çopanyñ obadaky tutulýan lakamy "eşek" eken. Aşagy-da eşek, ýokarsy-da... Aýaly durup bilmän: - Sen samsykmy? - diýipdir. - Bar, obanyñ kethudasyna ýalbar-ýakar, lakamyñy üýtgetsin. Ýogsa meniñ il içine çykarlygym galmady! Çopan aýalynyñ sözüni diñläp, kethudanyñ ýanyna gidipdir, biraz wagt geçensoñam begenip gelenmiş: - Üýtgetdi, üýtgetdi! Indi maña eşek diýen bolmaz! - Ýeri, näme diýjeklermiş? - Lakamym üýtgedi, indi maña kürre diýerler! Aýaly: - Adyñ özüñe nesip etsin - diýipdir. - Tapawudy näme, sen ýene ulalyp, eşek bolarsyñ-da! Biziñ inflýasiýamyz-da şo hasap! • GÜNÜÑ SÖZI Doglanymda neçüýn aglanyma indi has gowy düşünýän! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.08.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |